Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 28—31
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 66 — Ylham

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 66 — Ylham
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 28—31

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 66 — Ylham

Ýazan: Ýahýa resul

Ýazylan ýeri: Patmos

Ýazylan wagty: b. e. tak. 96 ý.

YLHAM kitabynyň göçme manyly obrazlary näme maksat bilen ýazyldyka? Gorkuzmak üçinmi? Elbetde ýok! Bu pygamberlikleriň ýerine ýetişi diňe erbet adamlary gorkuzyp biler. Hudaýyň wepaly gullukçylary bolsa, kitabyň ylhamly giriş sözleri we onuň soňundaky perişdäniň aýdan sözleri bilen ylalaşýarlar: «Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr», «Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!» (Ylh. 1:3; 22:7). Ylham kitaby Ýahýanyň beýleki dört ylhamly kitaplaryndan öň ýazylsa-da, ol Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan 66 kitapdan ybarat bolan Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitaby hasaplanylýar, sebäbi ol okyjylara Hudaýyň adamlar babatdaky niýetini doly açyp, uzak gelejekde boljak zatlary görkezýär we Mukaddes Ýazgylaryň Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak we wada edilen Nesil bolan Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Patyşalyk arkaly Hudaýyň hökümdarlygyny aklamak diýen beýik temasyny şöhratly derejä ýetirýär.

2 Birinji aýatda şeýle diýilýär: «Bu Hudaýyň... Isa Mesihe beren ylhamydyr. Hudaý perişdesini iberip, muny guly Ýahýa aýan etdi». Diýmek, kitabyň awtory Ýahýa däl, ol bary-ýogy gören we eşiden zatlaryny ýazýar. Ylhamy Ýahýa bermeýär we bu ylham onuňky däl (Ylh. 1:1). Grek dilinde kitabyň ady Apoka’lipsis bolup, «açma» ýa-da «açylyş» diýmegi aňladýar. Bu örän ýerlikli, çünki Hudaý guluna öz ajaýyp niýetini açýar.

3 Birinji bapda aýdylyşy ýaly, Ylham kitabyny ýazan Ýahýa kimdi? Ol özi barada Isa Mesihiň guly, «muşakgatda... (doganlaryň) şärikdeşi» we Patmos adasyna sürgün edildim diýýär. Ol özi barada başga hiç zat aýtmaýar, ähtimal, onuň ýüzlenýän adamlary ony gowy tanaýan bolmaly. Bu diňe Ýahýa resul bolmagy mümkin. Muny gadymy taryhçylaryň köpüsi tassyklaýar. Maglumatlara görä, b. e. II asyrynyň ikinji ýarymynda kitaplaryny ýazan Papiý bu kitaby resullaryň biri ýazdy diýýär. B. e. II asyrynda Ýustin Muçenik «ýehudy Trifon bilen söhbetdeşlik» (81⁠-⁠nji par.) diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Ýahýa atly bir adam, Mesihiň resullarynyň biri özüne berlen Ylhamda şeýle pygamberlik etdi...»a. Lionly Kliment bilen Aleksandriýaly Tertullian (b. e. II asyrynyň ahyry— b. e. III asyrynyň başy) Ylhamy Ýahýa resul ýazdy diýip göni aýdýarlar. III asyrdaky Mukaddes Ýazgylaryň görnükli alymy Origen şeýle diýdi: «Mesihiň döşüne ýaplanyp ýatan Ýahýa barada näme diýse bolar? Ol bir Hoş Habar galdyrdy... we Ylham kitabyny-da ýazdy»b.

4 Ýahýanyň beýleki kitaplarynda söýgi barada köp aýdýandygy, onuň Ylham ýaly joşgunly we täsirli kitaby ýazyp bilmeýändigini aňlatmaýar. Bir gezek Ýahýa we onuň dogany Ýakup Samariýanyň ýaşaýjylaryna şeýle gaharlandylar welin, olara gökden ot ýagdyrjak boldular. Munuň üçin olar «Beni-Regoş», ýagny «Gök gürrüldisi Ogullary» diýen lakamy aldylar (Mar. 3:17; Luka 9:54). Kitaplaryň ýazylyş stiliniň tapawutlanýandygy bizi geň galdyrmaly däl, sebäbi Ylhamda düýbünden başga temalar barada gürrüň gidýär. Ýahýanyň gören görnüşi onuň öňki gören zatlarynyň hiç birine meňzemeýär. Ylham kitabynyň Ýazgylaryň beýleki pygamberlikleri bilen üýtgeşik utgaşyklygy, onuň Hudaýyň ylhamlan Sözüniň bir bölümidigini doly subut edýär.

5 Irki maglumatlara görä, Ýahýa Ylham kitabyny takmynan b. e. 96⁠-⁠njy ýylynda, Iýerusalimiň derbi-dagyn bolanyna 26 ýyl geçenden soň ýazýar. Bu Domisian imperatoryň hökümdarlygynyň soňky ýylydy. Muny tassyklap, Lionly Irineý «Ýerese garşy» (V, hhh) diýen kitabynda şeýle diýýär: «Ylham biziň döwrümizden biraz öň, ýöne biziň asyrymyzda Domisianyň patyşalygynyň soňky ýylynda boldy»c. Bu şaýatlyklar bilen Ýewsewiý we Iýeronim ylalaşýar. Domisian Iýerusalim derbi-dagyn edilende, Rim goşunyna ýolbaşçylyk eden Titusyň doganydy. Ol Titus ölenden soň, Ylham kitabynyň ýazylmagyna 15 ýyl galanda imperator bolýar. Ol özüne taňra sežde edilişi ýaly, sežde etmeklerini isleýärdi we Dominus et Deus noster (hökümdarymyz we taňrymyz) diýen tituly alýard. Butparazlar imperatora sežde etmeklige hiç hili garşylyk görkezmediler, ýöne I asyrdaky mesihçiler öz garaýyşlaryndan ýüz öwürmediler. Şol sebäpli Domisianyň (b. e. 81⁠—⁠96⁠-⁠njy ýyllary) hökümdarlygynyň soňky ýyllarynda zalymlyk bilen olary yzarladylar. Çaklamalara görä, Domisian Ýahýany Patmos adasyna sürgün edýär. B. e. 96⁠-⁠njy ýylynda imperatory öldürenlerinde, onuň ýerini birneme geçirimli garaýyşda bolan Nerwa eýeleýär, mümkin, Ýahýany-da şol boşadan bolmaly. Ýahýa Patmosda sürgündekä, Ylham kitabynda ýazan görnüşi görýär.

6 Biz Ýahýanyň gören görnüşiniň we perişdäniň ýazmaly diýip beren tabşyrygynyň tötänlikden düzülip, biri-biri bilen baglanyşyksyz ýazylan görnüş däldigine düşünmeli. Ylham kitaby başdan-aýak gelejegi sazlaşykly beýan edýär. Onda Ýehowanyň Patyşalyk bilen baglanyşykly niýeti doly açylýança, tä soňuna çenli görnüşler yzly-yzyna suratlandyrylýar. Şol sebäpli Ylham kitabyna Ýahýanyň günlerinden uzak gelejegi görkezýän, bir-biri bilen baglanyşykly we sazlaşykly bölümlerden ybarat bolan tutuş bir kitap hökmünde seretmeli. Kitaby şeýle girişe (Ylh. 1:1⁠—⁠9) we 16 görnüşe bölse bolýar: 1) 1:10⁠—⁠3:22; 2) 4:1⁠—⁠5:14; 3) 6:1⁠—⁠17; 4) 7:1⁠—⁠17; 5) 8:1⁠—⁠9:21; 6) 10:1⁠—⁠11:19; 7) 12:1⁠—⁠17; 8) 13:1⁠—⁠18; 9) 14:1⁠—⁠20; 10) 15:1⁠—⁠16:21; 11) 17:1⁠—⁠18; 12) 18:1⁠—⁠19:10; 13) 19:11⁠—⁠21; 14) 20:1⁠—⁠10; 15) 20:11⁠—⁠21:8; 16) 21:9⁠—⁠22:5. Görnüşlerden soň hereket etmäge höweslendirýän jemleýji sözler bar, onda hem Ýehowa, hem Isa, hem perişde, hem Ýahýa gepleýär, olar Hudaýyň habaryny ýetirýän esasy kanallardyr (Ylh. 22:6⁠—⁠21).

