Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 19—20
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 60 — 1 Petrus

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 60 — 1 Petrus
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 19—20

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 60 — 1 Petrus

Ýazan: Petrus

Ýazylan ýeri: Babyl

Ýazylan wagty: b. e. tak. 62⁠—⁠64 ý.

IRKI mesihçiler Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerini hemme ýerde wagyz edýändigi üçin, Rim imperiýasynda Patyşalyk işi pajarlap ösüp, öňe gidýärdi. Emma bu yhlasly gullukçylar ters pikirlere uçradylar. Olaryň dini Iýerusalimde dörändigi we Mesihiň ilkinji şägirtleri ýewreý bolandyklary üçin, olary köp adamlar syýasy sebäplere görä, Rim hökümdarlygyna garşy çykýan we elmydama ýerli häkimiýetlere kynçylyk döredýän zelotlar (syýasy garaýşyň tarapdarlary) diýip hasaplaýardylar. Şeýle-de mesihçiler imperatora gurban bermekden we özge milletleriň däp-dessuryna gatnaşmakdan ýüz öwürýändikleri üçin başgalardan tapawutlanýardylar. Imany üçin olar sögünç eşidýärdiler hem-de ençeme synaglara duş gelýärdiler. Edil şol wagt Petrus Hudaýyň ylhamy bilen mesihçileriň duş geljek kynçylyklaryny öňünden duýup, özüniň birinji hatyny ýazýar. Ol imandaşlaryny «berk durmaga» çagyryp, şol wagtky imperator Neronyň döwründe özüňi nähili alyp barmalydygy barada maslahat berýär. Bu hat örän ýerliklidi, sebäbi mesihçiler tizden zalym yzarlamalara duş geldiler.

2 Bu kitabyň giriş sözleri ony Petrusyň ýazandygyny görkezýär. Lionly Irineý, Aleksandriýaly Kliment, Origen we Tertullian ondan aýatlary getirip, Petrusyň ýazandygyny aýdýarlara. Beýleki ylhamly kitaplar ýaly 1 Petrusyň ynama mynasyplygyny ençeme subutnamalar tassyklaýar. Ýewsewiý (takmynan b. e. 260⁠—⁠342⁠-⁠nji ýyllary) haty buthananyň ýaşulularynyň kabul edendigini we oňa salgylanandygyny belläp geçýär; şol döwürde onuň ynama mynasyplygyna şübhe ýokdy. B. e. II asyrynyň başynda ýaşan Ignatiý Bogonoses, Ýerma we Warnawa hem bu hata salgylanýarlarb. 1 Petrus Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplary bilen doly baglanyşykly bolup, onda Kiçi Aziýanyň welaýatlaryndaky «Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýada ýaýran wagtlaýyn ýaşaýjylary» bolan ýewreý we ýewreý däl mesihçileri üçin wajyp habarlar ýerleşýärdi (1 Pet. 1:1, TD).

3 Bu hat haçan ýazyldy? Hatdan görnüşi ýaly, mesihçiler eýýäm, mümkin, özge milletler ýa-da ýehudylar tarapyndan yzarlamalara sezewar bolýardylar, ýöne b. e. 64⁠-⁠nji ýylyndaky Neronyň mesihçileri yzarlamasy heniz başlanmandy. Şol sebäpli Petrus hatyny b. e. 62 we 64⁠-⁠nji ýyllar aralygynda ýazdy diýen netijä gelip bolýar. Bu bolsa Petrusyň Markus bilen bolandygyny tassyklaýar. Pawlus resul ilkinji gezek Rimde (takmynan b. e. 59⁠—⁠61⁠-⁠nji ýyllarynda) tussaglykdaka, Markus onuň ýanynda galýar, ýöne soňra ol Kiçi Aziýa ugramalydy. Pawlusyň ikinji tussaglygynda (takmynan b. e. 65⁠-⁠nji ýyly) bolsa, Markus ýene onuň ýanyna Rime barmakçy bolýar (1 Pet. 5:13; Kol. 4:10; 2 Tim. 4:11). Şu iki wakanyň aralygynda Markusyň Petrus bilen Babylda bolmaga mümkinçiligi bardy.

4 Petrusyň birinji haty nirede ýazyldy? Alymlar bu kitabyň ynama mynasyplygyny we kanona degişlidigini, kimiň hem-de haçan ýazylandygyny şübhä goýmaýarlar. Muňa garamazdan, onuň nirede ýazylandygy barada olaryň pikirleri deň gelmeýär. Petrusyň aýtmagyna görä, ol birinji hatyny Babylda ýazýar (1 Pet. 5:13). Emma käbir adamlar ol kitabyny Rimde ýazdy diýip çak edýärler we Petrusyň «Babyl» diýenine, aslynda, Rim şäheri diýýärler. Emma olaryň bu pikiri hiç zada esaslanmaýar. Mukaddes Ýazgylarda Babyl diýende Rimiň göz öňünde tutulýandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Petrus hatyny, hakykandanam, Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýa şäherlerine ýollaýar, şol sebäpli ol Babyl diýende hut şu şäheri göz öňünde tutdy (1 Pet. 1:1). Şeýle-de Petrusyň Babylda bolmagyna sebäp bardy: oňa «sünnetlilere wagyz etme işi... berlipdi», Babylda bolsa köp ýewreýler ýaşaýardy (Gal. 2:7⁠—⁠9). «Ýewreý ensiklopediýasynda» Talmudyň çykarylyşyna bagyşlanan makalada biziň eramyzdaky ýehudylaryň Babyl akademiýalary barada agzalýarc.

5 Hudaýyň ylhamlan Ýazgylarynda, şol sanda Petrusyň iki hatynda-da, onuň Rimde bolandygy barada aýdylmaýar. Pawlus bolsa özüniň Rimde bolandygy barada aýdýar, ýöne Petrusyň şol wagt ol ýerdedigi barada hiç zat aýtmaýar. Pawlus rimlilere ýazan hatynda 35 adamyň adyny agzap, 26 adamyň adyny tutup salam aýdýar. Emma ol Petrus barada hiç zat aýtmaýar. Näme üçin? Sebäbi Petrus şol wagt Rimde däldi (Rim. 16:3⁠—⁠15). Diýmek, Petrusyň birinji hatyny ýazan «Babyl» şäheri, hakykatdan-da, Mesopotamýada Ýewfrat derýasynyň ýakasynda ýerleşýän Babyl şäheridi.

PEÝDASY

11 Petrusyň birinji hatynda gözegçiler üçin gymmatly maslahatlar bar. Isanyň Ýahýa 21:15⁠—⁠17⁠-⁠nji aýatlarda, soňra Pawlusyň Resullaryň işleri 20:25⁠—⁠35⁠-⁠nji aýatlarda aýdan pikirlerini giňişleýin düşündirip, Petrus gözegçileriň sürini ilki bilen ak ýürekden, meýletinlik we isleg bilen bakmalydygyny belleýär. Gözegçi «baş çopan» Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda gulluk edýän çoluk kimin, onuň öňünde Hudaýyň sürüsine jogap berýär. Ol sürä görelde bolup, kiçigöwünlilik bilen onuň aladasyny edýär (1 Pet. 5:2⁠—⁠4).

12 Petrusyň hatynda mesihçileriň durmuşynyň başga pudaklarynda hem tabyn bolmalydygy barada ajaýyp maslahatlar bar. 1 Petrus 2:13⁠—⁠17⁠-⁠nji aýatlarda biz patyşalara we hökümdarlara edilmeli tabynlyk barada okaýarys. Emma mesihçiler belli bir derejede tabyn bolmaly: olar Rebbiň hatyrasyna we «Hudaýdan gorkýandyklary» üçin tabyn bolýarlar, çünki olar onuň guludyr. Petrus hyzmatçylary, eger «Hudaýyň öňündäki wyždanyny» saklamak üçin horluk çekmeli bolsalar, hojaýynlaryna tabyn bolup, sabyrly bolmaga çagyrýar. Şeýle-de aýallara ärlerine, şol sanda iman etmeýän ärlerine tabyn bolmak maslahat berilýär, çünki «Hudaýyň ýanynda has gymmatly» bolan gorky içindäki päk edim-gylymy bilen olar hatda ärlerini «gazanyp» bilerler, ýagny olar hakykata gelerler. Şu pikiri belläp, Petrus Ybraýyma wepalylyk bilen tabyn bolan Sarany mysal getirýär (1 Pet. 2:17⁠—⁠20; 3:1⁠—⁠6; Bar. 18:12). Ärler, öz gezeginde maşgalabaşy borjuny «ejiz gaba» ýerlikli üns berip, onuň aladasyny edip, ýerine ýetirmeli. Petrus bu pikiri dowam edip: «Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn boluň» diýýär. Soňra ol kiçigöwünlilik bildirmegiň wajyplygyny aýdýar. 1 Petrusda bu mesihçi häsiýete aýratyn üns berilýär (1 Pet. 3:7⁠—⁠9; 5:5⁠—⁠7; 2:21⁠—⁠25).

13 Petrus mesihçiler ýene-de ýowuz yzarlamalara we garşylyklara sezewar bolanda, olary goldap berkitdi. Onuň haty synaglary başdan geçirýän şu günki mesihçilere bahasyna ýetip bolmaýan kömegi berýär. Petrusyň Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryna salgylanyp, Ýehowanyň: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýen sözlerini getirýändigini belläp geçmek ýerlikli (1 Pet. 1:16; Lew. 11:44). Soňra Petrus Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplaryndan köp aýatlary getirýär we mesihçiler ýygnagynyň Mesihe esaslanan ruhy jaý hökmünde diri daşlardan gurulýandygyny aýdýar. Ol näme maksat bilen gurulýar? Resul muny şeýle düşündirýär: «Siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 Pet. 2:4⁠—⁠10; Iş. 28:16; Zeb. 118:22; Iş. 8:14; Çyk. 19:5, 6; Iş. 43:21; Hoş. 1:10; 2:23). Petrus hut şu «patyşalygyň ruhanylaryna», ruhanylar halkyna, ýagny Hudaýyň mukaddes halkyna Patyşalyk baradaky wadasyny, «çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasyny», «solmaz şöhrat täjini» we «Mesihde Öz ebedi şöhratyna çagyrýandygyny» aýdýar. Şeýdip, Petrus mesihçileri mundan beýläk hem «Mesihiň şöhraty görnende», uly begenç bilen şatlanmaga höweslendirdi (1 Pet. 1:4; 5:4, 10; 4:13).

[Çykgytlar]

a McClintock and Strong’s Cyclopedia, 1981 reprint, Vol. VIII, page 15.

b New Bible Dictionary, second edition, 1986, edited by J. D. Douglas, page 918.

c Jerusalem, 1971, Vol. 15, col. 755.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş