Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isa soňky Pasha baýramynda pesgöwünlilik barada öwredýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa resullarynyň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagy öwredýär

      116-NJY BAP

      Isa soňky Pasha baýramynda pesgöwünlilik barada öwredýär

      MATTA 26:20; MARKUS 14:17; LUKA 22:14—18; ÝAHÝA 13:1—17

      • ISA RESULLARY BILEN SOŇKY PASHALYK NAHARYNY IÝÝÄR

      • OL RESULLARYNYŇ AÝAGYNY ÝUWUP, PESGÖWÜNLI BOLMAGY ÖWREDÝÄR

      Isanyň beren görkezmesine eýerip, Petrus bilen Ýahýa Iýerusalime gelýärler-de, Pasha üçin taýýarlyk görýärler. Olaryň yzysüre Isa hem on resuly bilen ýola düşýär. Ol resullary bilen Zeýtun dagyndan düşüp gelýärkä, Gün asmanyň günbataryna bakan ýaşyp barýardy. Indi Isa tä direlýänçä, şeýle tebigaty görüp bilmez.

      Biraz wagtdan Isa ýoldaşlary bilen şähere gelip ýetýär. Olar Pashalyk nahary taýýarlanan öýe gelip, jaýyň ikinji gatyndaky uly otaga girýärler. Olar üçin hemme zat eýýäm taýyndy. Isa muňa sabyrsyzlyk bilen garaşypdy, şonuň üçin ol: «Men görgi görmezimden öň, şu Pashany siziň bilen iýmegi juda isledim» diýýär (Luka 22:15).

      Gadymy döwürlerden bäri, Pashany belleýän adamlar birnäçe şeraply käsäni bir-birine geçirýärdiler. Isa-da şeraply käseden dadyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna: «Muny alyň we biri-biriňize geçirip, ondan ähliňiz içiň. Çünki size diýýärin, Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, men asla şerap içmerin» diýýär (Luka 22:17, 18). Bu sözler onuň ölüminiň golaýlandygyny görkezýärdi.

      Olar Pashalyk naharyny edinip otyrkalar, bir üýtgeşik zat bolup geçýär. Isa ýerinden turýar-da, donuny çykaryp, eline bir ýaglyk alýar. Soňra golaýda duran legene suw guýýar. Adatça, myhmanlaryň aýagyny öý eýesi ýa-da hyzmatkär ýuwýardy (Luka 7:44). Emma häzir öý eýesi ýokdy, şonuň üçin bu işi Isa edýär. Elbetde, muny resullaram edip bilerdi, ýöne olaryň biri-de şeýle mümkinçilikden peýdalanmaýar. Onda olar henizem bäsdeşlik edýärlermi? Her näme-de bolsa, olar bu işi Isanyň edýändigini görüp, özlerini oňaýsyz duýýarlar.

      Isa Petrusyň ýanyna baranda, ol: «Men saňa hiç haçan aýagymy ýuwdurmaryn» diýýär. Isa oňa: «Ýuwdurmasaň, meniň ýanymda bolup bilmersiň» diýip jogap berýär. Petrus: «Halypam, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, kellämi-de ýuw» diýip haýyş edýär. Isa oňa: «Ýuwnan adamyň bütin bedeni arassadyr. Şonuň üçin onuň aýagyny ýuwmak ýeterlikdir» diýýär. Petrus bu sözleri eşidende, juda geň galandyr (Ýahýa 13:8—10).

      Şeýdip, Isa 12 resulyň ählisiniň, hatda Iuda Iskariotyň hem aýagyny ýuwýar. Soňra ol donuny geýip, ýene-de saçak başyna geçýär. Ol resullaryna ýüzlenip, şeýle diýýär: «Siz meniň näme edendigime düşünýärsiňizmi? Siz maňa „Mugallym“ we „Halypam“ diýip ýüzlenýärsiňiz. Sebäbi men Mugallym we Halypadyryn. Eger men Halypa we Mugallym bolup, siziň aýaklaryňyzy ýuwan bolsam, onda sizde bir-biriňiziň aýaklaryňyzy ýuwmalysyňyz. Men size görelde görkezdim, şonuň üçin siz-de meniň edişim ýaly etmelisiňiz. Size dogrusyny aýdýaryn, gul öz hojaýynyndan beýik däldir. Iberilen hem özüni iberenden beýik däldir. Siz bulary bilip, ýerine ýetirseňiz bagtlysyňyz» (Ýahýa 13:12—17).

      Isa pesgöwünlilik babatda, gör, nähili ajaýyp görelde görkezdi! Onuň şägirtleri gopbamsyrap, özüni ýokary tutmaly däl; şeýle-de adamlar olara hyzmat etmäge borçludyr öýtmeli däl. Gaýtam, Isanyň göreldesine eýermeli, munuň üçin başgalaryň aýaklaryny ýuwmak gerek däl, ýöne adamlary ala tutman, pesgöwünlilik bilen olara hyzmat etmäge taýyn bolmaly.

      • Saçak başynda otyrkalar, Isa ölüminiň golaýlaýandygy barada resullaryna näme diýýär?

      • Isanyň resullarynyň aýagyny ýuwmagy näme üçin geň galdyrýar?

      • Isa resullarynyň aýagyny ýuwup, ýönekeý işi etmek bilen nähili sapak berdi?

  • Halypamyzyň agşam nahary
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa 11 şägirdi bilen Agşam naharyny edinýär

      117-NJI BAP

      Halypamyzyň Agşam nahary

      MATTA 26:21—29; MARKUS 14:18—25; LUKA 22:19—23; ÝAHÝA 13:18—30

      • IUDA HAÝYNLYK EDÝÄR

      • ISA ÝATLAMA AGŞAMYNY GIRIZÝÄR

      Isa ýaňyja resullaryň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagy öwretdi. Pasha baýramyny belländen soň, ol Dawudyň sözlerini getirip, şeýle diýýär: «Çöregimi iýen, özüne ynanýan dostum hem maňa ökjesini galdyrdy». Soňra ol aýdanlaryny şeýle düşündirýär: «Siziň araňyzdan biri maňa dönüklik eder» (Zebur 41:9; Ýahýa 13:18, 21).

      Resullar bir-birine seredişip, Isadan: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýip soraýarlar. Muny hatda Iuda Iskariot hem soraýar. Şonda Petrus Isanyň ýanynda oturan Ýahýadan kim hakda aýdýandygyny soramagy haýyş edýär. Ýahýa hem Isanyň ýanyna has golaýrak süýşüp: «Halypam, ol kim?» diýip soraýar (Matta 26:22; Ýahýa 13:25).

      Isa: «Men şu çöregi nahara batyryp, kime uzatsam, şoldur» diýip jogap berýär. Soňra nahara batyran çöregini alyp, Iuda uzadýar-da: «Dogrudan-da, Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ynsan ogly öldürilmek üçin sizden gidip barýar. Ýöne Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe! Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy» diýýär (Ýahýa 13:26; Matta 26:24). Şonda Iudanyň içine Şeýtan girýär. Elbetde, onuň ýaramaz ýola düşendigine köp wagt boldy, emma häzir ol özüni tutuşlaýyn Iblise aldyrypdy, şonuň üçinem Isa ol hakda «heläk bolar» diýipdi (Ýahýa 6:64, 70; 12:4; 17:12).

      Isa Iuda ýüzlenip: «Näme edýän bolsaň, çaltrak et» diýýär. Iuda pully guta jogapkär bolansoň, resullar Isa oňa: «„Baýramçylyk üçin gerekli zatlary satyn al“ diýendir ýa-da garyplara bir zatlar paýlamagy tabşyrandyr» diýip pikir edýärler (Ýahýa 13:27—30). Iuda bolsa gidip, Isany satýar.

      Isa Pashalyk naharyndan soň, täze baýramçylyk girizýär. Ol çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna iýmäge berýär. Soňra: «Bu meniň siziň üçin berýän bedenimdir. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýýär (Luka 22:19). Şonda resullaryň hersi çörekden dadyp, bir-birine geçirýärler.

      Soňra Isa şeraply käsäni alyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna berýär. Olaryň hersi ondan dadýarka, Isa: «Bu käse siziň ugruňyzda döküljek ganym bilen berkidilen täze ähti aňladýandyr» diýýär (Luka 22:20).

      Şeýdip, Isa şägirtlerine her ýyl nisan aýynyň 14-i güni ölümini ýatlamagy tabşyrýar. Isanyň ölümi onuň we Atasynyň wepaly adamlary günä bilen ölümiň gulçulygyndan halas edendigini ýadyna salmalydy. Bu hatda ýewreýleriň belleýän Pasha baýramyndan hem uludy, sebäbi ol iman edýän adamlaryň ählisini azatlyga çykarýar.

      Isa öz ganynyň «köp adamlaryň günäleriniň ötülmegi üçin dökülýändigini» aýdýar. Dogrudan-da, Isanyň gany arkaly wepaly resullar we başga-da şolar ýaly adamlaryň günäleri ötülýär. Olar Isa bilen gökde Atasynyň Patyşalygynda höküm sürerler (Matta 26:28, 29).

      • Isa Mukaddes Ýazgylardan haýsy pygamberligi aýdýar we ony nädip ulanýar?

      • Isa Iuda näme etmegi tabşyrýar, ýöne beýleki resullar muňa nähili düşünýärler?

      • Isa Pasha baýramçylygynda näme girizýär we onuň maksady näme?

  • Kimiň uludygy hakda turan dawa
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa resullarynyň garaýşyny düzedýär

      118-NJI BAP

      Kimiň uludygy hakda turan dawa

      MATTA 26:31—35; MARKUS 14:27—31; LUKA 22:24—38; ÝAHÝA 13:31—38

      • ISA RESULLARYNYŇ GARAÝŞYNY DÜZEDÝÄR

      • OL PETRUSYŇ ÝÜZ ÖWÜRJEKDIGINI ÖŇÜNDEN AÝDÝAR

      • ISANYŇ ŞÄGIRTLERI SÖÝGÜSI BILEN TANALÝAR

      Isa resullary bilen geçiren soňky gijesi olaryň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagy öwretdi. Näme üçin? Sebäbi bu olaryň gowşak ýeridi. Olar özüni Hudaýa bagyş edenem bolsalar, henizem öz aralarynda kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler (Markus 9:33, 34; 10:35—37). Ine, olaryň bu gowşaklygy ýene-de ýüze çykýar.

      Hawa, resullaryň «arasynda kimiň uludygy hakda uly dawa turýar» (Luka 22:24). Olaryň dawalaşýandygyny görüp, Isa gaty gynanandyr! Ol näme edýär?

      Isa resullaryna özlerini nädogry alyp barandygy üçin käýemeýär, gaýtam, sabyrly bolup, şeýle diýýär: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, ygtyýarly adamlar hem özlerine haýyr-sogap ediji diýýär. Ýöne siziň araňyzda beýle bolmaly däl... Eýsem, saçak başynda oturan ulumy ýa-da oňa hyzmat edýän?» Soňra olaryň ünsüni özüniň alyp barşyna çekip: «Emma men siziň araňyzda hyzmatkär ýalydyryn» diýýär (Luka 22:25—27).

      Resullar bikämil bolsalar-da, Isa bilen bile köp kynçylyklary başdan geçirdiler. Şonuň üçin ol: «Atamyň meniň bilen patyşalyk ähtini baglaşyşy ýaly, men hem siziň bilen äht baglaşýaryn» diýýär (Luka 22:29). Hawa, olar Isanyň wepaly şägirtleridi. Isa olar bilen äht baglaşyp, Patyşalykda bile höküm sürjekdiklerini wada berýär.

      Resullaryň şeýle ajaýyp gelejegi bolsa-da, olar bikämildi we entek ruhy taýdan ösmelidiler. Isa olara: «Şeýtan siziň ähliňizi bugdaý kimin elekden geçirmegi talap etdi» diýýär. Şeýle ýagdaýda bugdaý çar tarapa ýaýrap gidýär (Luka 22:31). Ol resullaryna şeýle diýýär: «Şu gije siziň hemmäňiz menden ýüz öwrersiňiz. Sebäbi Ýazgylarda: „Men çopany öldürerin, süriniň goýunlary hem dargar“ diýilýär» (Matta 26:31; Zekerýa 13:7).

      Şonda Petrus: «Hemmeler senden ýüz öwürse-de, men hiç haçan senden ýüz öwürmerin!» diýip, gaty ynamly gepleýär (Matta 26:33). Isa oňa şu gijäniň özünde horaz iki gezek gygyrýança, özünden üç gezek dänjekdigini aýdýar. Muňa garamazdan, Isa oňa: «Imanyň gowşamaz ýaly, men Hudaýa ýalbaryp doga etdim; şonuň üçin dolanyp geleniňde, doganlaryň imanyny berkitgin» diýýär (Luka 22:32). Emma Petrus ýan bermeýär, ol: «Seniň bilen ölmeli bolsam-da, senden asla ýüz döndermerin» diýýär (Matta 26:35). Beýleki resullar hem şeýle diýýärler.

      Isa şägirtlerine: «Men siziň bilen ýene biraz wagt bolaryn. Siz meni gözlärsiňiz; ýehudylara „Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz“ diýip aýdyşym ýaly, muny size-de aýdýaryn» diýýär. Soňra: «Size täze tabşyryk berýärin: bir-biriňizi söýüň; meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýýär (Ýahýa 13:33—35).

      Isanyň «biraz wagt» diýen sözlerini eşidende, Petrus ondan: «Halypam, sen nirä barýarsyň?» diýip soraýar. Isa: «Sen meniň barýan ýerime häzir baryp bilmersiň, ýöne soň bararsyň» diýip jogap berýär. Petrus geň galyp: «Halypam, men näme üçin häzir gidip bilmeýärin? Men seniň üçin janymy bermäge taýyn» diýýär (Ýahýa 13:36, 37).

      Soňra Isa resullaryna ýanlarynda pul ýa-da iýmit alman, Jelilede wagyz eden wagtlaryny ýatladýar (Matta 10:5, 9, 10). Ol: «Kem zadyňyz bolupmydy?» diýip soraýar. Olar: «Ýok!» diýip jogap berýärler. Mundan beýläk olar näme etmelidi? Isa olara şeýle görkezme berýär: «Indi bolsa kimiň puly bar bolsa, goý, alsyn, şonuň ýaly-da iýmitli torba-da alsyn, kimiň gylyjy ýok bolsa, eşigini satyp, ony satyn alsyn. Sebäbi size diýýärin, Ýazgylarda: „Ol jenaýatçylaryň biri saýyldy“ diýip, men hakda aýdylan sözler berjaý bolmalydyr. Hawa, men hakda aýdylanlaryň bary berjaý bolup barýar» (Luka 22:35—37).

      Indi Isa zalymlaryň ýa-da jenaýatçylaryň elinden pürse çüýlenip öldüriljekdigini aýdýar. Şondan soň olaryň ýowuz yzarlamalara uçrajakdygyny hem aýdýar. Olar hamala şeýle zada taýýar ýaly: «Halypam, ine bu ýerde iki gylyç bar» diýýärler. Isa hem: «Şol ýeterlikdir» diýýär (Luka 22:38). Ýanlarynda iki gylyjy bolan resullaryna Isa tizden ýene-de bir wajyp zady öwreder.

      • Resullaryň arasynda näme sebäpden dawa turýar we Isa ony nädip çözýär?

      • Isanyň wepaly şägirtleri bilen baglaşan ähti olara nähili mümkinçilik berýär?

      • Isa Petrusyň ynamly gepleýşine näme jogap berýär?

  • Isa — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa 11 resullary bilen ýokarky otagda otyr

      119-NJY BAP

      Isa — ýol, hakykat we ýaşaýyş

      ÝAHÝA 14:1—31

      • ISA ÝER TAÝÝARLAMAGA BARÝAR

      • ISA ŞÄGIRTLERINE KÖMEKÇI IBERJEKDIGINI AÝDÝAR

      • ATA ISADAN BEÝIKDIR

      Isa henizem resullary bilen ýokarky otagda otyrdy. Ol Ýatlama agşamyny geçirensoň, resullaryny ruhlandyryp: «Biynjalyk bolmaň. Hudaýa iman ediň; maňa-da iman ediň» diýýär (Ýahýa 13:36; 14:1).

      Isanyň göge gitmeli wagty gelipdi. Ol wepaly resullary biynjalyk bolmaz ýaly şeýle diýýär: «Atamyň öýünde ýer köpdür... Men gidip, size ýer taýýarlanymdan soň, ýene-de gelerin we sizi öýüme kabul ederin. Şonda siz-de meniň ýanymda bolarsyňyz». Emma resullar onuň göge gitjekdigi hakda aýdýandygyna düşünmeýärler. Tomas Isadan: «Halypam, biz seniň nirä barýandygyňy bilmeýäris ahyryn. Biz ony nireden bileli?» diýip soraýar (Ýahýa 14:2—5).

      Isa oňa: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn» diýip jogap berýär. Hawa, diňe Isany we onuň taglymatlaryny kabul edip, ähli zatda ondan görelde alýan adam Atasynyň gökdäki öýüne girip bilýär. Şol sebäpli Isa: «Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýýär (Ýahýa 14:6).

      Isany üns bilen diňläp oturan Filipus: «Halypam, bize Atany görkez, şol hem ýeterlikdir» diýýär. Filipus Hudaýyň Musa, Ylýas we Işaýa pygambere görnüşi ýaly, olara-da bir täsin ýol bilen görünmegini isleýän bolmaly. Emma resullaryň ýagdaýy pygamberleriňkiden has gowudy. Isa bu barada: «Men şunça wagt araňyzda bolsam-da, eý Filipus, sen meni henizem tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir» diýýär. Isa Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezýärdi, şol sebäpli ony gören Atany gören ýalydy. Elbetde, Ata Oguldan uludyr, Isa hem bu babatda: «Meniň size aýdýanlarym özümiňki däldir» diýýär (Ýahýa 14:8—10). Isanyň ähli öwredýän zatlarynyň Atasyny şöhratlandyrýandygyny resullary-da görýärdi.

      Resullar Isanyň eden täsin işlerini we Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edişini gördüler. Häzir bolsa ol resullaryna: «Maňa iman eden adam meniň edýän işlerimi-de eder; ol bulardan-da has köp işleri eder» diýýär (Ýahýa 14:12). Isa olaryň özüniňkiden hem uly gudratlary görkezjekdigini aýtjak bolmady. Emma resullar has köp wagtlap, has köp ýerlerde we has köp adamlara wagyz ederler.

      Isanyň gitmegi resullaryny taşlaýandygyny aňlatmaýar. Ol: «Meniň adymdan näme sorasaňyz, ony bererin» diýip wada berýär. Mundan başga-da ol: «Men hem Atamdan soraryn we ol size ebedi kömek etjek başga bir kömekçini, ýagny hakykaty açjak mukaddes ruhy berer» diýýär (Ýahýa 14:14, 16, 17). Isa olara başga bir kömekçini, ýagny mukaddes ruhy berjekdigini aýdýar. Bu Pentikost güni bolup geçýär.

      Soňra Isa: «Ýene az wagtdan dünýä meni gaýdyp görmez, ýöne siz meni görersiňiz, sebäbi men ýaşaýaryn, siz hem ýaşarsyňyz» diýýär (Ýahýa 14:19). Isa direlensoň, resullaryna diňe bir ynsan bedeninde görünmän, eýsem, olary öz wagtynda gökde ruhy şahsyýet edip direlder.

      Häzir bolsa Isa hakykaty aýdyp, şeýle diýýär: «Meniň tabşyryklarymy kabul edip, olary berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy bolsa Atam söýer, men-de ony söýerin we özümi oňa açyk görkezerin». Şonda Ýahuda resul (şeýle-de oňa Taddeus diýýärler) Isadan: «Halypam, sen näme üçin özüňi dünýä däl-de, bize açyk görkezjek bolýarsyň?» diýip soraýar. Isa oňa: «Meni söýýän adam sözümi berjaý eder, Atam hem ony söýer... Meni söýmeýän adam bolsa sözümi berjaý edýän däldir» diýip jogap berýär (Ýahýa 14:21—24). Şägirtlerinden tapawutlylykda, dünýädäki adamlar Isany ýol, hakykat we ýaşaýyş hökmünde kabul etmeýärler.

      Isa gidensoň, onuň öwreden zatlaryny şägirtlerine kim ýatladarka? Isa muny şeýle düşündirýär: «Atamyň meniň adymdan iberjek kömekçisi, ýagny mukaddes ruh size ähli zady öwreder we aýdan zatlarymyň ählisini ýadyňyza salar». Resullar mukaddes ruhuň güýjüni görüpdiler, şonuň üçin bu sözler olara teselli berýär. Şeýle-de Isa olara: «Men size parahatlygy goýup gidýärin; size öz parahatlygymy berýärin.... biynjalyk bolmaň, ýüregiňize gorky aralaşmasyn» diýýär (Ýahýa 14:26, 27). Şeýlelikde, şägirtlerde biynjalyk bolmaga hiç hili sebäp ýokdy, çünki olar görkezmäni we goragy Isanyň Atasyndan alarlar.

      Tizden şägirtler Hudaýyň gorap bilýändigini öz gözleri bilen görerler. Isa: «Dünýäniň hökümdary gelýär, onuň maňa hiç hili güýji ýetýän däldir» diýýär (Ýahýa 14:30). Iblis Iudanyň içine girip, oňa aýdanyny etdirmegi başardy. Emma Isanyň günäli höwesleri ýokdy, şonuň üçin Şeýtan ony Hudaýa garşy gitmäge iterip bilmeýär. Iblis Isany ölüm ukusynda hemişelik galar ýaly edip bilmez. Isa bu babatda şeýle diýýär: «Men Atamyň beren tabşyrygyny berjaý edýärin». Isa Atasynyň direltjekdigine doly ynanýardy (Ýahýa 14:31).

      • Isa nirä gitmelidi we ol bu babatda Tomasa näme diýýär?

      • Filipus Isanyň näme etmegini islän bolmaly?

      • Şägirtler haýsy manyda Isanyň eden işlerinden hem köp zatlary eder?

      • Atanyň Isadan beýik bolmagy ony nämä ynandyrýar?

  • Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa resullary bilen ýürekden gürrüňdeş bolup, olary ruhlandyrýar

      120-NJI BAP

      Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?

      ÝAHÝA 15:1—27

      • HAKYKY ÜZÜM AGAJY WE ONUŇ ŞAHALARY

      • ISANYŇ SÖÝGÜSINDE GALMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

      Isa resullary bilen ýürekden gürrüňdeş bolup, olary ruhlandyrýar. Wagt gijigip, ýary gijeden hem geçen bolmaly. Häzir ol resullaryny höweslendirjek bir mysaly gürrüň berýär.

      Isa mysalyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Men hakyky üzüm agajydyryn, Atam bolsa bagbandyr» (Ýahýa 15:1). Şuňa meňzeş mysal ýüzlerçe ýyl mundan öň hem aýdylypdy. Şonda ysraýyl halky Ýehowanyň üzüm agajyna meňzedilipdi (Ýermeýa 2:21; Hoşeýa 10:1, 2). Emma Ýehowa ol halkdan ýüz öwürýär (Matta 23:37, 38). Diýmek, Isa täze pikiri aýdýar. Ol Atasynyň eken üzüm agajyna meňzedilýär. Atasy bu agajy b. e. 29-njy ýylynda Isa mukaddes ruh bilen mesh edileni bäri ösdürip ýetişdirýär. Ýöne üzüm agajy diňe bir Isany aňlatmaýar. Ol muny şeýle sözler bilen görkezýär:

      «Ol (Atam) mendäki miwe bermeýän her bir şahany kesip taşlaýandyr, miwe berýän her bir şahany bolsa, has köp miwe berer ýaly arassalaýandyr... şahanyň öz-özünden miwe getirip bilmeýşi ýaly, siz hem meniň bilen birlikde galmasaňyz, miwe getirip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn; siz bolsa onuň şahalarysyňyz» (Ýahýa 15:2—5).

      Isa şägirtlerine kömekçi, ýagny mukaddes ruhy özi gidensoň iberjekdigini wada edipdi. Resullar we beýleki şägirtler ýene 51 günden mukaddes ruhy alyp, üzüm agajynyň şahalary bolarlar. «Şahalaryň» hemmesi Isa bilen birlikde galmalydylar. Olar näme etmelidiler?

      Isa muny şeýle düşündirýär: «Kim meniň bilen birlikde galsa, men hem onuň bilen birlikde galýaryn, ol köp miwe getirer; sebäbi siz menden aýry hiç zat edip bilmersiňiz». Bu «şahalar», ýagny wepaly şägirtler Isanyň häsiýetlerinden görelde alyp, Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etmek we köp şägirt taýýarlamak bilen bol miwe getirerler. Eger olaryň biri Isa bilen birlikde galmasa we miwe bermese näme bolar? Isa: «Meniň bilen birlikde galmadyk adam şaha ýaly kesiler» diýýär. Şeýle-de ol: «Eger siz meniň bilen birlikde bolsaňyz, aýdýan zatlarym ýüregiňizde galar. Islän zadyňyzy sorasaňyz-da, size berler» diýýär (Ýahýa 15:5—7).

      Soňra Isa tabşyryklaryny berjaý etmegiň wajypdygy barada aýdýar. Ol bu hakda eýýäm iki gezek agzapdy (Ýahýa 14:15, 21). Isa: «Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, meniň söýgimde galarsyňyz, sebäbi men hem Atamyň tabşyryklaryny berjaý edip, onuň söýgüsinde galýaryn» diýýär. Soňra ol munuň üçin näme etmelidigini aýdyp, şeýle diýýär: «Size berýän tabşyrygym şudur: meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Öz dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden uly söýgi ýokdur. Tabşyryklarymy berjaý etseňiz, siz meniň dostlarym bolarsyňyz» (Ýahýa 15:10—14).

      Birnäçe sagatdan Isa özüne iman edýän ähli adamlar üçin janyny gurban berip, söýgüsini görkezer. Onuň bu göreldesi şägirtlerini-de adamlara janaýamaz söýgüni bildirmäge höweslendirmeli. Olar şeýle söýgi bilen tanalmalydy. Isa bu babatda öňem aýdypdy: «Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35).

      Resullar Isanyň «dostlarym» diýenine üns beren bolmaly. Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Men size dostlarym diýýärin, sebäbi men Atamdan eşiden bar zatlarymy size aýdandyryn». Eýsem, Isanyň ýakyn dosty bolmak we Atanyň oňa aýdan zatlaryny bilmek uly hormat dälmi näme?! Emma şeýle dostlukdan lezzet almak üçin resullar «miwe getirmelidi». Eger olar şeýle etse, Isa: «Meniň adym bilen Atamdan näme sorasaňyz, ol size berer» diýýär (Ýahýa 15:15, 16).

      «Şahalaryň», ýagny şägirtleriň arasyndaky söýgi olara kynçylyklara döz gelmäge kömek eder. Isa dünýäniň olary ýigrenjekdigini duýdurýar. Muňa garamazdan, ol şägirtlerini ruhlandyryp, şeýle diýýär: «Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onda onuň ilki meni ýigrenendigini biliň. Eger siz şu dünýäniň adamlary ýaly bolan bolsadyňyz, onda dünýä sizi özüniňkileri kimin söýerdi. Ýöne men sizi dünýäniň içinden saýlap aldym... Ine, şonuň üçin hem dünýäniň adamlary sizi ýigrenýär» (Ýahýa 15:18, 19).

      Isa dünýäniň olary ýigrenmeginiň ýene bir sebäbini düşündirýär: «Olar size garşy edýän ähli zatlaryny meniň adym zerarly ederler, sebäbi olar meni Ibereni tanamaýarlar». Soňra ol eden gudratlarynyň ony ýigrenýän adamlary höküm edýändigini görkezip, şeýle diýýär: «Eger men olaryň arasynda hiç kimiň edip bilmeýän işlerini etmedik bolsam, onda olar günäkär bolmazdylar; olar meniň edýän işlerimi görseler-de, meni-de, Atamy-da ýigrenýärler». Dogrudan-da, olaryň ýigrenmegi pygamberligiň ýerine ýetýändigini aýan edýärdi (Ýahýa 15:21, 24, 25; Zebur 35:19; 69:4).

      Isa ýene-de kömekçi, ýagny mukaddes ruh iberjekdigini aýdýar. Bu ägirt uly güýje onuň şägirtleriniň hemmesi eýe bolup, onuň kömegi bilen miwe getirerler, ýagny «şaýatlyk» edip bilerler (Ýahýa 15:27).

      • Isanyň mysalyndaky bagban, üzüm agajy we şahalar kimleri aňladýar?

      • Hudaý şahalaryň nähili miwe getirmegini isleýär?

      • Isanyň şägirtleri nädip onuň dosty bolup biler we dünýäniň olara bolan erbet garaýşyny ýeňmäge näme kömek eder?

  • «Mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Resullary biynjalyk eden habar

      121-NJI BAP

      «Mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin»

      ÝAHÝA 16:1—33

      • RESULLAR ISANY GAÝDYP GÖRMEZLER

      • OLARYŇ GAM-GUSSASY ŞATLYGA ÖWRÜLER

      Isa resullary bilen Pashalyk naharyny iýip bolansoň, ol ýerden gaýtmakçydy. Isa olara birnäçe görkezme beripdi. Häzir bolsa: «Men bu zatlary siziň ýalňyşmazlygyňyz üçin aýdýaryn» diýip duýdurýar. Bu duýduryş näme üçin ýerliklidi? Ol: «Adamlar sizi sinagogadan kowarlar. Dogrudan-da, şeýle wagt ýetip gelýär, sizi öldürýän her kişi Hudaýa mukaddes gullugy berjaý edýändirin öýder» diýýär (Ýahýa 16:1, 2).

      Bu habary eşidende, resullar biynjalyk bolan bolmaly. Sebäbi Isa öň resullaryna dünýädäki adamlaryň olary ýigrenjekdiklerini aýdypdy, emma öldürjekdiklerini aýtmandy. Näme üçin? Ol: «Bulary size başda aýtmandym, sebäbi men siziň ýanyňyzdadym» diýip düşündirýär (Ýahýa 16:4). Häzir bolsa Isa olardan aýryljakdygyny aýdýar. Onuň sözleri şägirtlerini gelejekde ýalňyşlyk etmekden gorardy.

      Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Men özümi Ibereniň ýanyna barýaryn; hiç haýsyňyz menden „Sen nirä barýarsyň?“ diýip soramarsyňyz». Biraz salym mundan öň resullar Isadan onuň nirä gitjekdigi barada sorapdylar (Ýahýa 13:36; 14:5; 16:5). Emma häzir olar yzarlanjakdygy barada eşidip, gaty howsala düşýärler. Şonuň üçin olar Isanyň sabyrsyzlyk bilen garaşan şöhraty ýa-da bu sözler hakyky şägirtleri üçin näme aňladýandygy barada soramagy hem unudýarlar. Şoňa görä-de Isa: «Ýöne men size bu zatlary aýdandygym üçin, ýüregiňizde hasrat çekersiňiz» diýýär (Ýahýa 16:6).

      Isa aýdanlaryny şeýle düşündirýär: «Meniň gitmegim siziň üçin peýdaly bolar. Eger gitmesem, size kömek etjek mukaddes ruh ýanyňyza gelmez; ýöne gitsem, ony size ibererin» (Ýahýa 16:7). Dogrudan-da, diňe Isa öldürilip, direlenden we göge galandan soň, şägirtlerine mukaddes ruh iner. Şonda şägirtler dünýäniň haýsy künjeginde bolsa-da, Isa olara mukaddes ruhy kömekçi hökmünde iberip biler.

      Mukaddes ruh «gelende... günäniň, dogrulygyň we Hudaýyň höküminiň nämedigini açyk görkezer» (Ýahýa 16:8). Hawa, mukaddes ruh dünýädäki adamlaryň Hudaýyň Ogluna iman etmändigini aýan eder. Isanyň göge galmagy onuň dogry adamdygyny we «dünýäniň hökümdary» bolan Şeýtanyň höküm edilmäge mynasypdygyny subut eder (Ýahýa 16:11).

      Isa sözüni dowam edip: «Size aýtjak köp zatlarym bar, ýöne häzir olary kabul edip bilmersiňiz» diýýär. Şägirtler mukaddes ruhy alanda, bu olara «hakykata doly düşünmäge» we hakykat boýunça ýaşamaga kömek eder (Ýahýa 16:12, 13).

      Isa: «Ýene biraz wagtdan siz meni görmersiňiz, ýöne biraz wagtdan soň ýene-de görersiňiz» diýende, resullar muňa akyl ýetirip bilmeýärler. Olar bir-birinden Isanyň näme diýjek bolýandygyny soraýarlar. Isa-da olaryň şu babatda bir zat soramak isleýändiklerini aňyp: «Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ah çekersiňiz, dünýä bolsa şatlanar; siz gam-gussa batarsyňyz, ýöne gam-gussaňyz şatlyga öwrüler» diýýär (Ýahýa 16:16, 20). Isa ertesi gün öldürilende, dini ýolbaşçylar begenerler, şägirtler bolsa hasrat çekerler. Ýöne Isa direlende, olaryň hasraty şatlyga öwrüler. Şeýle-de Hudaýyň mukaddes ruhy olaryň üstüne inende, şatlygynyň çägi bolmaz.

