Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 28 — Hoşea
Ýazan: Hoşea
Ýazylan ýeri: Samariýa (welaýat)
Ýazylan wagty: b. e. öň 745 ý. soň
Öz içine alýan wagty: b. e. öň 804 ý. öň—b. e. öň 745 ý. soň
ÝEWREÝ ÝAZGYLARYNYŇ soňky 12 kitabyna «kiçi pygamberler» diýilýär. Bu kitaplar ululygy boýunça Işaýa ýa-da Ýeremiýa kitabyndan kiçi bolsa-da, olaryň ähmiýetini peseltmeýär. Ýewreý Mukaddes Ýazgylarynda olar bir kitap hasaplanyp, «On ikiler» diýilýär. Ähtimal, olary abat saklamak üçin bir kitap edendirler, sebäbi kiçijik golýazma ýekeligine aňsatlyk bilen ýitmegi mümkin. On iki kitabyň hersi ýazan adamyň adyny göterýär. Onuň ilkinji kitabyny Hoşea pygamber ýazýar. Onuň doly ady Hoşeýah bolup, «Ýahyň halas edeni; Ýah halas etdi» diýmegi aňladýar.
2 Kitap ýazan adamyň adyny göterse-de, Hoşea hakda köp zat aýdylman, diňe onuň Beýeriniň ogludygy aýdylýar. Onuň pygamberlikleri, esasan, Ysraýyl hakyndady, Ýahuda barada az agzalýar. Hoşea Iýerusalim barada hiç zat aýtmasa-da, Ysraýylyň uly taýpasy Efraýymyň adyny 37 gezek, onuň paýtagty Samariýanyň adyny 6 sapar agzaýar.
3 Kitabyň ilkinji aýadyndan Hoşea Ýehowanyň pygamberi hökmünde örän uzak wagt, ýagny Ysraýylyň patyşasy Ýeroboam II hökümdarlygynyň soňky ýyllaryndan başlap, tä Ýahudanyň patyşasy Hizkiýanyň hökümdarlygyna çenli gulluk edendigi görünýär. Hoşea pygamberligini takmynan b. e. öň 804-nji ýyldan, tä b. e. öň 745-nji ýyla çenli azyndan 59 ýyl pygamberlik edýär. Elbetde, onuň pygamberlik gullugy Ýeroboamyň we Hizkiýanyň hökümdarlygynyň birnäçe ýylyny öz içine alýar. Onuň ýaşan döwründe Amos, Işaýa, Mika we Oded ýaly wepaly pygamberler Ýehowa gulluk etdiler (Amos 1:1; Iş. 1:1; Mika 1:1; 2 Tar. 28:9).
4 Injilde Hoşea kitabyndan ençeme aýatlaryň getirilmegi onuň ynama mynasypdygyny tassyklaýar. Isa Iýerusalim höküm ediler diýende, Hoşea 10:8-däki sözleri getirýär: «Şonda daglara: «Biziň üstümize ýykylyň!» Depelere: «Biziň üstümizi örtüň!» diýerler» (Luka 23:30). Bu aýadyň bir parçasy Ylham 6:16-da hem getirilýär. Matta pygamberligiň ýerine ýetendigini belläp, Hoşea 11:1-i getirýär: «Men Oglumy Müsürden çagyrdym» (Mat. 2:15). Ýahuda ýesirlige äkidilmezinden öň, on taýpaly patyşalygyň köp adamlary ol ýere göçýär we olaryň nesilleri sürgünden watanyna dolanan adamlaryň arasynda bardy. Şeýdip, Hoşeanyň ähli Ysraýylyň dikeldilmegi baradaky pygamberligi ýerine ýetýär (Hoş. 1:11; 2 Tar. 11:13—17; 30:6—12, 18, 25; Ezra 2:70). Ezranyň döwründen bäri, bu kitap «Ýehowanyň Hoşea arkaly aýdan sözleri» hökmünde Ýewreý kanonynda özüniň kanuny ornuny tutýar (Hoş. 1:2).
5 Ýehowa näme üçin Hoşeany Ysraýyla pygamber edip iberýär? Sebäbi Ysraýyl Ýehowa bilen ähtini bozýar: biwepalyk edip, Baala sežde edýär. Wada edilen diýarda Ysraýyl ekerançylyk bilen meşgullanýardy. Olar bu işi kenganlylardan öwrenende, olaryň dinini hem kabul edip, hasylyň piri Baala sežde edip başlaýarlar. Hoşeanyň döwründe Ysraýyl Ýehowadan doly ýüz öwrüp, şowhun-şagalaňly we aýşy-eşretli däp-dessurlary berjaý edip, ybadathana kemçinleri bilen ahlaksyzlyk edýärdiler. Olar maddy üpjünçilik Baala bagly diýip düşünýärdiler. Şeýle biwepalyk we Ýehowany äsgermezlik jezasyz galmaly däldi. Ýehowa olara bolçulygy Baalyň bermeýändigini görkezjekdi, şol sebäpli toba etmese, näme boljakdygyny duýdurmak üçin Hoşeany iberýär. Ýeroboamyň ölmegi bilen, Ysraýyl pese düşüp başlaýar. B. e. öň 740-njy ýylda Aşur ýesirlige äkidýänçä, ýurtda zulum patyşalar höküm sürýär we olaryň köpüsi öldürilýär. Şol gowgaly döwürde iki topar özara göreş alyp barýar. Olaryň biri Müsür, beýlekisi Aşur bilen syýasy birleşik baglaşmak isleýär. Hiç birisi-de Ýehowa bil baglamaýar.
6 Hoşea kitaby täsirli tärde ýazýar. Ol köplenç mähirli hem duýgudaşlyk bildirýän sözleri ulanýar; Ýehowanyň merhemetini we rehimdarlygyny gaýta-gaýta agzap geçýär. Ol halkyň göze ilýän her bir tobasynyň üstünde aýratyn durup geçýär. Kähalatda arasyny kesip, joşgunly gepleýär. Setirleriň sazlaşygy ýetmeýän ýerini sözleriň çeperligi alyp çykýar. Pygamber içgin duýgularyny beýan edip, pikirleriň ugruny çalt üýtgedip durýar.
7 Pygamberlik gullugynyň başynda Hoşea «zyna edýän aýaly» almak tabşyrylýar (1:2). Ýehowa muny belli bir maksat bilen aýdýar. Ýehowa üçin Ysraýyl biwepa we ahlaksyz aýal kimindi. Emma Ýehowa söýgüsini görkezip, onuň bilen öňki gatnaşygyny dikeltmek isleýär. Munuň ählisini Hoşeanyň aýaly Gomer arkaly suratlandyryp bolardy. Ilkinji çagasyny dograndan soň, ol ärine ikilik edip başlaýar we beýleki çagalaryny zynadan dogran bolmaly (2:5—7). Muny «oňa [Hoşea] bir ogul dogurdy» diýen sözler subut edýär, ýöne beýleki iki çagasy doglanda, pygamber hakda hiç hili agzalmaýar (1:3, 6, 8). Üçünji babyň 1—3-nji aýatlarynda Hoşeanyň Gomeri yzyna kabul edişi we gyrnak kimin satyn alyşy hakda gürrüň berilýär. Bu bolsa ruhy zynadan toba eden halkyny Ýehowanyň yzyna kabul edişini görkezýär.
8 Hoşeanyň pygamberlik sözleri, esasan, on taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygyna niýetlenýär. Ol Efraýym ady bilen hem belli, sebäbi Efraýym patyşalykda iň uly taýpady. Ysraýyl we Efraýym atlary kitapda gezekli-gezegine ulanylýar.
PEÝDASY
14 Hoşea kitaby Ýehowanyň pygamberlikleriniň ýerine ýetjekdigine imanyňy berkidýär. Hoşeanyň Ysraýyl we Ýahuda hakda aýdan her bir pygamberligi berjaý bolýar. Ysraýylyň oýnaşlary, ýagny goňşy butparaz halklar ony taşlaýar we b. e. öň 740-njy ýylda Aşuryň derbi-dagyn etmegi bilen ysraýyllylar «tüweleý orýarlar» (Hoş. 8:7—10; 4 Pat. 15:20; 17:3—6, 18). Emma Hoşea pygamber Ýehowanyň Ýahuda rehim edip, halas etjekdigini öňünden aýdýar. Ýöne ol harby goşun bilen halas etmekçi däldi. Bu pygamberlik Ýehowanyň perişdesi Iýerusalime howp salýan 185 000 aşur esgerleri heläk edende ýerine ýetýär (Hoş. 1:7; 4 Pat. 19:34, 35). Muňa garamazdan, Hoşea 8:14-däki höküm Ýahuda-da degişli. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Men onuň şäherlerine ot ýagdyraryn we ol diňleriň hemmesini ýykar». Bu elhenç pygamberlik b. e. öň 609—607-nji ýyllarda Nebukadnezar patyşa Ýahudany we Iýerusalimi harabalyga öwrende ýerine ýetýär (Ýerem. 34:6, 7; 2 Tar. 36:19). Hoşeanyň dikeldiş barada aýdan ähli pygamberlikleri ýerine ýetýär. Ýehowa Ýahudany we Ysraýyly ýygnap, b. e. öň 537-nji ýylda sürgünlik «ýurdundan çykarýar» (Hoş. 1:10, 11; 2:14—23; 3:5; 11:8—11; 13:14; 14:1—9; Ezra 2:1; 3:1—3).
15 Injili ýazan adamlaryň Hoşeanyň pygamberligine salgylanmagy hem şu günler biziň üçin peýdalydyr. Meselem, Pawlus direliş hakda gürrüň berip, Hoşea 13:14-i jaýdar ulanýar: «Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?» (1 Kor. 15:55). Pawlus Ýehowanyň rehimdarlyk gaplaryna edýän merhemetini nygtap, Hoşea 1:10-daky we 2:23-däki sözleri getirýär: «Hoşeanyň kitabynda-da diýýär: «Men halkym däle halkym, söýülmeýäne söýgüli diýerin». «Bu olara: Siz Meniň halkym däl diýlen ýerde ýüze çykar, şol ýerde-de olara diri Hudaýyň ogullary diýler» (Rim. 9:25, 26). Petrus bolsa Hoşeanyň şol sözlerini biraz üýtgedip, şeýle beýan edýär: «Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz» (1 Pet. 2:10).
16 Diýmek, Hoşeanyň pygamberligi diňe bir Zerubabeliň günlerinde galyndynyň dolanmagy bilen däl, eýsem, Ýehowanyň ruhy galynda rehim edip, ýygnamagy bilen hem ýerine ýetýär. Olaryň agzalary «diri Hudaýyň söýgüli ogullary» boldy. Hudaýyň olardan näme talap edýändigi hakda Hoşea ylham berýär. Olar belli bir däpleri ýerine ýetirip, göz üçin sežde etmeli däldi, Hoşea 6:6-da (Isa bu sözleri Matta 9:13-de we 12:7-de gaýtalady) biz şeýle sözleri okaýarys: «Men gurban däl-de, rehimdarlyk isleýärin. Ýakylýan gurbanlary däl-de, Hudaý hakda bilimi isleýärin».
17 Hoşeanyň durmuşy arkaly görkezilýän zynahor aýalyň mysaly, Hudaýy terk edip, butparazlyga we ýalan seždä baş goşup, ruhy zynahorluk edýänleri Ýehowanyň ýigrenýändigini görkezýär. Ýolundan azaşan her kes ýürekden toba gelip, Ýehowa dolanmaly we «dodaklarynyň gölelerini getirmeli» (Hoş. 14:2; Ýew. 13:15). Olar Ysraýylyň ruhy ogullarynyň galyndysy bilen Hoşea 3:5-de Patyşalyk baradaky wadanyň ýerine ýetişine şatlanyp bilerler: «Şondan soň Ysraýyl ogullary dolanyp, Hudaýy Ýehowany we patyşasy Dawudy agtararlar. Soňky günlerde Ýehowanyň we onuň merhemetiniň öňünde titrärler».