Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 100
  • Ene-ataň goýan düzgünini bozsaň näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ene-ataň goýan düzgünini bozsaň näme etmeli?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme etmeli däl
  • Iň gowy çykalga
  • Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Näme üçin gaty köp düzgün goýýarlar?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Enem-atam maňa erkinlik berer ýaly näme etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
  • Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 100
Ene-atasy öýe giç gelen gyzyndan näme üçin gijä galandygyny soraýar.

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ene-ataň goýan düzgünini bozsaň näme etmeli?

Her bir maşgalanyň öz tertip-düzgüni bar. Muňa öýe wagtynda gelmek, elektron enjamlaryny ulanmak we başgalar bilen özüňi gowy alyp barmak degişli.

Ene-ataň goýan düzgünini bozan bolsaň näme etmeli? Boljak iş bolansoň, geçeni yzyna dolap bolmaýar. Ýöne ýagdaý beterleşmez ýaly öňüni alyp bolýar. Şu makalada muny nädip etmelidigini bileris.

  • Näme etmeli däl

  • Iň gowy çykalga

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Näme etmeli däl

  • Ene-ataň öýüň düzgünini bozandygyňy bilmeýän bolsa, sen eden işiňi gizlemegiň mümkin.

  • Ene-ataň öýüň düzgünini bozandygyňy bilýän bolsa, sen özüňi aklamagyň ýa-da başga birini günäkärlemegiň mümkin.

Bularyň hiç birini etmeseň gowy. Näme üçin? Sebäbi eden işini gizleýän ýa-da özüni aklaýan adam çaga ýaly bolýar. Eger şeýle etseň, eneň-ataň çagamyz entek ulalmandyr diýer.

«Eden işiňi gizlemek bu öz-özüňi aldamak. Sebäbi iru-giç hemme zadyň üsti açylýar, şonda ýagdaý hasam beterleşýär» (Diýana).

Iň gowy çykalga

  • Dogryňy aýt. Mukaddes Kitapda: «Günäsini gizleýän üstünlik gazanmaz» diýilýär (Nakyllar 28:13). Ene-ataň seniň bikämildigiňi we ýalňyşýandygyňy bilýär, ýöne olar dogruçyl bolmagyňy isleýär.

    «Sen dogryňy aýdanyňda, ene-ataň saňa eglişik edýär. Dogruçyl bolsaň, ene-ataň ynamyny gazanarsyň» (Oliwiýa).

  • Ötünç sora. Mukaddes Kitapda: «Pesgöwünli boluň» diýilýär (1 Petrus 5:5). Özüňi aklaman, ötünç soramak üçin pesgöwünlilik gerek.

    «Özüni aklaýan adam hiç haçan özüni günäli hasaplamaýar. Soňabaka şeýle adamyň ynsaby kütelýär» (Heter).

  • Eden işiň arkasynda dur. Mukaddes Kitapda: «Terbiýäni kabul et» diýilýär (Nakyllar 8:33). Eneň-ataň beren temmisini igenmän kabul et.

    «Eneň-ataň beren temmisine igenip ýörmegiň peýdasy ýok. Berlen temmini kabul edip, geçeni geçdi bil» (Jeýson).

  • Ene-ataň ynamyny gazanjak bol. Mukaddes Kitapda: «Öňki häsiýetleriňizi egniňizden çykaryň... sebäbi olar öňki ýaşaýşyňyza laýyk gelýärdi» diýilýär (Efesliler 4:22). Dogry işleri edip, ene-ataň ynamyny gazanjak bol.

    «Eneň-ataň öňki ýalňyşlaryňy gaýtalamaýandygyňy we dogry işleri edýändigiňi görse, saňa bolan ynamy artar» (Karen).

Maslahat. Ene-ataň ynamyny gazanmak üçin, ilkinji ädimi özüň ät. Mysal üçin, wagtynda barýan bolsaňam, entek ýolda wagtyň ene-ataňa öýe barýandygyňy jaň edip aýt. Şonda olar saňa arkaýyn ynanyp biler.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Darius.

«Ene-atasyndan hakykaty gizleýän adam ýalan sözleýär. Iru-giç hemme zadyň üsti açylýar, şonda ýagdaý hasam beterleşýär» (Darius).

Siýerra.

«Başgalary günäkärleýän adam, eden işiniň arkasynda durup bilmeýändigini görkezýär. Ýalňyşymyzy boýun alyp ötünç soramasak, ene-atamyzyň bize bolan ynamy gaçyp biler» (Siýerra).

Jemlesek: Ene-ataň goýan düzgünini bozsaň näme etmeli?

  • Dogryňy aýt. Ene-ataň seniň bikämildigiňi we ýalňyşýandygyňy bilýär, ýöne olar dogruçyl bolmagyňy isleýär.

  • Ötünç sora. Özüňi aklaman, ötünç sora.

  • Eden işiň arkasynda dur. Eneň-ataň beren temmisini kabul et.

  • Ene-ataň ynamyny gazanjak bol. Dogry işleri edip, ene-ataň ynamyny gazanjak bol.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş