Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 27 — Daniýel
Ýazan: Daniýel
Ýazylan ýeri: Babyl
Ýazylan wagty: takmynan b. e. öň 536 ý.
Öz içine alýan wagty: takmynan b. e. öň 618—536 ý.
ŞU GÜNLER ýer ýüzüniň ähli halklaryna uly betbagtçylyk abanýarka, Daniýel kitaby wajyp pygamberliklere ünsümizi çekýär. Mukaddes Ýazgylaryň Patyşalar we Taryhlar kitabyndaky Hudaýyň nyşany (Dawudyň neslinden bolan) patyşalygynyň taryhyny gözi bilen gören adamlar beýan edýär. Emma Daniýel kitabynda dünýä şalyklary beýan edilip, beýik şa nebereleriň Daniýeliň döwründen başlap, tä «soňky günlere» çenli häkimiýet ugrunda alyp baran göreşi hakda pygamberlik edilýär. Aslyýetinde, bu öňünden ýazylan dünýä taryhydyr. Onuň hekaýasy «soňky günlerde» boljak tolgundyryjy wakalar bilen jemlenýär. Dünýä halklary hem Nebukadnezar kimin «Hemmelerden Beýigiň ynsan patyşalygynyň Hökümdarydygyna» we ony ahyry «ynsan ogluna meňzeş» Hökümdar Isa Mesihe berjekdigine köp külpetler arkaly göz ýetirerler (Dan. 12:4; 10:14; 4:25; 7:13, 14; 9:25; Ýahýa 3:13—16). Daniýel kitabyndaky pygamberlikleri ünsli yzarlasak, Ýehowanyň pygamberlikleriniň ygtybarlydygyna ynamymyz berkär hem-de Hudaýyň halky onuň goragyna we bereketine doly bil baglap biljekdigine düşüneris (2 Pet. 1:19).
2 Kitap, ýazan adamyň adyny göterýär. «Daniýel» (ýewreýçe «Daniel») «Meniň Kazym Ýehowadyr» diýmegi aňladýar. Onuň döwürdeşi Ezekiýel pygamber Daniýeliň, hakykatdan-da, ýaşandygyny tassyklap, onuň adyny Nuh we Eýýup bilen birlikde agzap geçýär (Ezek. 14:14, 20; 28:3). Daniýel öz kitabyny b. e. öň 618-nji ýylda «Ýahudanyň patyşasy Ýehoakiniň patyşalygynyň üçünji ýylynda» ýazyp başlandygyny aýdýar. Bu Nebukadnezara tabyn patyşa hökmünde Ýehoakiniň üçünji ýylydya. Daniýel pygamberlik görnüşleri Kiriň hökümdarlygynyň üçünji ýylyna, ýagny b. e. öň 536-njy ýyla çenli görýär (Dan. 1:1; 2:1; 10:1, 4). Daniýel bütin ömrüniň dowamynda örän köp wakalary görýär! Ol ýaşlygyny Ýahudada, Hudaýyň patyşalygynda geçirýär. Soňra ýaş emir hökmünde beýleki ýehudy begzada ýoldaşlary bilen Babyla äkidilip, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan üçünji dünýä şalygynyň galyşyny we ýykylyşyny görýär. Bu wakalary başdan geçirip, Daniýel dördünji dünýä şalygynda, ýagny Midiýa-Pars şalygynda döwlet işgäri bolup hyzmat edýär. Daniýel pygamber takmynan ýüz ýaşan bolmaly.
3 Daniýel kitaby ýehudylaryň ylhamlanan Ýazgylar ýygyndysynda hemişe-de bardy. Daniýel kitabynyň käbir parçalary Öli deňiz golýazmalarynda beýleki ylhamly kitaplar bilen birlikde tapylýar; olaryň käbiri b. e. öň I asyryň birinji ýarymy bilen senelenýär. Emma kitabyň ynama mynasypdygynyň has möhüm subutnamasy — kitaba Injil hem salgylanýar. Isa «ahyrzaman» hakdaky pygamberliginde Daniýel pygamberi aýratyn agzap geçýär we onuň kitabyndan birnäçe aýatlary getirýär (Mat. 24:3; şeýle-de Dan. 9:27; 11:31; Mat. 24:15; we Mar. 13:14; Dan. 12:1; Mat. 24:21; Dan. 7:13, 14; Mat. 24:30-njy aýatlara seret).
4 Mukaddes Ýazgylaryň tankytçylary Daniýel kitabynyň taryhy taýdan dogrulygyny şübhä goýsa-da, köp ýyllaryň dowamynda arheologik tapyndylar arkaly olaryň çaklamalary bütinleý ýalana çykarylýar. Meselem, Daniýeliň aýtmagyna görä, Babylda Belşazar patyşa höküm sürýärdi. Emma tankytçylar muny ýaňsa alýarlar, sebäbi şol wagtlar Nabonid patyşa höküm sürýärdi (Dan. 5:1). Häzir arheologik tapyndylar Belşazaryň hakykatdan-da ýaşandygyny we Babyl şalygynyň soňky ýyllarynda Nabonid bilen bile höküm sürendigini gürrüňsiz tassyklaýar. Mysal üçin, «Nabonidiň poemasy» atly gadymy klinopis ýazgysy Babylda Belşazaryň patyşalyk edendigini aç-açan tassyklaýar we onuň näme sebäpden Nabonid bilen bile hökümdarlyk edendigini düşündirýärb. Başga bir klinopis ýazgy bolsa Belşazaryň patyşa borçlaryny ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Nabonidiň hökümdarlygynyň 12-nji ýyly bilen senelenýän bir daş sahypada patyşa Nabonidiň we patyşanyň ogly Belşazaryň eden kasamy ýazylyp, Belşazaryň öz atasy bilen deň derejede höküm sürendigini görkezýärc. Belşazar hut şu sebäpli-de, diwarda ýazylan haty ýorup berse, Daniýele «patyşalykda üçünji hökümdar ederin» diýdi. Nabonid birinji, Belşazar — ikinji, Daniýel bolsa üçünji hökümdar hökmünde yglan edilmelidi (5:16, 29). Bir alym şeýle diýýär: «Klinopis ýazgylarynda Belşazar hakda agzalmagy onuň oýnan roluna köp ýagty saçdy, indi onuň taryhdaky orny hakda hiç hili şübhe ýok. Belşazaryň wezipesiniň we ygtyýarynyň Nabonidiňki ýaly bolandygy ençeme ýazgylardan görünýär. Täze Babyl patyşalygynyň soňunda köplenç goşa hökümdar bolandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Nabonid özüniň ýokary häkimiýetini Arabystanyň Tema şäherinde amala aşyrýar, Belşazar bolsa erk-ygtyýary jemläp, watany Babylda hökümdarlyk borjuny ýerine ýetirýär. Diýmek, Belşazar gowşak hökümdar bolmandyr, oňa «patyşalyk» ynanylýar»d.
5 Käbir adamlar Daniýeliň otly peç hakdaky hekaýasyny (3-nji bap) şübhä goýup, oňa toslama rowaýat diýjek bolýarlar. Emma gadymy Babyl hatynyň bir parçasynda şeýle sözleri okaýarys: «Hojaýynyň Rim-Sin şeýle diýýär: «Ol gul oglan peje atany üçin, ol guly hem oda ýakarsyňyzmy?» Şu golýazma salgylanyp, J. R. Draýweriň bellemegine görä, şeýle jeza «Üç Keramatly Ýigit hekaýasynda agzalýar (Dan. III 6, 15, 19—27)»e.
6 Ýehudylar Daniýel kitabyny Pygamberler kitabyna däl-de, Ýazgylar kitabyna girizdiler. Emma iňlisçe Mukaddes Ýazgylarda grek Septuagintanyň we latynça Wulgatanyň tertibine eýerip, Daniýel kitaby uly we kiçi pygamberleriň arasynda ýerleşdirilýär. Aslynda, kitap iki bölümden ybarat. Birinji bölüme 1—6-njy baplary girip, b. e. öň 617-nji ýyldan, tä b. e. öň 538-nji ýyla çenli Daniýeliň we onuň ýoldaşlarynyň döwlet gullugynda başyndan geçiren wakalary taryhy tertipde gürrüň berilýär (Dan. 1:1, 21). Ikinji bölüme 7—12-nji baplar girip, Daniýel öz adyndan ýazýar we b. e. öň 553-nji ýylyndanf, tä takmynan b. e. öň 536-njy ýyla çenli gören görnüşlerini, perişdeleriň aýdan sözlerini beýan edýär (7:2, 28; 8:2; 9:2; 12:5, 7, 8). Bu iki bölüm Daniýel kitabyny düzýär.
PEÝDASY
19 Häzirki hudaýsyz dünýäde aýypsyz ýaşamak isleýän adamlaryň ählisine Daniýel we onuň üç ýoldaşynyň ajaýyp göreldesini öwrenmek peýdaly bolar. Howply ýagdaýda-da, olar Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşadylar. Olaryň janyna howp abananda, Daniýel özüni «maslahata görä paýhasly» alyp bardy we patyşanyň ýokary häkimiýetine hormat goýdy (2:14—16). Hatda agyr ýagdaýda-da üç ýewreý ýigidi butparazlygy däl-de, otly peji saýlady, Daniýel bolsa Ýehowa doga etmekden mahrum bolanyndan ýolbarsly çukura düşenini dogry saýdy. Iki ýagdaýda-da Ýehowa olary gorady (3:4—6, 16—18, 27; 6:10, 11, 23). Daniýel doga arkaly Ýehowa bil baglap, ajaýyp görelde galdyrdy (2:19—23; 9:3—23; 10:12).
20 Şeýle-de Daniýeliň görnüşleri imanyňy berkidýär. Geliň, dünýä şalyklary hakdaky dört görnüşe seredeliň: 1) Elhenç heýkel hakdaky görnüşde, altyn kelle Babylyň Nebukadnezar bilen başlaýan patyşalar neberesini aňladýar, soňra heýkeliň beýleki böleklerinden görnüşi ýaly, üç şalyk döreýär. Bu şalyklary «daş» ýumurýar. Şol «daş» «hiç haçan ýok bolmajak» Hudaýyň Patyşalygy bolýar (2:31—45). 2) Soňra Daniýeliň gören görnüşleri başlanýar; birinji görnüşde «dört patyşalygy» aňladýan dört haýwany görýär. Olar ýolbarsa, aýa, dört başly barsa we demir dişli, on şahly (onunjy şahy kiçiräk bolup, soň peýda bolýar) janawara meňzeş (7:1—8, 17—28). 3) Soňra teke (Midiýa-Pars), goç (Gresiýa) we kiçi şah hakdaky görnüşi görýär (8:1—27). 4) Soňunda günorta we demirgazyk patyşalary hakda görnüş berilýär. B. e. öň 323-nji ýylda Isgender Zülkarneýin ölüp, Gresiýa şalygy ýykylandan soň, dörän Selewkiler we Ptolemeýler neberesiniň duşmançylygy Daniýel 11:5—19-njy aýatlarda jikme-jik beýan edilýär. 20-nji aýatdan başlap, pygamberlikde günorta we demirgazyk patyşalyklaryň häkimiýetiniň haýsy döwletlere geçenligi sanalýar. Isa barlygynyň alamaty hakdaky pygamberliginde «weýrançylyk getirýän ýigrenjini» (11:31) agzap, şol iki patyşanyň häkimiýet ugrunda alyp baran göreşiniň tä «ahyrzamana» çenli dowam edýändigini görkezýär (Mat. 24:3). «Adamzat döränden bäri, häzire çenli bolmadyk muşakgatly döwürde», Mikaýyl orta çykyp, hudaýsyz halklary ýok etjekdigi we Hudaýa gulak asýan adamlara parahatlyk getirjekdigi baradaky pygamberlik wadasy nähili göwünlik berýär! (Dan. 11:20—12:1).
21 Indi Daniýeliň «ýetmiş hepde» hakdaky pygamberligine seredeliň. «Mesih Hökümdar» 69 hepdeden peýda bolmalydy. Artakserks patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Iýerusalimi dikeltmek barada karar kabul edýär we Nehemýa Iýerusalime gidip, şol karary durmuşa geçirip başlaýar. Şol wakadan 483 ýyl (7 ýyly 69-a köpeltsek) geçende, Nasyraly Isa Iordan derýasynda suwda çokundyrylýar we mukaddes ruh bilen mesh edilip, Mesih (ýagny Bellenen) bolýarg. Bu waka b. e. 29-njy ýylynda bolup geçýär. Şol wakadan soň, b. e. 70-nji ýylynda Daniýeliň öňünden aýdyşy ýaly, Iýerusalim bütinleý «weýran» edilýär (Dan. 9:24—27; Luka 3:21—23; 21:20).
22 Daniýel kitabynyň 4-nji babynda Nebukadnezaryň kesilen agaç hakda gören düýşi we üstünliklerine öwnüp, güýç-kuwwatyna bil baglandygy üçin, Ýehowa Hudaýyň ony boýun egdirendigi gürrüň berilýär. «Hemmelerden Beýigiň ynsan patyşalygyna Hökümdardygyna we ony islänine berýändigine» düşünýänçä, ol ýabany haýwanlar bilen ýaşaýar (Dan. 4:32). Nebukadnezar ýaly bizem üstünliklerimize öwnüp, ynsan güýjüne bil baglap, Ýehowanyň gazabyna sezewar bolmak isleýärismi? Ýehowanyň ynsan hökümetiniň üstünden höküm sürýändigini boýun alyp, onuň Patyşalygyna bil baglamak paýhasly dälmi?
23 Daniýel kitabynda Hudaýyň Patyşalygyna bolan umyt başdan-aýak nygtalyp, imanyňy diýseň berkidýär. Ýehowa Hudaý Älemiň Hökümdary hökmünde beýan edilip, hiç haçan ýykylmajak we ähli patyşalyklary ýok etjek Patyşalygy berkarar edýär (2:19—23, 44; 4:25). Hatda Nebukadnezar we Dariý ýaly butparaz patyşalar Ýehowanyň hemmelerden güýçlüdigini boýun almaga mejbur bolýarlar (3:28, 29; 4:2, 3, 37; 6:25—27). Ýehowa Günleri Gadymy hökmünde beýgeldilip şöhratlandyrylýar. Ol Patyşalyk baradaky jedelli meseläni çözüp, «ähli halklar, milletler we diller gulluk etsin diýip, häkimiýeti, şöhraty hem-de patyşalygy» «ynsan ogluna meňzeşe» berýär. «Hemmelerden Beýigiň mukaddesleri» «Ynsan Ogly» Isa Mesih bilen Patyşalykda bile höküm sürerler (Dan. 7:13, 14, 18, 22; Mat. 24:30; Ylh. 14:14). Isa Mesihe Beýik Şazada Mikaýyl hem diýilýär. Ol patyşalyk häkimiýetini ulanyp, bu köne dünýäniň ähli patyşalyklaryny ýumrar we olaryň soňuna çykar (Dan. 12:1; 2:44; Mat. 24:3, 21; Ylh. 12:7—10). Şu pygamberliklere we görnüşlere düşünip, dogrulygy söýýän adamlar Hudaýyň Sözüni uly höwes bilen okamaga höweslenmeli, sebäbi ylhamlanan, peýdaly Daniýel kitaby arkaly Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşykly «ajaýyp işleri» taparlar! (Dan. 12:2, 3, 6).
[Çykgytlar]
a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 1269.
b «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 1, sah. 283.
c «Arheologiýa we Mukaddes Ýazgylar», 1949, Jorj A. Barton, sah. 483.
d «The Yale Oriental Series Researches», XV kitap, 1929.
e «Archiv für Orientforschung», kitap 18, 1957, 1958, sah. 129.
f Belşazar Nabonidiň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda onuň bilen bile hökümdarlyk etmäge başlan bolmaly. Nabonid hökümdarlyga b. e. öň 556-njy ýylda başlandygy sebäpli onuň hökümdarlygynyň üçünji ýyly we «Belşazaryň hökümdarlygynyň birinji ýyly» b. e. öň 553-nji ýyla düşýär (Daniýel 7:1; «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 1, sah. 283; kitap 2, sah. 457).
g Nehemýa 2:1—8; şeýle-de «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 2, sah. 899—901.