Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 27—28
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 65 — Ýahuda

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 65 — Ýahuda
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 27—28

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 65 — Ýahuda

Ýazan: Ýahuda

Ýazylan ýeri: Palestina (?)

Ýazylan wagty: b. e. tak. 65 ý.

ÝAHUDA imandaş doganlaryna howp abanýandygy üçin biynjalyklanýardy. Mesih Isa ölüp, direleninden bäri, mesihçiler ýygnagyna duşman aralaşýar. Onuň maksady Pawlus resulyň 14 ýyl mundan ozal duýduryşy ýaly, imany gowşatmakdy (2 Sel. 2:3). Doganlara bu howp barada nädip duýdurmaly? Muňa täsirligi we gönümelligi bilen tapawutlanýan Ýahudanyň haty jogap berýär. Ýahuda bu haty ýazmagyň wajyplygyny 3⁠-⁠nji we 4⁠-⁠nji aýatlarda şeýle düşündirýär: «Çünki Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwren... gadymdan şu höküm üçin bellenen käbir adamlar ogrynça araňyza sokuldylar». Sagdyn taglymatyň we ahlak kadalaryň esaslary howp astyndady. Doganlar imany üçin erjellik bilen göreşer ýaly, Ýahuda-da olary goramaga höwes döredi.

2 Ýahuda kimdi? «Isa Mesihiň guly, Ýakubyň dogany Ýahudadan» we «çagyrylanlara» diýen giriş sözleri bu haty Ýahudanyň ýazandygyny görkezýär. Ýahuda resulmydy? Hakykatdan-da, Isanyň on iki resulynyň ikisiniň ady Ýahudady (Luka 6:16). Emma Ýahuda özüne resul diýmeýär. Ol resullar barada üçünji adamyň adyndan sözläp, özüni olaryň hataryna goşmaýar (Ýahuda 17, 18). Ol özüne «Ýakubyň dogany» diýmek bilen Ýakubyň hatyny ýazan Isanyň atabaşga doganyny göz öňünde tutan bolmaly (Ýahuda 1). Ýakup belli adamdy we Iýerusalimdäki ýygnagyň «diregleriniň» biridi, şol sebäpli Ýahuda oňa salgylanýar. Diýmek, Ýahuda hem Isanyň atabaşga doganydy, Isanyň bolsa, dogrudan-da, Ýahuda atly dogany bardy (Gal. 1:19; 2:9; Mat. 13:55; Mar. 6:3). Emma Ýahuda Isanyň garyndaşlyk gatnaşygyndan peýdalanmaýar, ýöne ruhy manyda özüniň «Isa Mesihiň guludygyny» belläp geçýär (1 Kor. 7:22; 2 Kor. 5:16; Mat. 20:27).

3 Mukaddes Ýazgylaryň bu kitaby b. e. II asyryndaky Muratoriniň parçasynda agzalýandygy onuň ynama mynasyplygyny tassyklaýar. Onuň kanona degişlidigi bilen Aleksandriýaly Kliment (b. e. II asyry) hem ylalaşýar. Origen bu kitap barada şeýle seslenýär: «Bu hat bary-ýogy birnäçe setir bolsa-da, Ýahuda ony Hudaýyň rehnetli şypa beriji sözlerinden doldurdy»a. Tertullian hem Ýahudanyň hatyny ynama mynasyp görýärdi. Elbetde, bu hat ylhamly Ýazgylaryň bölümi hasaplanýar.

4 Ýahuda «çagyrylanlara» belli bir ýygnagy ýa-da adamyň adyny agzaman ýüzlenýär. Diýmek, bu hatda umumy aýratynlyklar bolup, ähli mesihçilere ýüzlenilýär. Hatyň nirede ýazylandagy aýdylmasa-da, ol Palestinada ýazylan bolmaly. Onuň anyk ýazylan wagtyny hem aýtmak kyn. Emma mesihçiler ýygnagy köp wagtdan bäri bardy, çünki Ýahuda «Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňünden aýdan sözlerine» üns berip, 2 Petrus 3:3⁠-⁠däki sözleri açyk getirýär (Ýahuda 17, 18). Ýahudanyň hatynyň 2 Petrusyň ikinji baby bilen üýtgeşik meňzeşligi ünsüňi özüne çekýär. Bu Ýahudanyň hatyny takmynan Petrus bilen bir wagtda ýazandygyny görkezýär, şeýle-de ol Petrus ýaly şol wagtdaky ýygnaga abanýan howp barada örän biynjalyksyzlanypdyr. Şol sebäpli bu hat takmynan b. e. 65⁠-⁠nji ýylynda ýazyldy diýse bolýar. Şu çaklamalara görä, Ýahuda b. e. 66⁠-⁠njy ýylynda ýehudylaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin ne Sestiý Gallyň hüjümi, ne-de b. e. 70⁠-⁠nji ýylynda Iýerusalimiň derbi-dagyn bolandygy barada agzaýar. Ýahuda hatynda Hudaýyň günäkärlere çykaran hökümi barada anyk mysallary getirýär, eger Iýerusalim eýýäm ýykylan bolsa, onda Ýahuda delillerini tassyklamak üçin bu wakalary getirerdi, sebäbi bu barada Isa-da pygamberlik edipdi (Ýahuda 5⁠—⁠7; Luka 19:41⁠—⁠44).

PEÝDASY

8 Ýahuda ylhamly Ýazgylary duýdurmak, ynandyrmak, ruhlandyrmak, maslahat bermek we doganlara öwüt-ündew bermek üçin peýdaly hasaplaýardy. Ol ýygnaga aralaşan erbet adamlaryň agyr günälerini ýazgaryp, imandan dänen ysraýyllylar, günä eden perişdeler we Sodom bilen Gomorranyň ýaşaýjylary barada Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndan aýdyň mysallary getirýär. Erbet adamlary günäleri üçin şeýle jeza garaşýar. Ýahuda azgyn adamlary akylsyz haýwanlara deňeşdirip, olaryň Kabylyň ýoluny tutandyklary, Balamyň aldawuna düşendikleri we Korah ýaly öz topalaňçy sözlerinden öljekdigi barada aýdýar. Şeýle-de ol «tebigat kitabyndan» täsirli obrazlary getirýär. Ýahudanyň aç-açan ýazylan haty «bütin Ýazgylaryň» bir bölümi boldy. Ol «soňky günlerde» özüňi göreldeli alyp barmaga çagyrýar we ony Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplary bilen bile öwrenmeli (Ýahuda 17, 18, 5⁠—⁠7, 11⁠—⁠13; San. 14:35⁠—⁠37; Bar. 6:4; 18:20, 21; 19:4, 5, 24, 25; 4:4, 5, 8; San. 22:2⁠—⁠7, 21; 31:8; 16:1⁠—⁠7, 31⁠—⁠35).

9 Garşylyklar we daşardan bolýan synaglar mesihçiligiň ösmegine päsgel berip bilmedi, ýöne indi ýygnaga onuň içindäki ahlak taýdan bozuklyk howp abanýardy. Suwasty daşlar bütin ýygnaga ölüm howpuny salýardy. Ýahuda ýagdaýyň agyrlygyna düşünip, «iman ugrunda göreşmegi» maslahat berýär. Onuň haty häzirem peýdaly. Mesihçiler şu günlerem duýduryşa mätäç. Imany berk saklap, onuň ugrunda göreşmeli, ahlaksyzlygy ýok etmeli, şübhelenýän adamlara rehimdarlyk bilen kömek edip, mümkin boldugyndan, olary «otdan çekip gutarmaly». Mesihçiler ahlak taýdan arassalygyň, gullukda üstünlikli bolmagyň we hakyky seždäniň hatyrasyna mundan beýläk hem mukaddes iman esasynda özlerini berkitmeli. Dogry prinsipleri berjaý etmeli, doga edip Hudaýa ýakynlaşmaly we mesihçiler ýygnagyndaky Hudaýyň häkimiýetine mynasyp hormat goýmaly (Ýahuda 3, 23, 8).

10 «Mukaddes Ruhdan mahrum tebigy adamlar» Hudaýyň Patyşalygyna girmezler, olar ebedi ýaşaýşa barýan adamlara-da howp salýarlar (Ýahuda 19; Gal. 5:19⁠—⁠21). Ýygnakdakylar şeýle adamlardan seresap bolmaly we olardan gaçmaly! Şonda doganlara «rehim, parahatlyk, söýgi eçiler», olar «ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyp, özüni Hudaýyň söýgüsinde saklarlar». Halasgärimiz Hudaý Patyşalygyň mirasdaşlaryny «şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmiltsiz duruzmagy başarar». Elbetde, olar Ýahudanyň: «Şöhrat, ululyk, gudrat we häkimiýet Rebbimiz Isa Mesih arkaly... Hudaýyňky bolsun!» diýen sözlerine goşulýarlar (Ýahuda 2, 21, 24, 25).

[Çykgytlar]

a The Canon of the New Testament, 1987, by B. M. Metzger, page 138.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş