-
Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletlerGarawul diňi — 2020 | Maý
-
-
ÖWRENILÝÄN MAKALA 19
Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
«Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň (demirgazyk patyşasy) bilen çaknyşar» (Dan. 11:40).
150-NJI AÝDYM Hudaýy agtaran halas bolar
MAZMUNYa
1. Mukaddes Kitapdaky haýsy pygamberlik hakda bileris?
ÝAKYN gelejekde Ýehowanyň Şaýatlaryna näme bolar? Biz muny anyk bilmeýäris. Mukaddes Kitapda bize täsir etjek wajyp wakalaryň boljakdygy ýazylan. Esasan-da, bir pygamberlik ýer ýüzünde käbir güýçli hökümdarlyklaryň nähili hereket etjekdigini görkezýär. Danyýar kitabynyň 11-nji babynda biri-birine garşy çykjak iki sany güýçli patyşa, ýagny günorta patyşasy bilen demirgazyk patyşasy hakda aýdylýar. Pygamberligiň köp bölegi eýýäm ýerine ýetdi. Şonuň üçin galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris.
2. 1 Musa 3:15 we Ylham 11:7; 12:17-nji aýatlara görä, Danyýaryň pygamberligini öwrenenimizde nämäni ýatdan çykarmaly däl?
2 Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlige düşünmek üçin şuny ýatdan çykarmaly däl: şol pygamberlikde diňe Hudaýyň halkyna gönüden-göni täsir edýän patyşalar we hökümdarlyklar hakda aýdylýar. Ýehowanyň halky bütin ýer ýüzündäki ilatyň kiçijik bir bölegi bolsa-da, olary näme üçin yzarlaýarlar? Sebäbi Şeýtan we onuň golastyndaky dünýä Ýehowa bilen Isa gulluk edýänleri ýok etmek isleýär (1 Musa 3:15 we Ylham 11:7; 12:17-nji aýatlary okaň). Ýene bir üns bermeli zadymyz, Danyýaryň aýdan pygamberligi Mukaddes Kitapdaky beýleki pygamberlikler bilen gabat gelmeli. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözündäki beýleki pygamberlikleri gowy öwrensek, Danyýar kitabyndaky pygamberlige dogry düşünip bileris.
3. Şu we indiki makalada näme hakda bileris?
3 Biz Danyýar 11:25—39-njy aýatlar hakda gürrüň ederis. Pygamberlikden 1870—1991-nji ýyllar aralygynda demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasynyň kim bolandygyny bileris. Şeýle-de Danyýaryň pygamberligine häzir näme üçin başgaça düşünýändigimiz hakda bileris. Indiki makalada Danyýar 11:40—12:1-nji aýatlara seredip, şol pygamberligiň 1991-nji ýyldan Armageddon urşuna çenli nädip ýerine ýetýändigini bileris. Şu iki makalany öwreneniňizde, «Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar» diýen çarçuwany ünsli okaň. Emma ilki bilen, geliň, Danyýaryň pygamberligindäki iki patyşanyň kimdigini bileliň.
DEMIRGAZYK WE GÜNORTA PATYŞASYNY NÄDIP TANAP BOLÝAR?
4. Demirgazyk we günorta patyşalaryny nädip tanap bolýar?
4 Gadymy döwürde Ysraýylyň demirgazygynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «demirgazyk patyşasy», günortasynda ýerleşýän ýurduň patyşasyna «günorta patyşasy» diýlipdir. Näme üçin şeýle diýse bolýar? Muňa düşünmek üçin, geliň, Hudaýyň perişdesiniň Danyýar pygambere näme diýendigine üns bereliň: «Men... seniň halkyň başyna nämeleriň injekdigini düşündirmäge geldim» (Dan. 10:14). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe çenli ysraýyllar Hudaýyň halky hasaplanýardy. Emma şondan soň Ýehowa Isanyň wepaly şägirtlerini öz halky edip saýlandygyny mese-mälim görkezdi. Şonuň üçin Danyýar kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlikleriň köp bölegi hem göni manydaky ysraýyl halkyna däl-de, Mesihiň şägirtlerine degişli (Res. 2:1—4; Rim. 9:6—8; Gal. 6:15, 16). Şeýle-de taryhyň dowamynda birnäçe patyşalar we hökümdarlar demirgazyk hem günorta patyşasy bolupdylar. Emma olaryň arasynda birnäçe meňzeşlik bar. Birinjiden, şol patyşalar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürdüler ýa-da yzarladylar. Ikinjiden, olar Hudaýyň halkyna azar berip, hak Hudaý Ýehowany ýigrenýändigini görkezdiler. Üçünjiden, iki patyşa bir-birine garşy çykdylar.