PEÝDASY

28 66 ylhamly kitapdan ybarat bolan Mukaddes Ýazgylar ajaýyp Ylham kitaby bilen tamamlanýar! Hiç zat ünsden sypmady. Bir pikir hem ýatdan çykmady. Indi biz başlangyjy we beýik gutaryşy aýdyň görýäris. Mukaddes Ýazgylaryň jemleýji bölümi bilen başdaky ýazylanlar tamamlanýar. Barlyk 1:1⁠-⁠de Hudaýyň gögi we ýeri ýaradandygy barada aýdylýar, Ylham 21:1⁠—⁠4⁠-⁠nji aýatlarda bolsa, täze gök, täze ýer we Işaýa 65:17, 18; 66:22; 2 Petrus 3:13⁠-⁠de hem pygamberlik edilen ähli adamlara eçiljek bol bereketler beýan edilýär. Hudaý Adam ata gulak asmasa, «hökman ölersiň» diýip duýdurdy; gulak asýanlara bolsa «indi ne ölüm bolar» diýýär (Bar. 2:17; Ylh. 21:4). Hudaý Barlyk kitabynda Howa enäni aldan Ýylanyň başynyň tokmaklanjakdygyny öňünden aýdýar, Ylhamda bolsa Şeýtan Iblis diýip atladyrylan «köne ýylanyň» ýok ediljekdigi görkezilýär (Bar. 3:1⁠—⁠5, 15; Ylh. 20:10). Biz Barlykda gulak asmadyk adamlaryň ýaşaýyş agajynyň miwesinden almaz ýaly, Erem bagyndan kowlandygy hakynda okaýarys, Ylhamda bolsa gulak asýan adamlara «şypa» berjek göçme manyly ýaşaýyş agaçlary barada aýdylýar (Bar. 3:22⁠—⁠24; Ylh. 22:2). «Bagy suwarmak üçin Adenden bir derýa çykyşy» ýaly, Hudaýyň tagtyndan hem göçme manyda ýaşaýyş berýän we ony goldaýan derýa akýar. Bu Ezekiýeliň ýazan görnüşini we Isanyň «ebedilik ýaşaýyş çeşmesi» barada aýdan sözlerini ýatladýar (Bar. 2:10; Ylh. 22:1, 2; Ezek. 47:1⁠—⁠12; Ýahýa 4:13, 14). Hudaýyň huzuryndan kowlan Adam ata bilen Howa eneden tapawutlylykda, wepaly ýeňijiler «Onuň ýüzüni görer» (Bar. 3:24; Ylh. 22:4). Ylham kitabyndaky bu täsirli görnüşlere seretmek nähili peýdaly!

29 Ylham kitabynyň zalym Babyl baradaky pygamberlikleri birikdirýändigi hem ünsüňi özüne çekýär. Işaýa Babyl şäheriniň derbi-dagyn bolandygy barada görnüş gördi. Bu waka ýerine ýetmezden biraz öň, ol şeýle diýdi: «Ýykyldy! Babyl ýykyldy!» (Iş. 21:9). Ýeremiýa hem Babyl barada pygamberlik etdi (Ýerem. 51:6⁠—⁠12). Ylham kitabynda bolsa göçme dil bilen «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýilýär. Ol hem ýykylmaly we Ýahýa ol barada görnüş gördi. Resul şeýle ýazdy: «Ýykyldy! Uly Babyl ýykyldy!» (Ylh. 17:5; 18:2). Ähli patyşalyklary ýumurjak, özi bolsa «ebedi durjak» Hudaýyň berkarar eden patyşalygy baradaky Daniýeliň gören görnüşi ýadyňyzdamy? Bu görnüşiň Ylhamdaky gökden çykan ses bilen baglanyşyklydygyna üns beriň: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiňki boldy. Ol hem ebedilik höküm sürer» (Dan. 2:44; Ylh. 11:15). Daniýeliň görnüşinden görşümiz ýaly, «hökümdarlyk, mertebe hem patyşalygy» alar ýaly, «gökdäki bulutlar bilen ynsan ogluna meňzeş biri gelýär», Ylhamda bolsa Isa barada «dünýä patyşalarynyň hökümdary», «Ol bulutlar bilen gelýär» we «her bir göz... Ony görer» diýilýär (Dan. 7:13, 14; Ylh. 1:4, 5, 7). Şeýle-de Daniýel kitabyndaky haýwanlar bilen Ylhamdaky haýwanlaryň arasynda meňzeşlik bar (Dan. 7:1⁠—⁠8; Ylh. 13:1⁠—⁠3; 17:12). Ylham kitabyndan imanymyzy berkitmäge kömek edýän ençeme temalary tapyp bileris.

30 Ylham kitabynda Hudaýyň Patyşalygy barada nähili aýdyň we köptaraply beýan edilýär! Geçmişdäki pygamberleriň, Isanyň we onuň şägirtleriniň Patyşalyk hakda aýdanlary gowy düşündirilýär. Onda biz Ýehowanyň adynyň Patyşalyk arkaly doly şöhratlanjakdygyny görýäris. Biz Ylhamda: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir... her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýen sözleri okaýarys. Ol «şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasyp». Çünki ol «beýik gudraty ele alyp (Mesih arkaly) höküm sürmäge başlady». Tagta çykan «Patyşalaryň Patyşasy, rebleriň Rebbi» bolan Ogul güýçli yhlas bilen milletleri urup, «her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar»! Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy bilen baglanyşykly Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy ýokary derejesine ýetdigiçe, Patyşalyk bilen bagly niýet we onuň ýerine ýetmegine gatnaşýanlaryň ählisiniň mukaddes bolmalydygy has aýdyňlaşýar. Guzy, ýagny «Dawut açarynyň eýesi» bolan Isa Mesih mukaddesdir. Gökdäki perişdeler hem mukaddesdir. Ilkinji direlişe degişli bolanlar barada «bagtly, mukaddesdir» diýilýär we «mukaddes şäher Iýerusalime... hiç bir hapa zat, ýigrenji we galp işler edeniň hiç biri girmez» diýip, bellenilip geçilýär. Guzynyň gymmatly gany bilen satyn alnanlar «Hudaýyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokulyp, ruhany» bolmak üçin, Ýehowanyň öňünde mukaddesligini saklamaga degerli esas bar. «Uly märekäniň» agzalary hem «gije-gündiz hyzmat etmek» üçin «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etmeli» (Ylh. 4:8, 11; 11:17; 19:15, 16; 3:7; 14:10; 20:6; 21:2, 10, 27; 22:19; 5:9, 10; 7:9, 14, 15).

31 Diňe Ylham kitabynda beýan edilýän jikme-jiklikler arkaly Hudaýyň beýik we mukaddes Patyşalygy baradaky düşünjämiz has aýdyňlaşýar. Gözümiziň alnynda Patyşalygyň mirasdaşlary Guzy bilen bile Sion dagynyň üstünde durup, hiç kimiň öwrenip bilmejek täze aýdymyny aýdýarlar. Diňe Ylham kitabynda Patyşalyga girmek üçin ýer ýüzünden satyn alnanlaryň sany 144 000 we «möhürlenenler» göçme manyda ruhy Ysraýylyň 12 taýpasyndan alnandygy aýdylýar. Diňe Ylhamda Mesih bilen bile ilkinji direlişe gatnaşýan bu ruhanylar we patyşalar onuň bilen «müň ýyl» höküm sürjekdigi görkezilýär. Diňe şu kitap arkaly biz «mukaddes şäher täze Iýerusalim», onuň parlaýan şöhraty, Ýehowanyň ybadathanasy we Guzusy, 12 derweze, binalaryndaky 12 daş hem-de Ýehowanyň yşk bolup, ebedi höküm sürjek patyşalar barada doly düşünje alýarys (Ylh. 14:1, 3; 7:4⁠—⁠8; 20:6; 21:2, 10⁠—⁠14, 22; 22:5).

32 «Täze gök» we «mukaddes şäher täze Iýerusalim» baradaky görnüş Ýazgylarda öňünden aýdylan Hudaýyň wada eden Nesli hakyndaky ähli aýdylanlaryň jemini jemleýär. Ybraýym «ýer ýüzüniň bütin tireleriniň... bereket tapjak» nesline we «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere» garaşýardy. Ylham kitaby bu bereket tapan şäheriň «täze gök», ýagny Mesihiň gelninden (Täze Iýerusalim) we onuň adamsyndan ybarat bolup, Hudaýyň Patyşalygy bolan täze hökümetdigini aýdyň görkezýär. Olaryň ählisi bütin ýer ýüzüniň üstünden adalatly höküm sürerler. Ýehowa wepaly adamlaryň «onuň halky boljakdygyny», günäden azat edip, pitneden öň Erem bagyndaky ýaly kämillikden we ebedi ýaşaýyşdan lezet aljakdygyny wada edýär. Ylham kitaby ähli şübheleri aýryp, Hudaý adamlaryň «gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer» diýip, iki gezek aýdýar (Bar. 12:3; 22:15⁠—⁠18; Ýew. 11:10; Ylh. 7:17; 21:1⁠—⁠4).

33 Hudaýyň ylhamlan Ýazgylary nähili ägirt uly wakalar bilen tamamlanýar! «Ýakyn wagtda bolmaly zatlar» diýseň ajaýyp! (Ylh. 1:1). «Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy» bolan Ýehowanyň ady mukaddeslendi (Ylh. 22:6). XVI asyryň dowamynda ýazylan pygamberlikler ýerine ýetdi. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda imanyny amallar bilen görkezen adamlar sylaglandy. «Köne ýylan» we onuň goşuny ýok edildi, zalymlygyň soňuna çykyldy (Ylh. 12:9). «Täze gök», ýagny Patyşalyk Hudaýyň şanyna höküm sürýär. Ýer ýüzi dikeldildi. Ol Mukaddes Ýazgylaryň birinji babynda yglan edilişi ýaly, Ýehowanyň niýetine baglylykda doldurylyp, bejerildi (Bar. 1:28). Adamlara ebedi bereketler garaşýar. Hakykatdan-da, «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup... öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr». Bu kitap arkaly Ýehowa imany berk, her bir oňat işe taýyn, kämil bolan adamlary şöhratly güne alyp barýar. Häzir imanyňyzy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň tüýs wagty. Hudaýyň bereketini almak üçin ondaky tabşyryklary berjaý ediň. Ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräň. Şeýtmek bilen siz Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitabyndaky: «Omyn! Gel, ýa Reb Isa!» diýen jemleýji sözlere doly ynam bilen goşulyp bilersiňiz (2 Tim. 3:16, 17; Ylh. 22:20).

34 Biz «Rebbimiziň we Onuň Mesihiniň», ýagny wada edilen Nesliň Patyşalygy «her zada güýji ýetýän Ýehowa Hudaýyň» şöhratly adyny ebedi mukaddes etjekdigini bilýäris. Bu Patyşalygy şöhratlandyrmak — hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýan bagtdyr! (Ylh. 11:15, 17).

[Çykgytlar]

a The Ante-Nicene Fathers, Vol. I, page 240.

b The Ecclesiastical History, Eusebius, VI, xxv, 9, 10.

c The Ante-Nicene Fathers, Vol. I, pages 559⁠-⁠60.

d The Lives of the Caesars (Domitian, XIII, 2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş