Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bt bap 8 sah. 60—67
  • «Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»
  • Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Meni näme üçin yzarlaýaň?» (Resullar 9:1—5)
  • «Sawul, doganym, meni... Halypaň Isa iberdi» (Resullar 9:6—17)
  • «Isa barada wagyz edip başlady» (Resullar 9:18—30)
  • «Köp adamlar iman etdiler» (Resullar 9:31—43)
  • Isa Sawuly saýlaýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Şama barýan ýolda
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Erbet iş edýänler düzelip bilermi?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
bt bap 8 sah. 60—67

8-NJI BAP

«Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»

Mesihçileri rehimsizlik bilen yzarlan Sawul yhlasly şägirt bolýar

Resullar 9:1—43

1, 2. Sawul Damasga näme üçin gitdi?

BIRGIDEN adam Damask şäherine ýetip gelýärdi. Olaryň niýeti düzüw däldi. Olar Isanyň şägirtlerini öýünden süýräp çykaryp, urup-ýenjip, el-aýagyny daňyp, üstünden gülüp, Iýerusalimdäki Mejlisiň öňüne eltjek bolýardylar.

2 Sawul atly adam märekäniň öňüne düşüp gelýärdi. Ol öňem Isanyň şägirdiniň ganyna galypdya. Sawul Isanyň wepaly şägirdi Stefanusy daşlap öldüren adamlary goldapdy (Res. 7:57—8:1). Soňra ol Iýerusalimdäki we beýleki şäherlerdäki şägirtleri hem yzarlap başlaýar. Ol «şu ýoldan ýöreýän» adamlaryň ählisiniň ýoguna ýanjak bolýardy (Res. 9:1, 2; «Sawulyň Damaskdaky ygtyýary» diýen çarçuwa serediň).

3, 4. a) Sawula näme boldy? b) Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Ýolda barýarkalar, birdenkä ýagtylyk inip, Sawulyň daş-töweregini gurşady. Ýanyndaky adamlar ýagtylygy görüp, doňup galdy, olaryň dili tutuldy. Ýagtylykdan ýaňa Sawulyň gözi kör boldy. «Ol ýere ýykylyp: „Sawul, Sawul! Meni näme üçin yzarlaýaň?“ diýen ses eşitdi. Sawul: „Agam, sen kim?“ diýip sorady. Ol: „Seniň yzarlaýan Isaň“» diýdi. Şonda Sawulyň ýüregi ýarylandyr (Res. 9:3—5; 22:9).

4 Isanyň «meni näme üçin yzarlaýaň» diýen sözlerinden näme öwrense bolýar? Sawul Isanyň şägirdi bolanda nähili wakalar boldy? Biz şol wakalardan näme öwrenýäris? Sawul Isanyň şägirdi bolansoň, dogan-uýalar arkaýyn wagyz etdiler, olary hiç kim yzarlamaýardy. Asudalyk döwri şägirtleriň wagyz edişinden näme öwrenýäris?

SAWULYŇ DAMASKDAKY YGTYÝARY

Sawula başga şäherdäki şägirtleri tussag etmäge kim rugsat berdi? Ýehudylar nirede ýaşasalar-da, Mejlisiň we baş ruhanynyň gelýän kararlaryna gulak asmalydylar. Şeýle-de baş ruhany başga şäherde ýaşaýan jenaýatça höküm çykarmak üçin ony Iýerusalime getirdip bilýärdi. Şol sebäpli baş ruhany Damaskdaky sinagoganyň ýaşulularyna hat ýazypdy. Ýaşulular hem derrew baş ruhanynyň aýdyşy ýaly etdi (Res. 9:1, 2).

Mundan başga-da rimliler ýehudylara öz aralaryndaky meseleleri çözmäge rugsat beripdi. Şonuň üçin hem ýehudylar Pawlusy bäş sapar «biri kem 40 gamçy» bilen urýarlar (2 Kor. 11:24). Makkaweýleriň birinji kitabynda Rim wekiliniň b. e. öň 138-nji ýylda Müsüriň hökümdaryna (Ptolemeý VIII) hat ýazandygy aýdylýar. Ol hatynda şeýle diýýär: «Eger jenaýatçylar öz ýurdundan (Ýahudadan) siziň ýurduňyza gaçyp barsa, olary baş ruhany Simunyň ýanyna iberiň. Goý, ol ýehudylaryň kanunyna görä jeza bersin». B. e. öň 47-nji ýylda Ýuliý Sezar hem baş ruhanynyň öňki ýaly köp ygtyýarynyň bardygyny tassyklady hem-de ýehudylaryň däp-dessurlary bilen bagly islendik meseläni çözmäge hakynyň bardygyny aýtdy.

«Meni näme üçin yzarlaýaň?» (Resullar 9:1—5)

5, 6. Isanyň Sawula aýdan sözlerinden näme öwrenýäris?

5 Sawul Damasga barýarka, ýolda ony Isa saklaýar. Ol: «Şägirtlerimi näme üçin yzarlaýaň?» diýmeýär-de, «Meni näme üçin yzarlaýaň?» diýýär (Res. 9:4). Görşümiz ýaly, Isa şägirtlerine edilen ýamanlygy özüne edilen ýaly görýär (Mat. 25:34—40, 45).

6 Eger sizi hem Isa iman edýändigiňiz üçin yzarlaýan ýa-da azar berýän bolsalar, Ýehowanyň, Isanyň ýagdaýyňyza düşünýändigini ýatdan çykarmaň (Mat. 10:22, 28—31). Elbetde, Ýehowa kynçylyklary doly aýyrmaz. Ýadyňyzda bolsa, Isa Sawulyň Stefanusyň öldürilmegini goldaýşyny we Iýerusalimdäki şägirtleri öýünden süýräp çykaryşyny görüpdi (Res. 8:3). Şol wagt Isa Sawuly saklamady. Ýöne Ýehowa Isanyň üsti bilen Stefanusa we beýleki şägirtlere wepaly bolar ýaly güýç berdi.

7. Yzarlamalarda berk durar ýaly haýsy maslahatlara eýermeli?

7 Yzarlamalarda berk durmaga şu maslahatlar kömek eder. Birinjiden, nähili ýagdaý bolsa-da, Ýehowa wepaly boluň. Ikinjiden, Ýehowadan kömek soraň (Flp. 4:6, 7). Üçünjiden, adalatsyzlyk edenlerinde özüňiz çözjek bolmaň-da, Ýehowa tabşyryň (Rim. 12:17—21). Dördünjiden, kynçylyk aýrylýança, Ýehowanyň çydamaga güýç berjekdigine şübhelenmäň (Flp. 4:12, 13).

«Sawul, doganym, meni... Halypaň Isa iberdi» (Resullar 9:6—17)

8, 9. Isa ýumuş tabşyranda Ananýas nähili duýgulary başdan geçirendir?

8 Isa Sawulyň soragyna jogap berensoň, şeýle diýýär: «Ýeriňden tur, şähere git. Saňa näme etmelidigini aýdarlar» (Res. 9:6). Sawulyň gözi görmeýärdi, şonuň üçin elinden tutup Damasga getirdiler. Ol üç günläp doga etdi, hiç zat iýip-içmedi. Damask şäherinde «hudaýhon we ýehudylaryň arasynda abraýly» Ananýas atly şägirt bardy. Isa oňa Sawulyň ýanyna gitmegi tabşyrýar (Res. 22:12).

9 Ýygnagyň başy, ölümden direlen Isa bilen gepleşende Ananýas begenendir. Ýöne onuň tabşyran ýumşy biraz howsala düşürendir. Isanyň hut özünden ýumuş almak Ananýas üçin uly hormatdy. Emma tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek aňsat däldi. Isa Ananýasa Sawulyň ýanyna gitmegi tabşyranda, ol şeýle diýdi: «Halypam, ol hakda köp zatlary eşitdim. Ol Iýerusalimdäki mukaddes gullaryňa köp azar berdi. Ol seniň adyňy çagyrýanlaryň ählisini tussag etmek üçin uly ruhanylardan rugsat alyp gelipdir» (Res. 9:13, 14).

10. Isa Ananýas bilen nähili gepleşdi? Biz Isadan näme öwrenýäris?

10 Ananýas özüni biynjalyk edýän zatlary aýdanda Isa gaharlanmandy. Gaýtam Ananýas alada etmez ýaly, Isa oňa şol ýumşy näme üçin tabşyrandygyny düşündirýär. Isa Sawul barada şeýle diýýär: «Bar, ol meniň saýlan gulum. Ol başga halklara, patyşalara we Ysraýyl ogullaryna men hakda wagyz eder. Ol meniň adym sebäpli köp görgüler görer» (Res. 9:15, 16). Ananýas derrew Isanyň aýdyşy ýaly edýär. Ol Sawuly sorap-idäp tapýar-da, oňa: «Sawul, doganym, meni ýolda gören Halypaň Isa iberdi. Ol seniň gözüň açylyp, mukaddes ruhy almagyňy isleýär» diýdi (Res. 9:17).

11, 12. Biz Isadan, Ananýasdan we Sawul bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

11 Biz Isadan, Ananýasdan we Sawul bilen bolan wakadan köp zatlary öwrenip bilýäris. Meselem, Isa wada berişi ýaly, wagyz edenimizde ýanymyzda bolýar, goldaýar (Mat. 28:20). Elbetde, şu günler Isa Ananýas bilen gepleşişi ýaly, her birimiz bilen aýratynlykda gepleşip, görkezme bermeýär. Isa wagyz bilen bagly görkezmeleri bermek üçin wepaly hem paýhasly hyzmatkäri belledi (Mat. 24:45—47). Wepaly hyzmatkär, ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty wagyzçylara we pionerlere Isany tanamak isleýän akýürekli adamlary tapmaga kömek edýär. Akýürekli adamlaryň köpüsi hak Hudaýdan kömek sorap doga edýärler. Şonda Ýehowanyň Şaýatlary olara wagyz edýärler. Olaryň käbiri barada geçen bapda-da gürrüň edipdik (Res. 9:11).

12 Ananýas Isa gulak asyp, tabşyrygyny berjaý etdi. Şeýdip, berekedem aldy. Size-de wagyz etmek kyn düşýärmi? Öýden-öýe wagyz etmäge, nätanyş adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga çekinýärsiňizmi? Adamlara iş ýerinde, köçede, telefon ýa-da hat arkaly wagyz etmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Şeýle ýagdaýlarda Isanyň tabşyrygyna gulak asarsyňyzmy? Ananýas gorkup oturman, Isa bil baglady. Sawula-da dogany ýaly seretdi. Şeýdip, ol Sawulyň üstüne elini goýup, Hudaýyň mukaddes ruhuny almaga kömek etdib. Isanyň wagyzda kömek etjekdigine ynansak, adamlara duýgudaş bolsak, olara doganymyz ýa uýamyz ýaly seretsek, Ananýas ýaly gorkyny ýeňip bileris (Mat. 9:36).

«Isa barada wagyz edip başlady» (Resullar 9:18—30)

13, 14. Sawuldan nädip görelde alyp bilersiňiz?

13 Sawul Isa barada bilensoň, häsiýetlerini üýtgedýär. Ol sagalan badyna suwa çümdürilýär we şägirtlere goşulýar. Şeýle-de Sawul «derrew sinagogalara baryp, Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada wagyz edip başlaýar» (Res. 9:20).

14 Sizem Sawul ýaly häsiýetleriňizi üýtgedip, öwrenen zatlaryňyz boýunça ýaşasaňyz, suwa çümdürilip bilersiňiz. Sawul Isanyň gudratlaryny görendigi üçin suwa çümdürilmek isledi. Ýerde ýaşanda Isanyň gudratlaryny başga-da köp adamlar gördi. Meselem, fariseýler Isanyň ysmaz adamyň elini sagaldyşyny görüpdi, ýehudylaryň köpüsi onuň Lazary direldendiginiň şaýady bolupdy. Ýöne olar şonda-da Isanyň şägirdi bolmadylar, hatda oňa garşy çykdylar (Mar. 3:1—6; Ýah. 12:9, 10). Sawul bolsa garaýşyny üýtgetdi. Näme üçin? Sebäbi ol adamlardan däl-de, Hudaýdan gorkýardy. Isanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilýärdi (Flp. 3:8). Eger sizem Sawuldan görelde alsaňyz, hiç zada garaman yhlasly wagyz edersiňiz we häsiýetleriňizi üýtgedip, suwa çümdürilersiňiz.

15, 16. Sawul sinagogalarda näme edýärdi? Damaskdaky ýehudylar näme etdiler?

15 Göz öňüne getiriň, Sawul sinagogada Isa barada wagyz edip başlaýar. Adamlaryň köpüsi haýran galýar, käbirleriniň bolsa gahary gelýär. Olar: «Ol Iýerusalimde Isanyň adyny çagyrýanlary yzarlan adam dälmi?» diýişýärler (Res. 9:21). Sawul olara «Isanyň Mesihdigini subut edip», garaýşynyň näme üçin üýtgändigini düşündirýär (Res. 9:22). Ol näçe jan etse-de, hemme adamlar ynanmady. Sawul däp-dessura çümüp giden, özüne göwni ýetýän, özüni dogruçyl hasaplaýan adamlaryň garaýşyny üýtgedip bilmedi. Ýöne olaryň garaýşy Sawulyň badyny gowşatmady.

16 Üç ýyl geçse-de, Damaskdaky ýehudylar Sawula garşy çykýardy. Olar hatda Sawuly öldürjek hem bolýardylar (Res. 9:23; 2 Kor. 11:32, 33; Gal. 1:13—18). Ýehudylaryň dil düwşügi Sawulyň gulagyna ýetýär. Ol şäherden gaýtmaly diýen karara gelýär. Şägirtler Sawuly sebede salyp, şäheriň diwarynyň penjiresinden aşak düşürýärler. Şeýdip, ol şäherden gaçyp gaýdýar. Luka şol wakada Sawulyň şägirtleriniň oňa şol gije kömek edendigini ýazýar (Res. 9:25). Sebäbi Sawul Damaskda wagyz edende käbir adamlara garaýşyny üýtgedip, Isa iman etmäge kömek eden bolmaly.

17. a) Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlaryňyza adamlar nähili garar? b) Biz näme etmeli we näme üçin?

17 Okuw geçip başlanyňyzda öwrenen zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza we tanyş-bilişleriňize gürrüň beresiňiz geler. Siz Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar hakykat bolansoň, onuň bilen hemmeler razylaşar diýip pikir edersiňiz. Ýöne muny hemmeler dogry hasaplamaz. Hatda maşgala agzalaryňyz garşy çykyp, sizi duşmany saýar (Mat. 10:32—38). Eger Mukaddes Kitaby ökdelik bilen düşündirmegi öwrenseňiz we ýagşy edim-gylymly bolsaňyz, belki, olaram garaýşyny üýtgeder (Res. 17:2; 1 Pet. 2:12; 3:1, 2, 7).

18, 19. a) Barnabasyň Sawula kömek etmegi nähili peýda berdi? b) Barnabas bilen Sawuldan näme öwrenip bileris?

18 Sawul Iýerusalime baranda mesihçiler onuň şägirt bolandygyna ynanmadylar. Ýöne Barnabas bar zady jikme-jik gürrüň berensoň, olar Sawula ynandylar. Sawul biraz wagtlyk şägirtleriň ýanynda boldy (Res. 9:26—28). Ol ätiýaçly adamdy. Ýöne ol hoş habary wagyz etmäge utanmaýardy (Rim. 1:16). Ol öň Iýerusalimde şägirtleri yzarlan bolsa, indi şol ýerde batyrgaýlyk bilen wagyz edýär. Sawulyň Isanyň şägirdi bolandygyny bilende Iýerusalimdäki ýehudylaryň gahary gelip, ony öldürjek bolýar. «Doganlar bolsa muny bilip, Sawuly Kaýsariýa eltdiler, soňra Tarsusa ugratdylar» (Res. 9:30). Sawul Isanyň doganlar arkaly beren görkezmesine gulak asdy. Şeýdip, ol hem özüni, hem ýygnagy erbetlikden gorady.

19 Barnabas Sawulyň kömek soraryna garaşman, derrew dadyna ýetişdi. Barnabas oňa kömek edip, gowy dost boldy. Sizem Barnabas ýaly täze wagyzçylar bilen wagza gidýärsiňizmi? Olara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärsiňizmi? Eger ilkinji bolup özüňiz ädim ätseňiz, köp bereket alarsyňyz. Ýaňy-ýakynda wagyzçy bolan bolsaňyz, Sawul ýaly başgalaryň kömegini kabul edýärsiňizmi? Tejribeli dogan-uýalar bilen wagza çyksaňyz, has gowy wagyz etmegi öwrenersiňiz, köp şatlyk taparsyňyz we olar bilen jana-jan dost bolarsyňyz.

«Köp adamlar iman etdiler» (Resullar 9:31—43)

20, 21. Yzarlamalar bolmadyk wagty Ýehowanyň halky näme edýär?

20 Sawul Isanyň şägirdi bolansoň we Iýerusalimden gaçyp gaýdansoň, «Ýahudada, Jelilede we Samariýada ýygnaklara asudalyk aralaşdy» (Res. 9:31). Şol döwür şägirtler näme etdi? (2 Tim. 4:2). Olar ruhy taýdan ösdüler. Resullar we beýleki jogapkär doganlar şägirtleriň imanyny berkitdiler. Şeýle-de olar ýygnaga «Ýehowadan gorkup, onuň ýolundan ýöremäge we mukaddes ruhuň güýji bilen teselli tapmaga» kömek etdiler. Meselem, Petrus Şarondaky we Liddadaky şägirtleriň imanyny berkidýärdi. Onuň tagallasy bilen köp adamlar «Halypamyza iman etdiler» (Res. 9:32—35). Şägirtler öz iş-güýçleri bilen başagaý däldiler. Gaýtam olar bir-birini ruhlandyrýardylar, elinde baryny edip hoş habary wagyz edýärdiler. Netijede, «şägirtleriň sany gün-günden artýardy».

21 Hökümetler köp ýyllap Ýehowanyň Şaýatlaryny yzarlaýardylar. Ýöne 1990-njy ýyllarda Ýehowanyň Şaýatlary üçin köp ýurtlarda asudalyk döwri boldy. Şonda wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda-da Hudaýyň halky arkaýyn wagyz edip bilýärdi. Käbir ýurtlarda hatda wagyz etmäge kanun taýdan rugsat hem berildi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Ýehowanyň Şaýatlary köpçülik ýerlerinde wagyz edip, köp adamlary hakykata getirdiler.

22. Asudalyk döwri wagtyňy nädip paýhasly ulanmaly?

22 Sizem yzarlamalar, garşylyklar ýok wagty mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärsiňizmi? Şeýtan wagyz işine rugsat berlen ýurtlarda mesihçileriň Ýehowa gulluk etmäge wagty galmaz ýaly köpräk gazanç edip, baýamagyň duzagyna düşürjek bolýar (Mat. 13:22). Şeýtana aldanmaň, duzagyna düşmäň. Gaýtam wagtyňyzy paýhasly ulanyp, ünsüňizi wajyp zatlara beriň. Asudalyk döwri hoş habary wagyz ediň we dogan-uýalaryň imanyny berkidiň. Şu zatlary soňa goýmaň. Belki, ertir giç bolar.

23, 24. a) Tawita bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

23 Geliň, Ýafa şäherinde bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ýafa şäheri Liddadan uzakda däldi. Ol ýerde Isanyň Tawita atly şägirdi ýaşaýardy. Oňa Dorka hem diýýärdiler. Ol dogan-uýalar üçin wagtyny gaýgyrmaýardy, olara köp ýagşylyk edýärdi. Bir gün ol keselläp aradan çykýarc. Ýafadaky şägirtler we dul aýallar onuň ölümine gaty gynanýar, sebäbi Dorka olara köp ýagşylyk edipdi. Şägirtler Tawitanyň jesedini ýuwup, jaýlamaga taýýarlaýarlar. Şol wagt Petrus gelýär. Ol doga edip, Tawitany direldýär. Öň hiç bir resul ölen adamy direltmändi. Göz öňüne getiriň, Petrus şägirtleri we dul aýallary otaga çagyrýar. Olar Tawitanyň direlendigini görüp haýran galandyrlar. Begenjinden ýaňa guş bolup uçaýjak bolandyrlar. Şu wakalar gelejekde boljak kynçylyklara döz geler ýaly, şägirtleriň imanyny berkidendir. Petrusyň görkezen gudratyny bütin Ýafa eşitdi. Şonda «köp adamlar Halypamyza iman etdiler» (Res. 9:36—42).

Bir uýa garry hem maýyp uýa gül berýär.

Tawitadan näme öwrenýäris?

24 Biz Tawita bilen bolan wakadan iki zady öwrenýäris. Birinjiden, adamyň durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäp bilýär. Şonuň üçin mümkinçiligimiz barka, Ýehowanyň öňünde ýagşy at gazanmaly (Nes. 7:1). Ikinjiden, ölen adamlar hökman direler. Tawitanyň adamlara eden ýagşylygy ýerde galmady, Ýehowa ony direltdi. Ýehowa biziňem ýagşy işlerimizi görýär we gadyryny bilýär. Eger Armageddondan öň aradan çykaýsak, ol bizi hökman direlder (Ýew. 6:10). Geliň, yzarlamalar möwç urup dursa-da ýa-da arkaýyn wagyz edip bilsek-de, Isa hakda şaýatlyk etmegi goýmalyň (2 Tim. 4:2).

SAWUL FARISEÝDI

Resullar kitabynda Stefanusy daşlap öldürenlerinde «Sawul atly ýigidiň» olary goldandygy aýdylýar. Sawul Tarsus şäherindendi. Tarsus Rimiň Kilikiýa welaýatynyň merkezi şäheridi. Ol häzirki Türkiýäniň günortasynda ýerleşýär (Res. 7:58). Şol şäherde ýehudylar köpdi. Sawul özi barada şeýle ýazýar: «Men sekiz günlükkäm sünnetlendim, ysraýyl halkynyň benýamin taýpasyndan, milletim ýewreý, enem-atam hem ýewreý, kanuna yhlasly ýapyşýan fariseýdim». Ine şu sebäplere görä, ol il arasynda atly-abraýly ýehudy bolan bolmaly (Flp. 3:5).

Sawul fariseý.

Tarsus uly şäherleriň biridi, söwda-satygyň, grek medeniýetiniň ösen ýeridi. Sawul grek dilini gowy bilýärdi. Belki-de, ol başlangyç bilimi ýehudylaryň mekdebinde alandyr. Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi ýaly, Sawul hem çadyr tikip bilýärdi. Belki-de, ol bu käri kiçikä kakasyndan öwrenendir (Res. 18:2, 3).

Resullar kitabynda Sawulyň Rimiň raýaty bolup doglandygy hem aýdylýar (Res. 22:25—28). Belki-de, onuň garry atalarynyň biri Rimiň raýaty bolandyr. Biz muny anyk bilmeýäris. Ýöne Rimiň raýaty bolandygy üçin Sawul il arasynda atly-abraýly adam hasaplanypdyr. Doglan, önüp-ösen ýeri, alan bilimi sebäpli Sawul ýehudylaryň, grekleriň we rimlileriň medeniýetini gowy bilýärdi.

Sawul 13 ýaşlaryndaka, öýünden 840 kilometr uzakda ýerleşýän Iýerusalime okamaga gelen bolmaly. Ol Iýerusalimde fariseýleriň atly-abraýly mugallymy Gamaliýelden bilim alýar (Res. 22:3).

Sawulyň Gamaliýelden alan bilimini häzirki uniwersitetde berilýän bilim bilen deňeşdirse bolýar. Ýöne şol ýerde bilim alýan adamlara mukaddes kitaplary we ýehudylaryň dilden aýdýan kanunlaryny gowy öwredýärdiler hem-de ýat tutdurýardylar. Gamaliýeliň ökde okuwçylary atly-abraýly, ýokary wezipeli ýerde işläp bilýärdi. Sawul hem ökde okuwçylaryň biri bolan bolmaly. Ol özi barada şeýle ýazýar: «Men ýehudy dinine deň-duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym, ata-babalarymyň däp-dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdim» (Gal. 1:14). Ol ýehudy dinine berlen adamdy, däp-dessurlary gyşarnyksyz berjaý edýärdi. Şonuň üçin hem ýaňy dörän ýygnagy yzarlap başlaýar.

TAWITA «KÖP ÝAGŞYLYK EDÝÄRDI»

Tawita garyp adama kömek edýär.

Gämi duralgaly Ýafa şäherinde Tawita atly bir uýa ýaşaýardy. Dogan-uýalar ony gowy görýärdi, sebäbi ol «köp ýagşylyk edýärdi», garyplary-da goldaýardy (Res. 9:36). Başga milletli adamlar bilen bir şäherde ýaşaýan ýehudylaryň iki ady bardy. Olaryň bir ady ýewreý ýa-da arameý dilinde, beýlekisi bolsa grek ýa-da latyn dilinde bolupdyr. Tawitanyň hem iki ady bardy. Oňa grekçe Dorka, arameýçe Tawita diýýärdiler. Iki adynyň manysy hem «keýik» diýmegi aňladýardy.

Gynansak-da, Tawita keselläp, tarpa-taýyn aradan çykýar. Adat boýunça Tawitanyň jesedini ýuwup, ýokarky otagda goýýarlar. Belki-de, ony öz jaýynyň ýokarky otagynda goýandyrlar. Gündogar ýurtlarynda howa yssy bolansoň, adamy ölen güni ýa-da ertesi gün çykarýardylar. Ýafadaky şägirtler Petrusyň Lidda şäherindedigini eşidýärler. Ýafa şäheri Liddadan känbir uzak däldi, arasy bary-ýogy 18 kilometr bolupdyr. Dört sagatda Liddadan Ýafa gelip bolýardy. Petrus Tawitany jaýlamankalar gelip ýetişer ýaly, şägirtler Petrusyň yzyndan iki adamy iberýärler (Res. 9:37, 38). Bir alym şeýle diýýär: «Şol döwür birine habar ýollanlarynda iki adamy iberipdirler. Olaryň biri habary ýetirse, beýlekisi şol habary tassyklaýardy».

Petrus Ýafa gelensoň näme boldy? Mukaddes Kitapda: «Şägirtler ony ýokarky otaga eltdiler. Dul aýallar Petrusyň ýanyna gelip aglaşyp, Dorkanyň tikip beren köýneklerini we donlaryny görkezdiler» diýilýär (Res. 9:39). Ýygnakdaky dogan-uýalar Tawitany gowy görýärdi, sebäbi Tawita olara köýnek we don tikip berýärdi. Tawita tikip beren köýnekleriniň ähli çykdajysyny özi göterdimi ýa-da diňe mugt tikip berdimi? Bu barada Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmasa-da, ony eden ýagşylygy we garyplary goldandygy üçin gowy görendikleri aýdylýar.

Ýokarky otaga baranda dogan-uýalaryň aglaşýandygyny görüp, Petrusyň ýüregi awady. Riçard Lenskiý atly bir alym şeýle diýýär: «Tawitanyň ýasyna gelen adamlar Ýaýrusyň öýündäki tüýdükçilerden we hakyna tutulan aýallardan tapawutlanýardylar. Ýaýrusyň gyzynyň ýasyna gelen adamlar göz üçin aglaýardylar» (Mat. 9:23). Ýöne Tawitanyň ýasyndaky adamlar hasrat çekip, zaryn-zaryn agladylar. Mukaddes Kitapda Tawitanyň äri barada hiç zat aýdylmansoň, köp adamlar Tawita durmuşa çykmadyk bolmaly diýip pikir edýärler.

Isa resullaryny wagyz etmäge iberende olara «ölenleri direltmäge» ygtyýar berdi (Mat. 10:8). Petrus Isanyň ençeme gudratlaryny, hatda Ýaýrusyň gyzyny direldişini hem görüpdi. Mukaddes Kitapda şol wagta çenli resullaryň ölen adamy direldendigi barada hiç zat aýdylmaýar (Mar. 5:21—24, 35—43). Ýöne şol güni Petrus ýokarky otagdaky adamlary daşaryk çykaryp, dyza çöküp doga edýär-de, Tawitany direldýär. Tawita hem gözüni açyp ýerinden turýar. Tawitanyň direlendigini görüp, dogan-uýalar gözüne ynanan däldir. Olar begenjine guş bolup uçaýjak bolandyr (Res. 9:40—42).

a «Sawul fariseýdi» diýen çarçuwa serediň.

b Adatça mukaddes ruhy diňe resullar berip bilýärdi. Sawula bolsa mukaddes ruh Ananýas arkaly berildi. Sawul şägirt bolansoň, köp wagtlap beýleki resullar bilen habarlaşyp bilmedi. Ýöne ol resullar bilen görüşýänçä-de, yhlasly wagyz etdi, sebäbi Isa oňa wagyz etmäge güýç beren bolmaly.

c «Tawita „köp ýagşylyk edýärdi“» diýen çarçuwa serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş