Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 17—19
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 32 — Ýunus

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 32 — Ýunus
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 17—19

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 32 — Ýunus

Ýazan: Ýunus

Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 844 ý.

ÝUNUSY, b. e. öň IX asyrda ýaşan pygamberi missioner diýse bolar! Ol Ýehowanyň beren tabşyrygyna nähili garaýar? Ol nämeleri başdan geçirýär? Adamlar onuň wagzyny diňledimi? Onuň wagzy nähili netije getirýär? Ýunus kitabyndaky tolgundyryjy wakalar şu sowallara jogap berýär. Kitap Ýehowanyň saýlan halky ähtini bozup, butparazlyga batan wagty ýazylýar. Bu kitapda Hudaýyň Ysraýyl ýaly diňe bir halka rehimdarlyk etmek bilen çäklenmeýändigi habar berilýär. Mundan başga-da onda Ýehowanyň beýik rehimdarlygy we merhemeti beýgeldilýär. Bu häsiýetleriň beýgeldilmegi bilen bikämil adamlara rehimdarlygyň, sabyr-takadyň we imanyň ýetmeýändigi bellenilýär.

2 Ýunusyň (ýewreýçe Ýona) ady «kepderi» diýmegi aňladýar. Ol Zabulunyň Jelilesinde ýaşaýan gaf-heferli Amittaý pygamberiň ogludy. 4 Patyşalar 14:23⁠—⁠25⁠-⁠nji aýatlarda Ysraýyl patyşasy Ýeroboamyň Ýehowanyň Ýunus pygamber arkaly aýdan sözlerine gulak asyp, ýurduň çägini giňeldendigi aýdylýar. Diýmek, Ýunus takmynan b. e. öň 844⁠-⁠nji ýylda Ysraýyl patyşasy Ýeroboam II tagta çykanda we Assiriýa paýtagty Ninewiýa bilen bilelikde Ysraýylyň üstünden agalyk etmezinden ençeme ýyl öň pygamberlik edýär.

3 Ýunus kitabynyň ynama mynasypdygy hakda hiç hili şübhe ýok. «Imanymyzyň Kämilleşdirijisi Isa» Ýunus pygamberi taryhda ýaşan adam hökmünde agzap geçýär hem-de Hudaýyň beren ylhamy bilen Ýunus kitabynda agzalýan iki wakanyň pygamberlik manysyny düşündirýär. Şeýdip, Ýunus kitabynda hakyky pygamberlikleriň ýazylandygyna güwä geçýär (Ýew. 12:2; Mat. 12:39⁠—⁠41; 16:4; Luka 11:29⁠—⁠32). Ýehudylar Ýunus kitaby kanon kitaplaryň hataryna goşup, ony taryhy kitap hasaplaýardylar. Ýunusyň öz ýalňyşyny we kemçiligini aklajak bolman, gaýtam, dogrusyny aýtmagy hem kitabyň ynama mynasypdygyny tassyklaýar.

4 Ýunusy ýuwudan «uly balyk» nähili balyk? Onuň nähili balyklygy hakda köp çaklamalar bar. Kaşalot hem, uly ak akula hem adamy tutuşlygyna ýuwudyp bilýär. Mukaddes Ýazgylarda bolsa: «Hudaý bir uly balyga Ýunusy ýuwutmagy buýurdy» diýilýär (Ýunus 1:17). Onuň nähili balykdygy aýdylmaýar. Şonuň üçin kaşalotmy, uly ak akulamy ýa-da başga bir deňiz jandarymy — anyk aýdyp bolmaýara. Mukaddes Ýazgylarda oňa «uly balyk» diýilmegi biziň üçin ýeterlikdir.

PEÝDASY

9 Ýunusyň özüni alyp barşy we onuň netijesi bize sapak bolmaly. Pygamber Hudaýyň tabşyran işine bar güýji bilen ýapyşyp, Hudaýa bil baglap, berjaý etmegiň deregine, ondan gaçýar (Ýunus 1:3; Luka 9:62; Sül. tym. 14:26; Iş. 6:8). Ol başga ugra gidip, ýaramaz pikirlere özüni basdyryp, deňizçilere «gökleriň Hudaýy Ýehowa» sežde edýändigini aýtmakdan çekinýär. Ol özüni batyrgaý alyp barmaýar (Ýunus 1:7⁠—⁠9; Efes. 6:19, 20). Ýehowa Ninewiýa rehimdarlyk bildirende, Ýunus diňe özüni oýlap, muny kemsitme hasaplaýar. Ol özüni aklajak bolup, hemme zadyň şeýle gutarjagyny öňünden bilendigini Ýehowa aýdýar. Onda ony pygamber edip ibermek nämä gerekdi? Ýehowa ony sylaşyksyzlyk hem-de nägilelik bildireni üçin ýazgarýar. Şol sebäpli bizem Ýunus bilen bolan wakadan sapak edinip, Ýehowanyň rehimdarlygyny we meseläni çözüşini tankytlamakdan gaça durmaly (Ýunus 4:1⁠—⁠4, 7⁠—⁠9; Flp. 2:13, 14; 1 Kor. 10:10).

10 Ýunus kitabynyň esasy aýratynlygy Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri, ýagny merhemeti we rehimdarlygy beýan edilýär. Ninewiýa abanýan heläkçilik hakda duýdurmak üçin, Ýehowa oňa merhemet edip pygamberini iberýär we şäher toba gelse, oňa rehim etmek isleýär. Şol rehimdarlyk netijesinde, Ninewiýa şäheri b. e. öň 632⁠-⁠nji ýylda midiýalylar we babyllylar basyp alýança, 200 ýyldan gowrak wagt saklanýar. Ýehowa Ýunusa-da rehim edýär, ol ony deňizde uly gaý turanda halas edýär hem-de «gynançdan gutarmak üçin» kädi şahalaryny ösdürýär. Ýehowa kädi şahalaryny ösdürip, soňra guratmak bilen Ýunusa rehimdarlygy we merhemeti öz niýetine görä bildirýändigini düşündirýär (Ýunus 1:2; 3:2⁠—⁠4, 10; 2:10; 4:6, 10, 11).

11 Matta 12:38⁠—⁠41⁠-⁠nji aýatlarda Isa dini ýolbaşçylara «Ýunus pygamberiňkiden başga alamatyň berilmejegini» aýdýar. Ýunus üç gije-gündiz «şeolyň garnynda» bolup, soňra Ninewiýa wagyz etmäge gidýär. Şeýdip, ninewiýalylar üçin «alamat» bolýar (Ýunus 1:17; 2:2; 3:1⁠—⁠4). Isa-da üç gün diýen ýaly gabyrda bolup, soňra direldilýär. Şägirtleri bolan wakany gürrüň berende, Isa şol nesil üçin alamat bolýar. Ýehudylaryň wagty hasaplaýşyny hem-de pygamberligiň Isada ýerine ýetendigi hakda delilleri göz öňünde tutsak, onda «üç gije-gündiz» üç doly däl güni öz içine alýar diýse bolarb.

12 Isa gürrüňini dowam edip, toba gelen ninewiýalylardan tapawutlylykda, ýehudylaryň doňýürekligini we özüne bolan ýigrenjini göz öňünde tutup, şeýle diýýär: «Ninewiýa halky magşar güni bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder; çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba etdiler; ine, bu ýerde Ýunusdan uly Biri bar» (Şeýle-de Matta 16:4; Luka 11:30, 32⁠-⁠nji aýatlara serediň). Isanyň «Ýunusdan uly Biri bar» diýen sözleri näme aňladýar? Ol iň beýik pygamber hökmünde özüni göz öňünde tutýar, sebäbi Ýehowa ony: «Toba ediň, çünki Gökleriň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge iberýär (Mat. 4:17). Şeýle-de bolsa, şol döwürdäki ýehudylaryň köpüsi «Ýunusyň alamatyny» kabul etmeýärler. Eýsem, şu günler ýagdaý nähili? Köp adamlar Ýehowanyň duýduryşyna gulak asmasalar-da, müňlerçe adamlar bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygy hakda şöhratly hoş habary eşidýärler, muny, ilkibaşda, «Ynsan Ogly» Isa wagyz edýär. Ýunusyň wagzy arkaly ninewiýalylaryň toba gelip halas bolşy ýaly, bu adamlar hem Ýehowanyň jomartlygyny we rehimdarlygyny dadyp, uzak ömür sürüp bilerler, çünki «gutulyş Ýehowanyňkydyr» (Ýunus 2:9).

[Çykgytlar]

a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 2, sah. 99, 100.

b «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 593.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş