Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 11-nji böl. sah. 28—32
  • Täze dünýäniň düýbi häzirden tutlýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täze dünýäniň düýbi häzirden tutlýar
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hakyky halkara doganlyk
  • Hudaýyň halkyny tanamak
  • Başga bir tapawutly alamat
  • Ikinji jedelli meseläniň çözgüdi
  • Sen kimiň tarapyny tutarsyň?
  • Agzybir halk
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 11-nji böl. sah. 28—32

11-nji bölüm

Täze dünýäniň düýbi häzirden tutulýar

1, 2. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä gözümiziň alynda näme bolup geçýär?

ŞEÝTANYŇ köne dünýäsiniň soňy ýakynlaşsa-da, Hudaýyň täze dünýäsiniň düýbi häzirden tutulýar! Hudaý gözümiziň alynda ähli halklardan ýerde ýaşajak täze jemagaty taýýarlaýar. Şol täze jemagat häzirki agzala dünýäniň ornuny tutar. Mukaddes Ýazgylarda 2 Petrus 3:13-de şol täze jemagata «täze ýer» diýilýär.

2 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikde şeýle diýilýär: «Ahyrky günlerde [biziň ýaşaýan wagtymyzda]... Köp halklar gidip diýerler: «Geliň, Taňrynyň dagyna [Hudaýyň hakyky seždesi] çykalyň... Ol bize öz ýollaryny öwreder, biz Onuň ýodalaryndan ýöräris» (Işaýa 2:2, 3, MKS).

3. a) Işaýanyň pygamberligi kimlerde ýerine ýetýär? b) Bu barada Injiliň soňky kitaby näme diýýär?

3 Häzir bu pygamberlik «Hudaýyň ýollaryna» tabyn bolup, «Onuň ýodalarynda ýöreýän» adamlarda ýerine ýetýär. Injiliň soňky kitabynda parahatçylygy söýýän şol jemagata «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan uly märeke» hem diýilýär, ýagny bütin dünýäde Hudaýa agzybir gulluk edýän hakyky doganlyk diýilýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler» diýýär. Bu bolsa zalym dünýä ýok edilende olaryň diri galjakdygyny aňladýar (Ylham 7:9, 14; Matta 24:3).

Hakyky halkara doganlyk

4, 5. Ýehowanyň Güwäleriniň bütindünýä doganlygy nädip döredi?

4 Ýehowanyň millionlarça Güwäleri Hudaýyň görkezmesi we ýollary boýunça ýaşamaga jan edýärler. Olar Hudaýyň täze dünýäsinde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olar her gün Hudaýyň kanunlaryna laýyklykda ýaşap, täze dünýädäki hökümdarlyga tabyndygyny häzirden görkezýärler. Nirede ýaşasalar-da, olar milletine ýa jynsyna garamazdan, Hudaýyň Sözündäki şol bir talaplara tabyn bolýarlar. Şonuň üçin olara hakyky halkara doganlyk, ýagny Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşajak jemagat diýse bolar (Işaýa 54:13; Matta 22:37, 38; Ýahýa 15:9, 14).

5 Ýehowanyň Güwäleri şeýle deňsiz-taýsyz bütindünýä doganlygy özleri döredendir öýdenok. Olar muny Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen döredendigine ynanýarlar (Resullaryň işleri 5:29, 32; Galatýalylar 5:22, 23). Bu Hudaýyň işi. Isa şeýle diýdi: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» (Luka 18:27). Şeýlelikde, Hudaý berk älemi ýaradan bolsa, onda täze dünýäde ýaşajak agzybir jemagaty hem döredip biler.

6. Ýehowanyň Güwäleriniň doganlygyna näme üçin gudrat diýse bolar?

6 Hudaýyň täze dünýäde nähili dolandyrjakdygyny şol dünýäniň düýbüni häzirden tutuşyndan görüp bolýar. Hudaýyň öz Güwäleri üçin eden işlerine gudrat diýseň bolar. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa öz Güwälerinden hakyky bütindünýä doganlygy döretdi welin, milli, tire-taýpa, dini bähbitler hiç haçan agzyny alardyp bilmeýär. Ýehowanyň Güwäleriniň sany millionlarça ýetip, 200-den gowrak ýurtda bir halk ýaly agzybir ýaşaýarlar. Şeýle deňsiz-taýsyz bütindünýä doganlyk bütin taryhyň dowamynda bolmandy, hawa, muňa Hudaýyň gudraty diýseň bolar (Işaýa 43:10, 11, 21; Resullaryň işleri 10:34, 35; Galatýalylar 3:28).

Hudaýyň halkyny tanamak

7. Isanyň sözlerine görä hakyky şägirtleri nädip tanap bolýar?

7 Hudaý täze dünýäniň düýbüni tutmak üçin nähili adamlary ulanarka? Mysal üçin, Isanyň Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlarda aýdan sözlerini kim ýerine ýetirýär? Isa şeýle diýdi: «Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler». Ýehowanyň Güwäleri Isanyň sözüne ynanyp, şoňa görä-de ýaşaýarlar. Hudaýyň Sözüniň öwredişi ýaly, olaryň «birek-birege bolan söýgüsi joşgunly» (1 Petrus 4:8). Olar «kämil birligiň bagy bolan söýgini geýindiler» (Koloseliler 3:14). Şeýlelikde, olary bütin dünýäde doganlyk söýgüsi mäkäm birleşdirýär.

8. 1 Ýahýa 3:10—12-nji aýatlara görä Hudaýyň halkyny nädip tanap bolýar?

8 Şeýle-de 1 Ýahýa 3:10—12-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir. Çünki siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň. Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň». Şonuň üçin Hudaýyň halkynyň bütindünýä doganlygy zorlukly işlere baş goşmaýar.

Başga bir tapawutly alamat

9, 10. a) Soňky günlerde Hudaýyň halkyny haýsy işi boýunça tanasa bolýar? b) Ýehowanyň Güwälerinde Matta 24:14 nädip ýerine ýetýär?

9 Hudaýyň halkyny tanamagyň başga-da bir ýoly bar. Isa dünýäniň ahyry baradaky pygamberligini aýdanda, şol döwri soňky günlere meňzetjek birnäçe zatlary sanap geçdi (9-njy bölüme seret). Matta 24:14-de şol pygamberlikdäki wajyp pikir aýdylýar: «Patyşalyk baradaky Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonde geler».

10 Bu pygamberligiň ýerine ýetişini görýärismi? Hawa, görýäris. 1914-nji ýylda soňky günler başlany bäri Ýehowanyň Güwäleri Isanyň göreldesine eýerip, bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygyny öýden-öýe wagyz edýärler (Matta 10:7, 12; Resullaryň işleri 20:20). Ähli ýurtlarda Ýehowanyň millionlarça Güwäleri adamlaryňka baryp, täze dünýä barada gürrüň berýärler. Şol sebäpli-de şu kitapça seniň eliňe düşdi. Ýehowanyň Güwäleri Hudaýyň Patyşalygy barada milliardlarça edebiýat çap edip ýaýradýarlar. Bütin dünýä boýunça başga kimler öýden-öýe wagyz edýär? Markus 13:10-da aýdylyşy ýaly, «öňürti» wagyz edilmeli we şägirt taýýarlanmaly.

Ikinji jedelli meseläniň çözgüdi

11. Ýehowanyň Güwäleri Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolup, nämäni subut etdiler?

11 Ýehowanyň Güwäleri Hudaýyň kanunlaryna we düzgünlerine tabyn bolup, ýene bir zady subut etdiler. Adamlar synagda Hudaýa wepaly bolup bilmez diýen Şeýtanyň sözleriniň ýalandygyny subut etdiler. Şeýdip, olar ikinji jedelli meselä, ýagny adamlaryň aýypsyzlygy baradaky jedelli meselä jogap berdiler (Eýýup 2:1—5). Ýehowanyň ähli halklardan ýygnalan millionlarça Güwäleri Hudaýyň hökümdarlygyna wepaly galýarlar. Olar Şeýtanyň garşylygyna we öz kämilsizligine garamazdan, Hudaýyň älemde höküm sürmäge haky baradaky jedelli meselede Ýehowanyň tarapyny tutýarlar.

12. Ýehowanyň Güwäleri kimiň imanyndan görelde alýarlar?

12 Şu günler Ýehowanyň millionlarça Güwäleri geçen döwürlerde ýaşan beýleki wepaly güwäleriň uzyn hataryna goşulýarlar. Olaryň arasyndan käbirlerini ýatlalyň: Habyl, Nuh, Eýýup, Ybraýym, Sarra, Yshak, Ýakup, Debora, Rut, Dawut we Daniýel (Ýewreýler kitaby, 11-nji bap). Mukaddes Ýazgylarda olara «uly güwäler buludy» diýilýär (Ýewreýler 12:1). Şol güwäler hem-de Isanyň şägirtleri Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny sakladylar. Isanyň özi hem kämil aýypsyzlygyny saklap, bize görelde görkezdi.

13. Isanyň Şeýtan barada aýdan haýsy sözleri dogry bolup çykýar?

13 Isanyň Şeýtan barada dini ýolbaşçylara aýdan sözleri munuň şeýledigini görkezýär. Ol şeýle diýdi: «Emma siz Meni, Hudaýdan eşiden hakykatyny aýdýan Adamy öldürmäge synanyşýarsyňyz... Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy; hakykatda durmaýardy, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy» (Ýahýa 8:40, 44).

Sen kimiň tarapyny tutarsyň?

14. Täze dünýäniň düýbi häzirden nähili tutulýar?

14 Hudaý täze dünýäniň düýbüni tutmak üçin Ýehowanyň Güwälerinden halkara doganlyk döredýär. Şol doganlyk gitdigiçe berkeýär. Her ýyl müňlerçe adamlar hakykaty bilip, Hudaýyň hökümdarlygyna öz islegi bilen tabyn bolýarlar. Olar täze dünýäde ýaşajak adamlar hökmünde Hudaýyň älemde höküm sürmäge haky baradaky jedelli meselede Ýehowanyň tarapyny tutup, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdiler.

15. Biziň günlerimizde Isa nähili saýlama işini geçirer?

15 Isa «goýunlary geçilerden saýlajak» mahaly olar onuň «sagynda» goýulmaga mynasyp bolarlar, sebäbi olar Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmagy ýüregine düwdüler. Soňky günler barada Isa şeýle pygamberlik etdi: «Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar». Goýunlar — Isanyň doganlaryna goşulyp, Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolan kiçigöwünli adamlar. Geçiler — Isanyň doganlaryndan ýüz öwrüp, Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmadyk adamlar. Munuň soňy näme bilen gutararka? Isa şeýle diýdi: «Bular [geçiler] ebedi jeza, dogry adamlar [goýunlar] bolsa ebedi ýaşaýşa giderler» (Matta 25:31—46).

16. Jennetde ýaşamak üçin näme etmeli?

16 Hudaý asyl aladymyzy edýän ekeni! Ol tiz wagtdan bize ýer ýüzünde ajaýyp jenneti berer. Şol jennetde ýaşasyň gelýärmi? Eger ýaşasyň gelýän bolsa, Ýehowa barada bilim alyp, şoňa laýyklykda ýaşap, Hudaýyň edýän işlerine minnetdarlygyňy bildir. «Rebbi tapyp bolýarka, Ony gözläň. Size ýakynka, Ony çagyryň. Goý, erbet adam ýolundan dänsin, jenaýatçy pälinden gaýtsyn. Rebbe tarap dönsün, Onuň rehimi iner» (Işaýa 55:6, 7).

17. Kime gulluk etmelidigini saýlaňda, wagty näme üçin biderek geçirmeli däl?

17 Wagtyňy biderek geçirme, sebäbi bu köne dünýäniň soňy ýakynlaşyp gelýär. Hudaýyň Sözi şeýle maslahat berýär: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur... Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17).

18. Nämeler etseň, Hudaýyň ajaýyp täze dünýäsinde ýaşarsyň?

18 Şu günler Hudaýyň halky täze dünýäde ebedi ýaşamak üçin bilim alýar. Olar ýer ýüzüni jennete öwürmek üçin gerekli ruhy we beýleki işleri öwrenýärler. Biz size Hudaýy özüňize Hökümdar saýlap, adamlary halas etmek üçin onuň häzir bütin ýer ýüzünde geçirýän wajyp işine gatnaşmagy maslahat berýäris. Mukaddes Ýazgylary Ýehowanyň Güwäleri bilen öwrenip, Hudaý hakda bilim alyň, sebäbi ol biz barada alada edip, horluklardan dyndyrar. Şeýdip, sen hem täze dünýäde ýaşajak adamlaryň hataryna girersiň. Şonda Hudaý senden hökman razy bolar we şol ajaýyp täze dünýäde ýaşarsyň.

[31-nji sahypadaky surat]

Ýehowanyň Güwäleri hakyky halkara doganlyk

[32-nji sahypadaky surat]

Täze dünýäniň düýbi häzirden tutlýar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş