Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýonatan batyrgaý hem wepaly
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ýonatan bilen ýarag göterýänçisi

      42-NJI SAPAK

      Ýonatan batyrgaý hem wepaly

      Şawulyň uly oglunyň ady Ýonatan. Ol batyr esger. Dawut oňa: «Bürgütden çalasyn, ýolbarsdan güýçli» diýýär. Bir gün Ýonatan 20 piliştliniň depede oturanyny görýär. Ol ýarag göterýänine: «Piliştliler gel diýse, olara hüjüm ederis. Ýehowa olary elimize berjek bolýandyr» diýýär. Piliştliler: «Hany, geliň, söweşeliň!» diýip gygyrýar. Ýonatan bilen nökeri depä çykyp, esgerleri gyrýar.

      Ýonatan Dawuda ýaraglaryny berdi

      Ýonatan Şawulyň iň uly ogludy. Kakasyndan soň ol patyşa bolmalydy. Emma Ýehowa Dawudy Ysraýyla patyşa edip saýlapdy. Ýonatan hem muny bilýärdi. Ol Dawuda göriplik etmeýär. Ýonatan bilen Dawut jana-jan dost bolýar. Olar biri-birine kömek etmegi we goramagy söz berýär. Soňra Ýonatan oňa donuny, gylyjyny, ýaýyny we guşagyny berýär.

      Dawut Şawuldan gaçyp ýördi. Bir gezek Ýonatan onuň ýanyna barýar. Ol Dawuda: «Gorkma, mert bol! Ýehowa seni patyşa belledi. Muny kakam hem bilýär» diýýär. Senem Ýonatan ýaly dostuň bolmagyny isleýärmiň?

      Ýonatan dosty üçin ölmäge-de taýyndy. Ol Dawudy birnäçe gezek gorady. Ýonatan kakasynyň Dawudy öldürjek bolýanyny bilýärdi. Şonuň üçin: «Kaka, Dawut saňa hiç hili ýamanlyk etmedi. Ony öldürseň günä edersiň» diýýär. Şawulyň Ýonatana gahary gelýär. Birnäçe ýyldan soň, Şawul bilen Ýonatan söweşde ölýär.

      Ýonatan ölensoň, Dawut Mepiboşeti gözläp tapýar. Mepiboşet Ýonatanyň ogludy. Mepiboşeti köşge getirýärler. Dawut oňa: «Men kakaň bilen jana-jan dostdum. Şonuň üçin men seniň galan ömrüňe aladaňy etjek. Sen köşgümde ýaşarsyň, saçagymdan iýip içersiň» diýýär. Dawut dosty Ýonatany hiç haçan ýadyndan çykarmady.

      «Meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur» (Ýahýa 15:12, 13).

      Soraglar: Ýonatan batyrdygyny nädip görkezdi? Ýonatan wepalydygyny nädip görkezdi?

      1 Şamuwel 14:1—23; 18:1—4; 19:1—6; 20:32—42; 23:16—18; 31:1—7; 2 Şamuwel 1:23; 9:1—13

  • Dawut patyşa günä edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Natan pygamber Dawuda maslahat berýär

      43-NJI SAPAK

      Dawut patyşa günä edýär

      Şawul ölensoň, Dawut patyşa bolýar. Ol 30 ýaşyndady. Dawut birnäçe ýyl patyşa bolýar. Bir gün agşam ol köşgüň ýokarsyna çykýar. Şonda owadan aýaly görýär. Dawut onuň adynyň Batşebadygyny bilýär. Ol Uryýa atly esgeriň aýalydy. Dawut Batşebany köşge çagyrýar. Soňra onuň bilen ýatýar. Batşeba hem göwreli bolýar. Dawut eden işini gizlejek bolýar. Ol goşunbaşysyna: «Uryýany söweşiň iň kyn ýerine goý. Özüňiz bolsa yza çekiliň» diýip hat ýazýar. Şeýdip, Uryýa söweşde ölýär. Dawut bolsa Batşeba öýlenýär.

      Dawut patyşa aglap doga edýär

      Ýehowa Dawudyň eden işlerini görýärdi. Şonuň üçin Hudaý Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberýär. Natan şeýle diýýär: «Bir baý adamyň köp goýny bardy. Bir garyp adamyň bolsa ýekeje guzusy bardy. Ol guzusyny gowy görýärdi. Baý adam garybyň ýekeje guzusyny elinden alýar». Dawudyň gahary gelip: «Baý adamy öldürmeli!» diýýär. Natan Dawuda: «Şol baý adam sen» diýýär. Dawut eden işine gynanýar. Ol Natana: «Men Ýehowanyň öňünde günä etdim» diýýär. Günä edeni üçin Dawudyň özi hem, maşgalasy hem köp kynçylyk gördi. Ýehowa Dawuda temmi berdi, ýöne ony öldürmedi. Sebäbi Dawut dogruçyl hem pesgöwünlidi.

      Dawut Ýehowa üçin ybadathana gurmak isleýärdi. Emma Ýehowa: «Ybadathanany Süleýman gurar» diýýär. Dawut gurluşyk üçin gerek zatlary ýygnap başlaýar. Ol: «Ýehowanyň öýi iň owadan, beýik ybadathana bolmaly. Süleýman entek ýaş, ýöne men oňa gerek zatlary taýýarlap bereýin» diýýär. Şeýdip, Dawut gurluşyk üçin köp pul berýär. Ol ökde işçileri tapýar. Altyn-kümüş ýygnaýar. Tir we Sidon şäherlerinden kedr agaçlaryny getirýär. Dawut ölmänkä, Süleýmana ybadathananyň çyzgysyny berýär. Ol ogluna: «Ýehowa maňa bulary seň üçin ýazdyrdy. Gorkma, ol saňa kömek eder. Güýçli bol, işe başla» diýýär.

      Dawut ogly Süleýman bilen ybadathananyň çyzgysyna seredýär

      «Günäsini gizleýän üstünlik gazanmaz, günäsini boýun alyp, toba edene rehim ediler» (Nakyllar 28:13).

      Soraglar: Dawut nähili günä etdi? Dawut ogluna nädip kömek etdi?

      2 Şamuwel 5:3, 4, 10; 7:1—16; 8:1—14; 11:1—12:14; 1 Taryh 22:1—19; 28:11—21; Zebur 51:1—19

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş