Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Fewral sah. 31
  • Şuny bilýäňizmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şuny bilýäňizmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Meňzeş maglumat
  • Şuny bilýäňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Fewral sah. 31

Şuny bilýäňizmi?

Gumry ýa-da kepderi gurbanlyk bermek hakdaky kanundan Ýehowanyň haýsy häsiýeti görünýär?

MUSANYŇ KANUNYNA görä, ysraýyllar Ýehowa guşlardan gurbanlyk berjek bolsa gumry bolsun, kepderi bolsun berip bilýärdiler. Kanunda guşlaryň ikisi hem agzalýardy we ysraýyllar olaryň islendigini gurbanlyk berip bilýärdi (3 Mus. 1:14; 12:8; 14:30). Ysraýyllar Ýehowa Hudaýa şeýle kanun berendigi üçin örän minnetdar bolandyrlar. Näme üçin? Sebäbi Ysraýyl ýurdunda gumrular hemişe tapdyrmaýardy.

[31-nji sahypadaky ýazgy]

Gumry

Gumrular göçüp-gonup ýaşaýan guşlar. Olar Ysraýylda ýaz aýlarynda bolup, oktýabr aýynda ýyly ýurtlara göçüp gidýärler (Aýd. 2:11, 12; Ýer. 8:7). Howa maýlanda bolsa yzyna dolanyp gelýärler. Şol sebäpli ysraýyllar gyş paslynda gurbanlyk bermek üçin gumry tapyp bilmeýärdiler.

Kepderi

Kepderiler bolsa göçüp-gonup ýaşamaýarlar. Şonuň üçin ysraýyllar olary ýylyň islendik aýy tapyp bilýärdiler. Hatda öýünde-de saklaýardylar (Ýahýa 2:14, 16-njy aýatlary deňeşdiriň). «Mukaddes Kitapda agzalýan ösümlikler we haýwanlar» atly kitapda aýdylmagyna görä, «Palestinanyň obalarynda, şäherlerinde eldekileşdirilen kepderiler bardy. Her öýde diýen ýaly kepderileriň ketegi ýa höwürtgesi bolýardy» (Işaýa 60:8-i deňeşdiriň).

Kepderiniň höwürtgesi

Guşlary gurbanlyk bermek baradaky kanun Ýehowanyň söýgüsini we akyldarlygyny görkezýärdi. Sebäbi Ysraýyl halky ýylyň dowamynda islendik wagt gumry ýa-da kepderi gurbanlyk berip bilýärdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş