Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 21—22
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 61 — 2 Petrus

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 61 — 2 Petrus
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 21—22

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 61 — 2 Petrus

Ýazan: Petrus

Ýazylan ýeri: Babyl (?)

Ýazylan wagty: b. e. tak. 64 ý.

PETRUS ikinji hatyny ýazanda, ýer ýüzündäki ýaşaýşynyň tizden tamamlanjakdygyny bilýärdi. Ol ähli mesihçi dogan-uýalara gullukda çydamly bolmaga kömek etmek üçin dogry bilim almagyň wajypdygyny ýatlatmagy ýürekden isleýär. Petrus resulyň adyny göterýän kitaby onuň ýazandygyna şübhelenip bolarmy? Hatyň mazmuny bu babatda ähli müňkürligi aýyrýar. Ony ýazan şeýle diýýär: «Isa Mesihiň guly, resuly Simun Petrusdyr» (2 Pet. 1:1). Şeýle-de ol: «Şindi... ikinji haty ýazýaryn» diýip belleýär (2 Pet. 3:1). Ol özi hakda Isa Mesihiň görnüşiniň üýtgändigini gördüm diýýär, bu hormata bolsa Petrus, Ýakup we Ýahýa mynasyp boldy. Şeýle-de ol bu waka barada diňe gören adamyň ýazyp biljekdigini aýdýar (2 Pet. 1:16⁠—⁠21). Ol öz ölümi barada Isanyň öňünden aýdandygyny agzaýar (2 Pet. 1:14; Ýahýa 21:18, 19).

2 Muňa garamazdan, käbir tankytçylar bu iki hatyň ýazylyş stiliniň bir-birinden tapawutlanýandygy üçin, ikinji haty Petrus ýazmady diýip çaklaýarlar. Emma bu pikir esassyz, sebäbi bu iki hatyň temasy bilen maksady meňzeş däl. Galyberse-de, Petrus birinji hatyny «sadyk dogan bolan Silwanus» arkaly ýazandygyny aýdýar. Eger Silwanusyň Petrusyň pikirlerini öz sözi bilen beýan etmäge biraz erkinligi bolan bolsa, onda bu hatyň dürli stilde ýazylmagyna täsir edip bilerdi, çünki ol ikinji haty ýazmaga gatnaşmandy (1 Pet. 5:12). Käbir adamlar bu kitabyň kanona degişlidigine şübhelenýärler, sebäbi ol barada «Atalaryň ýeterlikli subutnamalary ýok». Emma «meşhur Hristian Grek Ýazgylarynyň irki ýygyndylarynyň» jedwelinden görnüşi ýaly, abraýly çeşmeleriň köpüsi Petrusyň ikinji hatyny III Karfagen mejlisinden öň Mukaddes Ýazgylaryň kanonyna degişli hasaplaýardylar.

3 Petrusyň ikinji haty haçan ýazyldy? Takmynan b. e. 64⁠-⁠nji ýylynda ýazylan bolmaly. Bu hat we onuň ýazylan ýeri barada hiç zat aýdylmasa-da, ol Petrusyň birinji hatyndan biraz soň, Babylda ýa-da onuň golaýynda ýazylan bolmaly. Şoňa deňeç, Pawlusyň ähli hatlary ýygnaklarda giňden ýaýrapdy, Petrusyň-da mundan habary bardy, ol bu hatlary «Hudaýyň beýleki ylhamly Sözlerine» degişli hasaplaýardy. Petrusyň ikinji haty «biziňki bilen bahadaş imana gowşanlara», şol sanda Petrusyň birinji haty ýollananlara we onuň wagyz eden beýleki adamlaryna ýüzlenilýär. Petrusyň birinji haty köp şäherlerde belli boldy, onuň ikinji hatynda-da ähli mesihçilere degişli meseleler barada aýdylýar (2 Pet. 3:15, 16; 1:1; 3:1; 1 Pet. 1:1).

PEÝDASY

8 Dogry bilim nähili gymmatly! Petrusyň özi-de delillerini Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndan alan dogry bilimlerine esaslap tassyklaýar. Petrus olaryň mukaddes ruh arkaly ýazylandygyna güwä geçýär: «Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler». Şeýle-de ol Pawlus resulyň akyldarlygynyň gökden berlendigini belläp geçýär (2 Pet. 1:21; 3:15). Eger biz ylhamlanan Ýazgylaryň ähli kitaplaryny öwrensek, dogry bilim alarys, bu bolsa bize peýda berer. Biz öz göwnümizi aldamakdan gaça durup, Petrusyň agzan adamlary ýaly pikir etmeris: «Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» (2 Pet. 3:4). Bizi ýalan mugallymlar ýalňyşdyryp bilmez; bu barada Petrus bizi hatynyň ikinji babynda duýdurýar. Şol sebäpli biz elmydama Petrusyň ýatlatmalaryna we Mukaddes Ýazgylaryň beýleki ýazyjylaryna gulak asmaly. Bu ýatlatmalar bize «hakykatda... berkemäge», çydamlylyk we sabyr bilen «Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösmäge» kömek eder (2 Pet. 1:12; 3:18).

9 Petrus mesihçilere «Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda» bilimde ösmäge nämäniň kömek etjekdigi barada aýdýar. Ol birinji babyň 5⁠—⁠7⁠-⁠nji aýatlarynda sanalyp geçilýän mesihçi häsiýetleri ösdürmek üçin elimizden gelenini etmäge maslahat berýär. Soňra 8⁠-⁠nji aýatda şeýle diýýär: «Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz». Şu agyr günlerde Hudaýyň gullukçylary üçin nähili ruhlandyryjy sözler! (2 Pet. 1:2).

10 Hudaýa gullukda eliňden gelenini etmek nähili wajyp! Bu Ýehowa Hudaýyň «juda gymmatly, uly wadalarynyň» bizde ýerine ýetjekdigine ynamymyzy artdyrýar. Şol sebäpli Petrus mesh edilen mesihçileri gözlerini Patyşalyga dikmäge çagyrýar. Ol şeýle diýýär: «Çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz. Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler». Soňra Petrus Isanyň görnüşi özgerende aýan bolan onuň Patyşalykdaky şöhratynyň beýikligine üns berip, sözüni şeýle dowam edýär: «Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi». Hawa, Ýehowanyň beýik Patyşalygy baradaky pygamberlikleriniň ählisi hökman ýerine ýeter. Biz Işaýanyň pygamberliginden getiren Petrusyň sözlerine doly ynam bilen goşulyp bileris: «Biz Onuň wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» (2 Pet. 1:4, 10, 11, 19; 3:13; Iş. 65:17, 18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş