Göwünlik bermek
Ruhdan düşenimizde Mukaddes Kitap göwünlik berýär
Agyr günä
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Pa 22:8—13; 23:1—3. Musanyň kanuny okalanda, Ýoşyýa we halk agyr günä edendiklerine düşündi.
Hyd 9:10—15; 10:1—4. Käbir ysraýyllar Ýehowa gulak asman, başga milletli aýallara öýlendiler. Hydyr bilen tutuş halk muny eşidip hasrat çekdi.
Luk 22:54—62. Petrus Halypasy Isadan üç gezek ýüz öwrende, möňňürip aglady.
Ruhlandyrýan aýatlar:
Serediň: Işa 38:17; Mik 7:18, 19
Ruhlandyrýan wakalar:
2Tr 33:9—13, 15, 16. Manaşa Ýahudanyň iň zalym patyşasy bolsa-da, toba edip Hudaýyň razylygyny gazandy.
Luk 15:11—32. Isa ýiten ogul hakdaky mysaly gürrüň berip, Ýehowanyň örän geçirimli Hudaýdygyny görkezdi.
Kimdir biri göwnümize degende, ynamdan gaçanda we dönüklik edende, biz göwnüçökgünlige düşüp bilýäris
Serediň: «Ruhdan düşmek»
Ejizligimiz we günälerimiz sebäpli ruhdan düşmek
Serediň: «Ruhdan düşmek»
Gaýgy-alada
Serediň: «Gaýgy-alada»
Gaýgy-hasrat; nägilelik
Käbir adamlar kynçylyklar we adalatsyzlyk sebäpli ruhdan düşýär
Serediň: Zb 142:4; Nes 4:1; 7:7
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ruhlandyrýan aýatlar
Ruhlandyrýan wakalar:
Rut 1:6, 7, 16—18; 2:2, 19, 20; 3:1; 4:14—16. Nagomy Hudaýyň halkynyň arasyna dolanyp, ildeşleriniň kömegini kabul etdi we başgalara ýagşylyk etdi. Şeýdip, onuň gaýgysy şatlyga öwrüldi.
Eýp 42:7—16; Ýak 5:11. Eýýup synaglarda berk durup, Hudaýyň egsilmez bereketlerine eýe boldy.
Käbir adamlar başgalaryň özüni alyp barşyny görüp, ruhdan düşýär
Mukaddes Kitapdan mysallar:
1Şm 1:6, 7, 10, 13—16. Peninna Hanna azar ýamanyny berýärdi, baş ruhany Aly bolsa Hannany ýazgardy. Şol sebäpli ol göwnüçökgünlige düşýär.
Eýp 8:3—6; 16:1—5; 19:2, 3. Eýýubyň üç dosty ony sebäpsiz ýere ýazgaryp, derdine dert goşdy.
Ruhlandyrýan aýatlar:
Ruhlandyrýan wakalar:
1Şm 1:9—11, 18. Hanna doga edip Ýehowa ýüregini dökende, ýüki ýeňledi.
Eýp 42:7, 8, 10, 17. Eýýup üç dostuny bagyşlansoň Hudaý oňa bol bereketleri berdi.
Gorky
Serediň: «Gorky»
Göriplik, içigaralyk
Serediň: «Göriplik»
Käbir adamlar keselçilik we garrylyk sebäpli isleýşi ýaly köp zat edip bilmeýär
Mukaddes Kitapdan mysallar:
2Pa 20:1—3. Hizkiýa keselläp ölüm ýassygynda ýatanda, möňňürip aglady.
Flp 2:25—30. Dogan-uýalar Epafroditiň agyr keselländigini eşidýär. Ol muňa gaty biynjalyk bolýar, sebäbi olar «Epafrodit ynanylan işi edip bilmedi» diýerler öýdýärdi.
Ruhlandyrýan wakalar:
Ruhlandyrýan wakalar:
2Şm 17:27—29; 19:31—38. Barzylla sylanýan adamdy. Patyşa oňa köşkde gulluk etmegi teklip edende, Barzylla ýaşyny we ýagdaýyny göz öňüne tutup, teklipden ýüz öwürdi.
Zb 41:1—3, 12. Dawut patyşa agyr kesellände Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýardy.
Mar 12:41—44. Isa garyp dul aýaly barja zadyny bereni üçin öwdi.
Adamlar ýamanlyk edende ýüregimize ýara salýar
Serediň: «Ýamanlyk edenlerinde»
Kynçylyklar ýüze çykanda ýa-da borç berlende, biz özümizi ynamsyz duýmagymyz mümkin
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Ruhlandyrýan aýatlar:
Ruhlandyrýan wakalar:
2Ms 3:12; 4:11, 12. Ýehowa Musa pygamberi tabşyran işini ýerine ýetirmäge kömek etjekdigine gaýta-gaýta ynandyrdy.
Ýer 1:7—10. Ýehowa Ýermeýa tabşyran kyn ýumşuny ýerine ýetirmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Özüňe kembaha garamak
Serediň: «Özüňe kembaha garamak»
Yzarlamalar
Serediň: «Yzarlamalar»