Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi07 sah. 13—14
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 29 — Ýowel

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 29 — Ýowel
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 14
bsi07 sah. 13—14

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 29 — Ýowel

Ýazan: Ýowel

Ýazylan ýeri: Ýahuda

Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 820 ý. (?)

MÖR-MÖJEKLER yzly-yzyna çozup, ýurdy tozdurýar. Başda ot, soňra ýalyn weýrançylygyň üstüni ýetirýär. Adamlar açlyk çekýär. Gün garalyp, aý gana bulanýar, çünki Ýehowanyň beýik, aýylganç güni golaýlaýar. Hudaý halklary ýygnap, ýok etmek üçin oraga başlamagy buýurýar. Ýöne käbir adamlar «gutular» (Ýowel 2:32). Ýoweliň pygamberliginde berilýän şu tolgundyryjy wakalara seretmek täsirli we peýdaly bolar.

2 Kitap «Ýehowanyň Petueliň ogly Ýowele aýdan sözleri» bilen başlanýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýowel hakda başga hiç zat aýdylmaýar. Sebäbi ýazan adama däl-de, pygamberlige üns berilýär. «Ýowel» (ýewreýçe «Ýoel») ady «Ýehowa Hudaýdyr» diýmegi aňladýan bolmaly. Ýowel Iýerusalimi, ybadathanany we ybadathanada edilýän gullugyň aýratynlyklaryny gowy bilýär, bu kitabyň Iýerusalimde ýa-da Ýahudada ýazylandygyny görkezýär (Ýowel 1:1, 9, 13, 14; 2:1, 15, 16, 32).

3 Ýowel kitaby haçan ýazyldy? Bu barada anyk bir zat aýdyp bolmaýar. Alymlar b. e. öň 800⁠-⁠nji ýyldan, tä b. e. öň 400⁠-⁠nji ýyl aralygyndaky dürli seneleri agzaýarlar. Kitapda Ýehowanyň Ýehoşafat deresinde halklary höküm edişi beýan edilýär. Şuny göz öňünde tutsak, onda Ýowel pygamberligini b. e. öň 936⁠-⁠njy ýylda Ýehowa Ýehoşafaty Ýahuda patyşa belläp, oňa beýik ýeňşi berenden soň ýazan bolmaly (Ýowel 3:2, 12; 2 Tar. 20:22⁠—⁠26). Eger Amos pygamberiň Ýoweliň golýazmasyna salgylanandygyny göz öňünde tutsak, onda Ýowel pygamber kitabyny Amosdan öň ýazyp, pygamberlik gullugyna takmynan b. e. öň 829⁠—⁠804⁠-⁠nji ýyllar aralygynda başlan bolmaly (Ýowel 3:16; Amos 1:2). Bu kitabyň Ýewreý kanonynda Hoşea we Amos kitaplarynyň arasynda goýulmagy hem onuň irräk ýazylandygyny görkezýär. Şeýlelikde, Ýoweliň pygamberligi takmynan b. e. öň 820⁠-⁠nji ýylda ýazylan hasaplanýar.

4 Injilde Ýowel kitabyndan aýatlaryň getirilmegi we oňa salgylanmagy pygamberlikleriň ynama mynasypdygyny tassyklaýar. Pentikost güni Petrus «Ioel [Ýowel] pygamberi» agzap, onuň bir pygamberligini düşündirýär. Pawlus resul hem şol pygamberlige salgylanyp, onuň ýehudylarda we ýehudy dällerde nähili ýerine ýetendigini görkezýär (Ýowel 2:28⁠—⁠32; Res. iş. 2:16⁠—⁠21; Rim. 10:13). Ýoweliň goşňy halklar barada aýdan ähli pygamberlikleri hem ýerine ýetdi. Nebukadnezar beýik Sur şäherini gabaýar, soňra Iskender Zülkarneýin şäheriň adadaky bölegini weýran edýär. Filistinler hem şoňa meňzeş heläkçilige uçraýar. Edom bolsa çöl-beýewanlyga öwrülýär (Ýowel 3:4, 19). Ýehudylar Ýowel kitabynyň Ýewreý kanonyna girýändigine hiç haçan şübhelenmeýärdiler we ony kiçi pygamberleriň arasynda ikinji kitap hasaplaýardylar.

5 Ýowel kitaby çeper hem täsirli ýazylan. Pygamber pikiri nygtap geçmek üçin, ony gaýtalap aýdýar we täsin meňzetmeleri ulanýar. Halk we goşun çekirtgelere meňzedilýär. Çekirtgeleriň dişleri ýolbarsyňka, özleri bolsa ata meňzeş bolup, söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryňky ýaly ses çykarýarlar. Bir ylmy kitapda çekirtgelere garşy göreşýän edaranyň sözleri getirilýär: «Ýoweliň çekirtgäniň çozuşyny dogry we jikme-jik suratlandyryşynyň deňi-taýy ýok»a. Geliň, häzir Ýoweliň Ýehowanyň gorkunç güni hakda pygamberlik edişine seredeliň.

PEÝDASY

12 Mukaddes Ýazgylary düşündirýän käbir alymlar Ýoweli gaýgyly pygamber hökmünde suratlandyrýarlar. Emma Hudaýyň halky üçin ol şöhratly gutulyşyň buşlukçysydy. Pawlus resul bu pikiri Rimliler 10:13⁠-⁠de nytap, şeýle diýýär: «Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular» (Ýowel 2:32). B. e. 33⁠-⁠nji ýylynda Pentikost güni Ýoweliň pygamberligi ajaýyp görnüşde ýerine ýetýär. Şonda Petrus resul Hudaýyň ruhunyň Isanyň şägirtlerine dökülmegi bilen Ýoweliň aýdan pygamberliginiň ýerine ýetýändigini düşündirýär (Res. iş. 2:1⁠—⁠21; Ýowel 2:28, 29, 32). Petrus resul Ýoweliň sözleriniň pygamberlik ähmiýetine üns berip: «Onsoň Rebbi çagyran adam gutular» diýýär (Res. iş. 2:21, 39, 40).

13 Ýoweliň suratlandyran çekirtgäniň çozuşy bilen Ylham kitabynyň 9⁠-⁠njy babynda aýdylan belanyň arasynda täsin meňzeşlik bar. Ýoweliň pygamberligindäki ýaly gün garalýar. Çekirtgeler söweşe taýýarlanan atlary ýatladýar, arabalaryňky ýaly ses çykarýarlar hem-de dişleri ýolbarsyňka meňzeş (Ýowel 2:4, 5, 10, 1:6; Ylh. 9:2, 7⁠—⁠9). Ýowel 2:31⁠-⁠däki günüň garalmagy Işaýa 13:9, 10⁠-⁠njy, Ylham 6:12⁠—⁠17⁠-⁠nji we Matta 24:29, 30⁠-⁠njy aýatlarda aýdylýan wakalara meňzeýär. Isa Matta 24:29, 30⁠-⁠njy aýatlardaky pygamberligiň özüniň Ynsan Ogly hökmünde gudrat hem uly şöhrat bilen gelende, ýerine ýetjekdigini aýdyp geçýär. Malaki 4:5⁠-⁠de Ýowel 2:11⁠-⁠däki «Ýehowanyň beýik we aýylganç güni» diýen sözleri getirilýän bolmaly. Şoňa meňzeş «garaňkylyk we tümlük güni» hakda Ýowel 2:2⁠-⁠de we Sefanýa 1:14, 15⁠-⁠nji aýatlarda aýdylýar.

14 Ylham kitabynda Hudaýyň gazabynyň «beýik gününiň» gelýändigi aýdylýar (Ylh. 6:17). Şol döwür hakda Ýowel hem pygamberlik etdi. Onuň aýtmagyna görä, «Ýehowanyň beýik güni» halklaryň başyna inende, Hudaýdan goragy we gutulyşy dilän adamlar «gutular». «Ýehowa halkyna pena bolar». Erem bagyndaky şertler dikeldiler: «Şol gün daglardan süýji şerap damar, baýyrlardan süýt akar we Ýahudanyň ähli akymlary suwdan dolar. Ýehowanyň öýünden çeşme suwy akar». Dikeldiş bilen baglanyşykly şu ajaýyp wadalary aýdyp, Ýowel Ýehowa Hudaýyň hökümdarlygyny beýgeldýär, akýürekli adamlara ýüzlenip, Hudaýyň beýik merhemetini ýatladýar: «Hudaýyňyz Ýehowa dolanyň, çünki ol mähriban hem rehimdardyr; gahary gelmezek, merhemeti boldur». Şu ylhamlanan çakylyga seslenen ähli adamlar ebedi bereket alarlar (Ýowel 2:1, 32; 3:16, 18; 2:13).

[Çykgytlar]

a «The lnterpreters Bible» 1956, Kitap VI, sah. 733.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş