Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 53 — 2 Selanikliler
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Korintos
Ýazylan wagty: b. e. tak. 51 ý.
PAWLUS Selaniklilere birinji haty ýazanyna köp wagt geçmänkä ikinji hatyny ýazýar. Biz munuň birinji hat ýaly Korintosda ýazylandygyny bilýäris, çünki Pawlus bilen bilelikde Selanikdäki ýygnaga şol doganlar, ýagny Silwanus we Timoteos salam aýdýar. Olaryň ählisi irki mesihçiler ýygnagynyň aýlanýan gözegçileridi we Korintosdan gidenden soň, olaryň üçüsiniň bir ýerde ýygnanandygy barada hiç ýerde agzalmaýar (2 Sel. 1:1; Res. iş. 18:5, 18). Hatda görkezilişi ýaly, Pawlus ýygnakdakylaryň nädogry pikirlerini, mümkin boldugyndan, tizräk düzetmegi makul bilýär.
2 Bu hatyň ynama mynasyplygy Selaniklilere ýazylan birinji hat ýaly şübhesizdir. Gadymy awtorlar ýaly, Lionly Irineý (b. e. II asyry) bu kitaba-da salgylanýar, şol sanda Ýustin Şehit (bu-da b. e. II asyry) «bikanun (günä) adam» barada ýazanda, megerem, 2 Selanikliler 2:3-e salgylanan bolmaly. Bu haty Selaniklilere birinji hatyň duş gelýän irki ýygyndylarynda görse bolýar. Bu hat häzir Çester Bittiniň No. 2 (R46) ýygyndysynda duş gelmese-de, ol 1 Selaniklilerden soň bolmadyk ýedi kagyzyň ilkinji ikisinde bolan bolmaly.
3 Hat näme maksat bilen ýazyldy? Pawlusyň selaniklilere beren maslahatyndan görşümiz ýaly, ýygnakdakylaryň käbiri Rebbiň barlygynyň örän golaýdygyny tassyklap, öz garaýyşlaryny yhlasly wagyz edýärdi, bu bolsa ýygnakda köp howsala turuzdy. Mümkin, käbirleri muňa daýanyp, hatda işlemekden we özüni üpjün etmekden boýun gaçyran bolmaly (2 Sel. 3:11). 1 Selaniklilerde Rebbiň barlygy ençeme gezek agzalýar, megerem, bu hat okalanda, käbirleri Pawlusyň sözlerini ýoýup, ony başga manyda düşündiren bolsa gerek. Şeýle-de hamala Pawlusyň ýazan hatlarynyň biri «Rebbiň (Ýehowanyň) güni gelip ýetdi» diýlip düşündirilen bolmaly (2 Sel. 2:1, 2).
4 Pawlusa bu wakany ýygnaga birinji haty eltip beren dogan aýdan bolmaly, resul hem ýürekden ysnyşan doganlarynyň pikirini düzetmegi wajyp hasaplaýar. Şol sebäpli Pawlus iki işdeşi bilen Korintosdaka b. e. 51-nji ýylynda Selanikdäkilere hat ýazýar. Ol doganlaryň Mesihiň barlygy hakyndaky garaýşyny düzetmek bilen çäklenmän, eýsem, olara hakykatda berk durmagy ýürekden ündeýär.
PEÝDASY
10 Bu uly bolmadyk Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan hatda mesihçiler hakykatynyň dürli taglymatlary agzalýar we olaryň ählisi üns berilmäge mynasyp. Geliň, häzir hatdaky esasy taglymatlara we prinsiplere seredip geçeliň. Ýehowa — gutulyş Hudaýydyr, ol ruhy bilen mukaddes edýär we hakykata ynandyrýar (2 Sel. 2:13); mesihçiler Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp saýylar ýaly, betbagtçylyklary başdan geçirmeli (2 Sel. 1:4, 5); mesihçiler Reb Isa Mesihiň barlygynda onuň ýanyna ýygnanarlar (2 Sel. 2:1); hoş habara uýmaýanlara Ýehowanyň adyl jezasy garaşýar (2 Sel. 1:5—8); çagyrylanlar Hudaýyň merhemetine görä Mesih Isa bilen birlikde şöhratlanarlar (2 Sel. 1:12); olar hoş habar arkaly çagyryldylar (2 Sel. 2:14); iman örän wajyp (2 Sel. 1:3, 4, 10, 11; 2:13; 3:2); gullukda özüňi üpjün etmek üçin zähmet çekmeklik dogry, eger adam işlemese, onda ol ýalta bolup, iliň işine gatyşyp başlar (2 Sel. 3:8—12); Hudaýa bolan söýgi çydamlylyga baglydyr (2 Sel. 3:5). Hat uly bolmasa-da, gör, onda näçe gymmatly pikirler bar!
11 Pawlusyň bu hatyndan onuň Selanikdäki doganlarynyň ruhy abadançylygy barada çuňňur gyzyklanyp, ýygnagyň agzybirligi we ösmegi hakynda alada edendigi görünýär. Ol ilkibaşda «Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan etjek» «bikanun adamyň» peýda boljakdygyny görkezýär we şeýdip, Ýehowanyň güni barada olaryň nädogry garaýşyny düzedýär. Emma «Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp saýylanlar» bellenen wagtda Reb Isanyň gökden ot bilen gelip, ar aljakdygyna şübhelenmän bilerler, «ol günde Reb Öz mukaddeslerinde şöhratlanmak, bütin iman edenleri täsin galdyrmak üçin şol gün gelende, şeýle bolar» (2 Sel. 2:3, 4; 1:5, 10).