Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 24—25
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 63 — 2 Ýahýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 63 — 2 Ýahýa
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 24—25

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 63 — 2 Ýahýa

Ýazan: Ýahýa resul

Ýazylan ýeri: Efesos ýa-da onuň golaýy

Ýazylan wagty: b. e. tak. 98 ý.

ÝAHÝANYŇ ikinji haty örän gysga bolup, papirusyň birje sahypasyna ýazylan bolmaly, ýöne ol juda ähmiýetli. Bu hat «saýlanan... hanyma, onuň çagalaryna» ýüzlenilýär. Şol döwürde Kiria (grekçe «hanym») diýen at bardy, käbir alymlaryň pikirine görä, Ýahýa Kiria atly belli bir adama ýüzlenýär. Emma Ýahýa «saýlanan... hanym» diýip, bütin ýygnaga ýazdy diýen pikir hem bar. Ol muny duşmanlaryny ýalňyşdyrmak üçin eden bolmaly. Soňky aýatdaky «saýlanan uýam oglanlary» diýen sözler bolsa, başga ýygnagyň agzalaryny aňladýar. Şeýlelikde, ikinji hat birinji bilen deňeşdirilende, umumy aýratynlygy göz öňünde tutmaýar, sebäbi ol bir adama ýa-da aýratyn bir ýygnaga ýazylan bolmaly (2 Ýahýa 1).

2 Bu haty Ýahýanyň ýazandygy barada şübhelenmäge sebäp ýok. Awtor özüne «ýaşuly» diýýär. Ýahýanyň diňe bir gartaşanlygy üçin däl, eýsem, «diregleriň» (Gal. 2:9) biri bolany üçin, ol «ýaşuly» adyna mynasyp we resullaryň iň soňkusy bolup, hakykatdanam, mesihçi ýygnagynyň ýaşulusydy. Köpleri ony gowy tanaýardylar we okyjylar goşmaça düşündirilişsiz hem haty onuň ýazandygyny bilýärdiler. Şeýle-de haty Ýahýanyň ýazandygy onuň ikinji hatynyň ýazylyş stili birinji hatyna we Ýahýanyň Hoş habaryna meňzeşligi bilen tassyklanylýar. Ikinji hat birinji hat ýaly Efesosda ýa-da onuň golaýynda takmynan b. e. 98⁠-⁠nji ýylynda ýazylan bolmaly. Ýahýanyň ikinji we üçünji hatlary barada Makklintokyň we Strongyň ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Bu hatlaryň meňzeşligi sebäpli, olary Efesosda ýazylan birinji hatdan soň ýazyldy diýip çak edip bolýar. Iki hatyň her birinde birinji hatdaky belli bir ýagdaý üçin jikme-jik seredilen prinsipler ulanylýar»a. Bu hata b. e. II asyrynda ýaşan Lionly Irineýiň salgylanandygy we Irineýiň döwürdeşi Aleksandriýaly Klimentiň ony kabul edendigi onuň ynama mynasyplygyny tassyklaýarb. Mundan başga-da Ýahýanyň hatlary Muratoriniň parçasynda agzalýar.

3 Bu hatyň ýazylmagyna Ýahýanyň birinji haty ýaly mesihçiler dinine ýalan mugallymlaryň hüjüm etmegi sebäp bolýar. Ýahýa öz okyjylaryny hakykatda gezip, bir-birini söýüp, ýalan mugallymlardan gaça durar ýaly, şeýle adamlar barada duýdurmak isleýär.

PEÝDASY

5 Ýahýanyň döwründe-de biziň günlerimizdäki ýaly Mesihiň sada we düşnükli taglymatlary bilen ylalaşmaýan adamlar bardy. Olar köp zady, olara ýalynjaňlyk edilmegini, ýokary tutulmagyny, dünýewi filosoflar bilen bir hatarda görülmegini isleýärdiler. Olar diňe özüni bilip, mesihçi ýygnagy masgaralamaga we bölmäge taýyndylar. Ýahýa ýygnagyň söýgä we Ata bilen Ogluň birligindäki sagdyn taglymata esaslanan parahatlygy gymmat saýýardy. Bizem ýygnagyň agzybirligini gymmat saýmaly we ylhamlanan Ýazgylaryň taglymatyndan dänenler bilen gatnaşyk etmeli däl, hatda olar bilen salamlaşmaly hem däl. Hudaýyň tabşyryklary boýunça gezmegimizi dowam edip, mesihçiler bilen gürrüňdeşlikden şatlanyp, «Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden hakykat, söýgüde merhemet, rehim we parahatlygyň biziň bilen boljakdygyna» ynanyp bileris (2 Ýahýa 3). Ýahýanyň ikinji haty mesihçileriň agzybirliginiň bereketdigini görkezýär.

[Çykgytlar]

a 1981 reprint, Vol. IV, page 955.

b New Bible Dictionary, second edition, 1986, edited by J. D. Douglas, page 605.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş