Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 36 — Sefanýa
Ýazan: Sefanýa
Ýazylan ýeri: Ýahuda
Ýazylan wagty: b. e. öň 628 ý. öň
ÝAHUDA patyşasy Ýoşiýanyň hökümdarlygynyň başynda (b. e. öň 659—629-njy ýyllar), Baala sežde etmeklik giňden ýaýrap, «ýalan taňrylaryň ruhanylary» ýaramaz seždä ýolbaşçylyk edýän wagtynda Sefanýa nyň habary Iýerusalimiň ýaşaýjylaryny howsala salan bolmaly. Sefanýa Ýahudanyň patyşasy Ezekiýeliň neslinden bolsa-da, halkyň edýän işlerini açyk ýazgarýar (Sef. 1:1, 4). Ol heläkleýji habary wagyz edýär. Hudaýyň halky oňa gulak asmaýar, diňe Ýehowa gullukçylaryny arassa seždä dolandyryp, «ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinde abraýly, hormatly» bolar ýaly bereket berip biljekdi (3:20). Sefanýa diňe Hudaýyň kömegi bilen «Ýehowanyň gazaply gününde gizlenip» boljakdygyny aýdýar (2:3). Pygamberiň «Sefanýa» (ýewreýçe) ady nähili ýerlikli, çünki ol «Ýehowa gorady (gizledi)» diýmegi aňladýar!
2 Sefanýa nyň eden tagallasy ýerine düşýär. Sekiz ýaşynda tagta geçen Ýoşiýa patyşa hökümdarlygynyň 12-nji ýylynda «Ýahudany we Iýerusalimi arassalap» başlaýar. Ol ýalan seždäni ýok edip, «Ýehowanyň öýüni» arassalaýar we Pasha baýramyny täzeden dikeldýär (2 Tar. 34, 35-nji baplar). Emma Ýoşiýa patyşanyň eden özgerişleri uzaga çekmeýär, sebäbi onuň üç ogly we bir agtygy «Ýehowa ýaramaýan işleri edýärler» (2 Tar. 36:1—12). Şeýdip, Sefanýa nyň şu sözleri berjaý bolýar: «Men şazadalary, patyşa ogullaryny we başga taýpaly adamlaryň eşigini geýýänleriň ählisini jezalaryn. Men şol güni bosagadan böküp geçýänleriň ählisini, öz Hudaýynyň öýüni zorlukdan, aldawdan doldurýanlaryň ählisini jezalaryn» (Sef. 1:8, 9).
3 Ýokarda aýdylanlara görä, «Ýehowa sözlerini Sefanýa » b. e. öň 648-nji ýyldan öň, ýagny Ýoşiýanyň hökümdarlygynyň 12-nji ýylynda aýdan bolmaly. Sefanýa nyň Ýahudada pygamberlik edendigini birinji aýatdan bilýäris. Emma onuň Iýerusalimi we ýerli däp-dessurlary jikme-jik suratlandyryşy Ýahudanyň ýaşaýjysydygyny görkezýär. Kitapda gazaply we teselli beriji iki habar aýdylýar. Pygamberlikde, esasanam, Ýehowanyň golaýlap gelýän gazaply gününe üns berilýär hem-de «Ýehowanyň adyna bil baglaýan» kiçigöwünli halkyň dikeldiljekdigi aýdylýar (1:1, 7—18; 3:12).
4 Sefanýa kitabynyň dogrulygy hiç haçan şübhe döretmeýärdi. B. e. öň 607-nji ýylda, ýagny Sefanýa nyň pygamberlik edeninden takmynan kyrk ýyl geçensoň Iýerusalim derbi-dagyn edilýär. Sefanýa nyň pygamberliginiň ýerine ýetendigini diňe taryh däl, eýsem, Mukaddes Ýazgylar hem tassyklaýar. Iýerusalim derbi-dagyn edilip, biraz wagt geçenden soň, Ýeremiýa öz gözi bilen gören weýrançylygy heniz ýadyndaka, Ýeremiýanyň agysy diýen kitaby ýazýar. Birnäçe parçalary deňeşdirsek, Sefanýa nyň pygamberligi «Hudaýyň ylhamy» bilen ýazylandygyna imanymyzy berkidýär. Sefanýa «Ýehowanyň ýalynly gazaby gelmänkä», toba gelmegiň wajypdygyny duýdurýar, Ýeremiýa bolsa bolup geçen wakadan soň, «Ýehowa... özüniň ýalynly gazabyny dökdi» diýýär (Sef. 2:2; Ýerem. ag. 4:11). Sefanýa Ýehowanyň «adamlary gysjakdygyny we olaryň kör ýaly ýörejekdigini... olaryň gany topraga, bedenleri tezek ýaly dumly-duşa ýaýradyljakdygyny» öňünden aýdýar (Sef. 1:17). Ýeremiýa bolsa bu sözleriň ýerine ýetendigini tassyklaýar: «Köçelerde kör ýaly entäp ýöreýärdiler, gana bulaşýardylar» (Ýerem. ag. 4:14; şeýle-de Sefanýa 1:13; Ýeremiýanyň agysy 5:2; Sefanýa 2:8, 10; Ýeremiýanyň agysy 1:9, 16 we 3:61-nji aýatlary deňeşdiriň).
5 Moab, Ammon, Aşur we onuň paýtagty Ninewiýa ýaly butparaz halklaryň weýran edilendigini taryh hem habar berýär, Sefanýa -da bu barada Hudaýyň görkezmesi boýunça pygamberlik edýär. Nahum pygamberiň Ninewiýanyň derbi-dagyn ediljekdigini öňünden aýdyşy ýaly (Nah. 1:1; 2:10), Sefanýa pygamber hem Ýehowanyň «Ninewiýany harabaçylyga, çöl ýaly gury ýere öwürjekdigini» yglan edýär (Sef. 2:13). Weýrançylygyň şeýle uly bolandygy sebäpli, taryhçy Gerodot 200 ýyl geçenden soňam, Tigr derýasyny «onuň boýunda Ninewiýa şäheri bardy» diýip suratlandyrýara. Takmynan b. e. 150-nji ýylynda grek ýazyjysy Lukian «ondan nam-nyşan galmady» diýip ýazýarb. Mukaddes Ýazgylaryň bir maglumat kitabynda şeýle diýilýär: çozup giren esgerlere «Tigr derýasynyň duýdansyz joşup, beýik galanyň bir bölegini ýumrup, şäheri goragsyz goýandygy kömek edýär. ... Ninewiýa şäheriniň bütinleý ýok edilendigi sebäpli, grekleriň we rimlileriň döwründe ol rowaýatdaky şähere öwrülýär. Şu günler şäheriň bir bölegi harabaçylygyň aşagynda ýatyr». Şol kitabyň aýtmagyna görä, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Moab hem derbi-dagyn edilýär: «Nebukadnezar moablylary boýun egdirýär»c. Iosif Flawiý Ammonyň hem weýran edilendigini habar berýärd. Netijede, moablylar-da, ammonlylar-da ýer ýüzünden ýitip gitdiler.
6 Ýehudylar Sefanýa kitabyny hemişe-de Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan kanonyna degişli hasaplaýardylar. Ondaky Ýehowanyň adyndan aýdylan pygamberlikleriň hemmä mälim bolup ýerine ýetişi Ýehowanyň sözüniň hakykatdygyny tassyklaýar.
PEÝDASY
10 Sefanýa nyň duýduryş habaryna gulak asany Ýoşiýa patyşa köp kömek edýär. Ol uly dini özgerişler edip başlaýar. Şeýle özgerişlerde Ýehowanyň öýüni dargadanlarynda ýiten Kanun kitap tapylýar. Hudaýa gulak asmazlygyň nämä getirjekdigi barada okanlarynda, Ýoşiýa örän gynanýar, Sefanýa nyň pygamberlik edýän sözleri öz döwründe başga bir güwäçiniň, ýagny Musanyň sözleri arkaly tassyklanyldy. Ýoşiýa Hudaýyň öňünde toba edeni üçin, Ýehowa weýrançylygy onuň döwründe etmejegini wada edýär (Kanun. 28—30-njy baplar; 4 Pat. 22:8—20). Ýurt heläkçilige uçramaz! Emma bu parahatlyk uzaga çekmeýär, sebäbi Ýoşiýanyň ogullary atasynyň gowy göreldesine eýermeýärler. Ýoşiýa we onuň halky bolsa «Ýehowanyň Sefanýa arkaly aýdan sözlerine» gulak asany üçin, olara peýda getirýär (Sef. 1:1).
11 Hudaýyň beýik pygamberi Isa Mesih Dagdaky wagzynda Sefanýa 2:3-däki sözlere meňzeş pikiri aýdyp, Sefanýa nyň hakyky pygamberdigini tassyklaýar: «Ýer ýüzündäki ähli ýumşak adamlar, Ýehowany agtaryň... Dogrulygy agtaryň, pesgöwünligi agtaryň». Isa şeýle maslahat berýär: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň» (Mat. 6:33). Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarýan adamlar sowuk-salalykdan ägä bolmaly, çünki Sefanýa «Hudaýdan ýüz öwrenlere, Hudaýy agtarmadyklara» we «içinden «Hudaý ýagşylyk-da, ýamanlyk-da etmeýär» diýenlere» duýduryş berýär (Sef. 1:6, 12). Ýewreýlere ýazan hatynda Pawlus höküm gününiň geljekdigini aýdyp, yza çekilmezlik barada duýdurýar. Ol şeýle diýýär: «Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys» (Ýew. 10:30, 37—39). Pygamber gorkak, gadyr bilmez adamlara däl-de, Ýehowany agtarýan ýumşak we akýürekli adamlara ýüzlenip: «Belki, siz Hudaý gazabyny döken güni aman galarsyňyz» diýýär. Näme üçin ol «belki» diýýär? Sebäbi halas bolmaklyk her bir adamyň özüne bagly (Mat. 24:13). Şeýle-de bu bize Hudaýyň merhemetine hyýanat etmeli däldigini ýatladýar. Sefanýa nyň pygamberligi Hudaýyň gününiň garaşmaýan adamlara duýdansyz geljekdigine ynandyrýar (Sef. 2:3; 1:14, 15; 3:8).
12 Şeýdip, Sefanýa kitaby Ýehowa garşy günä edýän adamlaryň ýok ediljekdigini, «Ýehowany agtarýan» adamlara bolsa bereket getirjekdigini habar berýär. Toba gelen adamlary Sefanýa nyň «Ysraýylyň patyşasy Ýehowa seniň bilendir» diýen sözleri ruhlandyrýar. Sion üçin gorkmagyň ýa-da elini gowşatmagyň wagty däl. Häzir Ýehowa bil baglamagyň wagtydyr. «Seni halas etmäge onuň güýji ýeter. Ol saňa guwanar, söýgi bilen saňa rehim eder, sen barada begenip şatlanar». Hudaýyň söýgi bilen berýän goragyna we ebedi bereketine garaşyp, «öňürti... Patyşalygy agtarýan» adamlar bagtlydyr! (3:15—17).
[Çykgytlar]
a Maklintok we Strong, «Cyclopedia», 1981, reprint neşirýaty, kitap VII, sah. 112.
b Lukian, A. M. Harmanyň terjimesi, 1968, kitap II, sah. 443.
c «The New Westminster Dictionary of the Bible», 1970, sah. 627, 669.
d «Ýahudanyň gadymy taryhy», H, 181, 182 (ix,7).