Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 26 — Ezekiýel
Ýazan: Ezekiýel
Ýazylan ýeri: Babyl
Ýazylan wagty: b. e. öň 591 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. öň 613—591 ý.
IÝERUSALIM şäheri b. e. öň 617-nji ýylda Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakiniň ýolbaşçylygynda Nebukadnezara boýun bolýar. Nebukadnezar patyşa ýurduň abraýly adamlaryny, Ýehowanyň ybadathanasynyň we patyşa köşgüniň hazynasyny Babyla äkidýär. Ýesirleriň arasynda patyşanyň tutuş maşgalasy, emirleri, edermen serkerdeleri, ussalary, gurluşykçylary hem-de ruhany Buziniň ogly Ezekiýel bardy (4 Pat. 24:11—17; Ezek. 1:1—3). Ýesir ysraýyllylar kynlyk bilen surnukdyryjy ýol geçip, baýyrly, çeşmeli we jülgeli ýurtdan, giden düz sähralyga barýarlar. Indi olar dünýä şalygyň merkezi bolan Howar derýasynyň kenarynda täsin däp-dessurly butparaz halklaryň arasynda ýaşaýardylar. Nebukadnezar patyşa ysraýyllylara jaý gurmaga, hyzmatkär tutmaga we söwda etmäge rugsat berýär (Ezek. 8:1; Ýerem. 29:5—7; Ezra 2:65). Olar der döküp zähmet çekseler, bolelin ýaşap bilerdiler. Emma olar Babyl dininiň torundan we harsydünýäligiň duzagyndan gaça durup bilermi? Ýa-da Ýehowa garşy pitne turuzmagyny dowam edermi ýa-da sürgünligi temmi hökmünde kabul edermi? Hawa, sürgünlikde olara täze-täze synaglar garaşýardy.
2 Şol agyr ýyllarda, tä Iýerusalim ýykylýança, Ýehowa özüni halkyndan gizlemeýär ýa-da ysraýyllylary pygambersiz goýmaýar. Ýeremiýa Iýerusalimde galýar, Daniýel Babyl köşgünde, Ezekiýel bolsa Babyla sürgün edilen ýehudylara pygamberlik edýär. Ezekiýel hem ruhanydy, hem pygamberdi. Şeýle gulluga Ýeremiýa, soňra Zakarýa hem mynasyp bolýar (Ezek. 1:3). Kitapda Ezekiýele 90 gezek «ynsan ogly» diýilýär. Bu onuň pygamberligini öwrenýän adamlar üçin örän ähmiýetli, sebäbi Injilde-de Isa takmynan 80 gezek «Ynsan Ogly» diýilýär (Ezek. 2:1; Mat. 8:20). Ezekiýeliň ady (ýewreýçe «Ýehezkel») «Hudaý güýç-kuwwat berýär» diýmegi aňladýar. B. e. öň 613-nji ýylda Ýehoýakiniň sürgünliginiň bäşinji ýylynda Ýehowa Ezekiýeli pygamber belleýär. 22-ýyl geçenden soň hem, ýagny sürgünliginiň 27-nji ýylynda onuň pygamber bolup gulluk edip ýörendigi hakda okaýarys (Ezek. 1:1, 2; 29:17). Ol öýlenendi, ýöne Nebukadnezar Iýerusalimi soňky gezek gaban güni Ezekiýeliň aýaly ölýär (24:2, 18). Pygamberiň haçan we nädip ölendigi belli däl.
3 Bu kitaby Ezekiýeliň ýazandygyny we Mukaddes Ýazgylara girizilmäge haklydygyny hiç kim şübhä goýmaýar. Onuň kitaby Ezranyň günlerinde kanona, ýagny Mukaddes Ýazgylara degişli kitaplaryň ýygyndysyna girizilip, irki mesihçileriň döwründäki Ýazgylarda, meselem, Origeniň jemlän kanon kitaplarynyň arasynda duş gelýär. Şeýle-de Ezekiýel kitabynyň ynama mynasypdygyny ondaky nyşanlaryň Ýeremiýa we Ylham kitabynda ulanylýan nyşanlar bilen birkemsiz meňzeş bolmagy subut edýär (Ezek. 24:2—12; Ýerem. 1:13—15; Ezek. 23:1—49; Ýerem. 3:6—11; Ezek. 18:2—4; Ýerem. 31:29, 30; Ezek. 1:5, 10; Ylh. 4:6, 7; Ezek. 5:17; Ylh. 6:8; Ezek. 9:4; Ylh. 7:3; Ezek. 2:9; 3:1; Ylh. 10:2, 8—10; Ezek. 23:22, 25, 26; Ylh. 17:16; 18:8; Ezek. 27:30, 36; Ylh. 18:9, 17—19; Ezek. 37:27; Ylh. 21:3; Ezek. 48:30—34; Ylh. 21:12, 13; Ezek. 47:1, 7, 12; Ylh. 22:1, 2).
4 Şeýle-de kitabyň ynama mynasypdygyny Sur, Müsür we Edom ýaly goňşy halklar baradaky Ezekiýeliň pygamberlikleriniň pajygaly ýerine ýetişi subut edýär. Meselem, Ezekiýel Sur weýran ediler diýip pygamberlik edýär. Bu pygamberlik Nebukadnezar şäheri 13 ýyl gabawda saklap, soňra basyp alanda bölekleýin ýerine ýetýär (Ezek. 26:2—21). Emma Sur gutarnykly ýok edilmeýär. Ýöne Ýehowanyň hökümine görä, şäher doly weýran edilmelidi. Ol Ezekiýel arkaly şeýle diýýär: «Men onuň gumuny sowraryn we seni ýalaňaç gaýa öwrerin... Seniň daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze zyňar» (26:4, 12). Bu pygamberlik 250 ýyldan gowrak soň, Iskender Zülkarneýin Sur şäheriniň esasy bölegini gabanda ýerine ýetýär. Iskenderiň esgerleri haraba öwrülen şäheriň galyndylaryny alyp, deňze zyňýar we adada ýerleşýän şähere eltýän 800 metrlik gaçyny gurýarlar. Soňra çylşyrymly gabaw diňlerini gurup, galanyň 46 metrlik diwaryna çykýarlar we b. e. öň 332-nji ýylda şäheri basyp alýarlar. Müňlerçe adam heläk bolýar, ilatyň köpüsi gulçulyga satylýar. Ezekiýeliň öňünden aýdyşy ýaly, Sur «ýalaňaç gaýa we tor guradylýan meýdana» öwrülýär (26:14)a. Wada edilen diýaryň beýleki tarapynda bolsa, Ezekiýeliň pygamberligine laýyklykda, biwepa edomlylar ýok edilýär (25:12, 13; 35:2—9)b. Elbetde, Ezekiýeliň Iýerusalimiň weýrançylygy we Ysraýylyň dikeldilmegi hakda aýdan pygamberligi hem ýerine ýetdi (17:12—21; 36:7—14).
5 Ezekiýel pygamberliginiň irki ýyllarynda biwepa Iýerusalim hakda Hudaýyň käbir hökümlerini yglan etdi we sürgündäki ýehudylary butparazlykdan ägä bolmagy duýdurdy (14:1—8; 17:12—21). Ýesir ýehudylar ýürekden toba etmeýärdi. Olaryň ýolbaşçylary Ezekiýelden maslahat sorasalar-da, Ýehowanyň Ezekiýel arkaly aýdýan habarlaryny kabul etmediler. Olar butparazlyk hem harsydünýälik bilen başagaýdy. Şonuň üçin ybadathanany, mukaddes şäheri we patyşalyk neberelerini ýitirmegi olary uly howsala salýar, ýöne diňe birnäçesini kiçigöwünli bolup, toba etmäge höweslendirýär (Zeb. 137:1—9).
6 Ezekiýeliň soňky ýyllarda aýdan pygamberligi dikeldişe umyt berýär. Şeýle-de olar Ýahudanyň ýykylanyna begenen goňşy halklara degişlidi. Ysraýylyň masgara bolup, soňra dikeldilmegi şol halklaryň öňünde Ýehowany mukaddes etmelidi. Ýesirligiň we dikeldilişiň maksady: ähli adamlar, ýehudylar we beýleki milletler Ýehowanyň kimdigini bilmelidi (Ezek. 39:7, 22). Ýehowanyň adynyň mukaddes edilmegi kitapda başdan-aýak nygtalyp: «Siz [ýa-da olar] meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» diýen jümle 60 gezek duş gelýär (6:7).
PEÝDASY
29 Ezekiýel Ýehowanyň aýdan sözlerini, beren görnüşlerini we ähli wadalaryny ýesir ýehudylara ýetirýär. Adamlaryň köpüsi pygamberiň üstünden gülüp, ýaňsa alsa-da, käbirleriň ynanany, olara peýda getirýär. Dikeldiş hakdaky wadalar olaryň imanyny berkidýär. Ýesirlige äkidilen beýleki halklardan tapawutlylykda, olar milli aýratynlygyny sakladylar we Ýehowanyň aýdyşy ýaly, b. e. öň 537-nji ýylda galyndy ýurduna dolanýar (Ezek. 28:25, 26; 39:21—28; Ezra 2:1; 3:1). Olar Ýehowanyň ybadathanasyny täzeden gurup, hakyky seždäni dikeltdiler.
30 Ezekiýel kitabyndaky prinsipler şu günler örän peýdaly. Imandan dänmek, butparazlyk we pitneçilik diňe Ýehowanyň närazylygyny gazandyrar (Ezek. 6:1—7; 12:2—4, 11—16). Her kes öz günäsi üçin özi jogap berer, ýöne Ýehowa erbet ýoldan dänen adamy bagyşlaýar. Şeýle adama rehim ediler we ol ýaşar (18:20—22). Hudaýyň gullukçylary kyn tabşyrygy ýerine ýetirseler-de, olaryň üstünden gülüp, sögseler-de, Ezekiýel ýaly wepaly garawul bolmaly. Biz erbet adama Hudaýyň habaryny hökman ýetirmeli, ýogsam, olaryň gany biziň başymyza bolar (3:17; 33:1—9). Hudaýyň halkyna çopançylyk edýänler sürini bakmak bilen jogapkärlidigini unutmaly däl (34:2—10).
31 Mesih bilen baglanyşykly pygamberlikler — Ezekiýel kitabynyň aýratynlygydyr. Mesih barada Dawudyň tagtyna «kanun boýunça haky bar» we ol oňa hökman berler diýilýär. Iki ýerde oňa «gulum Dawut» diýilýär. Şeýle-de oňa «çopan», «patyşa», «beg» hem diýilýär (21:27; 34:23, 24; 37:24, 25). Dawut bir eýýäm ölüpdi, şonuň üçin Ezekiýel pygamber Dawuduň hem Ogly, hem Rebbi boljak şahsyýet barada aýdýar (Zeb. 110:1; Mat. 22:42—45). Ezekiýel hem Işaýa ýaly, Ýehowanyň täze nahaly oturdyp, ony beýgeltjekdigini agzaýar (Ezek. 17:22—24; Iş. 11:1—3).
32 Şeýle-de ybadathana baradaky Ezekiýele berlen görnüşi Ylham kitabyndaky «mukaddes şäher Iýerusalim» baradaky görnüş bilen deňeşdirmek örän peýdaly bolar (Ylh. 21:10). Olaryň arasynda biraz tapawut bar. Meselem, Ezekiýeliň görnüşindäki ybadathana şäheriň demirgazygynda aýry dur, Ylham kitabyndaky şäheriň ybadathanasy bolsa Ýehowanyň özi. Ýöne ikisinde-de ybadathanadan ýaşaýyş suwunyň derýasy akyp, onuň kenarynda miwesini her aý berýän agaçlar ösýär, olaryň ýapraklary şypa berýär we Ýehowanyň şöhraty ybadathanany doldurýar. Görnüşleriň ikisi hem Ýehowanyň patyşalygyna we oňa mukaddes gulluk edýän adamlara berjek gutulyşyna minnetdarlygyňy artdyrýar (Ezek. 43:4, 5; Ylh. 21:11; Ezek. 47:1, 8, 9, 12; Ylh. 22:1—3).
33 Ezekiýel kitaby Ýehowanyň mukaddesligini aýratyn belläp geçýär. Onda Ýehowanyň adyny mukaddes etmekden wajyp zadyň ýokdugy nygtalýar. «Älemiň Rebbi Ýehowa şeýle diýýär: «Men beýik adymy hökman mukaddes ederin... we halklar meniň Ýehowadygymy biler». Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Ýehowa öz adyny mukaddes etmek üçin adyna dil ýetirýänleri, şol sanda magogly Gogy hem ýok eder. Häzir hakyky seždä gatnaşyp, Ýehowany durmuşynda mukaddes edýänleriň hemmesine paýhasly adamlar diýse bolar. Şeýle adamlar onuň ybadathanasyndan çykýan derýadan şypa tapar we ebedi ýaşaýşa gowşar. «Ýehowa şol ýerde» atly şäheriň şöhraty nähili beýik, owadanlygynyň deňi-taýy ýok! (Ezek. 36:23; 38:16; 48:35).
[Çykgytlar]
a «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 2, sah. 531, 1136.
b «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), kitap 1, sah. 681, 682.