Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-2 sah. 10—11
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 56 — Titus

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 56 — Titus
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 16
bsi08-2 sah. 10—11

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 56 — Titus

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Makedoniýa (?)

Ýazylan wagty: b. e. tak. 61⁠—⁠64 ý.

«HUDAÝYŇ guly, Isa Mesihiň resuly bolan... ortak imanymyza görä hakyky oglum Titus» (Titus 1:1, 4). Pawlus ençeme ýyl işdeş bolan Titusa şeýle sözler bilen hatyny başlaýar. Pawlus ýerli ýygnaga kömek eder ýaly, Titusy Girit adasynda galdyrýar. Titus örän köp işleri etmeli bolýar. Girit adasy gadymy wagtdan bäri, «taňrylaryň we adamlaryň atasynyň» mesgen tutýan ýeri hasaplanyp, onuň ýaşaýjylary barada «giritliler bilen giritli bolmak», ýagny «mekiri aldamak» diýen atalar sözi ýaýrapdya. Bu adanyň ýaşaýjylary ýalançylyk we aldawçylyk bilen tanalýardy. Pawlus olaryň pygamberiniň sözüni getirýär: «Giritliler hemişe ýalançy, ýaman haýwan, ýalta hajymelikdir» (Titus 1:12). Pawlusyň günlerindäki giritliler barada bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Bu adamlar ynamsyz, ikiýüzli we dawaçyldy; olar juda açgöz bolup, azgyn, ýalançy we serhoşlygy bilen tapawutlanýardy, olaryň arasynda ýaşaýan ýehudylar bolsa ondan hem beter günä edýän ýaly bolup görünýärdi»b. Şeýle ýaramaz şertlerde giritliler ýygnagy döredilýär. Şol sebäpli ol ýerdäki mesihçiler «hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri» has-da ret etmelidiler we Pawlusyň maslahat berşi ýaly, «sagdyn düşünjeli, dogruçyl we Hudaýa wepaly» bolup ýaşamalydylar (Titus 2:12, TD).

2 Titusyň hatynda onuň Pawlus bilen işdeş bolandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Emma Pawlusyň Titus barada agzan beýleki hatlaryndan, ol hakda köp zat bilse bolýar. Meselem, Titus grekdi. Ol köplenç Pawlusyň ýanynda bolýardy, azyndan bir gezek onuň bilen Iýerusalime-de gidýär (Gal. 2:1⁠—⁠5). Pawlus oňa «meniň şägirdim... işdeşim» diýýär. Ol Efesosda Korintoslylara birinji hatyny ýazyp, ony Titusdan Korintosa ýollaýar. Titus Korintosdaka Iýerusalimdäki doganlar üçin meýletin sowgat ýygnamaga gatnaşýar we soňra Pawlus ony bu işi tamamlamaga iberýär. Titus Pawlus bilen duşuşykdan soň Makedoniýa dolananda, Korintoslylara ikinji haty getirýär (2 Kor. 8:16⁠—⁠24; 2:13; 7:5⁠—⁠7).

3 Pawlus Rimde birinji tussaglygyndan soň, ýene-de Timoteos we Titus bilen işleşýär. Ähtimal, ol gullugynyň soňky ýyllarynda Giritde, Gresiýada we Makedoniýada wagyz edendir. Pawlusyň Gresiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Nikopolise gitmekçidigi bellidi, mümkin, ol ýerde ony tussag edip, Rime iberendirler. Ol ýerde oňa türme we ölüm jezasy garaşýardy. Pawlus Giritden gaýdandan soň, özüniň beren görkezmesi boýunça «işleri düzedip... her şäherde ýaşululary bellemek» üçin, Titusy ol ýerde galdyrýar. Pawlus bu haty Titusy Giritde galdyryp, Makedoniýa barandan soň ýazan bolmaly (Titus 1:5; 3:12; 1 Tim. 1:3; 2 Tim. 4:13, 20). Pawlusyň bu we 1 Timoteosa haty bir maksat bilen ýazylýar, ýagny ol dostuny ruhlandyryp, oňa tabşyrylan borçlary ýerine ýetirmek üçin ygtyýar berýär.

