Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 64 — 3 Ýahýa
Ýazan: Ýahýa resul
Ýazylan ýeri: Efesos ýa-da onuň golaýy
Ýazylan wagty: b. e. tak. 98 ý.
BU HATDA Ýahýa ýürekden gowy görýän wepaly mesihçi Gaýusa ýüzlenýär. I asyrda Gaýus ady ýörgünlidi. Ol Injiliň beýleki kitaplarynda dört gezek ulanylýar we üç ýa dört adama ýüzlenilýän bolmaly (Res. iş. 19:29; 20:4; Rim. 16:23; 1 Kor. 1:14). Emma olaryň biriniň Ýahýanyň hatyndaky Gaýusdygy belli däl. Biz diňe Gaýusyň mesihçi ýygnagynyň agzasydygyny, Ýahýanyň ýakyn dostudygyny we hatyň-da ýörite şoňa ýüzlenilip ýazylandygyny bilýäris, şol sebäpli hatda «sen» diýilýär.
2 Hatyň giriş we jemleýji sözleri Ýahýanyň ikinji hatyny ýadyňa salýar. Şeýle-de awtor ýene-de özüne «ýaşuly» diýýär, şol sebäpli bu haty-da Ýahýa resulyň ýazandygyna hiç hili şübhe ýok (2 Ýahýa 1). Hatlaryň mazmuny we ulanylýan diliniň meňzeşligi üçin, öňki iki hat ýaly bu hat hem Efesosda ýa-da onuň golaýynda takmynan b. e. 98-nji ýylynda ýazyldy diýlip çak edilýär. Ýahýanyň üçünji haty göwrümi boýunça kiçi bolsa-da, gadymy awtorlar tarapyndan seýrek getirilip, Ýahýanyň ikinji haty ýaly ylhamly Ýazgylaryň irki ýygyndylarynda bar.
3 Ýahýa hatynda Gaýusyň aýlanýan gözegçilere myhmansöýerlik edendigi üçin, oňa minnetdarlyk bildirýär we Diotrefis atly şöhratparaz adamyň döreden kynçylyklary barada agzaýar. Şeýle-de resul Dimitrios hakynda hem ýazýar. Ol Gaýusa haty gowşuran dogan bolmaly. Mümkin, ony Ýahýa iberendir we ol ýolda Gaýusyň öýünde düşlemelidi. Hat ony gowy garşylamaga ýardam eden bolmaly. Gaýus ýaly bize-de hatda ýazylandan başga Diotrefis we Dimitrios barada hiç zat belli däl. Muňa garamazdan, Ýahýanyň üçünji haty arkaly biz I asyrdaky halkara doganlygyň jebisligini göz öňüne getirip bileris. Şeýle-de olarda «adynyň hatyrasyna» syýahat edýän doganlary tanamasalar-da, olary myhman almak däbi bardy (3 Ýahýa 7).
PEÝDASY
5 Ýahýa resul yhlas bilen ýygnagy erbet täsirden gorap, özüni göreldeli gözegçi kimin alyp barýar. Doganlaryň arasynda öwgä mynasyp söýgi we myhmansöýerlik bardy. Gelýän nätanyş doganlar bilen «hakykat ugrunda işdeş bolar ýaly», olar şeýle ruhy saklamaga borçludylar (3 Ýahýa 5, 8). Diotrefis Ýehowany ýigrenýän «tekepbir gözli» adamdy, ol teokratik gurama hormat goýmaýardy, hatda Ýahýa resul barada hem erbet sözleri aýdýardy (Sül. tym. 6:16, 17). Ol ýygnakdakylara mesihi myhmansöýerligi görkezmäge päsgel berýärdi. Ýahýa muny açyk ýazgaryp, mesihi söýgini ak ýürekden bildirmäge höweslendirýär. Bizem hemişe kiçigöwünli bolmaga çalyşmaly, hakykatda gezmeli we Ýahýanyň: «Ýagşylyk edýän Hudaýdandyr, erbetlik edýän Hudaýy gören däldir» diýen prinsipine görä, söýmeli we jomart bolmaly (3 Ýahýa 11).