Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g20 No. 2 sah. 10—11
  • 3. Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 3. Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?
  • Oýanyň! — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?
  • Oýlanyp görüň
  • Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?
  • 4. Allatagala adamlary ejir çekmek üçin ýaratdymy?
    Oýanyň! — 2020
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2020
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Oýanyň! — 2020
g20 No. 2 sah. 10—11
Är-aýal hassahanada oglunyň ýanynda otyr. Oglanjygyň bir eli golak.

3. Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Gowy adamlaryň ejir çekýänini görenimizde, ýüregimiz gyýlyp: «Bäş gün ýalançyda adalat ýok. Gowy adam horluk çekýän bolsa, ýagşy işleri etmek nämä gerek?!» diýýändiris.

Oýlanyp görüň

Käbir adamlar başyna betbagtçylyk inende: «Allanyň ýazanyna kaýyl bolmaly» diýýärler. Olar erbet adamlaryň horluk çekýändigini görende: «Allanyň jezasydyr» diýýärler. Gowy adamlar kösense: «Bu bir synag dünýäsi. Alla bendesini synap, päk imanly edýär» diýýärler.

  • Eger Alla adamyň ykbalyny öňünden kesgitleýän bolsa, onda horluklaryň öňüni almak we ýamandan gaça durmak üçin jan etmek nämä gerek?!

  • Rehim-şepagatly Allatagala bendelerine jebir-jepa çekdirermi?!

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Adamlaryň çekýän jebir-jepasy Allanyň jezasy däl.

Betbagtçylyklaryň köpüsi garaşylmadyk ýagdaýda we tötänden bolýar.

«Ýaryşda hemişe ýüwrük ozmaýar, göreşde hemişe pälwan ýeňmeýär, akyldaryň saçagynda hemişe çörek bolmaýar, paýhasly adam hemişe baý bolmaýar, bilimli adam hemişe üstünlik gazanmaýar, sebäbi olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýarlar» (NESIHAT 9:11).

Adamlar günäli bolandyklary üçin ejir çekýärler.

Adamlar «günä» diýlende erbet işleri göz öňünde tutýar. Emma Mukaddes Kitapda gowy adamlaryň hem, erbet adamlaryň hem günäli dogulýandygy aýdylýar. Günä nesilden nesle geçýär.

«Men günäli bolup doguldym, ejemiň göwresinde galanymdan bäri günäli» (ZEBUR 51:5).

Günä adamlaryň gül ömrüni kül edýär.

Günä adamlary Ýaradandan daşlaşdyrýar we agzalalyk döredýär. Günä sebäpli adamlar tebigata zyýan ýetirýär. Netijede, ähli adamlar kösenýär.

«Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar» (RIMLILER 7:21).

«Ýaradylan zatlar şu wagta çenli ahy-nala çekip, görgi görýär» (RIMLILER 8:22).

Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

Günä sebäpli adamlar horluk çekýärler. Gowy we erbet adamlaryň ählisi günäli bolup dünýä inýärler. Adamlar günäni miras alandygy üçin keselleýärler we akyl taýdan ýarawsyz bolýarlar. Şeýle-de zalym we doňýürek adamlar başgalara zyýan ýetirýärler.

Allatagala adamlary ejir çekmek üçin ýaratdymy?

4-nji soraga serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş