94-NJI AÝDYM
Sözüň üçin minnetdar
Çap edilen görnüşi
1. Ýehowa Atamyz, aýdýarys alkyş,
Gymmatly hazynany etdiň bagyş.
Ylhamlanan sözleriň
açýar hakykaty,
Dogry ýol görkezip saçýandyr ýagty.
2. Güýçli täsir edýär Sözüň ýürege,
Süňki bölüp, baryp ýetýär ýilige.
Çykarýan hökümleriň
dogry, adalatly,
Öwüt-nesihatyň dürden gymmatly.
3. Gaýgy-aladasy bolsa kyn günde,
Halkyň kömek soraýardy şol bada.
Kömek et, dileýäris
mertlik hem berk iman,
Sözüňi okarys ýatdan çykarman.
(Serediň: Zeb. 19:9; 119:16, 162; 2 Tim. 3:16; Ýak. 5:17; 2 Pet. 1:21)