Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 27—28
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 37 — Haggaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 37 — Haggaý
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 27—28

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 37 — Haggaý

Ýazan: Haggaý

Ýazylan ýeri: Iýerusalim

Ýazylan wagty: b. e. öň 520 ý.

Öz içine alýan wagty: 112 gün (b. e. öň 520 ý.)

«ÝEHOWANYŇ habarçylarynyň» biri Haggaý pygamberdi (Hag. 1:13). Emma onuň özi we gelip çykyşy barada biz nämeleri bilýäris? Haggaý on iki kiçi pygamberleriň onunjysy bolup, b. e. öň 537⁠-⁠nji ýylda ýehudylar watanyna dolanandan soň gulluk eden üç pygamberleriň biridi, galan ikisi Zakarýa we Malaki pygamberlerdi. Haggaýyň (ýewreýçe) ady «baýramçylykda doglan» diýmegi aňladýar. Bu onuň baýram güni doglandygyny görkezýär.

2 Ýehudylaryň aýtmagyna görä, Haggaý Babylda doglup, Zerubabel we baş ruhany Ýeşuw bilen Iýerusalime dolanan bolmaly. Haggaý Zakarýa pygamber bilen egin-egne berip gulluk edýär we Ezra 5:1; 6:14⁠-⁠nji aýatlaryň görkezişi ýaly, olaryň ikisi-de göçüp gelen Ysraýyl ogullaryny ybadathanany dikeltmäge höweslendirýärler. Haggaý Ýehowanyň pygamberi hökmünde, iki ýumşy ýerine ýetirýär: birinjiden, ýehudylary Hudaýyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmäge çagyrýar, ikinjiden, Hudaýyň halklary silkjekdigi barada pygamberlik edýär (Hag. 2:6, 7).

3 Ýehowa näme üçin Haggaýy pygamber edip belleýär? B. e. öň 537⁠-⁠nji ýylda Kir karar çykaryp, ýehudylara watanyna dolanmaga we Ýehowanyň öýüni gurmaga rugsat berýär. Häzir b. e. öň 520⁠-⁠nji ýyl bolsa-da, ybadathana henizem dikeldilmändi. Ýehudylar şu aralykda ýurduna näme üçin dolanandygyny ýatdan çykarýarlar, muňa duşmanlaryň garşylygy, ýehudylaryň biperwaýlygy we baýlyga kowalaşmagy sebäp bolýar (Ezra 1:1⁠—⁠4; 3:10⁠—⁠13; 4:1⁠—⁠24; Hag. 1:4).

4 Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ybadathananyň düýbi tutulandan (b. e. öň 536⁠-⁠njy ýyl) soň, «şol ýurduň adamlary gurluşygy togtatmak üçin ýehudy halkynyň elini işden sowadyp, ruhdan düşürip başlady. Olaryň işini puja çykarmak üçin, maslahatçylara para berdiler» (Ezra 4:4, 5). Ahyry, b. e. öň 522⁠-⁠nji ýylda özge halklara gurluşyk işini resmi ýagdaýda togtatmak başardýar. Pars patyşasy Dariýus Gistaspanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, ýagny b. e. öň 520⁠-⁠nji ýylda Haggaý pygamberlik edip başlaýar we bu ýehudylary ybadathananyň gurluşyk işlerini dowam etmäge höweslendirýär. Şol wagt goňşy halklaryň hökümdarlary Dariýusa hat iberip, bu meseläni çözmegi haýyş edýärler; Dariýus ilkibaşdaky kararyň dogrudygyny tassyklap, ýehudylary duşmanlaryndan halas edýär.

5 Haggaýyň pygamberliginiň Ýewreý Ýazgylaryň kanonyna degişlidigi barada ýehudylarda hiç haçan şübhe döremetýärdi. Şeýle-de Ezra 5:1⁠-⁠de we 6:14-de Haggaýyň ady tutulyp, ol ýerde «Ysraýyl Hudaýynyň ady bilen» diýip, onuň sözleriniň getirilýändigi, bu kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna güwä geçýär. Galyberse-de, Ýewreýler 12:26⁠-⁠da Pawlusyň şol kitaba salgylanyp: «Ýöne Ol indi, «Ýene bir gezek diňe bir ýeri däl, gögi-de titrederin» diýip, söz berdi» diýen sözleri bu pygamberligiň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny subut edýär (Hag. 2:6).

6 Haggaýyň pygamberligi dört habary öz içine alýar we bu pygamberlik oňa 112 günüň dowamynda berilýär. Haggaýyň ýazyş stili ýönekeý we kesgitli, onuň Ýehowanyň adyny belläp geçişi biziň ünsümizi çekýär. Ol 38 aýatda Ýehowanyň adyny 35 gezek ulanýar, 14 gezek «Goşunlar Hudaýy Ýehowa» diýip tutýar. Ol habarynyň Ýehowadandygyna hiç hili şübhe goýmaýar: «Ýehowanyň habarçysy Haggaý Ýehowanyň sözüni aýdyp, şeýle diýdi: «Halkym, men siziň bilendirin!» Ýehowa diýýär» (1:13).

7 Bu Hudaýyň halkynyň taryhynda örän möhüm wagtdy we Haggaýyň işi köp peýda getirýär. Ol pygamber hökmünde ýumşuny birinji orunda goýup, ýehudylara aýdýan sözüni ýumşatmaýar. Ol häzir işi yza çekmän, işlemegiň tüýs wagtydyr diýip göni aýdýar. Eger ýehudylar Ýehowanyň bereketini almak isleseler, Ýehowanyň öýüni gurup, arassa seždäni dikeltmelidiler. Haggaýyň habarynyň esasy manysy şundan ybarat: eger kimdir biri Ýehowanyň bereketini almak islese, ol hak Hudaýa gulluk edip, Ýehowanyň buýran işini etmeli.

PEÝDASY

13 Ýehowanyň Haggaý arkaly aýdan dört habary şol wagtky ýehudylara köp peýda getirýär. Olar derrew işe başlaýarlar we dört ýarym ýylyň içinde ybadathanany gurup, Ysraýylda hakyky seždäni dikeldýärler (Ezra 6:14, 15). Ýehowa olaryň tagallasyna bereket berýär. Ybadathana gurulýarka, Dariýus patyşa döwlet ýazgylaryny barlap, Kiriň çykaran kararynyň dogrudygyny tassyklaýar. Şeýdip, onuň goldawy bilen ybadathana doly gurulýar (Ezra 6:1⁠—⁠13).

14 Pygamberlikde biziň günlerimiz üçin hem peýdaly maslahatlar bar. Nähili? Meselem, durmuşda öz bähbidimizi däl-de, Hudaýa gullugy birinji orunda goýmaly (Hag. 1:2⁠—⁠8; Mat. 6:33). Şeýle-de diňe özüňi bilmekligiň zyýanlydygy, baýlyga kowalaşmaklygyň hiç hili peýdasynyň ýokdugy, Ýehowanyň berýän parahatlygy we bereketi bolsa bagtly edýändigi aýdylýar (Hag. 1:9⁠—⁠11; 2:9; Sül. tym. 10:22). Galyberse-de, onda Hudaýa gulluk edenimiz bilen arassa bolup bilmejekdigimiz aýdylýar, munuň üçin özümiz arassa bolmaly, bütin janymyz bilen gulluk edip, hapa endiklerden gaça durmaly (Hag. 2:10⁠—⁠14; Kol. 3:23; Rim. 6:19). Şeýle-de pygamberlikde Hudaýyň gullukçylaryna «geçen gowy günleri ýatlap» yza seretmeli däldigi, gaýtam, öňe seredip, «ýüreklerini ýollaryna gönükdirip», Ýehowa şöhrat getirmelidigi görkezilýär. Şonda Ýehowa olar bilen bolar (Hag. 2:3, 4; 1:7, 8, 13; Flp. 3:13, 14; Rim. 8:31).

15 Ýehudylar ybadathanany gurup başlanlarynda, Ýehowa bereketini berýär we olar ähli işde üstünlik gazanýarlar. Päsgelçilikler aýrylýar. Iş tiz möhletde ýerine ýetýär. Ýehowa batyrgaýlygy we edýän tagallamyzy hemişe sylaglar. Berk iman bilen hakyky we hyýaly kynçylyklary ýeňeris. «Ýehowanyň sözlerine» gulak assak, gerekli netijeleri getirer (Hag. 1:1).

16 Pygamberlikdäki Ýehowanyň gökleri we ýeri titrederin diýen sözleri näme aňladýar? Pawlus resul Haggaý 2:6⁠-⁠daky sözlere salgylanyp, şeýle diýýär: «Ýöne Ol indi, «Ýene bir gezek diňe bir ýeri däl, gögi-de titrederin» diýip, söz berdi. «Ýene bir gezek» diýen söz titremez zatlaryň galmagy üçin, titreýänleriň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljagyny aňladýar. Şeýlelik bilen, yranmaz patyşalyga gowşanlygymyz üçin şükür edeliň. Şeýdip, Hudaýyň halajak ýoly bilen, takwalyk hem gorky bilen Oňa gulluk edeliň. Çünki Hudaýymyz iýiji otdur» (Ýew. 12:26⁠—⁠29). Haggaý «patyşalyklaryň tagtyny agdarmak we milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok etmek» üçin titrediljekdigini görkezýär (Hag. 2:21, 22). Bu pygamberligi getirende, Pawlus Hudaýyň Patyşalygynyň «yranmaz» Patyşalykdygyny aýdýar. Geliň, Hudaýa mukaddes gulluk edende, Patyşalyga umyt edip berk bolalyň. Ýehowa ýer ýüzündäki halklary titretmänkä, halas bolmak üçin gymmatly adamlaryň geljekdigini unutmalyň: «Ähli halklary silkerin, şonda bütin halklaryň gymmatlylary geler we bu öýi şöhratdan dolduraryn diýip, Goşunlar Hudaýy Ýehowa aýdýar» (2:4, 7).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş