Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 55 — 2 Timoteos
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Rim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 65 ý.
PAWLUS ýene-de Rimde tussaglykdady. Emma häzir ýagdaý öňküden has agyrdy. Takmynan b. e. 65-nji ýylydy. 64-nji ýylyň iýul aýynda Rim şäheri otlanylýar, şonda şäheriň 14 etrabyndan 10-sy zyýan çekýär. Rim taryhçysy Tasitiň aýtmagyna görä, imperator Neronyň «buýrugy boýunça edilen bu ýangyn baradaky ony biabraý edýän gürrüňiň öňüni ol alyp bilmedi. Indi Neron bu gürrüňi basmak üçin günäkärleri agtarýardy we erbet işleri bilen ähli adamlaryň ýigrenjine sezewar bolanlara hem-de mesihçi diýilýänlere zulum jeza berdi... (Uly märeke) wagşylyk bilen ýakylmakda däl-de, ynsan nesline bolan ýigrençlikde paş edildi. Olary itler parçalap heläk eder ýaly, ýabany haýwanlaryň derisine dolap, masgaraçylykly öldürdiler, haça çüýlediler ýa-da ölüme sezewar bolanlary garaňky düşende ýagtylyk berer ýaly, otda ýakdylar. Bu hadysa üçin Neron öz bagyny hödürledi... Muňa garamazdan, bu zalymlyga adamlaryň rehimi gelýärdi, sebäbi bu jemgyýete peýda getirmek üçin edilmän, eýsem ganhor Neronyň eden etmişidi»a.
2 Megerem, hut şu ýowuz yzarlamalar döwründe Pawlus Rimde tussagdady. Bu gezek ol zynjyrdady. Ol boşadylmaga däl-de, gutarnykly höküme we jeza garaşýardy. Onuň ýanyna gelýänleriň sany azdy. Bu geň galdyrmaýar, sebäbi mesihçidigini açyk yglan eden her kesi zyndana taşlap, jebirli ölüme sezewar edýärdiler. Şol sebäpli Pawlusyň Efesosdaky doganlaryň ony ideg edendigine mähirli seslenýändigi düşnükli: «Reb Onisiforyň içerisine rehimdarlyk etsin. Çünki ol ençeme gezek janyma jan goşdy, zynjyrlar bilen baglydygyma utanman, Rimdekä meni gaýrat edip gözläp tapdy» (2 Tim. 1:16, 17). Pawlus öldüriljegine göz ýetirip, özi barada: «Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly» diýýär (2 Tim. 1:1). Ol Mesihde ýaşaýşa gowuşjakdygyny bilýärdi. Şu wagta çenli ol Iýerusalimden tä Rime çenli, belki-de, Ispaniýa ýaly şol wagt dünýäde belli bolan uly şäherleriň köpüsinde wagyz etdi (Rim. 15:24, 28). Pawlus wepalylyk bilen «ýaryşy bitirýär» (2 Tim. 4:6—8).
3 Bu hat takmynan b. e. 65-nji ýylynda, Pawlusyň jebirli ölüminiň öň ýanynda ýazylyp tamamlanan bolmaly. Timoteos heniz Efesosdady, sebäbi Pawlus oňa şol ýerde galmagy maslahat beripdi (1 Tim. 1:3). Indi bolsa Pawlus Timoteosy tizräk ýanyna gelmäge iki gezek çagyrýar. Ol ýany bilen Markusy hem-de Troasda galdyran donuny we kitaplary getirmegi haýyş edýär (2 Tim. 4:9, 11, 13, 21). Şeýle kyn pursatda ýazylan hat Timoteosy örän ruhlandyrdy. Bu hat şu günki mesihçileri-de ruhlandyrýar.
4 2 Timoteosyň ynama mynasypdygy we kanona degişlidigi baradaky subutnamalara 1 Timoteosa seredilende aýdylypdy. Ony irki awtorlar we düşündiriş berýän adamlar, şol sanda b. e. II asyrynda ýaşan Polikarp hem kabul edip, oňa salgylanypdy.
PEÝDASY
10 «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup... peýdalydyr». Nämä peýdaly? Pawlus Timoteosa ikinji hatynda şeýle jogap berýär: «Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Tim. 3:16, 17). Şeýlelikde, bu hatda «öwrenmegiň» peýdasy aýratyn bellenilip geçilýär. Dogrulygy söýýän adamlar bu hatyň paýhasly maslahatlaryna gulak asýarlar, olar Hudaýyň Sözüniň mugallymlary bolmaga çalşarlar hem-de «hakykat sözüni dogry ulanyp», özüni gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat ederler. Şu günlerem Timoteosyň döwründäki Efesosyň adamlary ýaly «samsyk hem düşnüksiz çekişmeler» bilen meşgullanýanlar bar, olar «hemişe öwrenip-de, hiç haçan hakykat bilimine ýetip bilmeýärler» we «sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlary üýşürýärler» (2 Tim. 2:15, 23; 3:7; 4:3, 4). Dünýäniň bu erbet täsirinden gaça durmak üçin «sagdyn sözleriň nusgasy» bolan iman we söýgini gaýym saklamaly. Şeýle-de «Hudaýyň adamy» Timoteos ýaly ýygnakda we «beýlekilere-de öwredip biljek» adamlar gerek. Bu jogapkärçiligi kabul edýän adamlar bagtly, olar ýumşaklyk bilen «öwretmäge ukyply» we sözi «doly sabyr hem-de ussatlyk bilen öwredýärler» (2 Tim. 1:13; 2:2, 24, 25; 4:2, TD).
11 Pawlus Lois we Ewnikiniň söýgi bilen beren öwüt-ündewi arkaly Timoteosyň Mukaddes Ýazgylary «oglanlykdan bäri bilýändigini» aýtdy. Bu çagalar bilen Mukaddes Ýazgylary haçan öwrenip başlamalydygyny görkezýär. Emma wagtyň geçmegi bilen çagalaryň yhlasy gaçsa näme? Onda Pawlusyň öwüt-ündewini ulanmaly, ýagny hilesiz imany saklap, olaryň yhlasyny «güýç, söýgi, nebsiňe buýurma» ruhunda ýene-de oýarmaly. Pawlusyň aýtmagyna görä, «soňky günlerde» kyn pursatlar bolup, jenaýatçylyk we ýalan taglymatlar köpeler. Şol sebäpli ählimiz, aýratyn hem, ýaşlar «her ýagdaýda hüşgär bolup... hyzmaty (doly, TD) bitirmeli» (2 Tim. 3:15; 1:5—7; 3:1—5; 4:5).
12 Elbetde, aljak sylygymyz göreşenimize degýär (2 Tim. 2:3—7). Ine, şonuň üçin Pawlus: «Dawudyň neslinden bolup, ölümden direlen Isa Mesihi ýada sal» diýip, wada edilen Nesle ünsümizi çekýär. Pawlus bu Nesil bilen bolmaga umyt edýär. Ol özüniň golaýlaşýan jezasyna ýeňiş hökmünde garap: «Mundan beýläk, dogrulyk, täji meniň üçin taýýar durandyr. Adyl kazy Reb ol günde ony maňa, diňe maňa däl, eýsem Onuň gelmegini söýýänleriň baryna-da berer» diýýär (2 Tim. 2:8; 4:8). Köp ýyldan bäri wepaly gulluk edýänligi hakynda oýlanyp, özi barada şeýle diýip bilýänler nähili bagtly! Emma munuň üçin häzir, Isa Mesih gelýänçä wepaly we söýgi bilen gulluk etmek wajyp hem-de Pawlus ýaly ynamymyzy görkezmeli: «Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! Omyn» (2 Tim. 4:18).
[Çykgytlar]
a The Complete Works of Tacitus, 1942, edited by Moses Hadas, pages 380-1.