Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 35 — Habakkuk
Ýazan: Habakkuk
Ýazylan ýeri: Ýahuda
Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 628 ý. (?)
ÝEWREÝ Ýazgylaryndaky kiçi pygamberlere degişli kitabyň ýene biri Habakkukdyr. Bu kitap kiçi bolsa-da, Habakkugyň gören görnüşi we ylhamlanan sözleri Hudaýyň halky üçin ähmiýetli. Onuň umyt beriji we ruhlandyryjy pygamberligi şu agyr günlerde Hudaýyň gullukçylaryny goldaýar. Kitapda iki wajyp hakykat barada aýdylýar: birinjiden, Ýehowa Hudaý Älemiň Hökümdary, ikinjiden, dogry adam imany arkaly ýaşar. Şeýle-de pygamberlikde Hudaýyň gullukçylarynyň garşydaşlaryna we Hudaýyň halkyna degişli diýip aýdýan ikiýüzli adamlara duýduryş berilýär. Kitapda Ýehowa bolan güýçli imanyň nyşany suratlandyrylýar, çünki ol ähli öwgä mynasyp.
2 Habakkuk kitaby şeýle sözler bilen başlanýar: «Habakkuk pygamberiň gören görnüşi» (Hab. 1:1). Onuň ady «Gyzgyn gujaklama» diýmegi aňladýar. Habakkuk (ýewreýçe Hawakkuk) pygamber kimdi? Onuň asly, haýsy taýpa degişlidigi, durmuşy we ölümi barada hiç hili maglumat ýok. Kitabyň (TD) ahyryndaky: «Meniň saz guralymdan horuň ýolbaşçysyna» diýen ýazgydan, anyk aýdyp bolmasa-da, ol lewililere degişli ybadathana sazandasy bolan bolmaly.
3 Habakkuk haçan pygamberlik edýär? Ýokarda agzalan ýazgy we «Ýehowa özüniň mukaddes ybadathanasynda» diýen sözler, ybadathananyň heniz Iýerusalimdedigini görkezýär (2:20). Şeýle mysallar we kitabyň özi pygamberligiň b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilmänkä aýdylandygyny bilmäge kömek edýär. Ol näçe ýyl öňünden aýdyldy? Ähtimal, Hudaýdan gorkýan Ýoşiýa patyşanyň hökümdarlygyndan (b. e. öň 659—629-njy ýyllar) soň aýdylan bolmaly. Muny pygamberligiň özi düşündirýär: onda Ýahudadaky halka gürrüň berseňem ynanmajak bir waka barada aýdylýar. Bu ýerde näme göz öňünde tutulýar? Hudaý kildanlylar (babyllylar) arkaly biwepa ýehudylary jezalandyrar (1:5, 6). Bu waka butparaz Ýehoýakimiň hökümdarlygynyň birinji ýarymyna degişli. Şol wagt Ýahudada ynamsyzlyk we adalatsyzlyk höküm sürýärdi. Ýehoýakimi Neho faraon tagta çykaryp, halka Müsür agalyk edýärdi. Şeýle ýagdaýda Babylyň çozjakdygy barada halk pikir hem etmeýärdi. Emma Nebukadnezar b. e. öň 625-nji ýylda Karhemiş söweşinde Neho faraony ýeňýär we şeýdip, Müsür güýçden gaçýar. Pygamberlik şu wakadan öň aýdylan bolmaly. Diýmek, faktlar Ýehoýakimiň höküm sürüp başlan wagtyny (b. e. öň 628-nji ýyl) we Habakkuk pygamberiň Ýeremiýanyň döwürdeşi bolandygyny görkezýär.
4 Kitabyň Hudaý tarapyn ylhamlanandygyna näme güwä geçýär? Ýewreý Ýazgylaryň gadymy ýygyndysy Habakkuk kitabynyň Ýewreý kanonyna degişlidigini tassyklaýar. Onda Habakkuk kitabynyň ady agzalmasa-da, onuň «on iki Kiçi pygamberlere» degişlidigi aýdyň, ýogsam, olaryň sany 12 bolmazdy. Pawlus resul bu pygamberlik kitabyň Mukaddes Ýazgylara degişlidigi bilen ylalaşýardy, ol Habakkuk 1:5-i getirip, «pygamberler kitabynda aýdylan» diýip, oňa salgylanýar (Res. iş. 13:40, 41). Ol öz hatlarynda bu kitaba birnäçe gezek salgylanýar. Ýahuda we Babyl barada Habakkugyň aýdan pygamberliginiň ýerine ýetendigi onuň hakyky pygamberdigini görkezýär, çünki ol Ýehowanyň ady bilen aýdyp, ony şöhratlandyrýardy.
5 Habakkuk kitaby üç bapdan ybarat. Ilkinji iki baby gepleşik görnüşinde ýazylyp, pygamberiň Ýehowa bilen gürrüňdeşligi beýan edilýär. Olarda kildanlylaryň güýji we Babyl halkyna garaşýan betbagtçylyk barada aýdylýar, olar başga biriniň hasabyna çenden aşa baýlaşyp, haram ýol bilen baýlyk ýygnap, gan döküp şäher gurup, heýkellere sežde edýärdi. Üçünji bapda söweş gününde Ýehowanyň deňi-taýy bolmadyk, täsirli tärde beýik gelşi suratlandyrylýar. Bu bap doga görnüşde we agyly sözler bilen ýazylyp, oňa «Ýewreýleriň iň owadan we ajaýyp poeziýasy» diýilýära.
PEÝDASY
12 Habakkugyň pygamberligini öwrenmegiň peýdalydygyna düşünip, Pawlus resul onuň 2-nji babanyň 4-nji aýadyna üç gezek dürli ýagdaýda salgylanýar. Hoş habaryň her bir iman edene Hudaýyň gutulma güýjüdigini belläp, Pawlus Rimdäki mesihçilere şeýle ýazýar: «Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar». Berekedi diňe iman arkaly alyp bolýandygyny galatýalylara düşündirip, Pawlus şeýle ýazýar: «Hudaýyň öňünde... hiç kimiň... aklanmaýanlygy aýdyňdyr; çünki «Dogry adam iman bilen ýaşar». Şeýle-de Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynda janyny halas etmek üçin mesihçileriň imany diri bolmaly diýip, ýene-de Ýehowanyň Habakkuk arkaly aýdan sözlerini getirýär. Emma ol «Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar» diýip, Habakkugyň sözlerini aýdandan soň, grek Septuagintasyndan pygamberiň galan sözlerini getirýär: «Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn». Soňra Pawlus: «Biz... iman edip gutulýanlardandyrys» diýip, netije çykarýar (Rim. 1:17; Gal. 3:11; Ýew. 10:38, 39).
13 Şu günki mesihçiler üçin Habakkuk pygamberiň kitaby örän peýdaly, çünki olar goldawa mätäç. Ol Hudaýa bil baglamaga kömek edýär. Şeýle-de onda Hudaýyň hökümi barada duýduryş berilýär. Biz ondan özümize wajyp sapak edinýäris: Hudaý hökümlerini ýerine ýetirmek üçin wagty gijikdirýändir diýip düşünmeli däl; olar «hökman ýerine ýeter» (Hab. 2:3). Ýahuda bilen Babyl baradaky pygamberlik hem şeýdip ýerine ýetdi. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, b. e. öň 539-njy ýylda midiýalylar we parslar Babyly basyp alýar. Eýsem, bu Hudaýyň sözüne iman etmäge çagyrmaýarmy! Şeýdip, Pawlus resul ýehudy döwürdeşlerini ynamsyzlyk etmekden habardar bolmagy duýduryp, Habakkugyň sözlerini getirmegi makul bilýär: «Indi, sak boluň, pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyza geläýmesin: «Serediň, eý masgaralaýjylar, haýran galyň, heläk boluň; çünki Men siziň günleriňizde şeýle bir iş ederin welin, ony size biri beýan etse, asla ynanmarsyňyz» (Res. iş. 13:40, 41; Hab. 1:5). Biwepa ýehudylar Iýerusalimiň weýran ediljekdigi baradaky Isanyň duýduryşyna gulak asmaýşy ýaly, Pawlusyň sözlerine-de üns bermeýärler, netijede b. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi derbi-dagyn edende, ynam etmedikleri üçin heläkçilige uçraýarlar (Luka 19:41—44).
14 Şu günlerem Habakkugyň pygamberligi zorlukdan doly dünýäde ýaşaýan mesihçileri imanyny berk saklamaga höweslendirýär. Bu pygamberlik dünýädäki ähli adamlara öwretmäge we olaryň «Hudaý erbetleri jezalandyrarmy?» diýen soragyna jogap bermäge kömek edýär. Pygamberlikdäki sözlere ýene-de üns beriň: «Oňa garaş, ol hökman ýerine ýeter, ýatyrylmaz» (Hab. 2:3). Ýer ýüzünde nähili bidüzgünlik bolsa-da, Ýehowanyň öç almak barada Habakkuk arkaly aýdan sözlerini geçmişde amala aşyrandygy Patyşalygyň mesh edilen galyndylarynyň ýadynda: «Sen halkyňy halas etmek üçin, mesh edeniňi halas etmek üçin çykdyň» (3:13). Ýehowa gadymdan bäri «Mukaddes», ol «Galadyr», erbet adamlaryň üstünden hökümini berjaý eder we söýýänlerine ýaşaýyş berer. Dogrulygy söýýänler Hudaýyň Patyşalygynyň we hökümdarlygynyň golaýlap gelýändigine begenip, pygamberiň sözlerine goşulyp bilerler: «Ýehowam bilen begenerin, meni halas eden Hudaýym bilen şatlanaryn. Ýehowa Hudaý meniň güýjüm» (1:12; 3:18, 19).
[Çykgytlar]
a E. Henderson, «The Book of the Twelve Minor Prophets», 1868, sah. 285.