Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 19—21
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 33 — Mika

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 33 — Mika
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 19—21

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 33 — Mika

Ýazan: Mika

Ýazylan ýeri: Ýahuda

Ýazylan wagty: b. e. öň 717 ý. öň

Öz içine alýan wagty: takmynan b. e. öň 777⁠—⁠717 ý.

KÖP ÝYLLAP Ýehowa wepaly gulluk eden, ruhy taýdan ýetişen we öz halkynyň hökümdarlaryna batyrgaýlyk bilen şeýle sözleri aýdan adamy göz öňüne getiriň: «Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz... halkymyň etini iýip, hamyny soýýarsyňyz». Şeýle-de Hudaýyň ruhy arkaly ynamly gepläni üçin Ýehowany şöhratlandyran kiçigöwünli adamy göz öňüne getiriň. Eýsem, şeýle adam bilen tanşasyň gelmezmi? Ol köp zatlary gürrüň berip, onuň maslahatlary örän peýdaly bolardy, şeýle dälmi! Mika pygamber şeýle adamdy. Biz onuň adyny göterýän kitapdan häzirem degerli maslahatlary tapyp bileris (Mika 3:2, 3, 8).

2 Beýleki ençeme pygamberler ýaly, Mika hem özi barada köp zat aýtman, pygamberlik habaryna ünsüňi çekýär. Mikanyň ady Mihael («Hudaýa meňzeş kim bar?») ýa-da Mihaiýa («Ýehowa meňzeş kim bar?») diýen atlaryň gysgaldylan görnüşidir. Ol Ýotam, Ahaz we Hizkiýa patyşalaryň höküm süren döwründe (b. e. öň 777⁠—⁠717⁠-⁠nji ýyllar) pygamberlik edýär. Diýmek, ol Işaýa bilen Hoşea pygamberiň döwürdeşi bolýar (Iş. 1:1; Hoş. 1:1). Onuň näçe wagt pygamberlik edeni anyk bolmasa-da, 60 ýyldan köp bolmaly däl. Samariýanyň harabalyga öwrüljegi hakdaky pygamberlik b. e. öň 740⁠-⁠njy ýylda weýran bolmazdan öň aýdylan bolmaly, emma kitap Hizkiýanyň hökümdarlygynyň soňunda, ýagny b. e. öň 717⁠-⁠nji ýylda ýazylyp gutarylýar (Mika 1:1). Mika Iýerusalimiň günorta-günbatarynda ýerleşýän bol hasylly Şefeliň Moreşat obasyndan bolýar. Pygamberligini düşündirmek üçin onuň ulanýan aýdyň mysallary oba durmuşy bilen ýakyndan tanyşdygyny görkezýär (2:12; 4:12, 13; 6:15; 7:1, 4, 14).

3 Mika howply we özgerişik döwürde ýaşaýar. Dürli wakalaryň çalt-çalt bolmagy Ysraýyl we Ýahuda patyşalygy üçin ýaramaz alamatdy. Ysraýylyň ahlak taýdan azgynlygy we butparazlygy onuň dagamagyna, Aşur tarapyndan ýok edilmegine getirýär. Bu Mikanyň ýaşan döwründe bolan bolmaly. Ýahudada hiç hili durnuklyk ýokdy: halk Ýotamyň hökümdarlygynda dogrulyk etseler-de, pitneçi Ahazyň döwründe Ysraýylyň erbetliklerini gaýtalaýar, Hizkiýanyň hökümdarlygynda bolsa ýene-de Hudaýa sygynyp başlaýarlar. Ýehowa Mikany pygamber belläp, halkyna nähili apatlaryň abanýandygyny aýtmagy tabşyrýar. Mikanyň pygamberligi Işaýa bilen Hoşeanyň pygamberliklerini tassyklaýar (4 Pat. 15:32⁠—⁠20:21; 2 Tar. 27⁠—⁠32⁠-⁠nji baplar; Iş. 7:17; Hoş. 8:8; 2 Kor. 13:1).

4 Mika kitabynyň ynama mynasypdygy barada ençeme deliller bar. Ýehudylar ony hemişe-de Ýewreý kanonyna degişli hasaplaýardylar. Ýeremiýa 26:18, 19⁠-⁠njy aýatlarda Mikanyň sözleri bolşy ýaly getirilýär: «Sion ekin meýdany kimin sürler, Iýerusalim bolsa bir üýşmek harabalyga öwrüler» (Mika 3:12). Bu pygamberlik b. e. öň 607⁠-⁠nji ýylda Babyl patyşasy Iýerusalimi weýran edende birkemsiz ýerine ýetýär (2 Tar. 36:19). Samariýanyň «meýdanda bir üýşmek harabalyga öwrüljekdigi» baradaky pygamberlik hem ýerine ýetýär (Mika 1:6, 7). B. e. öň 740⁠-⁠njy ýylda aşurlylaryň demirgazyk Ysraýyl patyşalygyny ýesirlige almagy bilen Samariýa weýran edilýär (4 Pat. 17:5, 6). Soňra ony b. e. öň IV asyrda Iskender Zülkarneýin basyp alýar, b. e. öň II asyrda bolsa Ýahýa Girkana I baştutanlygynda ýehudylar ony bütinleý ýumurýar. Samariýanyň soňky weýrançylygy hakda Mukaddes Ýazgylaryň bir maglumat kitabynda şeýle diýilýär: «Şol baýyrda bir wagtlar kuwwatly şäheriň bolandygy hakdaky delilleri ýer bilen ýegsan etmek üçin ýeňiji ony ýykyp-ýumurýar»a.

5 Mikanyň pygamberliginiň ýerine ýetendigini arheolog tapyndylar hem subut edýär. Aşurlylaryň Samariýany weýran edişi hakda Aşuryň ýyl ýazgylarynda-da aýdylýar. Meselem, Aşur patyşasy Sargon: «Men Samariýany (Samerina) gabadym we basyp aldym» diýip öwünýärb. Emma Samariýany Sargondan öňki patyşa Salmanasar V basyp alan bolmaly. Salmanasar hakda Babylyň ýyl ýazgylarynda: «Ol Samariýany weýran etdi» diýilýärc. Hizkiýa patyşanyň döwründe duşmanyň çozup girişi baradaky Mikanyň öňünden aýdan sözlerini Sanherip ýyl ýazgylarynda bellep geçýär (Mika 1:6, 9; 4 Pat. 18:13). Onuň Ninewiýadaky köşgüniň bir diwarynda Lahişiň basyp alnyşy barada dört sany daşyň ýüzüne oýup çekilen surat bar. Daşlaryň birinde onuň adyndan şeýle sözler ýazylan: «Men onuň 46 sany berk şäherini gabadym... 200 150 adamy ýesir aldym... Onuň özüni (Hizkiýany) kapasadaky guş kimin Iýerusalimde, patyşa şäherinde gulpladym». Şeýle-de Sanherip Hizkiýanyň tölän salgydyny biraz çişirip aýtsa-da, jikme-jik sanap geçýär. Ýöne öz goşunynyň başyna inen betbagtçylygy barada hiç zat agzamaýard (4 Pat. 18:14⁠—⁠16; 19:35).

6 Mesihiň dogulmaly ýeri hakda Mika 5:2⁠-⁠de ýazylan görnükli pygamberlik kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldygyna hiç hili şübhe galdyrmaýar (Mika 5:2; Mat. 2:4⁠—⁠6). Şeýle-de Mika kitabyndan käbir aýatlar Injilde sözme-söz gaýtalanýar (Mika 7:6, 20; Mat. 10:35, 36; Luka 1:72, 73).

7 Mika Ýahudanyň obasyndan bolsa-da, pikirini çeper beýan edýär. Hudaýyň Sözündäki iň ajaýyp sözleri şol kitapdan tapsa bolýar. Kitabyň altynjy baby gyzgalaňly gepleşik tärde ýazylan. Mikanyň bir pikirden başga pikire çalasyn geçmegi, meselem, gargynç aýdyp, soňra pata bermäge geçişi okyjynyň ünsüni özüne çekýär (Mika 2:10, 12; 3:1, 12; 4:1). Şeýle-de kitap täsirli söz düzümlere baý: Ýehowa ýola çyksa, «onuň astynda daglar oda düşen mum ýaly erär, jülgeler uçutdan gaýdýan suw kimin bölüner» (1:4; şeýle-de 7:17-ä serediň).

8 Kitaby üç bölüme bölse bolar. Her bölümi «Diňläň» diýen söz bilen başlap, käýinçler, beriljek jezalar we patalar hakda aýdylýar.

PEÝDASY

16 Mikanyň pygamberligi takmynan 2700 ýyl mundan ozal, «käýemek üçin [örän] peýdaly» bolýar, sebäbi Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa Mika pygambere gulak asyp, halky toba getirýär we ýurtda dini özgertmeler geçirýär (Mika 3:9⁠—⁠12; Ýerem. 26:18, 19; şeýle-de 4 Pat. 18:1⁠—⁠4⁠-⁠nji aýatlary deňeşdiriň). Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu pygamberlik şu günler has-da peýdaly. Hudaýa sežde edýän diýýän adamlaryň ählisi, Mikanyň ýalan din, butparazlyk, aldawçylyk we zorluk hakda aýdýan aýdyň duýduryşlaryny diňläň! (Mika 1:2; 3:1; 6:1). Pawlus şu duýduryşlary 1 Korintoslylar 6:9⁠—⁠11⁠-⁠nji aýatlarda ýatladyp, mesihçileriň ýuwlandygyny hem-de şeýle işleri edýän hiç bir adamyň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny aýdýar. Ýönekeý hem düşnükli sözler bilen Mika 6:8⁠-⁠de adamyň adalatly, rehimdar bolup, Ýehowa Hudaýy bilen pespäl ýöremegi talap edilýändigi aýdylýar.

17 Mikanyň pygamberlik eden döwründe halk örän agzalady, hatda «adamyň duşmany öz içerisindäkilerdi». Şu günler hem mesihçiler köplenç şeýle ýagdaýlarda wagyz edýärler, hatda käwagt maşgala agzalary haýynlyk edip, olary gazaply yzarlaýarlar. Olar «Halasgär Hudaýy» Ýehowa hemişe sabyrly garaşmaly (Mika 7:6, 7; Mat. 10:21, 35⁠—⁠39). Yzarlamalara duş gelip ýa-da kyn iş tabşyrylsa, Ýehowa batyrgaýlyk bilen bil baglaýan adamlar, Mika kimin «Ýehowanyň ruhy bilen güýçden dolup», onuň habaryny ýetirip bilerler. Mikanyň pygamberligine görä, şeýle batyrgaýlyk «Ýakubyň galyndysynda» has-da görner. Olar «milletleriň arasynda, halklaryň içinde ýolbars» kimin bolar hem-de Ýehowanyň iberen çygy we çabgasy kimin göwnüňi galkyndyrar. Bu häsiýetler birinji asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolan «Ysraýylyň (Ýakubyň) galyndysyny» tapawutlandyrýardy (Mika 3:8; 5:7, 8; Rim. 9:27; 11:5, 26).

18 Isanyň Beýtullahamda doguljakdygy baradaky Mikanyň ýerine ýeten pygamberligi diňe bir kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny subut etmän, eýsem, Isa Mesihiň baştutanlygynda Hudaýyň Patyşalygynyň geljekdigi hakdaky beýleki aýatlary düşnükli edýär. Beýtullahamda («Çörek öýi») doglan Isanyň töleg gurbanyna iman edýän ähli adamlara şypaly bereketler eçiler. Ol «Ýehowanyň güýji bilen çopançylyk edýär» we beýiklige ýetip, Hudaýyň dikeldilen hem agzybir sürüsiniň arasynda ýeriň ujuna çenli parahatçylygy ýaýratmagy wada edýär (Mika 5:2, 4; 2:12; Ýahýa 6:33⁠—⁠40).

19 Mika kitabynda «soňky günlerde» «köp milletleriň» Ýehowadan öwrenmek üçin onuň ýanyna geljekdigi barada ruhlandyryjy sözler aýdylýar. «Olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç syrmaz, uruşmagy öwrenmezler. Her kes öz üzüm agajynyň aşagynda, öz injir agajynyň aşagynda oturar, gorkulary bolmaz, çünki muny goşunlar Taňrysynyň agzy sözledi» (Mika 4:1⁠—⁠7, MKS). Ýalan dini bütinleý terk edip, olar Mika pygamber bilen bilelikde: «Biz hem mydama we ebedilik Hudaýymyz Ýehowanyň ady bilen gezeris» diýýärler. Bu ähmiýetli wakalary öňünden suratlandyryp, Mika pygamberiň kitaby imanyňy berkidýär. Şeýle-de ol Ýehowany ebedi Hökümdar we Patyşa hökmünde beýgeldýär. «Ýehowa Sion dagynda olaryň üstünden häzir we ebedi höküm sürer» diýen sözler nähili şatlykly seslenýär! (Mika 4:1⁠—⁠7; 1 Tim. 1:17).

[Çykgytlar]

a «The New Westminster Dictionary of the Bible», 1970, sah. 822.

b «Ancient Near Eastern Texts», Jeýms. B. Pritçard, 1974, sah. 284.

c «Assyrian and Babylonian Chronicles», A. K. Greýson, 1975, sah. 73.

d «Ancient Near Eastern Texts», 1974, sah. 288; «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 2, sah. 894, 895.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş