139-NJY AÝDYM
Täze dünýäni göz öňüne getir!
- 1. Seret, täze dünýä öňde, - Göz öňüne getir, sen şol ýerde. - Hezillikden doly çar ýan, - Erbetlik ýok, galýarsyň haýran. - Indi ýok hiç zatdan gorky, - Rahat ýaşar Hudaýyň halky. - Ine, geldi pursat täze zamana, - Şirin dil saýrar, ýürek - geler lerzana. - GAÝTALAMA: - Ýehowa Hudaý, alkyş aýdýarys, - Täzeden döretdiň ähli zady. - Ýürek joşa gelip, diller eder taryp, - Ýehowa öwgä, şan-şöhrata mynasyp. 
- 2. Seret, täze dünýä öňde, - Bar zat üýtgeşik daş-töwerekde. - Gaýgy-gam ýok, kalbyň rahat, - Howsala düşürmeýär hiç zat. - Indi hiç kim dökmez gözýaş, - Ýehowa halky bilen syrdaş. - Ölenler oýanar ölüm ukudan, - Bize goşulyp aýdym - aýdar şatlykdan. - GAÝTALAMA: - Ýehowa Hudaý, alkyş aýdýarys, - Täzeden döretdiň ähli zady. - Ýürek joşa gelip, diller eder taryp, - Ýehowa öwgä, şan-şöhrata mynasyp. 
(Serediň: Zeb. 37:10, 11; Işa. 65:17; Ýah. 5:28; 2 Pet. 3:13)