5. II asyrdan XIX asyryň ahyryna çenli demirgazyk we günorta patyşasy bardymy? Düşündiriň.
5 B. e. II asyrynda mesihçiler ýygnagyna has köp ýalan mesihçiler goşulyp başladylar. Olar ýalan taglymatlary öwredip, Hudaýyň Sözündäki hakykatlary gizleýärdiler. II asyrdan tä XIX asyryň ahyryna çenli ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Haşal otlary aňladýan ýalan mesihçiler gülläp ösýärdi, şol sebäpli hakyky mesihçileri tanamak has-da kynlaşýardy (Mat. 13:36—43). Muny bilmek näme üçin wajyp? Şol döwür demirgazyk we günorta patyşalary hüjüm eder ýaly, ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň guramasy ýokdy. Şonuň üçin II asyrdan XIX asyryň ahyryna çenli höküm süren patyşalara demirgazyk we günorta patyşasy diýip bolmaýarb. Emma XIX asyryň ahyrynda demirgazyk we günorta patyşasynyň ýene peýda bolandygyny görse bolýar. Biz muny nireden bilýäris?
6. Hudaýyň halky haçan gurama hökmünde hereket edip başlady? Düşündiriň.
6 1870-nji ýylda Hudaýyň halky gurama hökmünde hereket edip başlady. Şol ýyl Ç. T. Rassell egindeşleri bilen Mukaddes Kitaby öwrenýän topary döretdi. Pygamberlik edilişi ýaly, Mesihi Patyşalyk dikeldilmezden öň, Rassell bilen egindeşleri ýol taýýarlaýan habarçy boldular (Mel. 3:1). Ine, Hudaýyň halkyny ýene-de tanap bolýardy! Şol döwürde Hudaýyň halkyny yzarlaýan patyşalar bardymy? Geliň, bileliň.
GÜNORTA PATYŞASY KIM?
7. 1917-nji ýyla çenli haýsy döwlet günorta patyşasydy?
7 1870-nji ýylda Beýik Britaniýa dünýä boýunça iň uly imperiýady we onuň güýçli goşuny bardy. Danyýaryň pygamberliginde şol imperiýa «kiçi şah» hökmünde suratlandyrylyp, «öňündäki üç şahy goparandygy», ýagny Fransiýany, Ispaniýany we Niderlandiýany derbi-dagyn edendigi aýdylýar (Dan. 7:7, 8). Beýik Britaniýa 1917-nji ýyla çenli günorta patyşasy boldy. Şol ýyllar ABŞ iň baý döwletleriň biri bolup, Beýik Britaniýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlady.
8. Soňky günlerde kim «günorta patyşasy» boldy?
8 I Jahan urşy döwründe ABŞ bilen Beýik Britaniýa harby güýçlerini birleşdirdi we Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy peýda boldy. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, günorta patyşasy «uly we güýçli goşun toplady» (Dan. 11:25). Şeýlelikde, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy «günorta patyşasy»c boldy we ol soňky günleriň ahyryna çenli höküm sürer. Onda «demirgazyk patyşasy» kim?
DEMIRGAZYK PATYŞASY KIM?
9. Demirgazyk patyşasy haçan peýda bolýar we Danyýar 11:25-däki pygamberlik nädip ýerine ýetýär?
9 Rassell bilen egindeşleri Mukaddes Kitaby öwrenýän topary döredenden bir ýyl geçensoň, ýagny 1871-nji ýylda demirgazyk patyşasy ýene-de peýda bolýar. Şol ýyly Otto fon Bismark birnäçe ýerleri birleşdirip, German imperiýasyny döredýär. Wilgelm I Germaniýanyň ilkinji imperatory bolýar, Bismarky bolsa birinji baştutan edip belleýärd. Onlarça ýyl geçensoň Germaniýa köp ýerleri basyp alyp, Afrikada we Ýuwaş okeanda ýerleşýän käbir ýurtlary golastyna alýar, hatda Britaniýadan hem güýçli bolmak isleýär (Danyýar 11:25-i okaň). Şol döwür Germaniýa güýçli goşun toplady we deňiz harby güýji boýunça dünýäde ikinji ýerde durýardy. Germaniýa I Jahan urşy döwründe harby güýji arkaly duşmanlary bilen söweşýär.
10. Danyýar 11:25b, 26-njy aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
10 Danyýaryň pygamberliginde German imperiýasyna we onuň harby güýjüne näme boljakdygy hem aýdylýar. Pygamberlikde demirgazyk patyşasy «durup bilmez» diýilýär. Näme üçin? Sebäbi «çöregini iýen adamlar» «oňa garşy dildüwşük gurnar» (Dan. 11:25b, 26a). Danyýaryň günlerinde «patyşanyň huzurynda hyzmat edýän» adamlar onuň saçagyndan iýip içýärdi (Dan. 1:5). Pygamberlikdäki bu adamlar kimi aňladýar? Olar German imperiýasynyň ýokary wezipeli adamlaryny, serkerdelerini we harby işgärlerini aňladýar. Olar patyşany güýçden gaçyryp, Germaniýada hökümeti dolandyrmagyň täze usulyny girizdilere. Pygamberlikde demirgazyk patyşasynyň diňe bir ýykyljakdygy däl-de, günorta patyşa bilen onuň arasynda boljak söweşiň netijesi hakda hem aýdylýar. Danyýar kitabynda demirgazyk patyşasy hakda şeýle diýilýär: «Onuň goşuny bolsa derbi-dagyn ediler we köp adamlar gyrlar» (Dan. 11:26b). I Jahan urşunda Germaniýanyň goşuny «derbi-dagyn edildi» we «köp adamlar gyryldy». I Jahan urşy adamzat taryhynda iň gandöküşikli döwürleriň biri boldy.
11. Danyýar 11:27—30-njy aýatlara görä, demirgazyk we günorta patyşasy näme etdi?
11 I Jahan urşunyň öň ýanynda boljak wakalar hakda Danyýar 11:27, 28-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Iki patyşa saçak başynda oturyp, biri-birine ýalan sözlärler». Şeýle-de pygamberlikde demirgazyk patyşasynyň «köp olja» toplajakdygy aýdylýar. Pygamberlik jikme-jik ýerine ýetdi. Germaniýa bilen Britaniýa bir-birine parahatlygy saklajakdygyny aýtsa-da, 1914-nji ýylda uruş başlanda, olaryň aýdanlary ýalan bolup çykdy. 1914-nji ýyla çenli Germaniýa baýap, dünýäde iň baý ikinji döwlet boldy. Soňra Danyýar 11:29-daky we 30-njy aýadyň başyndaky sözler ýerine ýetdi. Germaniýa günorta patyşasyna garşy çykýar, emma ol söweşde ýeňilýär.
PATYŞALAR HUDAÝYŇ HALKYNA GARŞY SÖWEŞÝÄR
12. I Jahan urşunda demirgazyk we günorta patyşasy näme etdi?
12 1914-nji ýyldan başlap, iki patyşa bir-birine we Hudaýyň halkyna garşy söweşýärler. Meselem, I Jahan urşy döwründe Hudaýyň halky söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin, Germaniýa we Beýik Britaniýa hökümeti olary zalymlyk bilen yzarlap başlady. Mundan başga-da ABŞ-da wagyz işine ýolbaşçylyk edýän doganlary türmä basdylar. Şeýdip, Ylham 11:7—10-njy aýatlardaky pygamberlik ýerine ýetdi.
13. 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy näme etdi?
13 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna zalymlyk bilen hüjüm etdi. Germaniýada faşistler höküm sürüp başlansoň, Gitler we onuň ýaranlary Hudaýyň halkyna wagyz etmegi gadagan etdi. Duşmanlar 1 500 töweregi Şaýatlary öldürdiler, müňlerçesini bolsa konslagerlere ugratdylar. Şonda Danyýaryň pygamberligi ýerine ýetdi. Demirgazyk patyşasy «mukaddes ýeri haram edip, her gün berilýän gurbanlygy gadagan etdi». Netijede, Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyny arkaýyn şöhratlandyryp bilmeýärdi (Dan. 11:30b, 31a). Hatda Gitler Germaniýadaky Hudaýyň halkyny bütinleý ýok etjekdigini söz berdi.
TÄZE DEMIRGAZYK PATYŞASY PEÝDA BOLÝAR
14. II Jahan urşundan soň haýsy ýurt demirgazyk patyşasy boldy?
14 II Jahan urşundan soň Germaniýa degişli bolan birgiden ýurtlar kommunistik Sowet Soýuzynyň golastyna geçdi we täze demirgazyk patyşasy peýda boldy. Germaniýadaky faşistler ýaly, Sowet Soýuzy hem hak Hudaýa sežde etmekligi ähli zatdan ileri tutýan her bir adama gahar-gazap bilen topuldy.
15. II Jahan urşy tamamlanansoň demirgazyk patyşasy näme edip başlady?
15 II Jahan urşy tamamlanan badyna täze demirgazyk patyşasy, ýagny Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary Hudaýyň halkyna ýene-de topulyp başladylar. Ylham 12:15—17-nji aýatlarda olaryň hüjümi derýa bilen deňeşdirilýär. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, täze demirgazyk patyşasy wagyz işimizi gadagan edip, müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlaryny Sibire sürgün etdi. Dogrudanam, soňky günler başlandan bäri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkynyň üstüne hüjüm edip gelýär, ýöne hiç hili netije gazanmaýarf.
16. Danyýar 11:37—39-njy aýatlardaky pygamberlikler Sowet Soýuzynda nädip ýerine ýetdi?
16 Danyýar 11:37—39-njy aýatlary okaň. Danyýar demirgazyk patyşasynyň «ata-babalarynyň Hudaýyna hormat goýmajakdygyny» pygamberlik etdi. Pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Sowet Soýuzy dini ýok etmek maksady bilen, dini guramalary we däp-dessurlary ýuwaş-ýuwaşdan gadagan edip başlady. Şeýlelikde, 1918-nji ýyldan başlap, mekdeplerde «Hudaý ýok» diýip öwredip başladylar. Demirgazyk patyşasy «galalaryň taňrysyny» nädip şöhratlandyrdy? Sowet Soýuzy hasam güýjemek üçin, köp mukdarda pul harçlap, goşunyny köpeltdi we müňlerçe ýadro ýaraglaryny öndürdi. Netijede, demirgazyk we günorta patyşasy milliardlarça adamlary gyryp biljek ýaraglary edindiler.
IKI DUŞMAN ÝAKYNDAN HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
17. «Weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» näme?
17 Iki patyşa ençeme ýyllaryň dowamynda duşman hem bolsa, demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny bir wajyp meselede goldaýar. Olar «weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikýärler» (Dan. 11:31). Şol «ýigrenji zat» Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar.
18. Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar?
18 Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar? Sebäbi ol bütin dünýäde parahatlygy dikeldip bilerin diýýär. Aslynda, şeýle parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikeldip bilýär. Şeýle-de pygamberlikde şol ýigrenji zadyň «weýrançylyk getirjekdigi» aýdylýar, ýagny Birleşen Milletler Guramasy ýalan dinleri ýok etmekde uly orun eýelär. («Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar» diýen çarçuwa serediň).
ŞU TARYHY WAKALARY NÄME ÜÇIN BILMELI?
19, 20. a) Biz näme üçin şu taryhy wakalary bilmeli? b) Indiki makalada näme hakda bileris?
19 Biz näme üçin şu taryhy wakalary bilmeli? Sebäbi Danyýaryň demirgazyk we günorta patyşasy hakdaky pygamberligi 1870—1990-njy ýyllar aralygynda ýerine ýetdi. Şol sebäpli pygamberligiň galan böleginiň hem ýerine ýetjekdigine ynamly bolup bileris.
20 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargady. Onda şu günler demirgazyk patyşasy kim? Munuň jogabyny indiki makalada bileris.
128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň
a Şu günler Danyýar kitabynda agzalýan «demirgazyk patyşasy» we «günorta patyşasy» baradaky pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Biz munuň şeýledigine näme üçin ynamly bolup bileris? Biz şu pygamberlik bilen bagly jikme-jikliklere näme üçin düşünmeli?
b Ýokardaky düşündirilişe görä, indi Rim imperatory Awreliana (b. e. 270—275-nji ýyllar) demirgazyk patyşasy we şa aýaly Zenobiýa (b. e. 267—272-nji ýyllar) günorta patyşasy diýip bilmeýäris. Pygamberligiň öňki düşündirilişi «Danyýaryň pygamberligine üns beriň!» kitabynyň (rus.) 13, 14-nji baplarynda aýdylypdy.
c «Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy hakdaky pygamberlik» diýen çarçuwa serediň.
d 1890-njy ýylda imperator Wilgelm II Bismarky wezipesinden boşadýar.
e Olar imperiýany gowşatmak üçin köp zatlary etdiler. Meselem, patyşany goldamakdan boýun gaçyrdylar, ýeňlen söweşleri hakdaky gizlin maglumatlary ýaýratdylar we patyşany tagtyndan düşmäge mejbur etdiler.
f Danyýar 11:34-de aýdylyşy ýaly, demirgazyk patyşasy biraz wagtlyk mesihçileri yzarlamagyny goýdy. Şeýle ýagdaý 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň boldy.
-
-
Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?Garawul diňi — 2020 | Maý
-
-
ÖWRENILÝÄN MAKALA 20
Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?
«Ol ýok ediler we onuň dadyna ýetişjek bolmaz» (Dan. 11:45).
95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar
MAZMUNYa
1, 2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
BIZIŇ soňky günlerde ýaşaýandygymyz hakda öňkä garanda, has köp subutnamalar bar. Tizden Ýehowa bilen Isa Mesih Patyşalyga garşy çykýan ähli hökümetleri ýok eder. Ýöne ondan öň demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasy bir-birine we Hudaýyň halkyna garşy söweşer.
2 Makalada Danyýar 11:40—12:1-nji aýatlardaky pygamberlige seredip, şu günler demirgazyk patyşasynyň kimdigini bileris. Şeýle-de öňümizde boljak agyr günlerde howsala düşmän, Ýehowa bil baglap biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.
TÄZE DEMIRGAZYK PATYŞASY
3, 4. Täze «demirgazyk patyşasy» kim? Düşündiriň.
3 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, köp ýerlerde ýaşaýan Hudaýyň halkyna «biraz kömek edildi», ýagny biraz wagtlyk azatlyga çykdy (Dan. 11:34). Netijede, Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda Şaýatlar arkaýyn wagyz edip başlady we wagyzçylaryň sany ýüzlerçe müňe ýetdi. Wagtyň geçmegi bilen, Russiýa bilen onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip başlady. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, bir hökümetiň demirgazyk ýa-da günorta patyşasydygyny bilmäge şu üç zat kömek edýär: 1) olar Hudaýyň gullukçylary nirede köp bolsa, şol ýerde höküm sürmeli ýa-da yzarlamaly; 2) olar Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýändigini görkezýän işleri etmeli; 3) iki patyşa bir-birine garşy çykmaly.
4 Görşümiz ýaly, Russiýa we onuň tarapdarlaryna «demirgazyk patyşasy» diýip bileris. Sebäbi olar 1) Hudaýyň halkynyň wagyz işini gadagan edýär we müňlerçe dogan-uýalary yzarlaýar; 2) olar Ýehowany we onuň halkyny ýigrenýär; 3) günorta patyşasyna, ýagny Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyna garşy gidýär. Geliň, Russiýanyň we onuň tarapdarlarynyň «demirgazyk patyşasy» hökmünde nädip hereket edýändigini göreliň.
DEMIRGAZYK WE GÜNORTA PATYŞASY BIR-BIRINE GARŞY ÇYKMAGYNY DOWAM EDÝÄR
5. Danyýar 11:40—43-nji aýatlarda haýsy döwür hakda aýdylýar we şol döwür näme bolar?
5 Danyýar 11:40—43-nji aýatlary okaň. Pygamberligiň bu bölegi soňky günlerde boljak wakalary öz içine alýar. Aýatlarda demirgazyk we günorta patyşasynyň bir-birine garşy çykyşy aýdyň görkezilýär. Danyýaryň pygamberliginde «dünýäniň soňunda» günorta patyşasynyň demirgazyk patyşasy bilen «çaknyşjakdygy» aýdylýar (Dan. 11:40).
6. Demirgazyk we günorta patyşasynyň bir-birine garşy çykýandygy nämeden görünýär?
6 Demirgazyk patyşasy bilen günorta patyşasy dünýäde iň güýçli döwlet bolmak üçin bir-biri bilen bäsleşmegini dowam edýär. Mysal üçin, II Jahan urşundan soň Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary Ýewropanyň köp bölegine täsirini ýetirip başlady. Günorta patyşasy hem halkara harby guramany döretdi, oňa NATO diýilýär. Günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen bäsleşip, köp mukdarda pul sarp edip, güýçli harby goşunyny döretdi. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasy bilen bäsdeşlik edip, Afrika, Aziýa we Latyn Amerika ýurtlaryny harby taýdan goldady. Soňky ýyllarda Russiýa we onuň tarapdarlary bütin dünýä öz täsirini ýetirýär. Şeýle-de bu patyşalar bir-birine garşy kiber söweşini (Internet arkaly) alyp barýar. Olar biri-birini kompýuter programmalary arkaly ýurduň ykdysadyýetine hem-de syýasatyna zyýan ýetirmekde aýyplaýarlar. Danyýaryň pygamberlik edişi ýaly, demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna topulmagyny dowam edýär (Dan. 11:41).
DEMIRGAZYK PATYŞASY «OWADAN ÝURDA» ÇOZÝAR
7. «Owadan ýurt» näme?
7 Danyýar 11:41-nji aýatda demirgazyk patyşasynyň «Owadan ýurda» çozjakdygy pygamberlik edilen. Ol haýsy ýurtka? Gadymy döwürde Ysraýyl topragy «ýer ýüzüniň iň owadan ýurdy» hasaplanýardy (Hyz. 20:6). Ýöne Ysraýyla owadan ýurt diýilmeginiň esasy sebäbi, ol ýerde adamlar Ýehowa sežde edýärdi. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri göni manyda bir ýere «Owadan ýurt» diýip bolmaýar. Sebäbi Ýehowanyň halky ýer ýüzüniň ähli künjegine ýaýrap başlady. «Owadan ýurt» şu günler Ýehowanyň halkynyň edýän işlerini aňladýar. Muňa ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy ýaly işler degişli.
8. Demirgazyk patyşasy «Owadan ýurda» nädip çozdy?
8 Soňky günlerde demirgazyk patyşasy gaýta-gaýta «Owadan ýurda» çozdy. Meselem, II Jahan urşy döwri Germaniýa demirgazyk patyşasy hökmünde hereket edip, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlanda we käbirini öldürende, «Owadan ýurda» çozýan ýaly boldy. II Jahan urşundan soň, Sowet Soýuzy täze demirgazyk patyşasy bolup, «Owadan ýurda» çozdy, ýagny Hudaýyň gullukçylaryna topulyp, olary sürgün etdi.
9. Soňky birnäçe ýylyň içinde Russiýa we onuň tarapdarlary «Owadan ýurda» nädip çozdy?
9 Soňky birnäçe ýylyň içinde Russiýa we onuň tarapdarlary «Owadan ýurda» çozdy. Nädip? 2017-nji ýylda «demirgazyk patyşasy» Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etdi we birnäçe dogan-uýalary türmä basdy. Şeýle-de edebiýatlarymyzy, şol sanda «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» hem gadagan etdi. Mundan başga-da Russiýadaky filialy, Ýygnak jaýlaryny we Kongresler köşklerini döwletiň haýryna geçirdi. Şu hereketlerden soň, 2018-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Russiýanyň we onuň tarapdarlarynyň «demirgazyk patyşasydygyny» aýtdy. Emma Ýehowanyň halky birnäçe gezek zalymlyk bilen yzarlansa-da, hökümetiň garşysyna gitmedi ýa-da oňa garşy gozgalaň turuzmady. Gaýtam olar Mukaddes Kitapdaky «ýokary wezipeli adamlar üçin... doga ediň» diýen maslahata eýerdi. Olar, esasan-da, häkimiýetler Hudaýa edýän seždämizi gadagan etmekçi bolanda, has-da köp doga etdiler (1 Tim. 2:1, 2).
DEMIRGAZYK PATYŞASY GÜNORTA PATYŞASYNY ÝEŇERMI?
10. Demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny ýeňermi? Düşündiriň.
10 Danyýar 11:40—45-nji aýatlardaky pygamberlikde, esasan, demirgazyk patyşasynyň etjek işleri hakda aýdylýar. Ýöne aýatdaky sözler demirgazyk patyşasynyň günorta patyşasyny ýeňjekdigini aňladýarmy? Ýok, sebäbi Ýehowa bilen Isa Armageddon söweşinde ähli ynsan hökümetlerini ýok edende, günorta patyşasy «diri» bolar (Ylh. 19:20). Näme üçin şeýle diýip bileris? Geliň, Danyýaryň pygamberligini Ylham kitabyndaky pygamberlik bilen deňeşdirip göreliň.
Armageddonda Hudaýyň Patyşalygy ähli ynsan hökümetleriniň soňuna çykar (11-nji abzasa serediň)
11. Danyýar 2:43—45-nji aýatlarda näme hakda aýdylýar? (Daşky sahypadaky surata serediň).
11 Danyýar 2:43—45-nji aýatlary okaň. Danyýar pygamber Hudaýyň halkyna täsir etjek ynsan hökümetleri hakda aýtdy. Olar ägirt uly demir heýkeliň her dürli bölekleri hökmünde suratlandyrylýar. Heýkeliň demir we toýun gatyşykly aýagy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Hudaýyň Patyşalygy ähli hökümetleri derbi-dagyn edip başlanda, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy bolar.
12. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi kimi aňladýar we muny bilmek näme üçin wajyp?
12 Ýahýa resul Ýehowanyň halkyna täsir etjek dünýä imperiýalaryny suratlandyrdy. Ol şol imperiýalary ýedi kelleli wagşy haýwana meňzetdi. Wagşy haýwanyň ýedinji kellesi Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. Muny bilmek örän wajyp, sebäbi ondan soň wagşy haýwanyň başga kellesiniň dörejekdigi aýdylmaýar. Diýmek, ýedinji kelle Isa Mesih gökdäki goşuny bilen wagşy haýwany ýok etjek wagty höküm sürerb (Ylh. 13:1, 2; 17:13, 14).
DEMIRGAZYK PATYŞASY GELEJEKDE NÄME EDER?
13, 14. «Mäjit ýurdundaky Äjit» kim we ol näme sebäpden Hudaýyň halkyna hüjüm eder?
13 Hyzkyl kitabynda agzalýan pygamberlik soňky günlerde demirgazyk we günorta patyşasy bilen bagly käbir zatlary aýan edýär. Hyzkyl 38:10—23; Danyýar 2:43—45; 11:44—12:1; Ylham 16:13—16, 21-nji aýatlarda şol bir waka hakda pygamberlik edilýän bolmaly. Eger şeýle bolsa, onda indiki gürrüň ediljek wakalara garaşmaga bizde esas bar.
14 Uly betbagtçylyk başlandan biraz wagt geçensoň, «ýer ýüzüniň patyşalary» ýygnanyşar, şeýdip, milletleriň üýşmegi dörär (Ylh. 16:13, 14; 19:19). Mukaddes Kitapda milletleriň üýşmegine «Mäjit ýurdundaky Äjit» diýilýär (Hyz. 38:2). Ol Hudaýyň halkyna soňky gezek hüjüm eder. Ol näme sebäpden hüjüm eder? Ýahýa resul şol döwür bilen bagly görnüş görýär. Ol Hudaýyň duşmanlarynyň üstüne uly buzuň ýagandygyny görýär. Buz göçme manyda Ýehowanyň halkynyň aýtjak höküm habaryny aňladýar. Höküm habary yglan edilende, Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyny ýer ýüzünden ýok etmek maksady bilen olara topular (Ylh. 16:21).
15, 16. a) Danyýar 11:44, 45-nji aýatlardaky sözler haýsy wakalary aňladýan bolmaly? b) Demirgazyk patyşasy bilen «Mäjit ýurdundaky Äjidiň» galan bölegine näme bolar?
15 Hudaýyň halkynyň yglan etjek höküm habary we duşmanlaryň soňky gezek hüjüm etjekdigi baradaky şol wakalar Danyýar 11:44, 45-nji aýatlarda (okaň) hem ýazylan. Danyýar «gündogardan we demirgazykdan gelen habaryň» demirgazyk patyşasynyň gaharyny getirjekdigini aýdýar. Demirgazyk patyşasy «köp adamlary gyryp, ýoguna çykmagy» ýüregine düwer. «Köp adamlar» diýende, Ýehowanyň halky göz öňünde tutulýan bolmalyc. Danyýar Hudaýyň halkyna ediljek soňky hüjüm hakda aýdýan bolmaly.
16 Demirgazyk patyşasy bilen beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna topulanda, Gudratygüýçli Hudaýyň gahary geler we Armageddon urşy başlar (Ylh. 16:14, 16). Şol wagt demirgazyk patyşasy we «Mäjit ýurdundaky Äjidiň» bir bölegi bolan beýleki patyşalar heläk ediler. Şonda olaryň «dadyna ýetişjek bolmaz» (Dan. 11:45).
Armageddon söweşinde Isa Mesih goşuny bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder we Hudaýyň halkyny halas eder (17-nji abzasa serediň)
17. Danyýar 12:1-däki «Beýik serkerde» Mikaýyl kim? Ol häzir näme edýär we gelejekde näme eder?
17 Danyýar kitabynda demirgazyk patyşasynyň we onuň tarapdarlarynyň soňuna çykyljakdygy we biziň nädip halas boljakdygymyz barada jikme-jik beýan edilýär (Danyýar 12:1-i okaň). Bu aýatdaky sözler nämäni aňladýar? Patyşamyz Isa Mesihe Mikaýyl hem diýilýär. Ol 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilenden bäri, Ýehowanyň gullukçylary üçin «aýaga galýar». Tizden ol Armageddon söweşinde ýene-de aýaga galar, ýagny duşmanlary ýok etmek üçin aýgytly hereket eder. Şol söweş barada Danyýar pygamber: «Şonda halklar döräli bäri, görlüp-eşidilmedik agyr döwür bolar» diýdi. Ýahýa resul hem Ylham kitabynda Armageddon söweşine eltjek döwri «uly betbagtçylyk» diýip atlandyrdy (Ylh. 6:2; 7:14).
«HUDAÝYŇ KITABYNA» SIZIŇEM ADYŇYZ ÝAZYLARMY?
18. Biz gelejege näme üçin ynamly garap bileris?
18 Biz gelejege ynamly garap bilýäris, sebäbi Danyýar pygamber bilen Ýahýa resul Ýehowanyň we Isanyň öz gullukçylaryny uly betbagtçylykda halas etjekdigini aýtdy. Danyýar halas boljak adamlaryň atlarynyň «Hudaýyň kitabyna» ýazyljakdygyny aýdýar (Dan. 12:1). Adymyz şol kitaba ýazylar ýaly näme etmeli? Hudaýyň Guzusy Isa Mesihe iman etmeli (Ýah. 1:29). Özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli (1 Pet. 3:21). Şeýle-de başgalara Ýehowany tanamaga kömek edip, Hudaýyň Patyşalygyny goldamaly.
19. Biz häzirden näme etmeli we näme üçin?
19 Häzir Ýehowa we onuň wepaly gullukçylaryndan ybarat guramasyna bil baglamagyň tüýs wagty! Şeýle-de biz Hudaýyň Patyşalygyny häzirden goldamaly. Eger şeýtsek, Hudaýyň Patyşalygy demirgazyk we günorta patyşasyny ýok edende halas bolarys.
149-NJY AÝDYM Ýeňiş aýdymy
a Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim we ol nädip ýok ediler? Munuň jogabyny bilmek imanymyzy berkidip, gelejekde boljak synaglara taýýarlanmaga kömek eder.
b Danyýar 2:36—45-nji we Ylham 13:1, 2-nji aýatlar 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» jikme-jik düşündirilýär (sah. 7—19).
c Köpräk bilmek üçin «Garawul diňine» serediň (w15 15/5 sah. 29, 30)
-
-
Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalarGarawul diňi — 2020 | Maý
-
-
Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar
Şu çarçuwada agzalýan pygamberlikleriň käbiri bir wagtda ýerine ýetdi. Olar «dünýäniň soňunda» ýaşaýandygymyzy subut edýär (Dan. 12:4).
Aýat (lar): Ylh. 11:7; 12:13, 17; 13:1—8, 12
Pygamberlik: «Wagşy haýwan» 3 000 ýyldan gowrak adamlaryň üstünden höküm sürýär. Soňky günlerde onuň ýedinji kellesi ýaralanýar. Emma soňra ýene-de sagalýar we «ýer ýüzüniň ähli adamlary» wagşy haýwanyň yzyna düşýär. Şeýtan wagşy haýwany «galan nesle» garşy söweşmek üçin ulanýar.
Ýerine ýetişi: bütindünýä tupandan soň Ýehowanyň halkyna garşy çykan hökümdarlar peýda boldy. Şondan ençeme asyr geçenden soň, I Jahan urşy döwri iň güýçli hökümdarlyklaryň biri bolan Beýik Britaniýa döwleti kem-kemden güýjini ýitirdi. Emma ABŞ onuň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlanda, ol ýene-de güýçlendi. Esasanam, soňky günlerde Şeýtan ýer ýüzündäki hökümetleri ulanyp, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlaýar.
Aýat (lar): Dan. 11:25—45
Pygamberlik: soňky günlerde demirgazyk we günorta patyşasy biri-birine garşy çykar.
Ýerine ýetişi: Germaniýa bilen Angliýa-Amerika biri-birinden üstün çykjak bolýar. 1945-nji ýylda Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşa hökmünde hereket edip başlady. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Russiýa we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy boldy.
Aýat (lar): Işa. 61:1; Mel. 3:1; Luka 4:18
Pygamberlik: Ýehowa Mesihi Patyşalygy berkarar etmezden öň, «ýol taýýarlar» ýaly, «habarçysyny» iberýär. Bu topara «ýumşaklara hoş habary aýtmak tabşyrylýar».
Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri Mukaddes Kitapdaky hakykatlary yhlas bilen öwrenip başladylar. 1880-nji ýyllarda olar Hudaýyň gullukçylary hökmünde hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşündiler. Şeýdip, olar «Bize 1 000 sany wagyzçy gerek» we «Wagyz etmek üçin saýlananlar» atly makalalary çap etdiler.
Aýat (lar): Mat. 13:24—30, 36—43
Pygamberlik: daýhan melleginde tohum ekýär, emma duşman bugdaýlaryň arasyna haşal oty ekip gidýär. Hasyl döwrüne çenli olaryň ikisi bile ösýär. Soňra haşal otlar bugdaýdan aýrylýar.
Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap, hakyky mesihçiler bilen ýalan mesihçileriň arasyndaky tapawut has aýdyň görnüp başlady. Soňky günlerde hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden aýrylýar.
Aýat (lar): Dan. 2:31—33, 41—43
Pygamberlik: demir bilen toýun gatyşyk aýak dürli metallardan ybarat bolan heýkele degişli.
Ýerine ýetişi: toýun Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň sada halkyny aňladýar. Olar ýurduň syýasatyna garşy çykýarlar. Şonuň üçin hökümet demir ýaly güýjüni doly görkezip bilmeýär.
Aýat (lar): Mat. 13:30; 24:14, 45; 28:19, 20
Pygamberlik: «bugdaý» «ammara» ýygnalýar we «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» öýdäki hyzmatkärleriniň üstünden bellenýär. «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz edilip» başlanýar.
Ýerine ýetişi: 1919-njy ýylda wepaly hyzmatkär Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etmäge bellenýär. Şol ýyldan başlap Mukaddes Kitaby öwrenýänler wagyz işine has hem yhlasly gatnaşyp başladylar. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary 200-den gowrak ýurtda wagyz edýärler we 1 000-den gowrak dillerde edebiýat çykarýarlar.
Aýat (lar): Dan. 12:11; Ylh. 13:11, 14, 15
Pygamberlik: iki şahly wagşy haýwan «wagşy haýwanyň şekilini ýasamaga» ýolbaşçylyk edýär we «wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini berýär»
Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy Milletler Ligasynyň döredilmegine ýolbaşçylyk edýär. Bu gurama başga halklar hem girýär. 1926—1933-nji ýyllar aralygynda demirgazyk patyşasy hem Milletler Ligasynyň agzasy boldy. Adamlar Milletler Ligasy parahatlygy dikelder diýip garaşýardy. Soňra olar Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) umyt baglap başlady. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder.
Aýat (lar): Dan. 8:23, 24
Pygamberlik: zalym patyşa «öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirýär».
Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy köp adamlaryň öldürilmegine we uly ýitgi çekmegine sebäp boldy. Meselem, II Jahan urşunda Amerikanyň Birleşen Ştatlary duşmanlarynyň üstüne iki sany atom bombasyny taşlanynda, görlüp-eşidilmedik weýrançylyk boldy.
Aýat (lar): Dan. 11:31; Ylh. 17:3, 7—11
Pygamberlik: on şahly «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» düýpsüz çuňlukdan çykýar we sekizinji patyşa bolýar. Danyýar kitabynda bu patyşa «weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» hökmünde suratlandyrylýar.
Ýerine ýetişi: II Jahan urşy döwri Milletler Ligasy ýatyrylýar. Uruş gutarandan soň, onuň ýerine BMG döredilýär. Adamlar Milletler Ligasyna umyt baglaýşy ýaly BMG parahatlygy dikelder diýip garaşýar. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder. BMG ýalan dine hüjüm eder.
Aýat (lar): 1 Sel. 5:3; Ylh. 17:16
Pygamberlik: milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eder. «On şah» we «wagşy haýwan» ahlaksyz aýala hüjüm eder. Şondan soň halklar ýok ediler.
Ýerine ýetişi: adamlar ýer ýüzünde parahatlygy we howpsuzlygy dikeldendigine ynandyrjak bolar. Soňra BMG-ni goldaýan halklar ýalan dini guramalary ýok eder. Şeýdip, uly betbagtçylyk başlar. Şol uly betbagtçylyk Şeýtanyň dünýäsini bütinleý ýok etjek Armageddon söweşi bilen tamamlanar.
Aýat (lar): Hyz. 38:11, 14—17; Mat. 24:31
Pygamberlik: Äjit Hudaýyň halkyna topular. Soňra perişdeler «saýlananlary» ýygnar.
Ýerine ýetişi: demirgazyk patyşasy we beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Olaryň hüjüminden biraz wagt geçenden soň saýlanan mesihçileriň galyndysy göge ýygnanar.
Aýat (lar): Hyz. 38:18—23; Dan. 2:34, 35, 44, 45; Ylh. 6:2; 16:14, 16; 17:14; 19:20
Pygamberlik: «ak atyň üstünde oturan» Äjidi we onuň goşunyny bütinleý ýok edip, «doly ýeňiş gazanar». «Wagşy haýwan... ot kölüne zyňlar». Dagdan gopan daş heýkeli çym-pytrak eder.
Ýerine ýetişi: Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Ýehowanyň gullukçylaryny halas eder. Ol 144 000 saýlanan mesihçiler we perişdelerden ybarat güýçli goşuny bilen milletleriň üýşmegini ýok eder. Şeýdip, Şeýtanyň dünýäsiniň soňuna çykar.
-