Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 30 — Amos
Ýazan: Amos
Ýazylan ýeri: Ýahuda
Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 804 ý.
ÝEHOWA Amosy pygamberlik etmäge iberende, ol ne pygamberdi, ne-de pygamberiň ogludy. Ol ýönekeý çopan we injir ýygymçysydy. Ýehowa ony diňe bir öz watany Ýahuda däl-de, esasanam, demirgazyk Ysraýyl patyşalygyna pygamberlik etmäge iberýär. Ol 4 Patyşalar 17:13, 22, 23-nji aýatlarda agzalýan pygamberleriň biri. Amos Ýahudanyň Tekoýa şäherindendi. Tekoýa şäheri Iýerusalimden 16 kilometr günortada, on taýpaly Ysraýyl patyşalygynyň günorta araçäginden bir gün ýol uzaklygynda ýerleşýär (Amos 1:1; 7:14, 15).
2 Amos kitabynyň ilkinji aýadynda Ýahudanyň patyşasy Uziýanyň we Ysraýylyň patyşasy Ýahoaşyň ogly Ýeroboam II günlerinde, güýçli ýertitremeden iki ýyl öň, Amosyň pygamberlik etmäge başlandygy aýdylýar. Bu bolsa onuň 26 ýyl gulluk edip, şu iki patyşanyň hökümdarlygynyň gabat gelýän döwründe (b. e. öň 829-njy ýyldan, tä takmynan b. e. öň 804-nji ýyla çenli) pygamberlik edendigini görkezýär. Zakarýa pygamber Uziýa patyşanyň günlerinde bolan heläkçilikli ýertitremäni agzap, adamlaryň gorkudan ýaňa gaçyp gutulandygyny aýdýar (Zak. 14:5). Ýehudy taryhçysy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, Uziýa patyşa ybadathana girip, men-menlik edip buhur ýakjak bolanda güýçli ýertitreme bolýar. Emma Amosyň agzaýan ýertitremesi Uziýanyň hökümdarlygynyň irki döwründe bolan bolmaly.
3 Amosyň ady «ýük bolmak» ýa-da «ýüki göterýän» diýmegi aňladýar. Pygamber Ysraýyla, Ýahuda (we beýleki ençeme butparaz halklara) garaşýan betbagtçylygy habar berende, Ýehowanyň halkynyň dikeldiljekdigi barada-da göwünlik beriji habary aýdýar. Ysraýylyň betbagtçylyga uçramagyna köp sebäpler bardy. Şol döwürde bol-elinlik, kaşaň ýaşamak we ahlaksyzlyk adaty zada öwrülýär. Halk Ýehowanyň Kanunyny unudýar. Ýasama bolçulyga aldanyp, olar özleriniň öte bişen, gurçuklap çüýräp barýan miwä meňzeşdigine düşünmeýärdiler. Amos on taýpaly patyşalygyň ýaşaýjylarynyň bary-ýogy birnäçe ýyldan Damaska sürgün ediljekdigi hakda pygamberlik edýär. Şeýdip, ol Ýehowanyň dogrulygyny we hökümdarlygyny dabaralandyryp, 21 gezek Ýehowa «Älemiň Hökümdary» diýýär (Amos 1:8).
4 Şu we beýleki pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Amos kitabynyň ynama mynasypdygyna güwä geçýär. Şeýle-de pygamberiň aýtmagyna görä, Ysraýylyň daş-töweregindäki duşman halklaryny, ýagny siriýalylary, filistinleri, surlulary, edomlylary, ammonlylary we moablylary heläkçilik ýalny ýuwdar. Şol duşman halklaryň ählisiniň heläkçilige uçrandygyny taryh subut edýär. Emma Ýahuda bilen Ysraýylyň saýlan ýoly has-da gabahatdy, sebäbi olar Ýehowany terk edip, ýalan taňrylara sežde edýärler. Aşur goşuny Salmanasar V ýolbaşçylygynda Ysraýylyň soňky daýanjy bolan berk Samariýa şäherini ençeme wagtlap gabawda saklap, b. e. öň 740-njy ýylda basyp alýar (4 Pat. 17:1—6). Ýahuda ildeşi bilen bolan wakadan sapak edinmeýär, şol sebäpli-de b. e. öň 607-nji ýylda weýran edilýär.
5 Amos ysraýyllylary kaşaň ýaşaýşy üçin ýazgarýar, sebäbi baý adamlar garyplaryň hakyny iýip, «pil süňkünden jaýlar» gurýardy we olarda şerap içip, iň gowy naharlary iýýärdiler (Amos 3:15; 5:11, 12; 6:4—7). Arheologlar şol baýlyklaryň üstüni açýar. Samariýada gazuw-agtaryş işleri geçirilende, pil süňkünden bejerilen ençeme zatlar tapylýar. «Mukaddes Ýurtda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriň ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Önümleri iki topara bölmek bolar: 1. Gorelýef şekilli plastinalar... 2. Gymmat daşlar, reňkli aýna, altyn folga we ş. m. zatlar bilen nagyşlanan barelýef şekilli plastinalar... Pil süňkünden bejerilen zatlar finikiýa sungatyna degişli bolup, megerem, Ysraýyl patyşalarynyň döwründe köşk mebelini bezemek üçin ulanylan bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda Ahabyň «pil süňkünden gurduran öýi» (3 Pat. 22:39) we «pil süňkünden bejerilen diwanlar» agzalýar. Olar Samariýada kaşaň ýaşaýşyň alamatydy, şonuň üçin hem Amos muny ýazgarypdyr (6:4)»a.
6 Amos kitabynyň Mukaddes Ýazgylar kanonyna degişlidigine hiç hili şübhe bolmaly däl. Stefanusyň Resullaryň işleri 7:42, 43-nji aýatlarda Amosyň kitabyndan üç aýady getirýändigi we Ýakubyň Resullaryň işleri 15:15—18-nji aýatlarda getiren sözleri kitabyň ynama mynasypdygyny gutarnykly subut edýär (Amos 5:25—27; 9:11, 12).
PEÝDASY
13 Mukaddes Ýazgylaryň häzirki okyjylaryna Amosyň Ysraýyla, Ýahuda we goňşy halklara näme üçin şeýle duýduryş berendigi hakda oýlanmak peýdaly bolar. Ýehowanyň kanunyny äsgermeýän, garyplaryň hakyny iýip, olara azar berýän, açgöz, ahlaksyz we butlara sežde edýän adamlar Ýehowanyň razylygyny gazanyp bilmez. Ýöne olar erbet işlerini taşlap, toba gelseler, Ýehowa günäsini geçip, olara rehim eder. Biz bu zalym dünýäniň erbet täsirinden gaça durup, Ýehowanyň: «Meni agtaryň, uzak ýaşarsyňyz» diýen maslahatyna gulak assak, akyldar bolarys (5:4, 6, 14).
14 Stefanus ölüminiň öň ýanynda Amosyň sözlerini getirýär. Ol ýehudylara Ysraýylyň Molok we Refan ýaly butparaz taňrylara sežde edeni üçin ýesirlige iberilendigini ýatladýar. Eýsem, ýehudylar Amosyň kitabyndan getirilen sözlere gulak asdylarmy? Ýok! Olaryň has-da gahary gelip, Stefanusy daşlap öldürdiler we b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalimiň üstüne ýene-de bir heläkçiligiň we harabaçylygyň gelmegine sebäp boldular (Amos 5:25—27; Res. iş. 7:42, 43)
15 Amosyň diňe bir Ysraýyla, Ýahuda we beýleki halklara beriljek jeza baradaky pygamberliklerine däl-de, dikeldiş hakdaky pygamberliklerine seretmek peýdaly bolar. Ýehowanyň Amos arkaly aýdan sözüne laýyklykda, Ysraýyl ýesirleri ilatsyz şäherlerini gurup, üzümçiligini we baglaryny dikeltmek üçin, b. e. öň 537-nji ýylda watanyna dolanýarlar (Amos 9:14; Ezra 3:1).
16 Amosyň pygamberliginiň resullaryň günlerinde-de ajaýyp görnüşde ýerine ýetmegi haýran galdyrýar. Mesihçiler ýygnagyna özge milletlerden adamlaryň gelmelidigini gürrüň edende, Ýakup Hudaýyň ylhamy bilen bu pygamberligiň Amos 9:11, 12-nji aýatlarda öňünden aýdylandygyny düşündirýär. Ol «Dawudyň ýykylan çadyry gaýtadan bina edildi» diýen pygamberligiň mesihçiler ýygnagynda ýerine ýetendigini belläp geçýär, çünki Ýehowa şeýle diýýär: «Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin». Aslynda, Injiliň şu aýatlary täze gurluşyň peýda bolmalydygyny tassyklaýar, Simon Petrusyň aýtmagyna görä, Hudaý «özge milletlerden Öz adyna bir halk almakçy» (Res. iş. 15:13—19).
17 Başga bir aýatda mesihçiler ýygnagynyň Başy Isa Mesihe «atasy Dawudyň tagtyny» aljak we ebedi hökümdarlyk etjek «Dawut ogly» diýilýär (Luka 1:32, 33; 3:31). Şeýlelikde, Amosyň pygamberligi Dawut bilen baglaşylan patyşalyk ähtiniň ýerine ýetjekdigini görkezýär. Amosyň soňky sözleri diňe bir «Dawudyň çadyrynyň» dikeldilýän döwründe boljak bolçulygy we gülleýşi suratlandyrman, eýsem, Hudaýyň Patyşalygynyň hemişelikdigini belläp geçýär: «Men olary özleriniň ýerine ekerin, şondan soň olar Meniň beren ýerimden kowlup çykarylmaz diýip, Ýehowa Hudaý aýdýar». Ýehowa «Dawudyň çadyryny» doly dikeldende, ýer ýüzüne ebedilik bereket eçiler (Amos 9:13—15).
[Çykgytlar]
a 1978, Iýerusalim, sah. 1046.