4 Pawlus bu haty Rimde birinji we ikinji tussaglygy döwründe, ýagny b. e. 61⁠—⁠64⁠-⁠nji ýyllarynda ýazan bolmaly. Bu kitabyň ynama mynasyplygy şol wagt ýazylan Timoteosyň hatlary ýaly ygtybarly subut edildi. Mukaddes Ýazgylaryň bu üç kitabyna köplenç Pawlusyň «çopançylyk hatlary» diýilýär. Bu üç kitabyň ýazylyş stili örän meňzeş. Lionly Irineý we Origen Titusyň kitaplaryndan aýatlary getirýärdiler. Bu kitabyň kanona degişlidigini başga-da gadymy abraýly çeşmeler subut edýär. Bu hat Sinaý we Aleksandr ýygyndylarynda tapyldy. Džon Raýlendziň kitaphanasynda R32 golýazmanyň parçasy bar, ol b. e. III asyryndaky ýygyndynyň kagyzy bolup, onda Titus 1:11⁠—⁠15⁠-⁠nji hem-de 2:3⁠—⁠8⁠-⁠nji aýatlar ýerleşýärc. Diýmek, bu kitabyň Hudaýyň ylhamlan Ýazgylarynyň bir bölümidigine şübhe ýok.

PEÝDASY

8 Giritdäki mesihçileriň daş-töweregini ýalançy, açgöz we ahlak taýdan bozuk adamlar gurşap alýardy. Olar özlerini nähili alyp barmalydylar? Hemmeler ýaly dünýäniň akymy bilen gitmelimi? Ýa-da dünýäden doly aýrylyp, mukaddes halk hökmünde Ýehowa Hudaýa gulluk etmek üçin aýgytly ädimler ätmelimi? Pawlus Titus arkaly Giritdäki mesihçilere ýüzlenip, «ýagşy işleri ýerine ýetirmek üçin alada etmäge» çagyrýar. Soňra sözüni dowam edip: «Bular ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr» diýýär. Şeýle-de şu günki wyždansyz we ýalandan doly dünýäde mesihçiler üçin «oňat işleri ýerine ýetirmegi öwrenmek» hem-de Hudaýa gullukda miwe getirmek «oňat we peýdalydyr» (Titus 3:8, 14). Pawlusyň Giritdäki ýygnaga howp salýan ahlaksyzlygy we wyždansyzlygy ýazgarýan sözleri biziň üçin duýduryş bolup hyzmat edýär we «Hudaýyň... merhemeti» «bize hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip... häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär». Şeýle-de mesihçiler «oňat işe taýýar durmaly» we sap ynsap bilen «häkimlere tabyn bolmaly» (Titus 2:11, 12, 13; 3:1).

9 1 Timoteos 3:2⁠—⁠7⁠-⁠nji aýatlardaky ýaly Titus 1:5⁠—⁠9⁠-⁠njy aýatlarda-da gözegçiler üçin mukaddes ruh arkaly berlen talaplar bar. Bu aýatlarda gözegçiniň «ynamly söze ýapyşyp», ýygnakdakylary öwretmelidigine aýratyn üns berilýär. Bu dogan-uýalar ruhy taýdan öser ýaly, gör nähili ähmiýetli! Titusyň hatynda öwretmegiň wajyplygy ençeme gezek bellenilip geçilýär. Pawlus Titusy mundan beýläk hem «sagdyn taglymata ýaraşykly öwretmäge» çagyrýar. Gartaşan aýallar «ýagşylygy öwredýänler bolmaly», gullar bolsa «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezemeli» (Titus 1:9; 2:1, 3, 9, 10). Pawlus Titusa gözegçiniň başgalara öwretmek bilen berk we batyrgaý bolmalydygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Bulary aýdyp, diňleýänlere doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe». Gulak asmaýanlar barada ol şeýle diýýär: «Imanda sagdyn bolmaklary üçin olara berk käýe». Görşümiz ýaly, Pawlusyň Titusa ýazan haty «öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin» örän peýdalydyr (Titus 2:15; 1:14; 2 Tim. 3:17).

10 Titusyň haty bizi Hudaýyň merhemetine minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek edýär we bu dünýäniň wyždansyzlygyndan gaça durmaga çagyrýar hem-de «häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamagymyzy öwredýär». Mesih Isa arkaly aklananlar şeýle etmek bilen Hudaýyň Patyşalygynda «baky ýaşaýşyň umydy içinde Onuň mirasçylary bolup» bilerler (Titus 2:13; 3:6).

[Çykgytlar]

a McClintock and Strong’s Cyclopedia, 1981 reprint, Vol. II, page 564; The New Schaff-Herzog Encyclopedia of Religious Knowledge, 1958, Vol. III, page 306.

b McClintock and Strong’s Cyclopedia, 1981 reprint, Vol. X, page 442.

c The Text of the New Testament, by Kurt and Barbara Aland, translated by E. F. Rhodes, 1987, page 98.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş