Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 31 — Abadýa
Ýazan: Abadýa
Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 607 ý.
ABADÝA KITABY bary-ýogy 21 aýatdan ybarat bolany üçin, Ýewreý Ýazgylarynda iň gysga kitap hasaplanylýar. Kitapda tutuş halkyň ýok ediljekdigi barada Hudaýyň çykaran hökümi yglan edilýär we Hudaýyň Patyşalygynyň gutarnykly dabaralanyşy barada öňünden aýdylýar. Giriş sözleri: «Abadýanyň görnüşi» diýip, ýönekeý sözler bilen başlanýar. Abadýanyň haçan, nirede doglandygy, haýsy taýpadandygy we ömri hakda hiç zat aýdylmaýar. Diýmek, pygamberiň kimligi onçakly wajyp däl, emma aýdan habary örän wajyp, sebäbi Abadýanyň aýtmagyna görä, ol «Ýehowadan gelen habar».
2 Pygamberlikde, esasan, Edom hakda aýdylýar. Öli deňziniň günortasyna Arawa tarap uzalyp gidýän Edom ýurduna Seir dagy hem diýilýär. Ol beýikli-pesli daglyk hem çuň jülgeli ýurt. Kä ýerlerde Arawanyň günortasynda ýerleşýän daglaryň beýikligi deňiz derejesinden 1700 metre ýetýär. Teman etraby halkynyň akyl-paýhasy we batyrgaýlygy bilen tanalýardy. Edom ýurdunyň amatly ýerleşmegi we daş-töweregindäki daglar sebäpli onuň ýaşaýjylary özüni howpsuzlykda duýup, muňa guwanypdyrlara.
3 Edomlylar Ýakubyň dogany Esawyň nebereleridi. Hudaý Ýakubyň adyny «Ysraýyl» diýip üýtgedýär. Diýmek, edomlylar ysraýyllylar bilen ýakyn garyndaş bolup, hatda «dogan» hasaplanýarlar (Kanun. 23:7). Emma Edom özüni dogan hökmünde alyp barmaýar. Ysraýyllylar Wada edilen diýara girjek bolup durka, Musa Edom patyşasyna wekil iberip, ýurdundan parahatlyk bilen geçmegi soraýar, ýöne edomlylar duşmançylyk edip, olaryň haýyşyny inkär edýärler, hatda uly goşun bilen garşylyk görkezýärler (San. 20:14—21). Dawut patyşa olary boýun egdirse-de, Ýehoşafatyň günlerinde olar Ammon we Moab bilen Ýahuda garşy dil düwüşýärler, Ýehoşafatyň ogly Ýorama garşy gozgalaň turzup, Gazadaky, Surdaky ähli ýesir ysraýyllylary alýarlar. Ahaz patyşanyň günlerinde bolsa Ýahuda çozup, öňküdenem köp adamlary ýesir alýarlar (2 Tar. 20:1, 2, 22, 23; 4 Pat. 8:20—22; Amos 1:6, 9; 2 Tar. 28:17).
4 Babyllylar ysraýyllylary barlyşyksyz duşmany hasaplaýany üçin, b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalimi weýran edýär. Edomlylar basybalyjylaryň edýän zatlaryny diňe bir makullaman, eýsem, bütin şäheri weýran etmäge çagyrýarlar. Olar: «Ony ýykyň, ony düýp teýkary bilen ýykyň» diýip gygyryşýarlar (Zeb. 137:7). Olja paýlaşylanda, olaram öz paýyny alýarlar, ýehudylar ýurtdan gaçyp gutuljak bolanda, edomlylar olaryň öňüni baglap, duşmanyň eline berýärler. Iýerusalim weýran edilende, edomlylaryň eden zalymlygy sebäpli, Abadýa kitabynda olary ýazgarýar. Megerem, ol kitabyny ýazan mahaly Edomyň haýynlygy entek ýadyndan çykmadyk bolmaly (Ab. 11, 14). Iýerusalimiň weýran edilmeginden bäş ýyl hem geçmänkä, Nebukadnezar patyşa Edomy basyp alýar we talaýar. Şonuň üçin Abadýa kitaby şondan öň, ýagny b. e. öň 607-nji ýylda ýazan bolmaly.
5 Abadýanyň Edom baradaky pygamberligi doly ýerine ýetýär! Pygamberligiň soňunda şeýle diýilýär: «Esaw saman kimin bolar; olar otlanar, ýalyn ony ýuwdar. Esawyň öýünden hiç kim gutulmaz, çünki muny Ýehowa aýdýar» (18-nji aýat). Edom gylyçly ýaşaýardy, gylyçdan-da heläk bolýar, onuň neslinden bir adamam galmaýar. Bu bolsa pygamberligiň ynama mynasypdygyny we dogrudyny tassyklaýar. Görşümiz ýaly, Abadýa hakyky pygamberdi: Ol Ýehowanyň adyndan sözleýär, onuň pygamberligi Ýehowany şöhratlandyrýar, galyberse-de, pygamberlikleriň doly ýerine ýetendigini taryh tassyklaýar. Onuň adynyň «Ýehowanyň guly» diýilmegi örän ýerlikli.
PEÝDASY
10 Edomyň üstünden çykaran höküminiň ýerine ýetjekdigine güwä geçip, Ýehowa başga pygamberler arkaly hem hökümlerini yglan edýär. Ýowel 3:19-da, Amos 1:11, 12-nji, Işaýa 34:5—7-nji, Ýeremiýa 49:7—22-nji, Ezekiýel 25:12—14; 35:2—15-nji aýatlardaky pygamberlikler bolsa biziň üns bermegimize has-da mynasyp. Irki pygamberliklerde edomlylaryň geçmişde eden duşmançylykly işleri barada aýdylýar; soňky pygamberliklerde bolsa babyllylaryň Iýerusalimi basyp alanda, Edomyň bagyşlanylmaýan işleri ýazgarylýar, bu barada Abadýa pygamber hem agzaýar. Öňünden aýdylan betbagtçylygyň Edomda ýerine ýetişini öwrensek, Ýehowanyň pygamberligine imanymyz has-da berkär. Şeýle-de niýetini hemişe amala aşyrýan Hudaý hökmünde Ýehowa ynamymyz artar (Iş. 46:9—11).
11 Edom bilen «parahatlyk saklap», «äht baglaşan adamlaryň» ony basyp aljakdygyny Abadýa öňünden aýdýar (Ab. 7). Babylyň Edom bilen parahatlygy uzaga çekmeýär. B. e. öň VI asyrda Nabonid patyşanyň baştutanlygynda Babyl goşuny Edomy basyp alýarb. Nabonidiň ýurdy basyp alanyna bir asyr geçse-de, tekepbir Edom ýurduny yzyna almaga tamakindi. Bu barada Malaki 1:4-de şeýle diýilýär: «Eger Edom: «Biz haraba öwrüldik, ýöne dolanyp, ýykylan ýurdy dikelderis» diýse, Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Olar gurar, emma men ýene-de ýykaryn». Edomlylar ýurduny näçe yzyna aljak bolsalar-da, b. e. öň IV asyrda nabateýler şol ýurtda berk ornaşýarlar. Edomlylar ýurdundan gysylyp çykarylyp, Ýahudanyň günortasynda ýaşap başlaýarlar we ol ýeri Idumeýa diýip atlandyrýarlar. Şeýdip, olara Seir ýurduny basyp almak hiç haçan başartmaýar.
12 Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, b. e. öň II asyrda ýehudy patyşasy Ioann Girkana I edomlylaryň galan bölegini boýun egdirip, olary sünneti kabul etmäge mejbur edýär. Olar ýehudy hökümdarlaryň agalygy astynda kem-kemden ýehudy halkyna garyşyp-gatyşyp gidýärler. B. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň weýran edilmegi bilen taryhda olaryň ady ýitip gidýärc. Abadýanyň aýdyşy ýaly-da bolýar: «Sen hemişelik ýok edilersiň... Edomyň öýünden hiç kim gutulmaz» (Ab. 10, 18).
13 Edomlylardan tapawutlykda, ýehudylar b. e. öň 537-nji ýylda Zerubabeliň baştutanlygynda watanyna dolanýarlar. Olar Iýerusalim ybadathanasyny dikeldip, ýurtda berk ornaşýarlar.
14 Tekepbirligiň we men-menligiň heläkçilige eltýänligi şübhesiz! Men-menlik edýän tekepbirler we Hudaýyň halkynyň çekýän kynçylyklaryny görüp, heşelle kakýan adamlar Edomyň ykbalyndan özüne sapak edinsinler. Goý, olar Abadýa kimin «patyşalygyň Ýehowanyňkydygyny» bilsinler. Ýehowa we onuň halkyna garşy söweşýänler doly ýok ediler, emma Ýehowanyň beýik Patyşalygy baky durar we onuň ebedilik hökümdarlygy hemişelik aklanar! (21-nji aýat).
[Çykgytlar]
a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 679.
b «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 1, sah. 682.
c Jewish Antiquities, XIII, 257, 258 (ix, 1); XV, 253 254 (vii, 9).