Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ýehowa ot iberip, Ylýasyň gurbanlygyny ýakdy

      46-NJY SAPAK

      Ýehowa hak Hudaýdygyny subut etdi

      Ysraýylyň on taýpasynyň köp patyşalary boldy. Olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler. Ahap şol patyşalardan hem köp erbet işleri etdi. Ol erbet aýala öýlendi. Onuň ady Izabeldi. Ol Bagal taňrysyna sežde edýärdi. Ahap bilen Izabel ýurdy butlardan doldurdy. Halk Bagal taňrysyna sežde edip başlady. Olar Ýehowanyň köp pygamberlerini öldürdiler. Ýehowa näme etdi? Ýehowa Ylýas pygamberi Ahap patyşanyň ýanyna iberdi.

      Ylýas Ahaba Ýehowanyň habaryny aýtdy. Ol: «Sen erbet işleri edýärsiň. Şonuň üçin ýurtda üç ýyldanam köpräk ýagyş ýagmaz, hasyl bolmaz we adamlar iýmäge zat tapmaz» diýdi. Soňra Ýehowa Ylýas pygamberi ýene Ahabyň ýanyna iberýär. Patyşa Ylýas pygambere: «Sen sebäpli ýagyş ýagmaýar, sen günäkär» diýýär. Ylýas: «Sen Bagal taňrysyna sežde edýärsiň. Şonuň üçinem ýagyş ýagmaýar. Ysraýyl halkyny we Bagalyň pygamberlerini Karmel dagyna çagyr. Şonda kimiň günäkärdigini göreris» diýýär.

      Halk Karmel dagyna gelýär. Ylýas pygamber şeýle diýdi: «Adamlar, eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň. Eger Bagal Hudaý bolsa, oňa sežde ediň. Siz şu gün birini saýlaň. Bagalyň 450 pygamberi gurbanlyk taýýarlap, hudaýyny çagyrsyn. Menem gurbanlyk taýýarlap, Ýehowany çagyraýyn. Eger kimiň Hudaýy gökden ot iberip gurbanlygy ýaksa, şol hakyky Hudaýdyr». Adamlar hem razylaşdy.

      Bagalyň pygamberleri gurbanlyk taýýarladylar. Olar: «Eý Bagal, bize jogap ber» diýip hudaýyny çagyrdylar. Ýöne Bagal jogap bermedi. Ylýas olaryň üstünden gülüp: «Gatyrak gygyryň. Belki, ol ýatandyr. Ony oýarmalydyr» diýdi. Garaňky düşüp gitdi. Pygamberleri henizem Bagaly çagyrýardy. Ýöne Bagaldan hiç hili jogap bolmady.

      Ylýas pygamber gurbanlygyny getirip, ojagyň üstüne goýdy. Onuň üstüne dolduryp suw guýdy. Soňra Ýehowa şeýle doga etdi: «Ýehowa, şu adamlara hak Hudaýdygyňy subut et». Şonda Ýehowa gökden ot iberip, gurbanlygy ýakdy. Adamlar: «Ýehowa hak Hudaý!» diýip gygyryşdylar. Ylýas: «Bagalyň pygamberleriniň ýekejesi hem diri galmasyn» diýdi. Şol gün Bagalyň 450 pygamberi öldi.

      Deňziň ýokarsynda bir bölek bulut görünýär. Ylýas pygamber Ahaba: «Tizräk arabaňa münüp, öýüňe git. Häzir ýagyş ýagyp başlar» diýdi. Ylýas pygamberiň aýdyşy ýaly boldy. Asmany gara bulut büredi. Ýel turup, güýçli ýagyş ýagyp başlady. Ahap arabasyny tiz sürüp barýardy. Ylýas bolsa arabadan hem çalt ylgaýardy. Oňa Ýehowa güýç berdi. Şondan soň Ylýasda kynçylyk bolmadymy? Ony indiki sapakdan bileris.

      «Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin» (Zebur 83:18).

      Soraglar: Karmel dagynda näme boldy? Ýehowa Ylýasyň dilegine nädip jogap berdi?

      1 Patyşalar 16:29—33; 17:1; 18:1, 2, 17—46; Ýakup 5:16—18

  • Ýehowa Ylýasa güýç berdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
    • Ylýas Horep dagynda gowagyň agzynda durup, perişdäni diňleýär

      47-NJI SAPAK

      Ýehowa Ylýasa güýç berdi

      Izabel Bagalyň pygamberleriniň ölendigini eşitdi. Onuň örän gahary geldi. Şonuň üçin ol Ylýasa: «Ertir senem şol pygamberler ýaly ölersiň» diýdi. Ylýas gorkup, çöle gaçyp gitdi. Ol Ýehowa: «Men indi ýadadym, janymy al» diýdi. Ylýas ýadap, agajyň aşagynda uklap galdy.

      Perişde ýuwaşlyk bilen gelip Ylýasy turuzdy. Ol: «Tur, iýip iç» diýdi. Ylýas görse, gyzgyn daşyň üstünde çörek bilen bir küýze suw durdy. Ol iýip-içip ýatdy. Perişde ýene gelip, ony oýardy. Oňa: «Tur, iýip iç. Sen entek köp ýöremeli» diýdi. Ylýas hem turup iýip içdi. Ol 40 gije-gündiz ýol ýöredi. Ahyry Horep dagyna bardy. Ol gije ýatmak üçin bir gowaga girdi. Ýöne Ýehowa: «Ylýas, bärde näme işläp ýörsüň?» diýdi. Ylýas bolsa: «Ysraýyllar beren sözünde durmady. Olar gurbanlyk ojagyny ýumurdylar. Pygamberleriňi hem öldürdiler. Olar indi menem öldürjek bolýarlar» diýdi.

      Ýehowa oňa: «Bar, daga çyk» diýdi. Ylýas Ýehowanyň aýdyşy ýaly daga çykdy. Başda güýçli şemal boldy. Soňra ýer titräp, ot ýandy. Ondan soň Ylýas mylaýym ses eşidýär. Ol dony bilen ýüzüni ýapýar. Şol wagt Ylýas gowagyň agzynda durdy. Ýehowa Ylýasdan näme üçin gaçyp gaýdandygyny soraýar. Ylýas: «Men ýeke galdym» diýýär. Ýehowa: «Sen ýeke däl, Ysraýylda maňa sežde edýän 7 000 adam bar. Bar, Alyşany özüňe derek pygamber belle» diýdi. Ylýas derrew Ýehowanyň aýdyşy ýaly edýär. Eger senem Ýehowa gulak assaň, ol saňa kömek edermi? Elbetde, kömek eder. Gel, indi gurakçylyk döwri näme bolandygyny bileli.

      «Hiç zadyň aladasyny etmäň, her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň» (Filipililer 4:6).

      Soraglar: Ylýas näme üçin gaçyp gitdi? Ýehowa Ylýasa näme diýdi?

      1 Patyşalar 19:1—18; Rimliler 11:2—4

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş