Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 22—24
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 62 — 1 Ýahýa

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 62 — 1 Ýahýa
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 22—24

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 62 — 1 Ýahýa

Ýazan: Ýahýa resul

Ýazylan ýeri: Efesos ýa-da onuň golaýy

Ýazylan wagty: b. e. tak. 98 ý.

ISA Mesihiň söýgüli resuly Ýahýanyň dogrulyga bolan söýgüsi örän güýçlüdi. Bu oňa Isanyň pikir edişine düşünmäge kömek etdi. Şol sebäpli onuň hatynyň esasy temasynyň söýgüdigi geň galdyrmaýar. Emma Ýahýa aşa duýgur adam däldi. Isa oňa we onuň doganyna «Beni-Regoş, ýagny Gök gürrüldisi Ogullary» diýen lakamy berdi (Mar. 3:17). Şeýle-de Ýahýa özüniň üç hatyny hakykaty we dogrulygy goramak üçin ýazýar, sebäbi Pawlusyň imandan dönme baradaky aýdan pygamberligi berjaý bolup başlapdy. Dogrudan-da, Ýahýanyň üç haty örän ýerliklidi. Olar irki mesihçilere «iblisiň» hüjümlerine garşy durmaga kömek edip, imanyny berkidýärdi (2 Sel. 2:3, 4; 1 Ýahýa 2:13, 14; 5:18, 19).

2 Bu hatlaryň mazmunyndan görnüşi ýaly, olar Mattanyň we Markusyň Hoş habarlaryndan has soň, Petrus bilen Pawlusyň hatlaryndan hem soň ýazyldy. Bu hatda ýaňy dörän ýygnaga çynlakaý howp salýan ýehudylar barada agzalmaýar hem-de Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryna-da salgylanýan bir aýat hem ýok. Muňa garamazdan, Ýahýa «soňky sagat» barada we «Mesihe garşy ençeme göreşijiniň çykandygyny» aýdýar (1 Ýahýa 2:18). Ol okyjylara «balalar», özüne bolsa «ýaşuly» diýýär (1 Ýahýa 2:1, 12, 13, 18, 28; 3:7, 18; 4:4; 5:21; 2 Ýahýa 1; 3 Ýahýa 1). Bu bolsa Ýahýanyň üç hatyny-da has soň ýazandygyny görkezýär. Mundan başga-da 1 Ýahýa 1:3, 4⁠-⁠nji aýatlar Ýahýanyň Hoş habarynyň-da takmynan şol wagt ýazylandygyny görkezýär. Ýahýa üç hatyny takmynan b. e. 98⁠-⁠nji ýylynda Efesosyň golaýynda ölmezinden biraz öň ýazdy diýip hasaplaýarlar.

3 Dördünji Hoş habaryň 1 Ýahýa bilen meňzeşligi ony Ýahýa resulyň ýazandygyny görkezýär. Meselem, ol hatynyň başynda özi hakda «ýaşaýyş sözüni» we «Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy» güwälik eden adamy gözi bilen görendigini aýdýar. Bu sözler Ýahýanyň Hoş habarynyň giriş sözleri bilen örän meňzeş. Hatyň ynama mynasyplygy onuň Muratoriniň parçasy we Lionly Irineý, Polikarp we Papiý ýaly II asyrda ýaşan awtorlar tassyklaýara. Ýewsewiýiň (takmynan b. e. 260⁠—⁠342⁠-⁠nji ýyllary) aýtmagyna görä, Ýahýanyň birinji hatynyň ynama mynasyplygy hiç haçan şübhä goýulmadyb. Emma käbir köne terjimelerde 5⁠-⁠nji babyň 6⁠-⁠njy aýadyna şeýle sözler goşulan: «Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir». Ýöne bu sözler irki grek ýygyndylarynyň birinde-de ýok. Olar Üç ýüzli Hudaý baradaky taglymaty goldamak üçin goşulan bolmaly. Katolikleriň hem-de protestantlaryň terjimeleri ýaly täze terjimeleriň köpüsinde bu sözler esasy tekstde ýok (1 Ýahýa 1:1, 2)c.

4 Ýahýa okyjylaryna «söýgüli doganlar», «balalar» diýýär we olary imandan dönen hem-de hakykatdan dändirjek bolýan «Mesihe garşy göreşijileriň» köpüsiniň ýalan taglymatlaryndan goramak isleýär (1 Ýahýa 2:7, 18). Bu imandan dönen Mesihe garşy göreşijilere grek filosifiýasy, şol sanda jadylyk ýol bilen Hudaýdan aýratyn bilim aldyk diýýän irki gnostisizmiň tarapdarlary täsir edýän bolmalyd. Ýahýa imandan dönenlere garşy berk durup, günä, söýgi we Mesihe garşy göreşijiler ýaly üç temanyň üstünde jikme-jik durup geçýär. Ýahýanyň günä hem-de Mesihiň töleg gurbany baradaky sözlerinden görnüşi ýaly, Mesihe garşy göreşijiler öz gözünde özlerini dogry saýyp, günäsiz we Isanyň töleg gurbanyna mätäç däl diýýärdiler. Bu adamlar özüne göwni ýetip, «bilimli» bolandyklary üçin diňe özüni bilýärdiler, şol sebäpli Ýahýa mesihi söýginiň wajyplygy barada gaýta-gaýta aýdyp, olary paş edýär. Şeýle-de Ýahýa Isanyň Mesihdigini, ýer ýüzüne gelmänkä onuň gökde ýaşandygyny we Hudaýyň Ogly hökmünde imanlylary halas etmek üçin ýere gelendigini düşündirip, olaryň ýalan taglymatlaryna garşy söweşýärdi (1 Ýahýa 1:7⁠—⁠10; 2:1, 2; 4:16⁠—⁠21; 2:22; 1:1, 2; 4:2, 3, 14, 15). Ýahýa bu ýalan mugallymlary «Mesihe garşy göreşijiler» diýip, açyk näletleýär we Hudaýyň hem-de Iblisiň balalaryny tanamak üçin ençeme alamatlary getirýär (1 Ýahýa 2:18, 22; 4:3).

5 Hat anyk bir ýygnaga däl-de, ähli mesihçi doganlara ýüzlenilýär. Muny hatyň başynda we soňunda salamlaşylmaýandygyndan görse bolýar. Hatda käbir adamlar Ýahýanyň birinji hatyny hat däl-de, düzme hasaplaýarlar. Awtoryň «siz» diýip ýüzlenmesi, onuň bir adama däl-de, topara ýüzlenýändigini görkezýär.

PEÝDASY

11 Şu günler hem I asyrdaky ýaly «Mesihe garşy göreşijiler» köp, bu barada mesihçileri duýdurmaly. Mesihçiler «ozal-başdan eşiden habaryny» gaýym tutup, «biri-birimizi söýmeli» we Hudaý bilen birlikde bolup, hakyky taglymata görä gaýratly sözläp, dogry hereket etmeli (1 Ýahýa 2:18; 3:11; 2:27⁠—⁠29). Şeýle-de hristian dünýäsiniň batan azgyn dünýäniň materialistik zatlaryndan, ýagny «dünýäde bolan ähli zatlardan, ten höweslerinden, göz höwesinden we ýaşaýyş tekepbirliginden» gaça durmak örän wajyp. Mesihçiler «Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänleriň baky galjakdygyny» bilýändigi üçin dünýä we onuň höweslerinden gaça durýarlar. Bu dünýewi höwesler, sektantlyk we ýigrenji döwürde Hudaýyň yhlamlan Ýazgylaryndan Ýehowanyň islegini bilmek we ony berjaý etmek nähili peýdaly! (1 Ýahýa 2:15⁠—⁠17).

12 Ýahýanyň birinji haty biziň peýdamyz üçin Atanyň nury bilen hakykaty ýok edýän Zalymyň garaňkylygynyň arasyndaky tapawudyny, ýaşaýyş berýän Hudaýyň taglymaty bilen Mesihe garşy göreşijileriň ýalan taglymatynyň arasyndaky tapawudyny, Ata we Ogul bilen birlikdäkileriň söýgüsi bilen ganhor Kabylyň ruhuny bildirýänleriň ýigrenjiniň arasyndaky tapawudyny aýdyň görkezýär, «olar bizden çykdylar... bizden däldigi aýan bolar ýaly çykdylar» (1 Ýahýa 2:19; 1:5⁠—⁠7; 2:8⁠—⁠11, 22⁠—⁠25; 3:23, 24, 11, 12). Eger şu zatlaryň ählisine düşünsek, onda biziň «dünýäni ýeňmäge» güýçli islegimiz bolar. Eýsem, dünýäni nädip ýeňip bileris? Muny berk imanymyz we Onuň buýruklaryny berjaý edýändigimizi görkezýän «Hudaýa söýgimiz» bilen ýeňeris (1 Ýahýa 5:3, 4).

13 Bu hatda «Hudaýa söýgi» diýen höweslendiriji güýç baradaky pikir eriş-argaç bolup geçýär. Ikinji bapda Ata bolan söýgi bilen dünýä bolan söýgi biri-birine gapma-garşy goýulýar. Soňra «Hudaý söýgüdir» diýen pikire ünsümizi çekýär (1 Ýahýa 4:8, 16). Bu nähili hakyky söýgi! «Ata Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberende», beýik söýgüsini görkezdi (1 Ýahýa 4:14). Bu bizde minnetdarlygy we resulyň sözlerine görä, gorkmaýan söýgini bildirmäge höweslendirmeli: «Biz Ony söýýäris, çünki öňinçä Ol bizi söýdi» (1 Ýahýa 4:19). Biziň söýgimiz Ata we Ogluň iş ýüzünde janaýamazlyk bilen görkezen söýgüsi ýaly bolmaly. Isanyň biziň üçin janyny gurban edişi ýaly, «biz-de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys», olara rehimdar bolup, «dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýmeli» (1 Ýahýa 3:16⁠—⁠18). Ýahýanyň haty Hudaý baradaky hakyky bilim esasynda döreýän söýginiň Ata we Ogul bilen birlikde bolup, Hudaýyň ýolunda ýöreýän adamlary baglaşdyrýandygyny aýdyň düşündirýär (1 Ýahýa 2:5, 6). Şeýle söýgüsi bolan Patyşalygyň mirasdaşlaryna Ýahýa şu sözler bilen ýüzlenýär: «Biz hak Bolanda, ýagny onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr» (1 Ýahýa 5:20).

[Çykgytlar]

a The International Standard Bible Encyclopedia, Vol. 2, 1982, edited by G. W. Bromiley, pages 1095⁠-⁠6.

b The Ecclesiastical History, III, XXIV, 17.

c Insight on the Scriptures, Vol. 2, page 1019.

d New Bible Dictionary, second edition, 1986, edited by J. D. Douglas, pages 426, 604.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş