Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 52 — 1 Selanikliler
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Korintos
Ýazylan wagty: b. e. tak. 50 ý.
TAKMYNAN b. e. 50-nji ýylynda Pawlus resul özüniň ikinji wagyz syýahatynda Makedoniýanyň Selanik şäherine barýar we ol ýerde mesihçiler ýygnagyny döredýär. Bir ýyl hem geçmänkä, Pawlus selanikdäki doganlary goldamak we olaryň imanyny berkitmek üçin Selaniklilere birinji hatyny ýazýar. Şol wagt, megerem, b. e. 50-nji ýylynyň ahyrydy, Pawlus Silwanus (Resullaryň işleri kitabynda Silas) we Timoteos bilen birlikde Selanik şäherindedi. Ähtimal, bu hat Pawlusyň kitaplarynyň içinde ilkinji bolup Mukaddes Ýazgylar kanonyna girendir we Mattanyň hoş habary hasaba alynmasa, bu Injiliň birinji ýazylan kitaby hasaplanýar.
2 Bu hatyň ynama mynasyplygyny we dogrulygyny ençeme subutnamalar tassyklaýar. Pawlus bu haty özüniň ýazandygyny aýdýar we ol Mukaddes Ýazgylaryň başga aýatlaryna laýyk gelýär (1 Sel. 1:1; 2:18). Bu hat Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanan irki ýygyndylarynda, meselem, Muratoriniň parçasynda duş gelýär. Irki buthananyň köp ýazyjylary 1 Selaniklilere salgylanýarlar ýa-da ondan aýatlary getirýärler, şol sanda Lionly Irineý (b. e. II asyry) hatyň adyny hem agzaýar. Selaniklilere birinji hat takmynan b. e. 200-nji ýylynyň Çester Bittiniň No. 2 (R46) ýygyndysynda duş gelýär, häzir Gentede (Belgiýa) saklanylýan b. e. III asyryndaky (R30) ýygyndyda bolsa, Selaniklileriň birinji we ikinji hatyndan alnan parçalar ýerleşýära.
3 Selanikdäki ýygnaga hat ýazylmanka bolup geçen wakalaryň gysgaça taryhy Pawlusyň şol şäherdäki doganlar barada näme üçin gaty biynjalyk bolandygyny düşündirýär. Bu ýygnak ilkibaşdan ýowuz yzarlamalara we garşylyklara duş gelýärdi. Resullaryň işleri kitabynyň 17-nji babynda Lukanyň habar berşine görä, Pawlus bilen Silas Selanikdäki «ýehudylaryň bir sinagogasyna» gelýärler. Pawlus üç sabat olara wagyz edip, Ýazgylar arkaly gürrüň edýär. Bu Pawlusyň şol şäherde uzak wagt bolandygyna güwä geçýär, çünki ol öz käri bilen meşgullanyp başlaýar we mundan başga-da ol ýerde ýygnak hem döredýär (Res. iş. 17:1; 1 Sel. 2: 9; 1:6, 7).
4 Resullaryň işleri 17:4—7-nji aýatlarda Selanikde wagzyň güýçli depginde alnyp barlandygy aýdyň beýan edilýär. Ýehudylar Pawlusyň wagzynyň üstünligine görüpçilik edip, üýşmeleň gurap, topalaň turuzdylar. Olar Ýasonyň öýüne hüjüm edip, «Ýason bilen birnäçe dogany şäher başlyklarynyň öňüne süýräp: «Bütin dünýäde topalaň turzan bu adamlar bu ýere hem geldiler. Ýason olary öýüne myhman aldy. Bularyň ählisi başga biri, ýagny Isa patyşadyr diýip, kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» diýip gygyrdylar». Ýason we onuň ýoldaşlary girew tölemeli boldular, diňe şondan soň olary boşatdylar. Ýygnagyň bähbidi we Pawlus bilen Silasyň howpsuzlygy üçin missionerleri gije Weriýa ugratdylar. Emma şol wagta çenli Selanikde eýýäm ýygnak döredilipdi.
5 Selanikdäki ýehudylar Pawlusy Weriýa şäherinde-de gazaply yzarlaýarlar we wagyz işine howp salýarlar. Şonda Pawlus Gresiýanyň Afiny şäherine gidýär. Muňa garamazdan, ol Selanikdäki doganlaryň kynçylyklara nädip döz gelýändigini bilmek isleýär. Pawlus iki gezek olaryň ýanyna barmaga jan edýär, ýöne her gezegem Şeýtan oňa päsgel berýär (1 Sel. 2:17, 18). Pawlus Selanikdäki ýaş ýygnak barada alada edip, doganlaryň nähili betbagtçylyklary başdan geçirýändigine düşünýärdi, şol sebäpli olara teselli berip, imanyny berkitmek üçin ol ýere Timoteosy iberýär. Timoteos gowy habar bilen dolanýar we Pawlus olaryň ýowuz yzarlamalara garamazdan, dogry ýolda berk durandygyny bilip, begenjinden ýaňa ýüregi joşýar. Şol wagta çenli eýýäm olar Makedoniýadaky we Ahaýadaky ähli imandaşlar üçin görelde boldular (1 Sel. 1:6—8; 3:1—7). Pawlus olaryň wepalylygy we çydamlylygy üçin Ýehowa Hudaýa minnetdarlyk bildirýär, ýöne olaryň ruhy taýdan ösdügiçe, mundan beýläk hem görkezmä we nesihata mätäçdigine-de düşünýärdi. Şol sebäpli Pawlus Timoteos we Silwanus bilen Korintosdaka Selaniklilere birinji haty ýazýar.
PEÝDASY
13 Pawlusyň hatyndan onuň doganlar barada söýgi bilen alada edendigini görse bolýar. Pawlus we onuň ýoldaşlary Selanikdäki söýgüli doganlara diňe bir Hudaýyň hoş habaryny däl, eýsem, olar üçin janyny hem bermäge taýyn bolup, mähirli duýgy bildirmekde ajaýyp görelde görkezdiler. Goý, gözegçiler hem ýygnakdaky imandaşlaryna bolan söýgüsini artdyrmaga tagalla etsinler! Şeýle söýgi hemmeleri birek-birege söýgi bildirmäge höweslendirer, çünki Pawlus şeýle diýdi: «Reb biziň size bolan söýgimiz ýaly biri-biriňize we bütin adamlara bolan söýgiňizi artdyryp köpeltsin». Hudaýyň ähli gullukçylary ýürekden söýgi bildirseler, bu abatlaýar hem-de «Rebbimiz Isa bütin mukaddesleri bilen gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde mukaddeslikde müýnsiz bolar ýaly, ýüregimizi berkitmäge» ýardam edýär. Bu mesihçilere erbet we azgyn dünýäden daşda durmaga kömek eder. Şeýdip, olar mukaddeslikde gezip, Hudaýy begendirip bilerler (1 Sel. 3:12, 13; 2:8; 4:1—8).
14 Bu hat mesihçiler ýygnagyna nädip sypaýyçylykly we söýgi bilen öwüt-ündew berip bolýandygynyň gowy göreldesi bolup hyzmat edýär. Selanikdäki doganlar wepaly we yhlasly bolsa-da, käbir zatda özgerişlik etmelidiler. Emma Pawlus doganlaryň ajaýyp häsiýetleri üçin olary öwmegi ýatdan çykarmaýardy. Meselem, ahlaksyzlykdan habardar etmezden öňürti, ol ilki bilen, olaryň Hudaýy razy etmek islegini öwüp, soňra her kişiniň öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmek üçin, bu işde «has köp ilerlemegi» ündedi. Olary doganlyk söýgüsi üçin öwüp, «has köp ilerlemegi», öz işleri bilen meşgul bolup, keseki adamlaryň öňünde hormat bilen gezmäge höweslendirdi. Pawlus doganlary sypaýyçylyk bilen «biri-birine, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla etmegi» maslahat berdi (1 Sel. 4:1—7, 9—12; 5:15).
15 Pawlus dört gezek Isa Mesihiň «barlygyny» agzap geçýär. Ähtimal, bu taglymat ýaňy iman eden Selanikdäki mesihçilerde uly gyzyklandyrma döredendir. Pawlus şol şäherdekä, Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň Patyşalygy barada batyrgaýlyk bilen wagyz edendigine ynansa bolýar. Muny Pawlusa we onuň ýoldaşlaryna garşy çykarylan hökümden görse bolýar: «Bularyň ählisi başga biri, ýagny Isa patyşadyr diýip, kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» (Res. iş. 17:7; 1 Sel. 2:19; 3:13; 4:15; 5:23). Selanikdäki doganlar Patyşalyga umyt edýärdiler we Hudaýa iman edip, geljekki gazapdan halas eder ýaly, «Onuň ölümden direlden... Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýardylar». Şeýle-de şu günler Hudaýyň Patyşalygyna umyt edýänleriň ählisi ýüreklerini berkidip, aýypsyzlygyny saklap, «Patyşalygyna, şöhratyna çagyran Hudaýa mynasyp gezmeli» hem-de Selaniklileriň birinji hatyndaky «söýgiňizi artdyryň» diýen ajaýyp maslahata eýermeli (1 Sel. 1:8, 10; 3:12, 13; 2:12).
[Çykgytlar]
a The Text of the New Testament, by Kurt and Barbara Aland, translated by E. F. Rhodes, 1987, pages 97, 99.