Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 12—13
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 57 — Filimun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 57 — Filimun
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 12—13

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 57 — Filimun

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Rim

Ýazylan wagty: b. e. tak. 60⁠-⁠61 ý.

PAWLUSYŇ örän sypaýyçylykly we söýgi bilen ýazan bu haty şu günki mesihçiler üçin juda ähmiýetlidir. Bu kitap «özge milliýetleriň resuly» bolan Pawlusyň hatlarynyň içinde diňe iň gysgasy bolman, eýsem, Mukaddes Ýazgylaryň içinde iň gysga kitap bolup, göwrümi boýunça Ýahýanyň ikinji we üçünji hatlaryndan uludyr. Bu hat Pawlusyň ne ýygnaga, ne-de jogapkärli gözegçä ýüzlenen ýeke-täk hatydyr. Pawlus bu hat arkaly bir adama, ýagny Kiçi Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Frikiýanyň Kolose şäherinde ýaşaýan, megerem, baý imandaş dogany Filimuna ýüzlenip, onuň bilen anyk bir ýagdaýy ara alyp maslahatlaşjak bolýar (Rim. 11:13).

2 Hatyň maksady örän aýdyň. Pawlus birinji gezek Rimde tussaglykdaka (b. e. 59⁠—⁠61⁠-⁠nji ýyllary), Hudaýyň Patyşalygy barada arkaýyn wagyz edip bilýärdi. Pawlusyň wagzyny diňleýänleriň arasynda onuň dosty Filimunyň gaçgak guly Onesimus hem bardy. Onesimus mesihçi bolýar we Pawlus onuň razylygy bilen Filimunyň ýanyna ony ibermekçi bolýar. Şol wagt Pawlus Efesosdaky we Kolosedäki ýygnaklara hat ýazýar. Ol bu iki hatynda-da mesihçi gullara we hojaýynlara biri-biri bilen özüni nähili alyp barmalydygy barada ýerlikli maslahatlary berýär (Efes. 6:5⁠—⁠9; Kol. 3:22⁠—⁠4:1). Emma Pawlus bu hatlar bilen birlikde Filimuna Onesimus barada haýyş edip, aýratyn hat ýazýar. Resul muny öz eli bilen ýazandygy üçin muňa Filimun örän geň galýar (Flm. 19). Bu bolsa Pawlusyň haýyşyny has abraýly edýärdi.

3 Bu hat takmynan b. e. 60⁠—⁠61⁠-⁠nji ýyllarynda ýazylýar, sebäbi Pawlus adamlary mesihçi dinine uýdurmak üçin Rimde köp wagyz etmelidi. Onuň tussaglykdadygyny 22⁠-⁠nji aýatdan hem görse bolýar, çünki ol boşadylmaga umyt edýärdi. Diýmek, Filimuna, Efeslilere we Koloselilere ýazylan bu üç hat Tihikus bilen Onesimusdan ýollanan bolmaly (Efes. 6:21, 22; Kol. 4:7⁠—⁠9).

4 Bu hatyň awtorynyň Pawlusdygy 1⁠-⁠nji aýatdan görünýär, ol ýerde resul öz adyny agzaýar. Munuň bilen Origen we Tertullian hem ylalaşýara. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň bu kitabynyň ynama mynasypdygy b. e. II asyryndaky Muratoriniň parçasynda Pawlusyň beýleki hatlary bilen birlikde agzalýandygy bilen hem tassyklanylýar.

PEÝDASY

7 Pawlusyň hatyndan görnüşi ýaly, ol sosial kynçylyklary çözmeklige üns bermeýär, dünýädäki ýagdaýy we onuň tertip-düzgünini, meselem, gulçulygy hem aýyrmakçy däldi. Ol hatda mesihçi gullary boşatmagy-da gazanjak bolmaýar. Gaýtam, Rim Koloseden 1 400 kilometr uzaklykda ýerleşse-de, ol gaçgak gul Onesimusy hojaýyny Filimunyň ýanyna iberýär. Pawlus özüniň beýik resullyk wezipesine wepaly galdy we «Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary... öwretmekde» Hudaýyň tabşyrygyndan boýun gaçyrmady (Res. iş. 28:31; Flm. 8, 9).

8 Filimunyň haty I asyrdaky mesihçileriň arasynda söýginiň we agzybirligiň bardygyny görkezýär. Ondan irki mesihçileriň bir-birine «dogan» diýip ýüzlenýändigini bilse bolýar (Flm. 2, 20). Şeýle-de mesihçi prinsipleri durmuşda nädip ulanyp bolýandygy görünýär. Pawlus bu hatynda doganlyk söýgüsini görkezýär, jemgyýetçilik gurluşa we özgäniň eýeçiligine hormat goýýar, göreldeli sypaýyçylyk hem-de öwgä mynasyp kiçigöwünliligi bildirýär. Pawlus mesihçiler ýygnagynda belli gözegçi bolsa-da, Filimuny Onesimusy bagyşlamaga mejbur etmeýär, gaýtam, oňa kiçigöwünlilik bilen mesihçi söýginiň we dostlugyň hatyrasy esasynda ýüzlenýär. Pawlusyň Filimuna sypaýyçylyk bilen ýüzlenmeginden gözegçiler özüne sapak edinip bilerler.

9 Mümkin, Pawlus Filimunyň Matta 6:14⁠-⁠däki Isanyň we Efesliler 4:32⁠-⁠däki öz beren maslahatyna eýerip, haýyşyny ýerine ýetirjekdigine tama eden bolmaly. Şu günki mesihçileriň hem rehimlilik bildirip, göwünlerine degen doganlary bagyşlajakdygyna ynanyp bileris. Eger Filimun kanun taýdan her hili edip gysmaga haky bolan guluny bagyşlan bolsa, onda häzirki mesihçiler özüne garşy günä eden dogany bagyşlamagy başarmaly, çünki bu ondan aňsatdyr.

10 Filimunyň hatyndan Ýehowanyň ruhunyň hereketi örän aýdyň görünýär. Muny Pawlusyň örän çylşyrymly meseläni ökdelik bilen çözendiginden bilse bolýar. Bu Pawlusyň imandaş dogany üçin gaýgy edip, mähirli duýgy bildirip, oňa ynanýandygyndan aýdyň görünýär. Şeýle-de ruhuň hereketini Ýazgylaryň beýleki kitaplary ýaly Filimuna ýazylan hat hem mesihçi prinsiplerini öwredýär, agzybir bolmaga höweslendirýär hem-de Hudaýyň Patyşalygyna bil baglaýan we edýän işlerinde Ýehowanyň merhemetini görkezýän «mukaddesleriň» arasyndaky söýgini we imany öwüp arşa çykarýar (Flm. 4).

[Çykgytlar]

a The International Standard Bible Encyclopedia, edited by G. W. Bromiley, Vol. 3, 1986, page 831.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş