Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 25 — Ýeremiýanyň agysy
Ýazan: Ýeremiýa
Ýazylan ýeri: Iýerusalimiň golaýy
Ýazylan wagty: b. e. öň 607 ý.
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY şu kitabyň ady örän mynasyp atlandyrylan. Kitapda b. e. öň 607-nji ýylda Babyl patyşasy Nebukadnezar Iýerusalimi weýran edende, Hudaýyň saýlan halkynyň taryhynda bolan pajygaly ýagdaýy gynançly aýdym görnüşinde beýan edilýär. Kitabyň ady Ýewreý dilinde onuň «Ehkah!» diýen ilkinji sözünden gelip çykýar, ol «Nähili!» diýmegi aňladýar. Grek Septuagintanyň terjimeçileri kitaby «Trenoýi» ýa-da «Agylar, Agyly aýdymlar» diýip atlandyrdylar. Babyl Talmudynda «Kinot», ýagny «Agylar», «Gam-gussa» sözi ulanylýar. Iýeronim ony latynça «Lamentationes» diýip atlandyrdy we köp dillere şondan terjime edilýär.
2 Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde Ýeremiýanyň agysy Ýeremiýa kitabyndan soň gelýär, Mukaddes Ýazgylaryň ýewreý kanonynda, ol adatça, Agiograflar ýa-da Ýazgylar bölüminde ýerleşdirilip, onda «Megillot» (Golýazma) atly bäş kitap, ýagny Süleýmanyň aýdymy, Rut, Wagyzçy we Ester kitaplary bar. Häzirki çap edilýän Mukaddes Ýazgylaryň käbir neşirýatynda Ýeremiýanyň agysyny Rut ýa-da Ester bilen Wagyzçynyň arasynda ýerleşdirýärler, ýöne gadymy golýazmalarda ol Ýeremiýadan soň gelip, şu günki ulanylýan Mukaddes Ýazgylaryň tertibine gabat gelýär.
3 Kitaby kimiň ýazandygy agzalmasa-da, ony Ýeremiýa ýazan bolmaly. Grek Septuagintasynda kitap şeýle giriş sözler bilen başlanýar: «Ysraýyl ýesirlige äkidilip, Iýerusalim harabaçylyga öwrülende, Ýeremiýa pygamber gözüne ýaş aýlap, Iýerusalim hakda aglap, şeýle diýýär...». Şu sözler toslamadyr öýdüp, Iýeronim olary öz terjimesinden aýyrýar. Emma kitaby Ýeremiýanyň ýazandygyny ýehudylaryň däp-dessurlary ykrar edýär; şeýle-de muny Siriýa terjimesi, latynça Wulgata, Jonatanyň Targumy, Babyl Talmudy we başga terjimeler tassyklaýar.
4 Käbir tankytçylar Ýeremiýanyň agysy kitaby Ýeremiýanyň ýazmandygyny subut etmäge synanyşdylar. Emma Mukaddes Ýazgylaryň bir düşündirişli golýazmasynda bu kitaby Ýeremiýanyň ýazandygyny tassyklamak üçin şeýle diýilýär: «Ikinji we dördünji baplardaky Iýerusalimiň jikme-jiklerini diňe gözi bilen gören adam beýan etmegi mümkin; şeýle-de poemada çuňňur duýgudaşlyk, pygamberlik ruhy görnüp, onuň ýazylyş täri, durnukly söz düzümleri we pikirleri Ýeremiýa örän mahsus»a. Ýeremiýa we Ýeremiýanyň agysy kitabynda köp meňzeş pikirler bar, meselem, çuňňur gynanç bildirip, «gözlerinden suw (gözýaş) akýar», (Ýerem. ag. 1:16; 2:11; 3:48, 49; Ýerem. 9:1; 13:17; 14:17), parahorlyk edýän ýigrenji pygamberler we ruhanylar ýaly pikirler (Ýerem. ag. 2:14; 4:13, 14; Ýerem. 2:34; 5:30, 31; 14:13, 14). Ýeremiýa 8:18—22 we 14:17, 18-nji aýatlardaky parça Ýeremiýanyň agysy kitabynda ulanylýan agyly aýdymlaryň ýazylyş usulyny oňat bilendigini görkezýär.
5 Kitap b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim ýykylandan soň ýazyldy diýip hasaplanylýar. Şäheriň aýylganç gabawy, onuň lowurdap ýanşy Ýeremiýanyň entek ýadyndady we şonuň üçin pygamberiň ahy-nalasy, ejir çekişi çeper beýan edilýär. Mukaddes Ýazgylaryň bir teswirjisiniň aýtmagyna görä, gaýgy-hasratyň hiç biri-de doly beýan edilmeýär, ýöne birnäçe sapar täze güýç bilen gaýtalanýar. Soňra ol dowam edip, şeýle diýýär: «Bu hyjuwly pikirler... kitapda beýan edilýän wakalara we ejirlere örän ýakyndygyny tassyklaýan iň ynandyryjy subutnamalaryň biridir»b.
6 Ýeremiýanyň agysy kitabynyň gurluşyna Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlar hem uly gyzyklanma bildirýärler. Kitap bäş bapdan, ýagny bäş şahyrana poemadan ybarat. Olaryň ilkinji dördüsi akrostih görnüşinde ýazylyp, her bendi ýewreý elipbiýiniň 22 harpynyň biri bilen başlanýar. Üçünji baby 66 aýatdan ybarat bolup, üç şygyrly bentlere bölünýär we her setiri bir harp bilen başlanýar. Bäşinji babynyň 22 aýady bolsa-da, akrostih görnüşinde ýazylmaýar.
7 Nebukadnezar Iýerusalimi gabap, basyp alyp, weýran edende, Ýeremiýa pygamberiň gynanyp aglaýşy, onuň kitabyny beýleki edebi eserlerden duýgusynyň we obrazynyň täsirli beýan edilişi bilen tapawutlandyrýar. Ýazyjy harabaçylygy, horluk-sütemi we bulam-bujarlygy görüp, hasrat çekýär. Açlyk, gylyç we beýleki aýylgançlyklar sebäpli şäher köp görgi görýär — bularyň barysy halkyň, pygamberleriň we ruhanylaryň günäleri üçin Hudaýyň beren jezasydy. Diňe Hudaýa iman edip, umyt baglamalydy, şonuň üçin dikeldiş barada Ýehowa doga edýärler.
PEÝDASY
13 Ýeremiýanyň agysy kitabynda pygamberiň Hudaýa doly bil baglandygy görkezilýär. Weýrançylykly ýeňiliş hakda gaýgy-hasrat çekip, adamlardan hem hiç hili teselli tapman, pygamber Älemiň beýik Hudaýy Ýehowadan gutulyşa garaşýar. Ýeremiýanyň agysy Hudaýyň hakyky gullukçylaryny gulak asyp, wepaly bolmaga höweslendirýär we Ýehowanyň beýik adyny, onuň bilen bagly zatlary äsgermeýän adamlara näme boljakdygyny duýdurýar. Taryhda hiç bir şäheriň weýrançylygy hakda şeýle köp we täsirli gözýaş dökülmeýär. Elbetde, bize-de Hudaýyň pitneçilere, kesir we toba etmeýänlere berk çäre berjekdigini bilmek peýdaly.
14 Ýeremiýanyň agysy Hudaýyň beren ençeme duýduryşlarynyň we pygamberlikleriniň ýerine ýetendigini görkezýär (Ýerem. ag. 1:2; Ýerem. 30:14; Ýerem. ag. 2:15; Ýerem. 18:16; Ýerem. ag. 2:17; Lew. 26:17; Ýerem. ag. 2:20; Kanun. 28:53). Şeýle-de Ýeremiýanyň agysy Kanunyň gaýtalanyşy 28:63—65-nji aýatlaryň ýerine ýetendigine aýdyň güwä geçýär. Kitap Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplaryna-da birnäçe sapar salgylanýar (Ýerem. ag. 2:15; Zeb. 48:2; Ýerem. ag. 3:24; Zeb. 119:57). Daniýel 9:5—14-nji aýatlar bolsa Ýeremiýanyň agysy 1:5-i we 3:42-ni tassyklap, halkyň öz günäleri sebäpli şeýle betbagtçylyga uçrandygyny görkezýär.
15 Iýerusalimiň agyr ýagdaýy örän gynandyrýar! Emma muňa garamazdan, Ýeremiýanyň agysynda Ýehowanyň merhemet edip, rehimli boljakdygyna we Siony ýatlap, ýene-de dikeltjekdigine uly ynam bildirilýär (Ýerem. ag. 3:31, 32; 4:22). Şeýle-de gadym wagtlarda Iýerusalimde höküm süren Dawut bilen Süleýman patyşanyň döwründäki ýaly «täze günlere» umyt bildirilýär. Ýehowanyň Dawut bilen ebedi patyşalyk hakda baglaşan ähtiniň heniz güýji bar! «Onuň merhemeti tükenmez. Her gün ir bilen täzelenýär». Hudaýyň adalatly patyşalygynyň astynda ähli janly-jandar minnetdarlyk bilen: «Ýehowa meniň paýymdyr» diýýänçä, bu merhemet Ýehowany söýýän adamlaryň üstünde bolar (5:21; 3:22—24).
[Çykgytlar]
a 1952, J. R. Dammlou, sah. 483.
b Norman K. Gottwald, «Studies in the Book of Lamentations», 1954, sah. 31.