-
Hydyr Kanuny öwredýärMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
66-NJY SAPAK
Hydyr Kanuny öwredýär
Ysraýyllaryň köpüsi Iýerusalime geldi. Şondan bäri 70 ýyla golaý wagt geçdi. Ýöne entek Iýerusalime gaýtmadyklar hem bardy. Olar Pars patyşalygynyň dürli ýerlerinde ýaşaýardy. Şolaryň biri Hydyr ruhany. Ol adamlara Hudaýyň Kanunyny öwredýärdi. Iýerusalimde ýaşaýan adamlar Hudaýa gulak asmaýardy. Hydyr hem muny eşidýär. Şonuň üçin Iýerusalime gidip, olara kömek edesi gelýär. Pars patyşasy Ardaşir Hydyra: «Hudaý saňa akyldarlyk berdi. Şonuň üçinem Kanuny öwredýärsiň. Bar, Iýerusalime git. Kim gitmek islese, olaram alyp git» diýýär. Şeýdip, Hydyr Iýerusalime gitmek isleýän adamlar bilen gepleşýär. Ýol uzak bolansoň, sag-aman barar ýaly Ýehowadan kömek soraýarlar. Şondan soň olar ýola düşýärler.
Dört aýdan soň, olar Iýerusalime geldiler. Şol ýerdäki baştutanlar Hydyra: «Ysraýyl halky Ýehowa gulak asmaýar. Olar buta sežde edýän aýallara öýlendi» diýdi. Hydyr halkyň öňünde dyza çöküp, Ýehowa doga etdi. Ol: «Ýehowa, bize köp ýagşylyk etdiň. Ýöne biz saňa gulak asmadyk, seni gynandyrdyk» diýdi. Şonda adamlar ökündiler. Ýöne erbet işlerini goýmadylar. Hydyr adamlaryň düzelmegini isleýärdi. Olara kömek eder ýaly ýaşululary we kazylary belledi. Üç aýdan soň, ysraýyllar Ýehowa sežde etmedik adamlary ýurduna iberdiler.
Şondan soň 12 ýyl geçdi. Adamlar Iýerusalim şäheriniň diwarlaryny täzeden gurdular. Hydyr Hudaýyň Kanunyny okap bermek üçin halky bir ýere ýygnady. Kitaby açan badyna, halk ýerinden turdy. Hydyr Ýehowa alkyş aýtdy. Adamlaryň ählisi ellerini göge galdyrdy. Şeýdip, olar Hydyr bilen razylaşýandygyny görkezdi. Hydyr Kanuny okap düşündirdi. Adamlar hem ünsli diňledi. Halk ýene Ýehowa gulak asmandygyna düşündi. Olar gynanyp aglady. Ertesi gün Hydyr ýene halka Kanuny okap berdi. Ýöne bu gezek düýnkiden has köp okady. Şonda olar Çatma baýramyny bellemelidigine düşündiler. Olar şol günden baýramçylyga taýýarlanyp başladylar.
Ysraýyl halky ýedi günläp baýramçylyk belledi. Olar şatlanyp aýdym aýtdylar we tans etdiler. Köp hasyl alandygy üçin Ýehowa sag bolsun aýtdylar. Baýramçylyk gyzykly boldy. Şeýle uly baýramçylyk Ýuşanyň ýaşan döwründe bolupdy. Baýramçylykdan soň adamlar bir ýere üýşdüler. Olar şeýle doga etdiler: «Ýehowa, sen bizi halas etdiň. Indi biz gul däl. Çölde bizi iýdirdiň, içirdiň we geýdirdiň. Bizi şu owadan ýurtda ýaşadýarsyň. Ýöne biz seni gaýta-gaýta gynandyrdyk. Bizi düzetmek üçin pygamberleriňi iberdiň, olary hem diňlemedik. Ýöne şonda-da bizi taşlamadyň. Ybraýyma beren sözüňde durduň. Indi bizem saňa gulak asarys». Şeýdip, olar Hudaýa beren sözüni ýazdylar. Han-begler, lewiler we ruhanylar oňa möhür basdylar.
«Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» (Luka 11:28).
-
-
Iýerusalimiň diwarlaryMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
67-NJI SAPAK
Iýerusalimiň diwarlary
Hydyryň ýaşan döwründe bir gowy adam bardy. Onuň ady Nehemýa. Nehemýa ysraýyllydy. Ol parslaryň Şuşan şäherinde ýaşaýardy. Ol Ardaşir patyşa hyzmat edýärdi. Bir gezek Ýahudadan bir adam gelýär. Ol Nehemýa: «Iýerusalim şäheriniň diwarlary we derwezeleri ýok. Olary wawilonlylar ýykypdy. Adamlar gorkup ýaşaýar» diýip habar getirýär. Nehemýa muny eşidip gaty gynanýar. Onuň Iýerusalime gidip, kömek edesi gelýär. Şonuň üçin: «Patyşa meni goýbersin!» diýip, Ýehowa doga edýär.
Patyşa Nehemýanyň gynanýandygyny görýär. Ol: «Nehemýa, keýpiň ýok-la, bir zady alada edýäňmi?» diýýär. Nehemýa: «Patyşahym, Iýerusalim şäheri ýykylyp ýatyr, şoňa gynanýan» diýýär. Patyşa: «Näme kömek gerek?» diýip soraýar. Nehemýa şol bada içinden doga edýär. Soňra: «Meni Iýerusalime goýberäý. Şäheriň diwarlaryny guraýyn» diýýär. Ardaşir patyşa Nehemýa gitmäge rugsat berýär. Oňa ýolda hiç kim azar bermez ýaly kömek etjekdigini aýdýar. Şeýle-de Nehemýany Ýahudanyň häkimi edip belleýär. Derwezeleri gurmak üçin oňa agaç hem berýär.
Nehemýa Iýerusalime gelensoň, diwarlary görüp çykýar. Ol ruhanylary we baştutanlary ýanyna çagyryp: «Diwarlar ýykylyp ýatyr, görer ýaly däl. Tizräk işe başlalyň» diýýär. Adamlar onuň bilen razylaşyp, diwarlary gurup başlaýar.
Duşmanlar ysraýyllaryň üstünden gülüp: «Gurýan diwaryňyza tilki bökse ýykylar» diýýär. Işçiler olara ünsem bermeýär, işini dowam edýär. Ysraýyllaryň gurýan diwary gün-günden beýgelýärdi. Hiç kim ony ýykyp bilmeýärdi.
Soňra duşmanlar: «Geliň, olaryň üstüne herimiz her tarapdan bilmän durka çozalyň» diýişýär. Ýehudylar duşmanlaryň etjek bolýan zadyny eşidip gaty gorkýar. Nehemýa: «Gorkmaň, Ýehowa bizi gorar!» diýýär. Soňra işçileri duşmandan gorar ýaly garawullary belleýär.
Şäheriň diwarlary we derwezeleri 52 günde guruldy. Halk baýramçylyk belledi. Nehemýa oňa ähli lewileri çagyrdy. Olar baýramçylykda aýdym aýtmalydylar. Nehemýa lewileri iki topara böldi. Öňki döwürde diwarlaryň üstünden ýöremek üçin ýörite ýer goýýardylar. Aýdymçylar Çeşme derwezesiniň ýokarsyna çykdylar. Bir topar sag tarapa, beýleki topar çep tarapa ýöredi. Olar surnaýlarda, bürünç çanlarda we arfalarda saz çaldylar. Ýehowa minnetdar bolup, aýdym aýtdylar. Hydyr bir topar bilen, Nehemýa bolsa beýleki topar bilen gitdi. Iki topar hem ybadathananyň öňüne bardy. Erkek adamlar, aýallar we çagalar Ýehowa gurbanlyk berdiler. Olaryň şatlygy, gülki sesleri uzaklara eşidilýärdi.
«Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» (Işaýa 54:17).
-