Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 24 — Ýeremiýa
Ýazan: Ýeremiýa
Ýazylan ýeri: Ýahuda we Müsür
Ýazylan wagty: b. e. öň 580 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. öň 647—580 ý.
ÝEREMIÝA pygamber howply hem gowgaly döwürde ýaşaýar. B. e. öň 647-nji ýylda Ýehowa ony pygamber edip belleýär. Şol ýyl Ýahudanyň hudaýhon patyşasy Ýoşiýanyň hökümdarlygynyň 13-nji ýylydy. Ýehowanyň öýi bejerilip ýörkä, Hudaýyň Kanun kitaby tapylýar. Kitaby patyşa okap berýärler. Patyşa kitapda aýdylanlary durmuşa geçirmek üçin güýjüni gaýgyrmaýar, ýöne ol halky butparazlykdan diňe wagtlaýyn saklap biljekdi. Ýoşiýanyň 55 ýyllap höküm süren atasy Manasse hem-de bary-ýogy iki ýyl höküm sürüp öldürilen kakasy Amon diňe erbetlik etdiler. Olar halky şady-horramlyga we ýigrenji däplere iterdiler, netijede, halk «gökleriň melikesine» buhur ýakyp, jyn taňrylaryna adamlary gurban getirip başladylar. Manasse zerarly Iýerusalim nähak gandan doldy (Ýerem. 1:2; 44:19; 4 Pat. 21:6, 16, 19—23; 23:26, 27).
2 Ýeremiýa berlen tabşyryk aňsat däldi. Sebäbi ol Ýehowanyň pygamberi hökmünde Ýahudanyň we Iýerusalimiň harabaçylyga öwrüljegi, Ýehowanyň beýik ybadathanasynyň otlanjagy, halkyň ýesirlige äkidiljegi hakda pygamberlik etmelidi. Hiç kim şeýle heläkçilik bolar öýtmeýärdi! Ýeremiýa Ýehoahaz, Ýehoýakim, Ýehoýakin (Konýah) we Zedekiýa ýaly erbet patyşalaryň höküm süren döwründe, 40 ýyllap Iýerusalimde pygamberlik etmelidi (Ýerem. 1:2, 3). Ol soňra Müsürde butparaz bolan ýehudy bosgunlary hakda pygamberlik etmelidi. Şeýlelikde, ol kitaby b. e. öň 580-nji ýylda ýazyp gutarýar. Ýeremiýa kitabynda 67 ýylyň dowamynda bolan mazmuna baý wakalar gürrüň berilýär (52:31).
3 Ýewreý dilinde pygamberiň ady hem-de kitabyň ady «Ýirmeýa» ýa-da «Ýirmeýahu» bolup, «Ýehowa beýgeldýär» ýa-da «Ýehowa boşadýar [mümkin, enäniň göwresinden]» diýmegi aňladýan bolmaly. Bu kitaba Ýewreý Ýazgylarynyň ähli ýygyndylarynda duş gelmek bolýar we onuň kanona, ýagny Mukaddes Ýazgylara degişlidigi şübhä goýulmaýar. Pygamberlikleriň birnäçesi Ýeremiýanyň ýaşaýan döwründe aýylganç ýagdaýda ýerine ýetmegi, kitabyň ynama mynasypdygyna birkemsiz güwä geçýär. Şeýle-de Injilde Ýeremiýanyň ady birnäçe gezek agzalýar (Mat. 2:17, 18; 16:14; 27:9). Isa-da Ýeremiýa kitabyny gowy bilen bolmaly, sebäbi satyjylary ybadathanadan kowan wagty Ýeremiýa 7:11 bilen Işaýa 56:7-de ýazylan sözleri bilelikde ulanýar (Mar. 11:17; Luka 19:46). Hatda Isanyň batyrgaýlygyny we mertligini görüp, käbir adamlar oňa Ýeremiýadyr öýtdiler (Mat. 16:13, 14). Pawlus resul Ýewreýler 8:8—12 we 10:16, 17-nji aýatlarda Ýeremiýanyň täze äht hakyndaky pygamberligine (Ýerem. 31:31—34) salgylanýar. Pawlus Ýeremiýa 9:24-nji aýatlardaky sözleri getirip, şeýle diýýär: «Magtanan Reb bilen magtansyn» (1 Kor. 1:30). Ýeremiýanyň Babylyň ýykylyşy hakda aýdan mysaly, Ylham 18:21-de has täsirli ulanylýar (Ýerem. 51:63, 64).
4 Arheologik tapyndylar hem Ýeremiýa kitabynda ýazylan maglumaty tassyklaýar. Meselem, Babylyň taryhy ýazgylarynda b. e. öň 617-nji ýylda Nebukadnezaryň (Nebukadrezar) Iýerusalimi basyp alşy, (Ýehoýakin) patyşany ýesir alyp, onuň ýerine öz saýlan patyşasyny (Zedekiýany) belleýşi hakda aýdylýar. (24:1; 29:1, 2; 37:1).a
5 Musany hasaba almasak, gadymy döwürde ýaşan pygamberlere garanyňda, Ýeremiýanyň durmuşy hakda köp zady bilýäris. Ýeremiýa öz gaýgylary we duýgulary hakda köp gürrüň berýär. Biz bu gürrüňlerden onuň gaýduwsyz batyrgaýlygyny, mertligini, kiçigöwünligini we mähribanlygyny görýäris. Ol diňe bir pygamber däl-de, ruhany, Ýazgylary göçüriji we dogruçyl taryhçydy. Ol anatottaly Hilkiýa ruhanynyň ogludy. Anatotta — Iýerusalimiň demirgazygynda, «Benýamin topragynda» ýerleşýän ruhanylar şäheridi (1:1). Ýeremiýa pikirini ýönekeý, aýdyň we düşnükli beýan edýär. Ol köp sanly mysallary we deňeşdirmeleri ulanyp, kitabyny proza we poeziýa görnüşinde ýazýar.
PEÝDASY
36 Bu pygamberlik kitaby peýdaly we öwüt-ündew berýär. Pygamberiň batyrgaýlygyny alyp göreliň. Ol hudaýsyz adamlaryň halamaýan habaryny gorkusyz wagyz edýär. Erbet adamlar bilen dostlaşmaýar. Ol Ýehowanyň habarynyň gaýrygoýulmasyzdygyna düşünýärdi, şonuň üçin Hudaýyň işine jany-teni bilen ýapyşyp, wagyz etmegi hiç haçan bes etmeýär. Hudaýyň sözi onuň süňklerinde ot kimindi, ýüregi bolsa şatlykdan we begençden doludy (Ýerem. 15:16—20; 20:8—13). Geliň, bizem Ýehowanyň sözüni hemişe yhlas bilen wagyz edeliň! Barugyň Ýeremiýa kömek edişi ýaly, bizem Hudaýyň gullukçylaryny wepaly goldalyň! Şeýle-de Rekabileriň ýürekden tabyn bolşy we yzarlanýan pygambere Ebedmelegiň eden mähirli aladasy, biziň üçin ajaýyp göreldedir (36:8—19, 32; 35:1—19; 38:7—13; 39:15—18).
37 Ýehowanyň Ýeremiýa arkaly aýdan sözleriniň jikme-jik ýerine ýetmegi haýran galdyrýar. Bu Ýehowanyň pygamberliklerine imanyňy güýçlendirýär. Meselem, Ýeremiýa Zedekiýanyň ýesir alnanyny we Iýerusalimiň weýran edilenini (21:3—10;39:6—9), Şallum (Ýehoahaz) patyşanyň tagtdan agdarylyp, ýesirlikde ölendigini (Ýerem. 22:11, 12; 4 Pat. 23:30—34; 2 Tar. 36:1—4), Konýah (Ýehoýakin) patyşanyň Babyla ýesirlige äkidilenini (Ýerem. 22:24—27; 4 Pat. 24:15, 16), bir ýylyň içinde Hananýa atly ýalan pygamberiň ölendigi ýaly käbir pygamberligiň ýerine ýetişini gördi (Ýerem. 28:16, 17). Şu we beýleki pygamberlikler Ýehowanyň hut aýdyşy ýaly ýerine ýetdi. Ýehowanyň soňky pygamberleri we gullukçylary Ýeremiýa kitabynyň ynama mynasypdygyna we peýdalydygyna göz ýetirdiler. Meselem, Daniýel Ýeremiýanyň sözlerini okap, Iýerusalimiň harabaçylygynyň 70 ýyl dowam etjegine düşündi, Ezra bolsa şol 70 ýyl geçende Ýeremiýanyň sözleriniň ýerine ýetişine üns berdi (Dan. 9:2; 2 Tar. 36:20, 21; Ezra 1:1; Ýerem. 25:11, 12; 29:10).
38 Isa Ýatlama agşam baýramçylygyny girizende, şägirtlerine Ýeremiýanyň täze äht hakyndaky pygamberliginiň ýerine ýetýändigini belläp geçip, oňa «ganym bilen berkidilen täze ähtdir» diýdi. Şu äht arkaly şägirtleriň günäsi geçilýär we olar Ýehowanyň ruhy halky bolýar (Luka 22:20; Ýerem. 31:31—34). Täze ähtiň ruhdan doglan doganlar bilen Mesih gökde höküm sürmek üçin Patyşalyk hakda äht baglaşýar (Luka 22:29; Ylh. 5:9, 10; 20:6). Ýeremiýanyň kitabynda şol Patyşalyk ençeme sapar agzalýar. Wepasyz Iýerusalimi ýazgarmak bilen birlikde, Ýeremiýa şol umydy hem agzapdy: «Ýehowa diýýär, Ine, günler geler we Dawutdan bir dogry şaha dörederin. Patyşa tagta çykar, ol paýhasly bolar, ýurtda adalaty we dogrulygy amala aşyrar. Onuň günlerinde Ýahuda we Ysraýyl howpsuz ýaşar; oňa berlen at «Ýehowa — biziň dogrulygymyzdyr!» (Ýerem. 23:5, 6).
39 Ýeremiýa ýene-de dikeldiş hakda aýdýar: «Emma olar Hudaýy Ýehowa, meniň bellän Dawut patyşasyna gulluk ederler» (30:9). Ahyrsoňy, ol Ýehowanyň Ysraýyl we Ýahuda hakda aýdan ýagşy sözlerini hem ýetirýär, ýagny neslini köpeltmek we «ogly tagtynda oturar ýaly», «şol günler we şol wagt [Ýehowa] Dawud üçin adyl şaha döreder» (33:15, 21). Ysraýyllylaryň galyndysynyň Babyldan dolanyşy ýaly, şol adyl «şahanyň» Patyşalygy hem bütin ýer ýüzünde adalaty we dogrulygy hökman berkarar eder (Luka 1:32)
[Çykgytlar]
a «Ýazgylara düşünmek» (iňl), kitap 2, sah. 326, 480.