Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 54 — 1 Timoteos
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Makedoniýa
Ýazylan wagty: b. e. tak. 61—64 ý.
LUKA Resullaryň işleri kitabynda Pawlusyň durmuşy baradaky gürrüňi onuň kaýsara arz edip, Rimde höküme garaşýandygy bilen tamamlaýar. Resul öz kireýine tutan jaýynda ýaşap, ýanyna gelýän adamlaryň ählisine Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi we «bütin gaýratlylyk bilen bökdençsiz öwredýärdi» (Res. iş. 28:30, 31). Emma Pawlus Timoteosa ýazan hatynda: «Men... jenaýatçy ýaly zynjyrlar baglanyp görgi görýärin diýýär» we ölüminiň golaýlandygy barada aýdýar (2 Tim. 2:9; 4:6—8). Nähili özgerişiklik! Ilkibaşda, oňa hiç zatda aýyplanmadyk tussag, soňra bolsa jenaýatçy hökmünde garaýardylar. Luka Pawlusyň iki ýyllap Rimde bolan wagtyny beýan etdi. Bu b. e. 61-nji ýylydy. Soňra näme boldy? Näme üçin Pawlus ölüminiň öňüsyrasy Timoteosa ýokarda agzalan sözleri ýazýar?
2 Pawlus Timoteosa we Titusa ýazan hatlaryny Resullaryň işleri kitaby bilen birlikde ýazdy diýip çaklap bolmaz. Käbir alymlar şuňa esaslanyp, kaýsara arz eden Pawlus takmynan b. e. 61-nji ýylynda azat edildi diýen netijä gelýärler. Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde şeýle diýilýär: «Resullaryň işleri kitabynyň soňky aýady, has dogrusy, şu pikiri (Pawlusyň iki ýyldan azat edilendigini) tassyklaýar, ýöne bu tussag resuly höküme we ölüme eltdi diýen çaklamany tassyklamaýar. Luka onuň işine hiç kimiň päsgel bermändigini belläp geçýär, görşümiz ýaly, onuň wagyz işi şol wagt tamamlanmandy»a. Şeýlelikde, Pawlus Timoteosa birinji hatyny Rimde ilkinji tussaglygyndan azat edilip, soňky tussaglygy, ýagny b. e. 61—64-nji ýyllary aralygynda ýazýar.
3 Pawlus türmeden boşadylyp, ähtimal, Timoteos we Titus bilen missionerlik işini dikelden bolmaly. Käbirleriň çaklamalaryna görä, Pawlusyň Ispaniýada bolandygy belli däl. Rimli Kliment (takmynan b. e. 95-nji ýylynda) Pawlusyň «Günbataryň araçägine ýetendigini» ýazýar, oňa Ispaniýa hem degişli bolup biler.b
4 Pawlus Timoteosa birinji hatyny nirede ýazdyka? 1 Timoteos 1:3-den görnüşi ýaly, Pawlus oňa Efesosdaky ýygnagyň käbir meselelerini çözmegi buýurdy, şol wagt özi bolsa Makedoniýa ugraýar. Pawlus Makedoniýadan Timoteos Efesosdaka oňa hat ýazan bolmaly.
5 Pawlusyň Timoteosa ýazan iki haty-da hemişe Hudaýyň ylhamlan sözleri hasaplanylýardy. Munuň bilen Polikarp, Ignatiý Bogonoses, Rimli Kliment ýaly irki mesihçi awtorlar razylaşýar we bu hatlar ilkinji asyrlardaky ýygyndylarda Pawlusyň ýazan kitaplary hökmünde getirilýär. Bir ygtybarly kitapda şeýle diýilýär: «Täze ähtiň käbir kitaplarynyň has degerli subutnamalary bar... Onuň ynamlydygy baradaky jedelleri irki buthanalaryň ygtybarly güwäligi bilen ylalaşylmaýan täze hadysa kimin garamaly»c.
6 Pawlus Timoteosa birinji hatyny ýygnakdaky käbir guramaçylykly meseleler babatda aýdyň görkezme bermek üçin ýazýar. Şeýle-de ol Timoteosy ýalan taglymatlardan gaça durmagy duýdurmalydy we ol «ýalan ýere bilim diýilýänden» hüşgär bolar ýaly, doganlara ündew bermelidi (1 Tim. 6:20). Mundan başga-da kommersiýa taýdan ösen Efesos şäheriniň baýlyga kowalaşmak we «pul söýgüsi» ýaly howply duzaklary bardy. Şol sebäpli bu babatda maslahat bermek örän ýerliklidi (1 Tim. 6:10). Timoteos alan bilimi we tejribesi bilen bu roly hökman ýerine ýetirip biljekdi. Onuň kakasy grek, ejesi bolsa hudaýhon ýehudydy. Timoteosyň mesihçiler taglymaty bilen haçan tanyş bolandygy belli däl. B. e. 49-njy ýylynyň ahyrynda ýa-da b. e. 50-nji ýylynyň başynda Pawlus ikinji missionerlik syýahatynda Listra şäherine barýar we Timoteosyň eýýäm şol wagt (mümkin, ol ýetginjek ýa-da ýaňy 20 ýaşdan gowrakdy) «doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy». Silas bilen syýahatda ýören Pawlus Timoteosy hem ýanynda äkidýär (Res. iş. 16:1—3). Timoteos Pawlusyň 14 hatynyň 11-inde hem-de Resullaryň işleri kitabynda agzalýar. Resul Timoteosy ogly ýaly görýärdi we oňa birnäçe gezek dürli ýygnaklary ideg etmegi tabşyrýar. Bu bolsa Timoteosyň missionerlik gullugyny gowy berjaý edip, iň jogapkärli ýumuşlary ýerine ýetirip bilýändigini görkezýär (1 Tim. 1:2; 5:23; 1 Sel. 3:2; Flp. 2:19).
PEÝDASY
15 Bu hatda boş sözlere we filosofik jedellere goşulan adamlara berk duýduryş berilýär. Tekepbirlige mahsus bolan «jedel söz dawalaryndan» gaça durmaly, çünki Pawlusyň aýtmagyna görä, olar ruhy taýdan ösmäge päsgel berýär, «bu zatlar Hudaýyň imana daýanan işine peýda bermekden köp, jedellere sebäp bolýandyr» (1 Tim. 6:3—6; 1:4). Ten höwesleri bilen birlikde bu jedeller «Mübärek Hudaýyň... şöhratly Hoş Habary» bolan «sag taglymata garşy» gelýär (1 Tim. 1:10, 11).
16 Efesosyň ýaşaýjylary puly söýýärdiler we ol ýerdäki mesihçilere baýlyga kowalaşmak hem-de onuň bilen bagly göwün açmalar babatda duýduryş bermelidi. Pawlus şeýle duýduryşy beripdi. Bu dünýäniň adamlary Pawlusyň «her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir» diýen sözüne salgylanmagy gowy görýärler, ýöne oňa eýerýänler az. Mesihçiler bolsa bu ündewi hiç haçan unutmaly däl. Olar baýlygyň zyýanly duzagyndan gaça durmaly we «wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglamaly» (1 Tim. 6:6—12, 17—19).
17 Pawlusyň haty Timoteosyň mysalyndan ýaş mesihçiniň nähili bolmalydygyny görkezýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, ruhy taýdan ýetişen mesihçidi. Ol gözegçilere berlen talaplara laýyk gelmek üçin tagalla etdi we wagtyň geçmegi bilen bu maksada ýetip, bol bereket aldy. Şu günki yhlasly ýaş gullukçylar ýaly Timoteos hem mundan beýläk üstünlik gazanmak üçin, bu barada oýlanyp, onuň bilen hemişe meşgullanmalydy. Ruhy taýdan ýetişip, şatlanmak isleýän mesihçiler Pawlusyň maslahatyna eýerýärler: «Özüňe hem taglymata dykgat et, bu işleri dowam etdir. Sebäbi, muny etmek bilen, sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň» (1 Tim. 4:15, 16).
18 Hudaýyň ylhamlan bu haty biziň onuň tabşyryklaryna bolan minnetdarlygymyzy artdyrýar. Bu hat ýygnagyň teokratik gurluşyny we agzybirligini saklar ýaly, erkek adamlaryň hem-de aýallaryň näme etmelidigini düşündirýär (1 Tim. 2:8—15). Şeýle-de onda gözegçiler we gulluk kömekçiler üçin talaplar berilýär. Şeýlelikde, mukaddes ruh ýygnakda aýratyn jogapkärli borçlary alýanlaryň nähili bolmalydygyny aýdýar. Mundan başga-da kitapda Hudaýa özüni bagyş eden gullukçylaryň ählisi bu kadalara laýyk gelmäge çagyrylýar. Onda şeýle diýilýär: «Kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat iş arzuw edýär» (1 Tim. 3:1—13). Şeýle-de hatda gözegçiniň ýygnakdaky dürli ýaşdaky erkek we aýallara nähili garaýyşda bolmalydygy seredilýär hem-de aýyplamanyň şaýadyň ýanynda garalmalydygy aýdylýar. Pawlus ýaşulularyň Hudaýyň sözüni ýaýratmakda we öwretmekde iki esse hormata mynasypdygyny nygtap, ygtybarly kitap hökmünde iki gezek Töwrat, Pygamberler kitaby we Zebura salgylanyp: «Mukaddes Ýazgy: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaga», «Işçi öz hakyna mynasypdyr» diýýär (1 Tim. 5:1—3, 9, 10, 19—21, 17, 18; Kanun. 25:4; Lew. 19:13).
19 Pawlus ajaýyp maslahatynyň üstüni şeýle sözler bilen ýetirýär: «Rebbimiz Isa Mesih gelýänçä, Hudaýyň buýrugyny çirksiz we müýnsüz sakla... patyşalar Patyşasy, rebbler Rebbi». Hatyň soňunda mesihçiler Patyşalyga umyt edýändigi sebäpli, «ýagşylyk etmäge, ýagşy işlere baý bolmaga, sahylyga, jomartlyga... soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirmäge» çagyrylýar (1 Tim. 6:14, 15, 18, 19). Hakykatdan-da, 1 Timoteosda aýdylanlaryň ählisi örän peýdaly!
[Çykgytlar]
a 1970, edited by H. S. Gehman, page 721.
b Resul adamlaryň ýazgylary. Riga, 1994. Kliment Rimskiý. Korintoslylara hat. V bap.
c New Bible Dictionary, second edition, 1986, edited by J. D. Douglas, page 1203.