      Isa resullaryň ýagdaýyny çaga dogurjak aýalyň ýagdaýyna meňzedip: «Aýalyň çaga dogurmaly wagty gelende, ol hasrat çekýändir. Ýöne ony dogranda, çeken muşakgatyny indi ýatlaýan däldir, sebäbi ol bir adamy dünýä indirenine begenýändir» diýýär. Soňra ol resullaryny ruhlandyryp: «Siz hem häzir hasrat çekýärsiňiz; ýöne men sizi ýene-de görerin, şonda ýüregiňiz şatlykdan dolar we hiç kim ony sizden alyp bilmez» diýýär (Ýahýa 16:21, 22).

      Resullar şu wagta çenli Isanyň ady bilen Hudaýdan hiç zat soramandylar. Indi bolsa Isa: «Şol gün siz Atamdan meniň adym bilen haýyş edersiňiz» diýýär. Eýsem, bu sözler Hudaýyň mundan öň jogap bermek islemeýändigini görkezýärmi? Elbetde, ýok. Galyberse-de, Isa: «Atam sizi söýýändir, sebäbi siz meni söýýärsiňiz we meniň Atamyň wekili hökmünde gelendigime iman etdiňiz» diýýär (Ýahýa 16:26, 27).

      Resullar Isanyň aýdan sözlerinden ruhlanyp: «Ine, şonuň üçin hem biz seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýýärler. Tizden olar bu sözlerini iş ýüzünde görkezmeli bolarlar. Emma Isa boljak ýagdaýy beýan edip: «Ine, wagt gelýär, eýýäm gelendir, her biriňiz öýli-öýüňize dagarsyňyz we meni ýeke galdyrarsyňyz» diýýär. Soňra: «Men bulary mendäki parahatlyk sizde-de bolsun diýip aýtdym. Dünýäde muşakgat çekersiňiz, emma mert boluň! Men dünýäni ýeňendirin» diýýär (Ýahýa 16:30—33). Hawa, Isa olaryň ýanyndan gitse-de, olary goldamagyny dowam eder. Şeýle-de olaryň hem özi ýaly dünýäni ýeňip biljekdiklerine ynandyrýar. Dogrudan-da, Şeýtanyň we bu dünýäniň döreden kynçylyklaryna garamazdan, Isa Hudaýyň islegini berjaý edip, soňuna çenli aýypsyz galdy.

      • Isanyň haýsy duýduryşy resullaryny biynjalyk edýär?

      • Haýsy sebäbe görä resullar Isa sorag bermegini bes edýärler?

      • Resullaryň hasratynyň şatlyga öwrüljekdigini Isa haýsy mysal arkaly görkezýär?

  • Isanyň ýokarky otagda eden iň soňky dogasy
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa göge bakyp resullary barada doge edýär

      122-NJI BAP

      Isanyň ýokarky otagda eden iň soňky dogasy

      ÝAHÝA 17:1—26

      • HUDAÝ WE ONUŇ OGLY HAKDA BILIM ALMAGYŇ ÄHMIÝETI

      • ÝEHOWA, ISA WE ŞÄGIRTLER BIRDIR

      Isa resullaryny güýçli söýýärdi. Şol sebäpli olary özüniň göge gitjek wagtyna taýýarlaýar. Ine-de, ol göge bakyp, Atasyna şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Atam, wagt gelip ýetdi. Ogluň seni şöhratlandyrar ýaly, sen hem Ogluňy şöhratlandyr. Ogluň hemmelere ebedi ýaşaýşy berip biler ýaly, sen oňa ähli adamlaryň üstünden ygtyýar berdiň» (Ýahýa 17:1, 2).

      Hawa, Isa Hudaýy şöhratlandyrmagy hemme zatdan ileri tutmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Emma onuň ebedi ýaşaýyş barada agzamagy diýseň teselli berýär! Isanyň «ähli adamlaryň üstünden ygtyýary» bar. Şonuň üçin onuň töleg gurbany bütin adamzada peýda getirip biler. Ýöne bu bereket hemmelere berilmez. Näme üçin? Sebäbi onuň töleg gurbany peýda berer ýaly, şu sözleri berjaý etmeli: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almalydyr» (Ýahýa 17:3).

      Görşümiz ýaly, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, Ata, hem-de onuň Ogly hakda bilim alyp, olar bilen dostlaşmaly. Ähli zada olaryň garaýşy ýaly garamaly. Şeýle-de adamlar bilen iş salşanyňda, olaryň ajaýyp häsiýetlerine eýermeli. Galyberse-de, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy Hudaýy şöhratlandyrmakdan ileri tutmaly däldigine düşünmeli. Isa bu hakda şeýle diýýär:

      «Maňa tabşyran işiňi tamamlap, seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Indi bolsa, Atam, ynsan ýaradylmazdan öň seniň ýanyňdakam bolan şöhratymy ýene-de berip, meni şöhratlandyr» (Ýahýa 17:4, 5). Hawa, Isa Atasyndan direlenden soň, gökde öňki şöhratyny dikeltmegi haýyş edýär.

      Emma Isa ýer ýüzünde amala aşyran işini unutmandy. Ol bu babatda şeýle doga edýär: «Maňa şu dünýäden beren adamlaryňa seniň adyňy aýan etdim. Olar seniňkidi, sen hem olary maňa berdiň, olar seniň sözüňi berjaý etdiler» (Ýahýa 17:6). Isa wagyz edende, Hudaýyň Ýehowa adyny gaty köp yglan edýärdi. Şeýle-de ol resullaryna diňe bir Hudaýyň adyny tutmagy däl-de, onuň häsiýetlerini we adamlara nähili garaýandygyny bilmäge kömek etdi.

      Resullar Ýehowa we onuň Oglunyň tutýan orny barada bilim aldylar. Olar Isanyň başga-da öwreden zatlaryny kabul etdiler. Ol dogasynda bu hakda pesgöwünlilik bilen: «Maňa beren sözleriňi aýdanymda, olar kabul etdiler we seniň wekiliň hökmünde gelendigime doly göz ýetirdiler, meni seniň iberendigiňe hem iman etdiler» diýýär (Ýahýa 17:8).

      Isa şägirtleriniň bu dünýädäki adamlardan tapawutlanmalydygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol şeýle doga edýär: «Men olar üçin senden haýyş edýärin; dünýä üçin däl-de, seniň maňa beren adamlaryň üçin haýyş edýärin, sebäbi olar seniňkidir... Eý mukaddes Atam, olary öz adyň, ýagny maňa götermäge beren adyň hatyrasy üçin gora. Şonda biziň birlikde bolşumyz ýaly, olar hem birlikde bolarlar... Men olary goradym we olaryň hiç biri heläk bolmady... olaryň diňe biri ýiter we heläk bolar». Bu ýerde Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot göz öňünde tutulýar (Ýahýa 17:9—12).

      Isa dogasyny şeýle sözler bilen dowam edýär: «Dünýä olary ýigrendi, sebäbi meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler. Men olary dünýäden almagyňy däl-de, zalymdan goramagyňy haýyş edýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:14—16). Resullar we beýleki şägirtler ynsan jemgyýeti arkaly Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde ýaşasalar-da, olar dünýäden aýry bolmaly we onuň erbet işlerine goşulmaly däl. Nädip?

      Olar Hudaýa gulluk etmek üçin özlerini mukaddes saklap, aýry tutmalydylar. Munuň üçin olar Ýewreý ýazgylaryndaky hakykaty we Isanyň öwreden hakykatyny berjaý etmelidiler. Isa: «Olary sözüň bilen mukaddes et, sebäbi seniň sözüň hakykatdyr» diýip doga edýär (Ýahýa 17:17). Birnäçe wagtdan resullaryň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen birnäçe kitap ýazarlar. Olar «hakykatyň» bir bölegi bolup, adama mukaddes galmaga kömek edip biler.

      Emma wagtyň geçmegi bilen «hakykaty» kabul etjek başga-da adamlar bolar. Isa olar hakda şeýle doga edýär: «Men diňe olar (11 resul) üçin däl, eýsem, olaryň öwredýän zatlaryny diňläp, maňa iman etjek adamlar üçin hem haýyş edýärin». Isa olardan näme talap edýär? «Atam, şonda seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen birlikde bolşum ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolarlar» (Ýahýa 17:20, 21). Isa bilen Atasy göni manyda bir şahsyýet däl. Olaryň pikiri, niýeti birdi. Isa şägirtleriniň hem şeýle agzybir bolmagyny isläp, şol hakda doga edýär.

      Biraz wagt mundan öň Isa Petrusa we beýlekilere gökde ýer taýýarlamaga barýandygyny aýdypdy (Ýahýa 14:2, 3). Isa şu pikirini dowam edip, şeýle diýýär: «Atam, men nirede bolsam, maňa beren adamlaryň hem ýanymda bolmagyny haýyş edýärin. Şonda olar seniň maňa beren şöhratyňy görüp bilerler, sebäbi sen meni dünýä ýaradylmanka söýdüň» (Ýahýa 17:24). Şeýdip, Isa gadymy döwürlerden bäri, ýagny Adam ata bilen How enäniň çagasy dogulmazdan öň, Hudaýyň ony, ilkinji ýaradan Ogluny söýýändigini tassyklaýar. Bu Ogul soň Isa Mesih bolýar.

      Isa dogasynyň soňunda Atasynyň adyny we onuň resullara hem-de «hakykaty» kabul etjek başga-da adamlara bolan söýgüsini birnäçe gezek nygtaýar: «Men olara adyňy tanatdym, ýene-de tanadaryn. Şonda maňa bolan söýgiň olarda-da bolar, men hem olar bilen birlikde bolaryn» (Ýahýa 17:26).

      • Hudaý we onuň Ogly hakdaky bilim nämä eltýär?

      • Isanyň «Seniň adyňy aýan etdim» diýen sözleri nämäni aňladýar?

      • Hudaý, onuň Ogly we şägirtler haýsy manyda birdir?

  • Isanyň güýçli hasrat çekip doga edişi
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isa Getseman bagynda doga edýär Petrus, Ýakup we Ýahýa uklap galýar

      123-nji bap

      Isanyň güýçli hasrat çekip doga edişi

      MATTA 26:30, 36—46; MARKUS 14:26, 32—42; LUKA 22:39—46; ÝAHÝA 18:1

      • ISA GETSEMAN BAGYNDA

      • ONUŇ DERI GAN DAMJALARY BOLUP ÝERE DAMÝAR

      Isa wepaly resullary bilen doga edip bolansoň, olar öwgüli aýdymlary aýdyp, Zeýtun dagyna gidýärler (Markus 14:26). Dagyň gündogarynda Getseman bagy ýerleşýärdi. Isa şol ýere köp barýardy.

      Olar bagyň zeýtun agaçly owadan ýerine gelende, Isa sekiz resulyny şu ýerde goýup gidýär. Bu baga giren ýeriň bolmaly. Ol resullaryna: «Men gidip doga edýänçäm, şu ýerde oturyň» diýýär. Üç resuly, ýagny Petrusy, Ýakuby we Ýahýany bolsa ýany bilen alyp, bagyň içine girip gidýär. Ol güýçli hasrat çekip başlaýar we olara: «Men örän hasrat çekýärin, gaýgydan ýaňa ölüp barýaryn. Şu ýerde galyp, meniň bilen bile oýa boluň» diýýär (Matta 26:36—38).

      Isa olardan biraz öňe ýöreýär-de, «ýere ýykylyp, doga edip başlaýar». Şeýle kyn ýagdaýda ol Hudaýa näme hakda doga ederkä? Ol: «Atam, mümkin bolsa, bu käsäni menden aýyr. Ýöne meniň isleýşim ýaly däl-de, seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga edýär (Markus 14:35, 36). Bu sözler nämäni aňladýar? Eýsem, ol Halasgär bolmakdan el çekjek bolýarmy? Elbetde, ýok!

      Isa gökde ýaşaýarka, rimlileriň adamlary jezalap öldürýändiklerini görýärdi. Häzir ol ynsan bedeninde bolany üçin, adamlaryňky ýaly duýgusy bardy we agyryny duýup bilýärdi. Şonuň üçin ol nädip öldüriljekdigi hakda oýlananda, howsala düşýär. Emma iň erbet ýeri, ol jenaýatçy hökmünde öldürilmelidi. Bu bolsa Atasynyň adyna ysnat getirmegi mümkindi. Hawa, bary-ýogy birnäçe sagatdan ony Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde pürsden asarlar.

      Isa doga edip bolansoň, üç resulynyň ýanyna gaýdyp gelýär. Olar bolsa uka gidipdi. Şonda Isa Petrusa: «Meniň bilen ýekeje sagat hem oýa bolup bilmediňmi? Synaga düşmez ýaly, oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýýär. Isa resullaryna-da aňsat däldigine düşünýärdi, wagt hem gijigipdi. Şol sebäpli ol: «Ýürek yhlasly bolsa-da, beden ejizdir» diýýär (Matta 26:40, 41).

      Soňra Isa ikinji gezek Hudaýa doga edip, ondan «käsäni... aýyrmagy» haýyş edýär. Dolanyp gelende bolsa, üç resulyň synaga düşmez ýaly doga etmegiň deregine, ýene-de uklap ýatandygyny görýär. Isa resullaryna ýüzlenende, olar «näme jogap berjekdiklerini bilmeýärler» (Markus 14:40). Isa bolsa üçünji gezek gidip, dyza çökýär-de, Hudaýa doga edýär.

      Isa jenaýatçy kimin öldürilip, Atasynyň adyna biabraýçylyk getirjekdigi hakda oýlanan-da, juda gynanýar. Ýehowa Oglunyň dogasyny eşidip, ony berkitmek üçin şol pursat perişdesini ýollaýar. Hatda şondan soňam Isa Atasyna ýalbarmagyny bes etmeýär, gaýtam, «yhlasly doga etmegini» dowam edýär. Adam duýgy taýdan ejir çekende, gaty ýadaýar. Göz öňüne getiriň, Isanyň gerdenine nähili agyr ýük basylypdyr! Sebäbi gürrüň onuň we iman edýän adamlaryň ebedi ýaşaýşy hakda gidýärdi. Dogrudan-da, onuň «deri gan damjalaryna öwrülip, ýere damýardy» (Luka 22:44).

      Isa üçünji gezek resullarynyň ýanyna gelende, olar ýene-de uklap ýatyrdy. Ol: «Siz şeýle wajyp wagtda ýatyp, dynç alýarsyňyz! Ine, Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyryljak sagady golaýlaşdy. Turuň, gideliň. Ine, maňa dönüklik edýän adam golaýlaşýar» diýýär (Matta 26:45, 46).

      ONUŇ DERI GAN DAMJALARY BOLUP ÝERE DAMÝAR

      Luka lukman Isanyň deriniň nädip «gan damjalaryna öwrülendigini» düşündirmeýär (Luka 22:44). Luka muny ýaradan akýan gany göz öňünde tutup, göçme manyda aýdan bolmaly. Bir žurnalda Uilýam D. Edwards atly lukman hem şeýle pikiri agzap geçýär. Onuň aýtmagyna görä, bu örän seýrek ýagdaýda duş gelýär. Kimdir biri agyr kynçylykda duýgy taýdan güýçli hasrat çekende, ganly der (gematidroz) peýda bolup bilýär («The Journal of the American Medical Association»).

      • Ýokarky otagdan gaýdansoň, Isa resullary bilen nirä gidýär?

      • Isa doga eden mahaly üç resuly näme edýär?

      • Isanyň deriniň gan bolup dammagy nämäni görkezýär?

  • Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isany tussag edýärler Petrus Malhusyň gulagyny kesýär

      124-nji bap

      Iuda Mesihi duşmanlaryň eline tabşyrýar

      MATTA 26:47—56; MARKUS 14:43—52; LUKA 22:47—53; ÝAHÝA 18:2—12

      • IUDA BAGDA ISANY TUTDURÝAR

      • PETRUS BIR ADAMYŇ GULAGYNY KESÝÄR

      • ISA TUSSAG EDILÝÄR

      Wagt bireýýäm ýary gijeden geçipdi. Iuda Isany tutdurar ýaly, ruhanylar oňa 30 kümüş teňňe berjekdiklerini aýdypdylar. Ol uly ruhanylardan, fariseýlerden we beýleki adamlardan ybarat bolan birgiden märeke bilen Isanyň gözlegine çykýar. Olaryň arasynda Rim goşunynyň serkerdesi we onuň esgerleri hem bardy.

      Pashalyk nahary wagty Isa Iudany goýberensoň, ol göni uly ruhanylaryň ýanyna giden bolmaly (Ýahýa 13:27). Olar öz sakçylaryny we birtopar esgerleri ýygnaýarlar. Iuda başda olary Isanyň resullary bilen Pashany bellän otagyna elten bolmaly. Häzir bolsa olar Kidron jülgesinden geçip, baga tarap barýarlar. Ýaraglanan bu adamlar ellerine çyra alyp, Isany gözleýärdiler.

      Iuda Zeýtun dagyna çykyp barýardy, çünki ol Isany nireden gözlemelidigini bilýärdi. Geçen hepde Isa resullary bilen Betaniýa we Iýerusalimiň aralygynda gatnanda, ol köplenç Getseman bagynda düşleýärdi. Emma häzir gije bolansoň, Isa zeýtun agaçlarynyň arasynda görünmeýän bolmaly. Megerem, esgerlerem Isany öň gören däldirler. Onda olar ony nädip tanarka? Olar Isany tanar ýaly, Iuda yşarat etjekdigi barada söz beripdi. Ol: «Kimi ogşasam, ol siziň gözleýän adamyňyzdyr; şony tussag ediň. Ony alyp gideniňizde, ol gaçmaz ýaly, seresap boluň» diýýär (Markus 14:44).

      Märeke baga girende, Iuda resullaryň ýanynda duran Isany görýär. Ol göni Isanyň ýanyna barýar-da: «Salam, Mugallym!» diýip, ony mähirli ogşaýar. Isa ondan: «Sen näme üçin geldiň?» diýip soraýar (Matta 26:49, 50). Soňra beren soragyna özi jogap berip: «Iuda, sen Ynsan ogluny ogşap, oňa dönüklik edýärmiň?» diýýär (Luka 22:48). Isa bu dönüge başga hiç zat diýmeýär!

      Isa elleri çyraly adamlaryň ýanyna baryp, olardan: «Siz kimi gözleýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar hem: «Nazaretli Isany» diýip jogap berýärler. Isa: «Men şol» diýip, batyrgaý jogap berýär (Ýahýa 18:4, 5). Esgerler haýran galýarlar; olar näme etjeklerini bilmän, ýere ýykylýarlar.

      Gije bolansoň, Isa mümkinçilikden peýdalanyp, gaçyp bilerdi. Emma ol gelen adamlardan kimi gözleýändiklerini ýene bir gezek soraýar. Olar: «Nazaretli Isany» diýip jogap berende, Isa arkaýyn, dowla düşmän: «Men şol diýdim ahyryn. Eger meni gözleýän bolsaňyz, goý, bular gitsin» diýýär. Şeýle kyn ýagdaýda-da ol beren sözünde durup, resullaryň birini-de ýitirmejek bolýar (Ýahýa 6:39; 17:12). Hawa, Isa wepaly resullaryny gorap bildi, ýöne olaryň biri, ýagny Iuda «ýiter we heläk bolar» (Ýahýa 18:7—9). Şeýdip, ol wepaly şägirtlerini goýbermeklerini haýyş edýär.

      Esgerler ýerinden turup, Isa tarap gelýärkäler, resullar nämäniň nämedigine şonda düşünýärler. Olar: «Halypam, olary gylyçdan geçirelimi?» diýip soraýarlar (Luka 22:49). Petrus Isanyň jogap bererine-de garaşman, ýanlarynda getiren iki gylyjyň birini alyp, baş ruhanynyň Malhus atly gulunyň sag gulagyny kesýär.

      Isa Malhusyň gulagyna elini degirýär-de, ony sagaldýar. Soňra Petrusa ýüzlenip: «Gylyjyňy gynyna sal, çünki gylyç göteren gylyçdan hem öler» diýýär. Şeýdip, ol resullaryna wajyp sapak berýär. Isa tussag edilmäge taýyndygyny görkezip: «Eger men şeýle etsem, onda Ýazgylarda aýdylanlar nädip berjaý bolar?» diýýär (Matta 26:52, 54). Şeýle-de ol: «Eýsem, men Atamyň beren käsesinden içmerinmi?» diýýär (Ýahýa 18:11). Hawa, Isa Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin ölmäge-de razydy.

      Isa gelen märekä ýüzlenip: «Siz meni tutmak üçin gylyçdyr taýak bilen geldiňizmi? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýän wagtym-a meni tussag etmediňiz. Emma pygamberlikde ýazylan zatlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýýär (Matta 26:55, 56).

      Esgerler, goşun serkerdesi we ýehudy sakçylary Isany tutup, ony daňýarlar. Resullar muny görüp, gaçyp gidýärler. Emma «bir ýaş ýigit» — ol Markus şägirt bolmaly — märekäniň arasyndan ýöräp, Isanyň yzyna düşüp gidýär (Markus 14:51). Adamlar ony tanap, tussag etjek bolanlarynda, ol egnindäki ýapynjasyny taşlap, gaçyp gidýär.

      • Iuda Isany näme üçin Getseman bagyndan gözleýär?

      • Petrus Isany gorajak bolup näme edýär, emma Isa oňa näme diýýär?

      • Isa Hudaýyň islegini berjaý etmäge razydygyny nädip görkezýär?

      • Resullar Isany taşlap gidenlerinde kim galýar we soňra näme bolýar?

  • Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Isany Kaýafanyň ýanyna eltýärler soňra öňki baş ruhanynyň ýanyna getirýärler

      125-NJI BAP

      Isany Hannanyň, soňra Kaýafanyň ýanyna eltýärler

      MATTA 26:57—68; MARKUS 14:53—65; LUKA 22:54, 63—65; ÝAHÝA 18:13, 14, 19—24

      • ISANY ÖŇKI BAŞ RUHANYNYŇ ÝANYNA GETIRÝÄRLER

      • SINEDRION ISANY BIKANUN HÖKÜM EDÝÄR

      Isanyň elini daňyp, hamala jenaýatçy ýaly, ony öňki baş ruhany Hannanyň öňüne getirýärler. Isa ýaş wagty ybadathanada sorag-jogap alşyp, mugallymlary haýran galdyranda, ol baş ruhany bolup gulluk edýärdi (Luka 2:42, 47). Hannanyň käbir ogullary hem baş ruhany bolup gulluk edipdiler. Häzir bolsa bu wezipäni onuň giýewsi Kaýafa eýeleýärdi.

      Isa Hannanyň öýündekä, Kaýafa Sinedrionyň agzalaryny ýygnap ýetişýär. Sinedrion 71 adamdan ybaratdy. Oňa baş ruhany we öň baş ruhany bolan adamlar girýärdi.

      Hanna Isadan «şägirtleri we öwredýän zatlary hakda» soraýar. Isa: «Men adamlara aç-açan öwredýärdim. Elmydama ýehudylaryň ýygnanyşýan ýerlerinde, ýagny sinagogalarda we ybadathanada öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmandym. Siz muny näme üçin menden soraýarsyňyz? Ony eşiden adamlardan soraň» diýip, ýönekeý sözler bilen jogap berýär (Ýahýa 18:19—21).

      Isa muny aýdanda, şol ýerde duran sakçylaryň biri onuň ýüzüne şarpyk çalýar-da: «Sen uly ruhany bilen nädip gepleşýärsiň?» diýýär. Emma Isa özüniň hiç hili nädogry zat etmändigini bilip, oňa: «Eger aýdanym nädogry bolsa aýt; eger dogry bolsa, onda näme üçin meni urýarsyň?» diýýär (Ýahýa 18:22, 23). Soňra Hanna Isany giýewsi Kaýafanyň ýanyna äkitmegi buýurýar.

      Sinedrionyň baş ruhanydan, halkyň ýaşulularyndan hem-de kanunçylaryndan ybarat bolan agzalary bolsa eýýäm ýygnanypdy. Olaryň bary Kaýafanyň öýünde toplanýar. Pasha baýramynyň gijesi kimdir birini höküm etmek üçin ýygnanyşmak kanuna garşy gelýärdi. Emma bu olary ýaman niýetini amala aşyrmakdan saklamaýardy.

      Bu topardan adalata garaşmak, boş zada umyt baglan ýalydy. Isa Lazary direldende, Sinedrion Isany öldürmeli diýen karar çykarypdy (Ýahýa 11:47—53). Bary-ýogy birnäçe gün mundan öň bolsa, dini ýolbaşçylar Isany tussag edip, ony öldürmeli diýip dil düwüşipdiler (Matta 26:3, 4). Hawa, entek Isany sud etmänkäler, oňa eýýäm ölüm jezasyny berýärler.

      Uly ruhanylar we Sinedrionyň beýleki agzalary diňe bir bikanun ýygnanyşman, eýsem, Isa garşy ýalan şaýatlary tapjak bolup jan edýärler. Olar köp şaýat tapýarlar, ýöne olaryň berýän görkezmeleri deň gelmeýärdi. Ahyrsoňy, iki sanysy gelip: «Biz onuň „Men adam elleri bilen gurlan şu ybadathanany ýumrup, üç günden adam elleri bilen gurulmadyk başga bir ybadathana guraryn“ diýenini eşitdik» diýýärler (Markus 14:58). Hatda şu adamlaryň hem aýdýanlary bir-birine doly gabat gelmeýär.

      Kaýafa Isadan: «Seniň aýdara zadyň ýokmy? Olaryň saňa garşy şaýatlyk edýändigini eşitmeýärmiň?» diýip soraýar (Markus 14:60). Isa bolsa bir-birine garşy gelýän ýalan şaýatlaryň sözlerine hiç hili jogap gaýtarman, dymyp durýar. Şonda baş ruhany Kaýafa başga usuly ulanýar.

      Ýehudylar özüne Hudaýyň Ogly diýen adamlary tüýt-müýt etmäge taýyndylar. Kaýafa-da muny bilýärdi. Meselem, Isa öň Hudaýyň öz Atasydygyny aýdanda, ýehudylar ol «özüni Hudaý bilen deňeýär» diýip, ony öldürjek bolupdylar (Ýahýa 5:17, 18; 10:31—39). Şonuň üçin Kaýafa bilgeşleýin Isadan: «Diri Hudaýdan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip soraýar (Matta 26:63). Elbetde, Isa bu sözlere garşy çykyp bilmez (Ýahýa 3:18; 5:25; 11:4). Eger ol soraga jogap bermese, onda Hudaýyň Ogludygyndan we Mesihdiginden ýüz öwürdigi bolardy. Şol sebäpli ol: «Hawa, men şol. Siz Ynsan oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gökdäki bulutlar bilen gelýänini görersiňiz» diýýär (Markus 14:62).

      Şonda Kaýafa edil sahnada duran artist ýaly donunyň ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirýär! Bize başga şaýat nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirýändigini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?» diýýär. Sinedrion hem biragyzdan: «Ol ölüme mynasypdyr» diýen karar çykarýar (Matta 26:65, 66).

      Olar Isany ýaňsylap we ýumruklap başlaýarlar. Käbiri onuň ýüzüne tüýkürip, şarpyk çalýar. Soňra onuň ýüzüni ýapyp: «Pygamber, hany aýt, seni kim urdy?» diýip, üstünden gülýärler (Luka 22:64). Ine, şeýdip, gije bikanun ýygnanyşyp, Hudaýyň Ogluna ýowuz daraşýarlar!

      • Isany ilki nirä alyp barýarlar we ol ýerde näme bolýar?

      • Soňra Isany nirä äkidýärler we Sinedrion Isany ölüme höküm eder ýaly, Kaýafa nähili usuly ulanýar?

      • Isa nädip ýowuz daraşýarlar?

  • Petrus Isadan ýüz öwürýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    • Petrus Isadan ýüz öwürýär

      126-NJY BAP

      Petrus Isadan ýüz öwürýär

      MATTA 26:69—75; MARKUS 14:66—72; LUKA 22:54—62; ÝAHÝA 18:15—18, 25—27

      • PETRUS ISADAN ÝÜZ ÖWÜRÝÄR

      Isany Getseman bagynda tussag edenlerinde, resullary ony taşlap gaçyp gidipdiler. Emma olaryň ikisi soň yzyna dolanýar. Olaryň biri Petrusdy, beýlekisi Ýahýa bolmaly (Ýahýa 18:15; 19:35; 21:24). Olar Isanyň yzyna düşüp, Hannanyň öýüne çenli barýarlar. Ol Isany baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberende-de, Petrus bilen Ýahýa esli aralykdan onuň yzyndan ýöräp gidýärler. Olar iki oduň arasynda galypdylar: hem öz janyndan gorkýardylar, hem Halypasyna näme bolarka diýip alada edýärdiler.

      Ýahýa baş ruhanyny tanansoň, onuň öýüniň howlusyna girmäge rugsat alyp bilýär. Petrus bolsa daşarda durýar. Soňra Ýahýa gapy garawuly bolup duran gyzdan rugsat alyp, Petrusy hem howla salýar.

      Gije bolansoň, howa sowukdy. Howludaky adamlar ot ýakyp, ýylynyp otyrdylar. Petrus hem ýylynmak üçin olaryň ýanyna barýar, ol Isanyň işiniň «näme bilen tamamlanjakdygyny bilmek» isleýärdi (Matta 26:58). Derwezäni açýan gyz oduň ýagtysynda Petrusy gowy synlap, ondan: «Sen hem şol adamyň şägirtleriniň biri dälmi?» diýip soraýar (Ýahýa 18:17). Beýleki adamlar hem Petrusy Isanyň ýanynda ýöreýän adamlaryň biridigini tanaýarlar (Matta 26:69, 71—73; Markus 14:70).

      Petrus gaty ünjä düşýär. Ol özüniň kimdigini bildirmejek bolýar, hatda munuň üçin daşarky howla hem çykýar. Ol: «Men ony tanamaýaryn we seniň näme hakda aýdýanyňa asla düşünmeýärin» diýip, Isany tanamaýandygyny aýdýar we ondan ýüz öwürýär (Markus 14:67, 68). Ol hatda «ant içip, awy ýalap başlaýar». Hawa, Petrus ýalan sözleýän bolsa, heläkçilige uçramaga taýyndygyny aýdýar (Matta 26:74).

      Şol wagt Isanyň kazyýet işi dowam edýärdi. Megerem, ol Kaýafanyň öýüniň içki howlusynyň ýokarky otagynda geçýän bolmaly. Aşakda bolsa Petrus bilen başga adamlar garaşyp oturdylar. Olara Isa garşy görkezme bermäge gelip gidýän şaýatlar görünýän bolmaly.

      Petrusyň gepleýşinden onuň jelilelidigi görünýärdi, şonuň üçin olar onuň ýalan sözländigini bilýärler. Ýadyňyzda bolsa, Petrus Malhusyň gulagyny kesipdi. Şu adamlaryň arasynda onuň garyndaşy hem bardy. Ol Petrusdan: «Men seni onuň bilen bagda görmänmidim?» diýip soraýar. Petrus üçünji gezek dänende, Isanyň aýdyşy ýaly, horaz gygyrýar (Ýahýa 13:38; 18:26, 27).

      Şol pursat Isa eýwandan (balkondan) howla seredip duran bolmaly. Ol öwrülýär-de, göni Petrusa seredýär. Şonda Petrus özüni birhili duýýar. Ol Isanyň bary-ýogy birnäçe sagat mundan öň aýdanlaryny ýadyna salýar. Göz öňüne getiriň, Petrus eden işi hakda oýlananda, özüni nähili erbet duýandyr! Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglaýar (Luka 22:61, 62).

      Bu nädip beýle bolduka? Petrus ýaly ruhy taýdan berk we wepaly adam Halypasyndan nädip dänip bildi? Sebäbi Isanyň sözlerini ýoýup, ony erbet jenaýatçy edip görkezýärler. Adamlaryň Isany günäkärläp bilmedik mahaly, Petrus onuň tarapyny tutupdy. Häzir bolsa ol «ebedi ýaşaýşy berýän» Hudaýyň Oglundan ýüz öwürýär (Ýahýa 6:68).

      Eger synaglara ýa-da kynçylyklara öňünden taýýarlanmasak, onda Petrus ýaly berk imanly we Hudaýa wepaly adam bolsak-da, dogry ýoldan sowlup bileris. Hawa, Petrus bilen bolan waka Hudaýyň ähli gullukçylary üçin sapak bolmalydyr!

      • Petrus bilen Ýahýa Kaýafanyň öýüniň howlusyna nädip girýärler?

      • Petrus bilen Ýahýa howluda garaşýarka, öýde nämeler bolup geçýärdi?

      • Matta 26:74-e laýyklykda, Petrus näme etdi?

      • Biz Petrus bilen bolan wakadan näme öwrenmeli?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş