Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 31—32
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 39 — Malaki

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 39 — Malaki
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 31—32

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 39 — Malaki

Ýazan: Malaki

Ýazan ýeri: Iýerusalim

Ýazan wagty: b. e. öň 443 ý. soň

MALAKI kimdi? Onuň asly we durmuşy barada hiç hili maglumat ýok. Emma pygamberlikden görnüşi ýaly, ol Ýehowa Hudaýyň yhlasly, wepaly gullukçysy bolup, Hudaýyň adyny, hakyky seždäni goran we Hudaýa gulluk edýärin diýip, öz bähbitlerini birinji orunda goýan adamlary halamaýandygy aýdylýar. Dört bapdan ybarat bolan Malaki kitabynda Ýehowanyň ady 48 gezek agzalýar.

2 Malakiniň ýewreýçe «Malahi» ady «Meniň habarçym» diýmegi aňladýan bolmaly. Ýewreý Ýazgylaryň grek Septuagintasynda Malaki kitaby kiçi pygamberleriň iň soňky 12⁠-⁠nji kitaby bolup, onuň hronologik tertibine gabat gelýär. Beýik Sinagogyň däbine görä, ol Haggaý bilen Zakarýa pygamberlerden soň ýaşap, Nehemýanyň döwrürdeşi hasaplanylýar.

3 Pygamberlik haçan ýazylýar? Ol Ýahuda 70 ýyl haraba bolup Iýerusalim dikeldilenden soň, bir şazadanyň höküm süren döwründe ýazyldy diýilýär (Mal. 1:8). Haýsy şazada göz öňünde tutulýar? Kitapda ybadathana gullugy agzalsa-da, onuň gurluşyk işleri barada hiç zat aýdylmaýar, diýmek, ybadathananyň gurluşygy tamamlanyp, Zerubabel şazadadan soňky döwür aýdylýan bolmaly. Ýazgylarda ondan başga ýene-de bir hökümdarlyk, ýagny Nehemýanyň hökümdarlygy barada aýdylýar. Pygamberlik Nehemýanyň günlerine gabat gelýärmi? Malaki kitabynda Iýerusalimiň we onuň diwarlarynyň dikeldilişi barada hiç zat aýdylmaýandygy üçin, Nehemýanyň ilki höküm süren döwri diýip hasaplamaga mümkinçilik bermeýär. B. e. öň 443⁠-⁠nji ýylda, ýagny Artahşaştanyň hökümdarlygynyň 32⁠-⁠nji ýylynda Nehemýa yzyna çagyrylýar, ol Iýerusalime dolananda, ruhanylaryň borçlaryna biperwaý garaýandyklary barada okaýarys (Mal. 2:1; Neh. 13:6). Malaki bilen Nehemýa kitabyndaky käbir parçalaryň meňzeşligi pygamberligiň şol döwre degişlidigini görkezýär (Mal. 2:4⁠—⁠8, 11, 12; Neh. 13:11, 15, 23⁠—⁠26; Mal. 3:8⁠—⁠10; Neh. 13:10⁠—⁠12).

4 Ýehudylar Malaki kitabyny hemişe ygtybarly hasaplaýardylar. Ondaky aýatlaryň Injilde getirilişi we pygamberlikleriň ýerine ýetendigini görkezýän wakalar Malaki kitabynyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny hem-de mesihçiler ýygnagyň ygtybarly hasap edýän Ýewreý Ýazgylaryň kanonyna degişlidigini subut edýär (Mal. 1:2, 3; Rim. 9:13; Mal. 3:1; Mat. 11:10; Luka 1:76; we 7:27; Mal. 4:5, Mat. 11:14 we 17:10⁠—⁠13, şeýle-de Mar. 9:11⁠—⁠13; Luka 1:17⁠-⁠nji aýatlara serediň).

5 Malaki kitabyndan görşümiz ýaly, ybadathana dikeldilende, Haggaý bilen Zakarýa pygamberler tarapyndan höweslendirilen halkyň dini yhlasy we güýçli höwesi sowaýar. Ruhanylar biperwaý, tekepbir we ikiýüzli bolup başlaýarlar. Ybadathanada gulluk edýänleri ýaňsylaýarlar. Hudaý Ysraýylyň aladasyny etmeýändir öýdüp, halk zekat bermegini we gurbanlyk getirmegini bes edýär. Zerubabele baglan umytlary amala aşmaýar, käbirleriň garaşýan Mesihi-de gelmeýär. Ýehudylar ruhy taýdan örän pese düşýärler. Olary nädip ruhlandyryp, umyt berip bolar? Halk özüniň nähili ýagdaýdadygyny nädip biler we dogrulyk etmäge ony nädip höweslendirip bolar? Bu soraglara Malaki pygamberiň kitaby jogap berýär.

6 Malaki kitaby gönümel we ynandyryjy tärde ýazylan. Pygamber ilki pikirini aýdyp, soňra söhbetdeşleriň garşylyklaryna jogap berýär. Ahyrynda, ol başdaky aýdanlaryny tassyklaýar. Bularyň ählisi onuň subutnamalaryny täsirli we ygtybarly edýär. Pygamber çeper dilde sözlemän, çekişme täri ulanýar.

PEÝDASY

13 Malaki kitaby mizemez prinsiplere we Ýehowa Hudaýyň rehimli söýgüsine düşünmäge kömek edýär. Onuň birinji setirlerinde Ýehowanyň öz halkyna, ýagny «Ýakuba» bolan söýgüsi görkezilýär. Hudaý Ýakubyň ogullaryny şeýle sözler bilen ynandyrýar: «Men — Reb, Men özgermeýärin». Olar eden zalymlyklaryna garamazdan Hudaýa dolansalar, Ýehowa olary kabul etmäge taýýardy. Hudaýyň merhemeti nähili beýik! (Mal. 1:2; 3:6, 7; Rim. 11:28; Çyk. 34:6, 7). Ýehowa Malaki arkaly «ruhanylaryň agzy bilim saklamaly» diýip, aýratyn belläp geçýär. Hudaýyň Sözüni öwredýänleriň ählisi bu tabşyryga gulak asyp, dogry bilim berýändigine göz ýetirmeli (Mal. 2:7; Flp. 1:9⁠—⁠11; Ýakup 3:1⁠-⁠i deňeşdiriň). «Erbet iş edýän her bir adam Hudaýyň öňünde gowudyr» diýip, tassyklajak bolýan ikiýüzlüleri Ýehowa ýigrenýär. Beýik Patyşa gymmatly zat gurban edýändirin öýdüp, Ýehowany aldaryn diýip hiç kim pikir etmesin (Mal. 2:17; 1:14; Kol. 3:23, 24). Dogry kanunlary we prinsipleri bozýan adamlaryň ählisini Ýehowa tizara paş eder; erbet işleriniň temmisiz galar diýip, hiç kim arkaýyn bolmaly däl. Ýehowa olary höküm eder (Mal. 3:5; Ýew. 10:30, 31). Ýehowa dogry adamlaryň gowy işlerini ýada salyp, sylaglajakdygyna olar doly ynanyp bilerler. Isa ýaly olar hem Musanyň Kanunyna ýüz tutmaly, çünki Isada ýerine ýeten pygamberlikler barada onda köp zat ýazylan (Mal. 3:16; 4:4; Luka 24:44, 45).

14 Malakiniň pygamberligi Ýewreý Ýazgylaryň iň soňky kitaby bolany üçin, onda Mesihiň gelşi bilen bagly wakalar görkezilýär we takmynan dört ýüz ýyldan soň Grek Ýazgylaryň ýazylmagyna sebäp bolýar. Malaki 3:1⁠-⁠e laýyklykda, Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Ine, Men öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin, ol Meniň öňümde ýol taýýarlar». Gartaşan Zakarýa bu sözleriň onuň ogly Ýahýa Çokundyryjyda ýerine ýetendigini Hudaýyň ylhamy bilen düşündirýär (Luka 1:76, 77). Soňra Isa Mesih bu sözleri tassyklap şeýle diýýär: «Aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan ulusy bolan däldir, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr». Malakiniň pygamberligine görä, Ýahýa «ýol taýýarlamak» üçin iberilýär, diýmek, ol Isanyň Patyşalyk barada äht baglaşan şägirtleriniň arasynda ýokdy (Mat. 11:7⁠—⁠12; Luka 7:27, 28; 22:28⁠—⁠30).

15 Soňra Malaki 4:5, 6⁠-⁠njy aýatlarda Ýehowa şeýle wada berýär: «Men size Ylýas pygamberi iberýärin». Ylýas kim? Ylýasyň Ýahýa Çokundyryjydygyny aýdyp, Zakarýanyň ýanyna gelen perişde we Isa onuň «hemme zady düzetmelidigini» hem-de Mesihi kabul etmek üçin «Rebbe taýýar halky taýynlamalydygyny» düşündirýärler. Şeýle-de Malaki «Ylýasyň» «Ýehowanyň uly we gorkunç gününden» öň geljekdigini aýdýar, bu pygamberligiň geljekde höküm gününde ýerine ýetjekdigini görkezýär (Mat. 17:11; Luka 1:17; Mat. 11:14; Mar. 9:12).

16 Şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşyp, Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Gündogardan günbatara çenli Meniň adym halklaryň arasynda beýik bolar... Çünki Men beýik Patyşa, Meniň adym halklar arasynda gorkunçly». Dogrudan hem, onuň ady gorkunçly! Sebäbi ol gün peç kimin lowlap ýanar we «tekepbirler bilen ýaramaz iş edýänleriň ählisi saman ýaly bolar». Ýehowanyň adyna çuňňur hormat goýýan adamlar nähili bagtly, çünki olar üçin «dogrulygyň Güni çykar we Onuň nurunda sagalarlar»! Bu pygamberlik gulak asýan adamlaryň ähli kesellerden, ýagny ruhy, duýgy, emosional we beden taýdan sagalyp, eşretli döwürde ýaşajakdygyny görkezýär (Ylh. 21:3, 4). Şol ajaýyp bagtyýar güne ünsümizi çekip, Malaki Ýehowanyň öýüne ýürekden sowgat getirmäge çagyrýar: «Goşunlar Hudaýy Ýehowa: Meni synap görüň diýýär, Men siziň üçin gökleriň penjiresini açyp, ak patamy bolluk bilen saçmarynmy» (Mal. 1:11, 14; 4:1, 2; 3:10).

17 «Ýer ýüzüniň gargyş bilen ýok boljakdygyny» duýduryp, Pygamberler Ýazgylarynyň iň soňky kitaby şatlanmaga we ýagty geljege umyt bilen garamaga çagyrýar, çünki bu Ýehowanyň halkyna ýüzlenen sözlerine laýyk gelýär: «Ähli halklar size bagtly diýer, sebäbi siz arzyly ýurt bolarsyňyz» (4:6; 3:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş