94-NJI AÝDYM
Sözüň üçin minnetdar
Çap edilen görnüşi
	- 1. Ýehowa Atamyz, aýdýarys alkyş, - Gymmatly hazynany etdiň bagyş. - Ylhamlanan sözleriň - açýar hakykaty, - Dogry ýol görkezip saçýandyr ýagty. 
- 2. Güýçli täsir edýär Sözüň ýürege, - Süňki bölüp, baryp ýetýär ýilige. - Çykarýan hökümleriň - dogry, adalatly, - Öwüt-nesihatyň dürden gymmatly. 
- 3. Gaýgy-aladasy bolsa kyn günde, - Halkyň kömek soraýardy şol bada. - Kömek et, dileýäris - mertlik hem berk iman, - Sözüňi okarys ýatdan çykarman. 
(Serediň: Zeb. 19:9; 119:16, 162; 2 Tim. 3:16; Ýak. 5:17; 2 Pet. 1:21)