Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 59 — Ýakup
Ýazan: Ýakup
Ýazylan ýeri: Irusalim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 62 ý. çenli
«OL ÜÝTGÄPDIR». Isanyň garyndaşlary oňa şeýle diýýärdiler. Ol ýer ýüzünde gulluk edende, «doganlary-da Oňa iman etmeýärdiler», Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda Isanyň şägirtleri däldiler (Mar. 3:21; Ýahýa 7:5; Mat. 13:55). Onda näme üçin Mukaddes Ýazgylaryň Ýakup kitybyny Isanyň atabaşga dogany Ýakup ýazdy diýse bolýar?
2 Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, direlen Isa Ýakuba göründi (1 Kor. 15:7). Bu ony Isanyň Mesihdigine şübhesiz ynandyrdy. Resullaryň işleri 1:12—14-nji aýatlarynda Pentikost gününe çenli Merýem we Isanyň doganlary resullar bilen Iýerusalimiň jaýlarynyň balahanalarynyň birinde «üznüksiz doga we dileg edýärdiler» diýilýär. Belki, haty Ýakup atly resullaryň biri ýazandyr? Ýok, hatyň başynda awtor özi barada resul ýaly däl-de, Reb Isa Mesihiň guly hökmünde ýazýar. Şeýle-de Ýahudanyň hatynyň başlangyç sözleriniň, Ýakubyň hatynyň başlangyç sözlerine meňzeýändigi we Ýahudanyň özüne «Isa Mesihiň guly, Ýakubyň dogany» diýýändiginden görünýär (Ýakup 1:1; Ýahuda 1). Şol sebäpli Ýakubyň we Ýahudanyň hatyny Isanyň atabaşga doganlary ýazdy diýip bolýar.
3 Ýakup mesihçilere gowy nesihat berip bilýärdi. Ol gözegçi hökmünde Iýerusalimiň ýygnagynda uly hormata eýedi. Pawlus «Rebbiň dogany Ýakuby» ýygnagyň «diregleriniň» biri hökmünde Kifas we Ýahýa bilen bile agzaýar (Gal. 1:19; 2:9). Ýakubyň ýygnakda jogapkärli borjunyň bardygy Petrus tussagdan boşandan soň bu barada hökman «Ýakuba hem doganlara» habar beriň diýeninden hem görünýär. Pawlus we Barnabas Iýerusalime haýyş bilen sünnet baradaky meseläni çözmäge gelende, «resullaryň, ýolbaşçylaryň» adyndan geplän Ýakup dälmi näme? Bu meseläni çözmeklik baradaky hat hem Ýakubyň haty ýaly «salamlaşmak» bilen başlanýar. Bu bolsa iki haty hem şol bir adamyň ýazandygyny görkezýär (Res. iş. 12:17; 15:13, 22, 23; Ýakup 1:1).
4 Taryhçy Iosif Flawiý baş ruhany saddukeý Hananýanyň buýruk bermegine görä, Ýakuby daşladylar diýip ýazýar. Bu Rim hökümdary Fest aradan çykandan soň, ýöne onuň tagtyna mirasdaşy Albin geçmänkä, takmynan b. e. 62-nji ýylynda bolýara. Emma Ýakup hatyny haçan ýazdyka? Ýakup haty Iýerusalimde bütin dünýädäki «dagynyk on iki taýpa» ýa-da göni manyda, «dagynyk ýagdaýdakylara» ýazýar (Ýakup 1:1). B. e. 33-nji ýylynda mukaddes ruh döküleninden bäri, mesihçi dininiň ýaýramagy üçin wagt gerekdi we ýygnaklarda kitapda agzalan howsalaly ýagdaý ýüze çykdy. Şeýle-de onda görkezilişi ýaly, mesihçiler indi kiçi topar bolup ýygnanyşman, eýsem, ýetişen ýaşulular ruhy taýdan gowşan mesihçiler üçin doga edip, olary goldar ýaly ýygnaklar döredilipdi. Mundan başga-da ýygnaga öz-özünden göwni bitginlik we göz üçin hereket edýän ruh ornaşar ýaly ýeterlikli wagt geçmelidi (Ýakup 2:1—4; 4:1—3; 5:14; 1:26, 27). Şu zatlary göz öňünde tutsak, Ýakup hatyny has soň, mümkin, b. e. 62-nji ýylyndan biraz öň ýazan bolmaly, elbetde, eger Iosif Flawiýanyň Festiň ölümi bilen bagly ýagdaýy baradaky gürrüňi we onuň takmynan b. e. 62-nji ýylynda aradan çykan senesi baradaky çeşmeleri ygtybarly bolsa, onda muňa dogry diýse bolar.
5 Ýakubyň hatynyň Watikan 1209, Sinaý we Aleksandr ýygyndylarynda bardygy onuň ynama mynasyplygyny tassyklaýar. Bu hat b. e. 397-nji ýylynda Karfagen mejlisinden öň ýygnanan gadymy ýygyndylaryň azyndan onusynda bar. Irki buthananyň awtorlary hata köp salgylanýardylar. Mundan başga-da bu hat Mukaddes Ýazgylaryň beýleki hatlary bilen doly baglanyşykly bolup, olar bilen bir pikiri goldaýar.
6 Ýakuby bu haty ýazmaga näme höweslendirdikä? Haty ünsli okasak, imandaşlaryň arasynda kynçylyklaryň bolandygyny göreris. Käbirleri mesihçi kadalaryny peseldip, hatda olara biperwaý garaýardylar, şol sebäpli bu dünýäniň dosty bolup, ruhy zyna edýärdiler. Tankytçylar bolmadyk gapma-garşylyklary tapjak bolup, Ýakup imany iş ýüzünde görkezmeli diýmek bilen Pawlusyň iş arkaly däl-de, iman arkaly halas bolarsyňyz diýen sözleriniň güýjüni gaçyrýar diýýärler. Emma kontekstden görnüşi ýaly, Ýakup imanyň diňe sözde däl-de, iş ýüzünde görkezmelidigini aýdýar, Pawlus bolsa Kanunyň işlerini göz öňünde tutýar. Aslynda, Ýakup imany nädip bildirmelidigini görkezip, Pawlusyň sözleriniň üstüni doldurýar. Ýakubyň maslahatlary mesihçileriň her günki duş gelýän kynçylyklaryny çözmäge örän uly peýda berýär.
7 Haýwanlar, gämiler, daýhanlar, ösümlikler ýaly durmuşdan alnan mysallar Ýakubyň iman, sabyr we çydamlylyk baradaky delillerini täsirli hem-de aýdyň edýär. Bu gowy täri Isadan öwrenip, Ýakup sözlerini has ynamly edýär. Onuň adamlaryň niýetini we höwesini anyk bilýändigi örän geň galdyrýar.
PEÝDASY
15 Ýakup Isanyň adyny bary-ýogy iki gezek agzasa-da (Ýakup 1:1; 2:1), Rebbiň taglymatlaryny durmuşda nädip ulanmalydygyny ençeme gezek görkezýär. Muny Ýakubyň haty bilen Dagdaky wagzyň ünsli deňeşdirilişinden görse bolýar. Kitapda Ýehowanyň ady 13 gezek agzalýar (Täze dünýä terjimesi), onuň wepaly mesihçiler babatdaky wadalary hem birnäçe gezek aýdylýar (Ýakup 4:10; 5:11). Ýakup özüniň gerekli maslahatlaryny goldamak üçin Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndan ençeme mysallary hem-de aýatlary getirýär. Olara salgylanýandygyny onuň şeýle sözleri görkezýär: «Ýazga görä», «Ýazgy-da ýerine ýetip», «Ýazgy... aýdýar» we bu aýatlary ol mesihçi durmuşyna degişli edip ulanýar (Ýakup 2:8, 23; 4:5). Ýakup öwüt-ündew berip, Hudaýyň Sözüne bolan imany berkitmek bilen, Ybraýymyň imanyny iş ýüzünde görkezendigine, Rahawyň-da işleri imanynyň bardygyny tassyklaýandygyna salgylanýar hem-de Eýýubyň çydamlylygyny we Ylýasyň doga edip bil baglandygyny görelde hökmünde görkezýär (Ýakup 2:21—25; 5:11, 17, 18; Bar. 22:9—12; Ýeş. 2:1—21; Eýýup 1:20—22; 42:10; 3 Pat. 17:1; 18:41—45).
16 Ýakubyň diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji bolmak; imanyňy dogry amallar bilen görkezmek; dürli synaglara uçranda, muny uly begenç saýmak; Hudaýdan akyldarlyk dilemek; oňa hemişe dogada ýakynlaşmak we patyşalyk kanunyny berjaý etmek, ýagny «goňşyňy özüň ýaly söýmek» ýaly maslahatlary örän wajyp (Ýakup 1:22; 2:24; 1:2, 5; 4:8; 5:13—18; 2:8). Ýakup hatynda çynlakaýlyk bilen mesihçilere maslahat berýär. Ol adamlary diňe hakykata görä öwretmeli diýýär. Ol diliňe erk etmäge, ýygnak agzalaryny toparlara bölmezlige, ten höweslerine eýermezlige we çüýreýän baýlyga bil baglamazlyga çagyrýar (Ýakup 3:1, 8; 2:4; 4:3; 5:1, 5). Ýakup dünýä bilen dostlugy ruhy zyna bilen deňeşdirip, Hudaýyň duşmany bolýandygyňy aýdyň düşündirýär we «dul hatynlary muşakgatlarynda idemek, özüňi dünýäden çirksiz saklamakdyr» diýmek bilen, Hudaýyň ýanynda sap dindarlygyň nämedigine kesgitleme berýär (Ýakup 4:4; 1:27). Irki mesihçi ýygnagyň «direginden» hut şeýle gerekli we düşnükli maslahatlara garaşyp bolýardy (Gal. 2:9). Onuň ýagşy öwütleri şu günki howsalaly döwürde ýaşaýan mesihçiler üçin görkezme bolup hyzmat edýär, sebäbi onda «dogrulyk miwesini» getirýän «gökden inen akyldarlyk» bar (Ýakup 3:17, 18).
17 Ýakup doganlarynyň maksadyna, ýagny Hudaýyň Patyşalygyndaky ýaşaýşa gowuşmaga kömek etmek isleýärdi. Ol: «Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň; çünki Rebbiň geler wagty golaýdyr» diýip, olary höweslendirýär. Eger olar synaglary çydamlylyk bilen çekseler bagtlydyr, sebäbi Hudaýy razy etseler, olar «Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 5:8; 1:12). Hudaýyň wada edýän ýaşaýyş täjini almak üçin — gökde ölümsiz ýaşaýyş ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş bolsun, imany iş ýüzünde görkezip, mundan beýläk hem çydamly bolmaga degerli sebäp bar. Elbetde, Ýakubyň ajaýyp haty ählimizi gökde ýa-da Ýehowanyň täze dünýäsinde Rebbimiz Isa Mesihiň Patyşalygy astynda ýaşamaga tagalla etmäge höweslendirýär (Ýakup 2:5).
[Çykgytlar]
a Jewish Antiquities, XX, 197-200 (ix, 1); Webster’s New Biographical Dictionary, 1983, page 350.