Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 28—30
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 38 — Zakarýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 38 — Zakarýa
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 28—30

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 38 — Zakarýa

Ýazan: Zakarýa

Ýazylan ýeri: Iýerusalim

Ýazylan wagty: b. e. öň 518 ý.

Öz içine alýan wagty: b. e. öň 518⁠—⁠520 ý.

TOGTADY! Zakarýa pygamberlik edip başlanda, Iýerusalimdäki Ýehowanyň ybadathanasy bilen bagly alnyp barylýan gurluşyk işleriň ýagdaýyny şeýle suratlandyrsa bolar. Ilkinji ybadathanany Süleýman ýedi ýarym ýylyň içinde gurýar (3 Pat. 6:37, 38), emma häzir ýehudylaryň watanyna dolananyna 17 ýyl geçenem bolsa, ybadathana henizem gurlulmandy. Ahyry, Artahşaştanyň (Bardiýa ýa-da Gaumata) buýrugy boýunça iş doly ýatyrylýar. Ine, şeýle ýagdaýda patyşanyň gadagan edendigine garamazdan, gurluşyk işlerini dowam etmäge synanyşýarlar. Ýehowa Haggaý bilen Zakarýa arkaly halky gurluşyk işlerini gaýtadan başlap, soňuna çenli ýetirmäge çagyrýar. Halk gurluşyk işlerini gaýtadan başlap, soňuna çenli ýetirer ýaly, Ýehowa Haggaý bilen Zakarýany ulanýar (Ezra 4:23, 24; 5:1, 2).

2 Ýehudylar üçin işi ýerine ýetirip bolmajak ýaly görünýär (Zak. 4:6, 7). Sebäbi olar az bolup garşydaşlary köpdi, olaryň Dawudyň neslinden bolan Zerubabel şazadasy bolsa-da, patyşalary ýokdy, galyberse-de, özge halkyň gol astyndadylar. Wagt imanyň berk bolup, aýgytly hereket etmegi talap etse-de, şeýle ýagdaýda diňe özüňi bilip, ruhdan düşmek örän aňsat! Zakarýa ýehudylaryň ünsüni Hudaýyň niýetine, hatda uzak geljekdäki niýetine çekip, olaryň başlan işini tamamlamaga bolan isleglerini berkitmelidi (8:9, 13). Olar gadyr bilmedik ata-babalary ýaly bolmaly däldi (1:5, 6).

3 Zakarýa kimdi? Mukaddes Ýazgylarda Zakarýa atly 30⁠-⁠a golaý adamyň ady agzalýar. Emma Zakarýa kitabynda oňa «Ydanyň ogly, Berehiýanyň ogly Zakarýa pygamber» diýilýär (Zak. 1:1; Ezra 5:1; Neh. 12:12, 16). Onuň (ýewreýçe Zeharýa) ady «Ýehowa ýadyna saldy» diýmegi aňladýar. Zakarýa kitabynda «Goşunlar Hudaýy Ýehowanyň» halkyny ýatdan çykarmaýandygy we öz adynyň hatyrasyna oňa ýagşylyk edýändigi aýdyň görkezilýär (Zak. 1:3). Kitapdaky agzalýan senelerden ondaky wakalaryň iki ýylyň dowamynda bolup geçendigini bilýäris. Zakarýa «Dariýusyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda» (Garaşsyzlyk/Sanjar b. e. öň 520⁠-⁠nji ýyl) pygamberlik edip başlaýar we şonda ybadathananyň gurluşyk işleri dikeldilýär (1:1). Şeýle-de kitapda «Dariýusyň hökümdarlygynyň dördünji ýyly, dokuzynjy aýyň, ýagny kislew aýynyň dördünji güni» (takmynan Bitaraplyk aýynyň 1⁠-⁠i, b. e. öň 518⁠-⁠nji ýyl) agzalýar (7:1). Diýmek, Zakarýa pygamberligini b. e. öň 520⁠—⁠518⁠-⁠nji ýyl aralygynda ýazýar (Ezra 4:24).

4 Zakarýa kitabyny öwrensek, onuň dogrulygy barada köp subutnamalary taparys. Meselem, Tir şäherini alyp göreliň. Bu şäheri Babyl patyşasy Nebukadnezar 13 ýyl gabawda saklap soňra derbi-dagyn edýär. Emma Tir bütinleý ýok edilmeýär. Ençeme ýyl geçenden soň, Zakarýa onuň doly ýok ediljekdigini pygamberlik edýär. Isgender Zülkarneýin hemmä belli gaçyny gurup, şäheriň adadaky bölegini derbi-dagyn edýär; ol rehimsizlik bilen şäheri otlap, Zakarýanyň takmynan iki ýüz ýyl öňünden aýdan pygamberligini ýerine ýetirýära (Zak. 9:2⁠—⁠4).

5 Kitabyň Hudaý tarapyn ylhamlanandygyny, esasanam, Isa Mesih baradaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi tassyklaýar, olary Zakarýa 9:9⁠-⁠y Matta 21:4, 5 we Ýahýa 12:14⁠—⁠16, Zakarýa 12:10⁠-⁠y Ýahýa 19:34⁠—⁠37, Zakarýa 13:7⁠-⁠ni Matta 26:31 we Markus 14:27 bilen deňeşdirip görse bolýar. Şeýle-de Zakarýa 8:16 bilen Efesliler 4:25⁠-⁠de, Zakarýa 3:2 bilen Ýahuda 9⁠-⁠da, Zakarýa 14:5 bilen Ýahuda 14⁠-⁠de meňzeş pikirleri tapýarys. Hudaýyň Sözüniň şeýle utgaşyklygy bizi geň galdyrmaýarmy?!

6 Zakarýa kitabynyň 9⁠-⁠njy bapdan başlap ýazylyş täri özgerýär, şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň käbir tankytçylary ony Zakarýa ýazmady diýýärler. Onuň ýazylyş täriniň özgerýändigi mowzugynyň özgerýändigi bilen düşündirilýär. Kitabyň ilkinji sekiz babynda Zakarýanyň döwürdeşlerine degişli zatlar barada gürrüň edilýär, emma 9⁠—⁠14⁠-⁠nji baplarda pygamber uzak geljek barada aýdýar. Käbiri bolsa näme üçin Matta Zakarýanyň sözlerini getirip, Ýeremiýa ýazdy diýýär (Mat. 27:9; Zak. 11:12). Ähtimal, birnäçe wagtlap soňky pygamberleriň ilkinjisi Mukaddes Ýazgylaryň häzirki neşirýatyndaky ýaly Işaýa däl-de, Ýeremiýa hasaplanan bolmaly. Şonuň üçin Matta ýehudylaryň däbi boýunça Zakarýany «Ýeremiýa» diýip atlandyrýar, sebäbi şol bölüm birinji kitabyň adyny göterýär. Isanyň özi-de Ýazgylaryň ähli kitabyny göz öňünde tutanda, «Zebur» diýip atlandyrýar (Luka 24:44)b.

7 6⁠-⁠njy babyň 8⁠-⁠nji aýadyna çenli Daniýel bilen Ezekiýeliň dikeldilen ybadathana barada gören görnüşine meňzeş sekiz görnüş ýazylan. Soňra Hudaýa ýürekden sežde etmek, dikeldiliş, Ýehowanyň söweş güni barada pygamberlikler we pikirler aýdylýar.

PEÝDASY

23 Zakarýa pygamberiň kitabyny öwrenip, olar barada oýlanýan adamlaryň ählisi imanyny berkidip biler. Zakarýa 50 gezek «Goşunlar Hudaýy Ýehowa» ünsümizi çekýär, çünki Ol halkyna gerekli güýji berip, ony goraýar we onuň üçin göreşýär. Dag ýaly garşydaşlar ybadathananyň gurluşygyny togtatjak bolup, haýbat atanlarynda, Zakarýa şeýle diýýär: «Bu Hudaýyň Zerubabele aýdan sözi: «Goşun ýa-da güýç bilen däl-de, meniň ruhum bilen» diýip, Goşunlar Hudaýy Ýehowa aýdýar. Sen kimsiň, uly dagmy? Zerubabeliň ýanynda sen bir düzlüksiň». Ýehowanyň ruhunyň kömegi bilen ybadathana dikeldilýär. Şu günler hem Ýehowa iman edip päsgelçiliklere garşy dursak, olary ýeňeris. Şulary göz öňünde tutup, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: «Bu ýerden ol ýere göç» diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz» (Zak. 4:6, 7; Mat. 17:20).

24 Kitabyň 13⁠-⁠nji babyň 2⁠-⁠den 6⁠-⁠njy aýatlaryna çenli Zakarýa Ýehowanyň halkynyň wepalylygyny beýan edýär. Bu häsiýet ganybir dogan-garyndaşlaryň gatnaşygyndan hem ýokary bolmaly. Eger kimdir biriniň ýakyn garyndaşy Ýehowanyň adyndan ýalan sözlese, başgaça aýdanyňda, Patyşalyk baradaky habara garşy gelýän zatlary aýtsa we Hudaýyň halkyna erbet täsir edýän bolsa, onuň maşgala agzalary ýygnak ýaşulularyň oňa garşy çykaran kararyny hökman goldamaly. Ýalan sözleýän ýakyn dostuňa hem şeýle garamaly, eden nädogry işine utanyp, ýüregine ot bolup deger ýaly söz aýtmaly.

25 Ilkinji abzaslarda aýdylyşy ýaly, Zakarýanyň Isa barada, meselem, onuň patyşa hökmünde Iýerusalime «eşege münüp... pes göwünlilik bilen» gelşi, onuň «otuz bölek kümşe» satylyşy, şägirtleriniň wagtlaýynça dagajaklygy, pürsde çüýlenip, naýza bilen böwrüniň dilinişi barada aýdan ähli pygamberlikleri ýerine ýetdi (Zak. 9:9; 11:12; 13:7; 12:10). Bu pygamberlik kitabynda Ýehowanyň ybadathanasyny gurjak «Şaha» barada aýdylýar. Işaýa 11:1⁠—⁠10⁠-⁠njy, Ýeremiýa 23:5⁠-⁠nji we Luka 1:32, 33⁠-⁠nji aýatlary deňeşdirsek, «Şahanyň» «Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk etjek» Isa Mesihdigini görýäris. Zakarýanyň Isany «tagtynda oturan ruhany» edip suratlandyryşy, Pawlus resulyň «Isa Melkisedek düzgüni boýunça ebedi Baş Ruhany bolup», «göklerde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturdy» diýen sözlerine gabat gelýär (Zak. 6:12, 13; Ýew. 6:20; 8:1). Diýmek, pygamberlikde «Şaha» gökde Hudaýyň sagynda oturan Baş Ruhany we Patyşa edip görkezilýär, ýöne Älemiň hökümdary Ýehowa diýilýär: «Ýehowa bütin ýer ýüzüne Patyşa bolar; şol gün ýalňyz Ýehowa bolar, Onuň ady-da ýeke-täk bolar» (Zak. 14:9).

26 Pygamber şol döwri agzanda, «şol gün» diýen jümläni takmynan 20 gezek gaýtalaýar we şol söz bilen hem pygamberligini tamamlaýar. Bu sözi başga aýatlar bilen barlanda, Ýehowanyň belli bir güni butlaryň adyny gyryp, ýalan pygamberleri ýok etjekdigini görkezýär (13:2, 4). Şol güni Ýehowa duşman halklaryna urşa galyp, olaryň arasynda başagaýlyk döreder, öz halkyny bolsa «dag jülgesinde» gorar (14:1⁠—⁠5, 13; 12:8, 9). Hawa, «şol gün Ýehowa Hudaý olary halas eder; goýunlary halas edişi ýaly halkyny halas eder», olar bir-birini üzüm we injir agajynyň aşagyna çagyrarlar (Zak. 9:16; 3:10; Mika 4:4). Şol şöhratly gün Goşunlar Hudaýy Ýehowa halkynyň arasynda «ýaşar» we «Iýerusalimden diri suwlar akyp çykar». Zakarýanyň aýdyşyna görä, «şol günüň» wakalary Hudaýyň Patyşalygynda boljak «täze gök bilen... täze ýeriň» nyşanydyr (Zak. 2:11; 14:8; Ylh. 21:1⁠—⁠3; 22:1).

27 «Kim bu güni ähmiýetsiz hasaplap biler» diýip, Ýehowa soraýar. Göz öňüne getirip görüň! Ýokarda agzalan ajaýyp şertler bütin ýer ýüzünde bolar: «Goşunlar Hudaýy Ýehowany Iýerusalimde tapmak üçin... köp taýpalar we güýçli halklar geler... Dürli dilde gepleýän halklardan on adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik» diýerler». «Şol güni» hatda at goşulýan esbaplarda: «Mukaddeslik Ýehowanyňkydyr!» diýip ýazylar. Bu tolgundyryjy pygamberliklere seretmek örän peýdaly, çünki olar Ýehowanyň ady Patyşalygyň Nesli arkaly şöhratlanjakdygyny görkezýär! (Zak. 4:10; 8:22, 23; 14:20).

[Çykgytlar]

a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 2, sah. 531, 1136.

b «Encyclopaedia Judaica», 1973, kitap 4, sütün 828; «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 1080, 1081.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş