Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 13—16
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 58 — Ýewreýler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 58 — Ýewreýler
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 13—16

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 58 — Ýewreýler

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Rim

Ýazylan wagty: b. e. tak. 61 ý.

PAWLUS esasanam «milletleriň» resuly hökmünde tanalýardy. Emma ol diňe ýehudy dällere wagyz etdimi? Elbetde ýok! Pawlus suwda çokundyrylmazdan we borjuny almazdan öň, Reb Isa ol barada Hananýa şeýle diýdi: «Bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr» (Res. iş. 9:15; Gal. 2:8, 9). Ýewreýlere hat Pawlusyň tabşyrygy boýunça Ysraýyl ogullaryna Isanyň adyny tanatmak üçin ýazyldy.

2 Käbir tankytçylar Ýewreýlere haty Pawlusyň ýazandygyna şübhelenýärler. Munuň bir sebäbi bu hatda Pawlusyň ady agzalmaýar. Emma olaryň bildirýän bu närazylygy esassyz, çünki kanona degişli kitaplaryň köpüsiniň kimiň ýazandygy agzalmaýar. Köplenç kitaby kimiň ýazandygyny bilmäge onuň mazmuny kömek edýär. Galyberse-de, käbirleriň aýtmagyna görä, Pawlus şol ýerdäki ýewreýleriň öz adynyň ýigrenilýändigine düşünip, olara ýazan hatynda adyny bilgeşleýin ýazmaýar (Res. iş. 21:28). Pawlusyň bu haty beýleki hatlaryndan stili boýunça tapawutlansa-da, ony başga biriniň ýazandygyny aňlatmaýar. Pawlus özge milletlere, ýewreýlere ýa-da mesihçilere ýüzlenende, ol hemişe «her kese her zat bolmaga» çalyşýardy. Ol hatynda öz pikirini ýewreýleriň garaýşy boýunça düşündirýär, şol sebäpli onuň näme diýýändigi okyjylara tanyş we düşnükli (1 Kor. 9:22).

3 Bu kitabyň mazmuny Pawlusyň ýazandygyna hiç hili şübhe galdyrmaýar. Kitapda ony ýazan adamyň Italiýada bolandygy we Timoteos bilen hyzmatdaşlyk edendigi aýdylýar. Bu deliller Pawlusyň ýazandygyny görkezýär (Ýew. 13:23, 24). Mundan başga-da hatdaky taglymatlar Pawlusyň ýazan başga hatlarynda hem agzalýar, emma muňa garamazdan, diňe ýewreýlerden ybarat bolan ýygnakdakylara düşünmek aňsat bolar ýaly, ondaky pikirler ýewreýiň garaýşy bilen ýazylan. Bu barada Adam Klarkyň «Mukaddes Ýazgylaryň düşündirilişi» diýen kitabynyň VI tomunyň 681⁠-⁠nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Bu hatyň ýewreýlere ýazylandygyny onuň mazmuny tassyklaýar. Eger bu hat ýehudy dällere ýazylan bolsa, onda oňa müňden bir adam hem düşünmezdi, sebäbi olar hatyň okyjylaryndan garaşylýan ýehudy dünýäsi bilen tanyş däldi». Bu bolsa hatyň ýazylyş stiliniň Pawlusyň beýleki hatlaryndan näme sebäpden tapawutlanýandygyny düşünmäge kömek edýär.

4 Takmynan 1930⁠-⁠njy ýylda tapylan Çester Bittiniň No.2 (R46) ýygyndysy hem bu haty Pawlusyň ýazandygyny subut edýär. Pawlusyň ölüminden takmynan bir ýarym asyr geçensoň ýazylan bu papirusly ýygyndy barada Mukaddes Ýazgylary gözleg geçirýän Britaniýanyň görnükli alymy Frederik Kenon şeýle diýdi: «Üýtgeşik zat — bu ýygyndyda Rimlilere hatdan soň Ýewreýlere hatyň gelýändigi örän geň galdyrýar. Bu bolsa şol golýazmanyň ýazylan döwründe haty Pawlusyň ýazandygyna hiç kimiň şübhelenmeýändigini görkezýär»a. Şeýle-de Makklintokyň we Strongyň ensiklopediýasynda şeýle bellenilýär: «Haty Pawlusdan başga biriniň ýazandygy barada ne bu kitapda, ne-de islendik başga bir çeşmelerde ygtybarly maglumat bar»b.

5 I asyrdaky mesihçiler Ýewreýlere haty ynama mynasyp hasaplaýardylar. Kitabyň «Hudaýyň ylhamy» bilen ýazylandygyny onuň mazmuny hem tassyklaýar. Onda Ýewreý Ýazgylaryndan ençeme aýatlar getirilýär we olaryň ählisiniň Mesih Isada nädip ýerine ýetendigi görkezilýär. Ogluň indi «perişdelerden... üstün» bolandygy barada aýdylanda, onuň diňe birinji babynda Ýewreý Ýazgylaryna azyndan ýedi gezek salgylanylýar. Ýewreýlere hatda Isany ýaşaýşyň Öňbaşçysy hökmünde we Mesihiň ýolbaşçylygynda adamzadyň ýeke-täk umydy bolan Hudaýyň Patyşalygy görkezilip, Ýehowanyň Sözi hem-de onuň ady dyngysyz beýgeldilýär.

6 Hatyň haçan ýazylandygy barada aýtsak, ýokarda agzalyşy ýaly, Pawlus ony Italiýadaka ýazypdy. Hatyň soňunda ol şeýle diýýär: «Doganymyz Timoteosyň boşadylanyndan habaryňyz bolsun. Gelen badyna, men onuň bilen bile sizi görmäge bararyn» (Ýew. 13:23). Bu sözler Pawlusyň türmeden boşadylmaga garaşýandygyny we öň türmede bolup, indi azatlyga çykan Timoteosa goşulmaga umyt edýändigini görkezýär. Şol sebäpli Pawlus Ýewreýlere haty Rimde ilkinji gezek tussagyň soňky ýylynda ýazdy diýip bolýar, bu bolsa b. e. 61⁠-⁠nji ýylydy.

7 Ýehudy dünýäsiniň soňy gelende, Ýahudada, aýratynam, Iýerusalimde ýaşaýan ýewreý mesihçileri üçin agyr synag döwri başlandy. Hoş habar näçe köp ýaýradygyça, şonça-da fanatik (dini nadan) ýehudylar mesihçilere zalymlarça garşylyk görkezýärdiler. Birnäçe ýyl mundan öň, Pawlusyň Iýerusalime bary-ýogy bir gezek gelmegi ýehudylaryň arasynda bulagaýlyk döretdi. Olar: «Beýle adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Munuň diri galmagy ýaraşykly däl» diýip gygyryşdylar. 40⁠-⁠dan gowrak ýehudy: «Pawlusy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun» diýip kasam etdiler. Şol sebäpli Pawlusy gije Kaýsariýa äkitmek üçin, ony gorar ýaly gowy ýaraglanan goşun gerekdi (Res. iş. 22:22; 23:12⁠—⁠15, 23, 24). Şeýle dini fanatizm we ýigrençli şertlerde mesihçiler ýaşamalydylar, wagyz etmelidiler we imanyny berk saklamalydylar. Olaryň Mesihiň kanuny berjaý edendigi barada çuňňur bilimi we düşünjeleri bolmalydy. Bu bolsa olara ýehudy dinine dolanmazlyga, ýagny Musanyň kanunyny berjaý edip, mal gurbanlaryny bermezlige kömek ederdi, çünki bularyň ählisi indi boş adat bolup galypdy.

8 Pawlus resul ýewreý mesihçileriniň nähili garşylyklara we yzarlamalara duş gelýändigine gowy düşünýärdi. Ol öň fariseýdi, şol sebäpli ýehudy däbini paş edýän degerli delilleri hemmelerden gowy getirip bilýärdi. Gamaliýeliň terbiýesi astynda tälim alan Pawlus Musanyň kanuny baradaky baý bilimine salgylanyp, kanuny, tabşyryklary we gurbanlary berjaý eden Mesih barada ýalana çykaryp bolmaýan subutnamalary getirdi. Ol indi bu nusga bolan zatlaryň çalşyrylyp, täze we iň gowy äht arkaly deňi-taýy bolmadyk bereket beriljekdigini görkezdi. Ol ähli subutnamalary ygtybarly we aýdyň tertipde düzdi. Şeýdip, Pawlus Kanun ähtiniň ýatyrylyp, Harunyň ruhanylygyndan Mesihiň ruhanylygynyň artykmaçlygy, öküz bilen geçileriň gurbanyndan Mesihiň gurbanynyň gymmatlylygy hem-de Mesihiň sežde edilýän çadyrda däl-de, gökde Ýehowanyň öňünde durandygy barada täze ähtiň berkarar edilendigini aýdýar. Müňkürlik edýän ýehudylar tarapyndan güýçli ýigrenilýän bu täze taglymatlaryň ählisi ýewreý mesihçilerine, pähimli bir ýehudynyň-da şübhelenmezligi üçin Ýewreý Ýazgylaryndan ençeme subutnamalar getirildi.

9 Indi bu bilimler bilen ýaraglanan ýewreý mesihçileri olary yzarlaýan ýehudylaryň agzyny bekläp hem-de Hudaýyň hakykatyny agtarýan akýürekli ýehudylary jedelsiz deliller arkaly ynandyryp bilerdiler. Bu kitap Pawlusyň imandaşlaryna bolan çuňňur söýgüsini we olaryň kömege mätäç mahaly gerekli kömegi etmäge güýçli isleginiň bardygyny görkezýär.

PEÝDASY

23 Ýewreýlere hatda ajaýyp düzülen ýuridik dokument hökmünde Mesih barada ýalana çykaryp bolmaýan deliller getirilýär. Onda Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryna esaslanan ençeme subutnamalar bar. Ýewreýlere hatda Musanyň kanunynyň äht, gan, töwellaçy, sežde edilýän çadyr, ruhanylyk we gurbanlar ýaly dürli pudaklaryna üns berlip, ilki bilen, bu zatlaryň ählisi, ýagny Hudaý tarapyn döredilen bu nusga Kanuny berjaý eden Mesih Isada we onuň beren gurbanynda jemlenýän «geljekki oňat zatlary» görkezilýär. Pawlus Kanun ähtini «wagty geçen» diýmek bilen: «Wagty geçen, könelen zat bolsa ýogalmaga golaýdyr» diýýär. Soňra: «Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir» diýdi (Ýew. 8:13; 13:8; 10:1). Bu haty okap, ýewreý mesihçileri gör nähili begenendir!

24 Emma bu hatyň biziň üçin näme ähmiýeti bar? Musanyň kanuny astynda bolmasak-da, bu hatdan bir zat öwrenip bilerismi? Elbetde, öwrenip bileris. Onda Hudaýyň beýik gurnany, ýagny Ybraýyma beren wadasy esasyndaky täze äht barada aýdylýar, çünki onuň Nesli arkaly ýer ýüzündäki ähli maşgala pata alar. Ýehowanyň ähli adamzady Ybraýymyň nesli bolan Isa Mesih arkaly pata berjek wadasy — bu biziň gelejege bolan ýeke-täk umydymyzdyr. Biz, Adam atanyň nesilleri bolanymyz üçin günäli doguldyk. Musanyň kanuny astynda bolmasak-da, bize rehimdar, ýagny beren gurbanynyň kanuny güýji bolup, Ýehowanyň öňünde bizi töwella etjek ruhany gerek. Bu hat bize şeýle ruhanymyzyň bardygyny görkezýär. Ol bize Ýehowanyň täze dünýäsinde ýaşaýşa gowuşmaga kömek edýär, ejizliklerimize gynanýar, çünki ol «her zatda biziň ýaly synaldy». Ol «gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna golaýlaşmaga» çagyrýar (Ýew. 4:15, 16).

25 Mundan başga-da Pawlusyň Ýewreýlere ýazan hatynda Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryndaky gadymy pygamberlikleriň ýerine ýetendigi barada imanymyzy berkidýän tassyklamalary tapýarys. Bularyň ählisi bize teselli we taglym üçin ýazylandyr. Meselem, Pawlus Ýewreýlere hatynda Zebur 110:1⁠-⁠de Patyşalyk baradaky pygamberligi Isa Mesihe degişli edip, oňa bäş gezek salgylanýar, çünki ol patyşylyk neslinden bolup, «duşmanlaryny aýaklaryna basgançak edýänçä», «Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy» (Ýew. 12:2; 10:12, 13; 1:3, 13; 8:1). Soňra Pawlus Zebur 110:4⁠-⁠i getirip, «Melkisedek düzgüni boýunça... hemişelik ruhanysyň» diýip, Hudaýyň Oglunyň wajyp ornuny düşündirýär. Mukaddes Ýazgylarda Melkisedekiň «atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar» diýilýär. Isa «mydamlyk ruhany» bolup, onuň hökümdarlygyny kabul edýänleriň ählisine töleg gurbany arkaly mümkin bolan ebedi bereketleri seçer (Ýew. 5:6, 10; 6:20; 7:1⁠—⁠21). Pawlus Zebur 45:6, 7⁠-⁠nji aýatlary getirip, hut şu Patyşa we Ruhany barada aýdýar: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr... Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi» (Ýew. 1:8, 9). Pawlus Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryna salgylanyp, onuň Mesih Isada nädip ýerine ýetendigini görkezýär, şoňa görä-de biz Hudaýyň gurnanyna gowy düşünýäris.

26 Ýewreýlere hatyň görkezişi ýaly, Ybraýym «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy», ýagny «asmandaky» şähere garaşýardy. «Ybraýym iman arkaly» Patyşalyga dyrjaşýardy, ol «has oňat direlişi» we Patyşalygyň bereketini aljak bolup, uly pida etmäge razydy. Ýewreýler kitabynyň 11⁠-⁠nji babyndaky «uly güwäler buludy», ýagny Ybraýym we başga-da berk imanly erkekdir aýallar bize gör nähili ajaýyp görelde galdyrdylar! Biz bu haty okanda, ýüregimiz şatlykdan ýaňa joşýar, sebäbi geçmişdäki wepaly gullukçylar ýaly bize-de Hudaýy şöhratlandyrmak hormaty berildi we gelejege berk umydymyz bar. Bu bizi mundan beýläk-de, «öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgamaga» höweslendirýär (Ýew. 11:8, 10, 16, 35; 12:1).

27 Pawlus Haggaý pygamberiň sözlerini getirip, Hudaýyň wadasyna üns berýär: «Ýene bir gezek diňe bir ýeri däl, gögi-de titrederin» (Ýew. 12:26; Hag. 2:6). Emma Hudaýyň Patyşalygy Mesih Isanyň, ýagny Nesliň ýolbaşçylygynda ebedi durar. «Şeýlelik bilen, yranmaz patyşalyga gowşanlygymyz üçin şükür edeliň. Şeýdip Hudaýyň halajak ýoly bilen, takwalyk hem gorky bilen Oňa gulluk edeliň». Ýewreýlere hat bizi Mesihiň «ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görünjekdigine» ynandyrýar. Şol sebäpli geliň, «Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň». Goý, Patyşa we Ruhany bolan Isa Mesih arkaly Ýehowanyň beýik adyna elmydama şöhrat bolsun! (Ýew. 12:28; 9:28; 13:15).

[Çykgytlar]

a The Story of the Bible, 1964, page 91.

b 1981 reprint, Vol. IV, page 147.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş