Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 21—23
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 34 — Nahum

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 34 — Nahum
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 21—23

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 34 — Nahum

Ýazan: Nahum

Ýazylan ýeri: Ýahuda

Ýazylan wagty: b. e. öň 632 ý. öň

«NINEWIÝA hakynda pygamberlik» (Nah. 1:1). Şeýle gazaply sözler bilen Nahumyň pygamberligi başlanýar. Ol näme üçin şäheriň heläk boljakdygy barada yglan edýär? Gadymy Ninewiýa barada näme bilýäris? Onuň taryhyny Nahum iki söz bilen «ganhor şäher» diýip suratlandyrýar (3:1). Gadymy Ninewiýany häzir iki dere ýatladýar, olar Tigr derýasynyň gündogarynda häzirki Mosul şäheriniň garşysynda Iragyň demirgazygynda ýerleşýär. Töweregi berk diwarly, gorag üçin garym edilen bu şäher Aşuryň taryhynyň ikinji ýarymynda onuň paýtagtydy. Emma şäheriň düýbi «Rebbiň alnynda... güýçli awçy» Nimrodyň döwründe tutulýar. «Ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni... bina edýär» (Bar. 10:9⁠—⁠12). Şeýdip, Ninewiýanyň başlangyjy erbet başlanýar. Aşur patyşalygynyň soňky ýyllarynda, esasanam, Sargonyň, Sanherebiň, Asarhoddonyň we Aşşurbanipalyň patyşalyk eden döwründe has meşhurlyk gazanýar. Ol talaňçylykly uruşlar arkaly baýap, ýesir eden adamlaryny adatdan daşary jezalandyrýardya. Bu barada K. Keram «Hudaýlar, gabyrlar we alymlar» (1954⁠-⁠nji ýyl) diýen kitabynyň 266⁠-⁠njy sahypasynda şeýle ýazýar: «Ninewiýa taryhda, ylaýta-da, adam öldürmek, talaňçylyk etmek, zulumlyk, ejizlere sütem etmek, uruş alyp barmak we her dürli elhençlikler etmek bilen yz galdyrdy; şeýle-de gan döküp hökümdar bolýanlar diňe terrorçylyk edip tagtyny saklaýardylar, olaryň hiç haýsy öz ajalyna ölmedi, muňa garamazdan, olaryň ýerini öňküden hem erbet zalym hökümdarlar eýeleýärdi».

2 Ninewiýalylar haýsy dine uýýardy? Olar babyllylardan kabul edilen ençeme taňrylara sygynýardylar. Ninewiýanyň hökümdarlary öldürmäge we dargatmaga gidenlerinde taňrylaryny çagyrýardylar, açgöz ruhanylar bolsa harby oljalardan baý sowgatlary aljakdygyna guwanyp, goşuny çozuş etmäge iterýärdi. Bir ylmy kitapda şeýle diýilýär: «Olar (aşurlylar) güýji hemme zatdan ýokary tutýardylar, daşdan ýasalan diňe uly heýkellere — ýolbarsa, öküze sežde edýärdiler, olaryň uly aýaklary, bürgüdiň ganady hem-de adamyň kellesi güýji, edermenligi we ýeňşi aňladýardy. Ruhanylaryň öjükdirmegi arkaly bu halk diňe uruşmak bilen meşgullanýardy. Ruhanylary, esasanam, harby oljalar bilen üpjün edýärdiler, olar üleşigini beýlekilere paýlanmazyndan öň alýardy, çünki bu talaňçy taýpa örän dindardy»b.

3 Nahumyň pygamberlik kitaby uly bolmasa-da, köp gyzykly wakalary öz içine alýar. Pygamber barada bar bilýän zadymyz birinji aýatda aýdylýar: «Elkoşitli Nahumyň görnüş kitaby». Nahumyň (ýewreýçe) ady «Teselli beriji» diýmegi aňladýar. Elbetde, onuň habary Ninewiýa däl-de, Hudaýyň wepaly halkyna teselli berýärdi we barlyşyksyz, güýçli duşmandan halas etjekdigine berk ynandyrýardy. Nahumyň öz halkynyň günälerini ýatlamaýandygy hem teselli berýärdi. Elkoşyň nirede ýerleşýändigi mälim bolmasa-da, pygamberlik Ýahudada ýazylan bolmaly (Nah. 1:15). Ninewiýanyň derbi-dagyn bolmagy baradaky Nahumyň ýazan pygamberligi b. e. öň 632⁠-⁠nji ýylda ýerine ýetýär, ol muny ýaňy-ýakynda bolup geçen No-Ammonyň (Fiwa, Müsür) ýykylyşyna meňzedýär (3:8). Diýmek, Nahum pygamberligini şol döwürde ýazan bolmaly.

4 Kitap örän ajaýyp tärde ýazylan. Onda boş sözler ýok. Onuň täsirli we hakykylygy Hudaýyň ylhamlan ýazgylary bilen doly utgaşýar. Nahumyň sözleri açyklygy, şahyranalygy, çeper ussatlygy, çuň mazmunlygy, aýdyň suratlandyrylyşy, täsin we ýerlikli söz düzümleri bilen tapawutlanýar (1:2⁠—⁠8, 12⁠—⁠14; 2:4, 12; 3:1⁠—⁠5, 13⁠—⁠15, 18, 19). Birinji babyň köp bölegi akrostih görnüşde ýazylana meňzeýär (1:8, TD, çykgyt). Kitapda bir mowzuk barada gürrüň gidýänligi onuň çeper suratlandyrylyşyny has-da baýlaşdyrýar. Pygamber Ysraýylyň hilegär duşmanyna ýigrenç bildirýär. Ol Ninewiýanyň hökmany suratda heläk boljakdygyny bilýär.

5 Nahum kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi onuň dogrulygyny tassyklaýar. Nahumyň günlerinde bütindünýä Aşur imperiýasynyň tekepbir paýtagty Ninewiýanyň «derýa boýundaky derwezesiniň açyljakdygyny», köşgüň derbi-dagyn boljakdygyny, şäheriň «talanyp, boşap, haraba öwrüljekdigini» Ýehowanyň pygamberinden başga kim gorkman aýdyp biler? (2:6⁠—⁠10). Şondan soňky wakalar Nahumyň pygamberliginiň, dogrudan-da, Hudaý tarapyn ylhamlanandygyny görkezýär. Babyl patyşasy Nabopalasaryň ýyl ýazgysynda midiýalylaryň we babyllylaryň Ninewiýany basyp alandygy barada şeýle diýilýär: «[Olar] şäheri harabalyga we daş üýşmege [öwürdiler]»c. Ninewiýanyň juda erbet harabaçylyga dönendigi sebäpli, asyrlar boýy onuň nirede ýerleşýändigi belli däldi. Şonuň üçin käbir tankytçylar Mukaddes Ýazgylary ýaňsylap, Ninewiýa ýaly şäher hiç haçan bolmandy diýip tassyklaýardy.

6 Ninewiýa şäherini tapanlarynda, Nahum kitabynyň dogrulygy has-da tassyklanyldy, XIX asyrda bolsa onuň gazuw-agtaryş işleri başlandy. Käbir netijelere görä, şäheri tapmak üçin millionlarça tonna topragy aýyrmaly boljakdy. Ninewiýanyň harabaçylygynda nämeler tapyldy? Nahumyň pygamberligini tassyklaýan köp zatlar tapyldy. Meselem, paýtagtda zalymlyklaryň höküm sürýändigine güwä geçýän ýadygärlikler, ýazgylar hem-de ganatly öküzler we ýolbarslary şekillendirýän uly heýkelleriň galyndylary tapyldy. Nahumyň Ninewiýa şäherine «ýolbarslaryň süreni» diýendigi geň galdyrmaýar!d (2:11).

7 Ýehudylar Nahum kitabynyň Ýewreý kanonyna degişlidigine hiç haçan şübhelenmeýärdiler. Bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplary bilen doly utgaşýar. Pygamberlik Ýehowanyň adyndan aýdylyp, onuň häsiýetleri we hökümdarlygynyň beýikligi anyk suratlandyrylýar.

PEÝDASY

11 Nahum pygamberiň kitabynda Mukaddes Ýazgylaryň käbir esasy prinsiplerine seredilýär. Görnüşiň ilkinji sözleri Hudaýyň On tabşyrygyň ikinjisini näme üçin berendigini ýatladýar: «Ýehowa diňe wepalylygy talap edýän Hudaýdyr». Şu sözlerden soň Nahum kitaby bizi Hudaýyň «duşmanlaryndan öç alýandygyna» ynandyrýar. Aşuryň zalym tekepbirligi-de, ýalan taňrylary-da, Ýehowanyň jezasyndan gorap bilmeýär. Biz Ýehowanyň öz wagtynda ähli erbet adamlaryň üstünden adyl höküm çykarjakdygyna şübhelenmän bileris. Ýehowa «sabyrly, gudraty güýçli we jezasyz goýmaýar». Güýçli Aşur patyşalygyň ýok edilmegi bilen Ýehowanyň adalatlylygy we hökümdarlygynyň beýikligi arşa çykarylýar. Ninewiýa «talanyp, boşap, haraba öwrülýär»! (1:2, 3; 2:10).

12 Ninewiýa «bütinleý ýok edilenden» soň, Nahum Ýakubyň we Ysraýylyň «beýikliginiň» dikeldiljekdigi barada yglan edýär. Mundan başga-da Ýehowa halkyna ýagşy habary aýdýar: «Ine, parahatlygy habar berýän hoş habarçynyň aýaklary daglaryň üstünde». Parahatlyk baradaky bu habar Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly. Biz muny nireden bilýäris? Sebäbi Işaýa hem şeýle sözleri getirýär we olaryň üstüni ýetirip şeýle diýýär: «Siona: «Seniň Hudaýyň patyşa boldy!» diýip aýdan, habarçy jar saldy, begenji söýünçledi, parahatlygy habar berdi» (Nah. 1:15; 2:2; Iş. 52:7). Pawlus resul hem bu jümläni Rimliler 10:15⁠-⁠de Ýehowanyň hoş habary wagyz etmek üçin iberen mesihçilerine degişli edip ulanýar. Olar «Patyşalyk baradaky Hoş habary» wagyz edýärler (Mat. 24:14). Nahum öz adyna laýyklykda hereket edip, Hudaýyň Patyşalygynyň getirjek parahatlygyny we gutaryşyny agtarýan adamlaryň ählisine teselli berýär. Olaryň hemmesi «Ýehowanyň rehimlidigini, gaýgyly güni penadygyny, Özüne bil baglaýanlary bilýändigini» duýarlar (Nah. 1:7).

[Çykgytlar]

a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 201.

b U. B. Raýt, «Ancient Cities», 1986, sah. 25.

c «Ancient Near Eastern Texts» Dž. B. Pritçardyň redaksiýasy boýunça, 1974, sah. 305 (kwadrat we ýaý skobkalary); «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 1, sah. 958, iňl.

d «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 1, sah. 955.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş