-
Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklarynyň nähili peýdasy bar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
5-NJI BÖLÜM
Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklarynyň nähili peýdasy bar?
Argentina
Sýerra Leone
Belgiýa
Malaýziýa
Köp adamlar ruhy görkezme we teselli tapmaýandyklary üçin metjitlere, buthanalara barmaklaryny bes edýärler. Onda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna barmagyň näme peýdasy bar?
Mähirli we ýagşy adamlar bilen gürrüňdeş bolarsyňyz. I asyrda ýaşan mesihçiler hem Hudaýa sežde etmek, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we birek-biregi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşýardylar (Ýewreýler 10:24, 25). Olar bu duşuşyklarda biri-biri bilen mähirli gürrüňdeş bolýardylar we hakyky dostlary tapýardylar (2 Selanikliler 1:3; 3 Ýahýa 14). Biz hem olaryň göreldesine eýerip, şeýle şatlygy duýup bileris.
Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryny ulanmagy öwrenersiňiz. Geçmişde ýaşan erkekdir aýallar we çagalar Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmek üçin ýygnanyşýardylar. Biz hem olaryň göreldesine eýerýäris. Tejribeli mugallymlar ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna düşünmäge we olara görä ýaşamaga kömek edýärler (Kanun taglymaty 31:12; Nehemýa 8:8). Biz ýygnak duşuşyklarynda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alyşýarys we Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdýarys. Ýygnaga gelen islendik adam muňa gatnaşyp bilýär. Bu bize Hudaýyň berýän wadalaryna ynanýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýewreýler 10:23).
Hudaýa bolan imanyňyzy berkidersiňiz. Pawlus resul imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Sizi görmegi gaty küýseýärin... Islegim... biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr» (Rimliler 1:11, 12). Biz hem ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup, imanymyzy berkidýäris we Hudaýa ýaramly ýaşamak isleýändigimizi görkezýäris.
Biz sizi indiki ýygnak duşuşygyna ýürekden çagyrýarys. Şonda siz ýokarda agzalan zatlaryň ählisini gözüňiz bilen görersiňiz. Ol ýerde sizi mähirli garşylarlar. Ýygnak duşuşyklary mugtuna geçirilýär; hiç kimden pul alynmaýar.
Ýygnak duşuşyklary kimleriň göreldesine eýerilip geçirilýär?
Ýygnak duşuşyklary bize nähili peýda getirýär?
-
-
Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
6-NJY BÖLÜM
Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?
Madagaskar
Norwegiýa
Liwan
Italiýa
Tozanly ýa-da batgalyk ýollardan ýöremeli bolsa-da, ýa-da howanyň yssy-sowuklygyna garamazdan, biz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barýarys. Ýehowanyň Şaýatlary aladaly bolsalar-da, işden ýadap gelseler-de, imandaşlary bilen duşuşmak üçin tagalla edýärler. Şeýle etmäge olary näme höweslendirýär?
Kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Pawlus resul mesihçiler ýygnagynyň agzalaryna: «Birek-birege ünsli boluň» diýip ýazdy (Ýewreýler 10:24, TD). Bu jümle biziň imandaşlarymyzy gowy tanamalydygymyzy aňladýar. Diýmek, Pawlusyň sözleri biri-birimiz bilen ýürekden gyzyklanmaga höweslendirýär. Belki-de, dogan-uýalaryň käbiri biziň duş gelýän kynçylyklarymyzy başdan geçirendirler. Eger biz olar bilen ýakyndan tanyşsak, olaryň kynçylyklaryny nädip ýeňendiklerini bileris. Biz hem olaryň göreldesine eýerip, öz kynçylyklarymyza hötde gelip bileris.
Dostlukly gatnaşygymyzy berkidýär. Ýygnak duşuşyklaryna gelýän adamlar biziň ýöne bir tanyşlarymyz däl-de, ýakyn dostlarymyzdyr. Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak bilen çäklenmän, olar bilen dynç hem alýarys. Imandaşlar bilen gürrüňdeş bolmaklyk bize nähili peýda getirýär? Bu bize birek-biregiň gadyryny bilmäge we doganlyk söýgüsini ösdürmäge kömek edýär. Biz imandaşlarymyz bilen ýakyndan dostlaşýarys we olara gerekli kömegi bermäge hemişe taýyn bolýarys (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Biz ýygnak agzalarynyň ählisi bilen gürrüňdeş bolup, «biri-birimiziň aladamyzy edýändigimizi» görkezýäris (1 Korintoslylar 12:24—26).
Biz size Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlar bilen dostlaşmagy maslahat berýäris. Siz şeýle dostlary Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndan tapyp bilersiňiz. Size olar bilen dostlaşmaga, goý, hiç zat päsgel bermesin!
Imandaşlar bilen gürrüňdeş bolmagyň nähili peýdasy bar?
Siz ýygnak duşuşyklarymyza haçan gelmek isleýärsiňiz?
-
-
Ýygnak duşuşyklary nähili geçirilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
7-NJI BÖLÜM
Ýygnak duşuşyklary nädip geçirilýär?
Täze Zelandiýa
Ýaponiýa
Uganda
Litwa
I asyrda ýaşan mesihçiler ýygnak duşuşyklarynda aýdym aýdýardylar, Hudaýa doga edýärdiler we Mukaddes Ýazgylary okap, olaryň esasynda pikir alyşýardylar (1 Korintoslylar 14:26, 27). Biziň ýygnak duşuşyklarymyz hem şeýle görnüşde geçirilýär.
Mukaddes Ýazgylaryň esasynda bilim berilýär. Dynç günleri ähli ýygnaklarda 30 minutyň dowamynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuk bilen çykyş edilýär. Onda biziň durmuşymyz we ýaşaýan döwrümiz bilen Mukaddes Ýazgylaryň nähili baglanyşygynyň bardygy düşündirilýär. Biz nutukda okalýan aýatlaryň ählisini Mukaddes Ýazgylarymyzdan yzarlaýarys. Soňra bir sagadyň dowamynda «Garawul diňini» öwrenmek duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşykda «Garawul diňi» žurnalyndan bir makala öwrenilýär we duşuşyga gelenleriň ählisi soraglara jogap berip bilýärler. Şeýle gürrüňdeşlik bize Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryny durmuşymyzda ulanmaga kömek edýär. Bütin dünýäde 110 müňden gowrak ýygnaklaryň ählisinde birmeňzeş tema öwrenilýär.
Mugallymçylyk ukybyňy ösdürmäge kömek edýär. Şeýle-de biz hepdäniň başynda üç bölümden ybarat bolan «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygyny geçmek üçin ýygnanyşýarys. Ondaky her aýda berilýän maglumatlar «Durmuş we wagyz» okuw depderine esaslanýar. Onuň birinji bölümi, «Hudaýyň Sözündäki hazynalar» bize şol hepde okalýan aýatlara gowy düşünmäge kömek edýär. Soňra «Wagyzda ökdeleşiň» bölüminde, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolmak hakda sahnalar bolýar. Duşuşygy geçirýän dogan çykyş edýänleri ünsli diňläp, olara okamak we geplemek ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär (1 Timoteos 4:13). «Mesihçileriň durmuşy» bölüminde bolsa Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň gündelik durmuşda nädip ulanyp bolýandygyna seredilýär. Şeýle-de onda sorag-jogap arkaly Mukaddes Ýazgylara çuňňur düşünmäge kömek edýän söhbetdeşlik bolýar.
Biziň ýygnak duşuşyklarymyzda Mukaddes Ýazgylara esaslanan peýdaly bilim berilýär. Eger siz olara gatnaşsaňyz, munuň şeýledigine göz ýetirersiňiz (Işaýa 54:13).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklary nädip geçirilýär?
Siz her hepdede geçirilýän ýygnak duşuşyklarymyzyň haýsysyna gatnaşmak isleýärsiňiz?
-
-
Biz näme üçin ýygnak duşuşyklarynda salykatly geýinýäris?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
8-NJI BÖLÜM
Biz näme üçin ýygnak duşuşyklarynda salykatly geýinýäris?
Islandiýa
Meksika
Gwineýa-Bisau
Filippinler
Siz şu broşýuranyň suratlarynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna salykatly geýnip barýandyklaryna üns berdiňizmi? Biz näme üçin egin-eşigimize we daş keşbimize aýratyn üns berýäris?
Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezýär. Allatagala adamlaryň diňe bir daş keşbine däl, eýsem, ýüregine-de seredýär (1 Şamuwel 16:7). Emma biz Ýehowa sežde etmek üçin ýygnanyşanymyzda, salykatly geýnip, Hudaýa we imandaşlarymyza hormat goýýandygymyzy görkezýäris. Eger biz prezident ýa-da patyşa bilen duşuşmaly bolanymyzda, ony hormatlaýandygymyz üçin näme geýjekdigimiz barada çynlakaý oýlansak gerek. Şonuň ýaly biz salykatly geýinmek bilen «döwürleriň Patyşasy» Ýehowa Hudaýa we Oňa sežde etmek üçin ýygnanyşýan ýerimize hormat goýýandygymyzy görkezýäris (1 Timoteos 1:17).
Ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygymyzy görkezýär. Mukaddes Ýazgylar bize «haýa we salykatlylyk bilen» geýinmegi ündeýär (1 Timoteos 2:9, 10). «Salykatlylyk bilen» geýinmeklik göze ilginç, çendenaşa açyk ýa-da özüne çekiji egin-eşiklerden gaça durmaklygy aňladýar. «Haýa» bolsa bize sölpi ýa-da nädogry duýgulary oýarýan egin-eşikleri geýmekden saklaýar. Emma bu prinsipler bize egin-eşik saýlamakda erkinlik berýär. Biziň diňe bir aýdýan sözlerimiz däl, eýsem, gelşikli we ýaraşykly egin-eşigimiz «halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny... bezeýär» hem-de Ony şöhratlandyrýar (Titus 2:9; 1 Petrus 2:12). Biziň ýygnak duşuşyklarynda geýýän geýmimiz başga adamlara täsir edýär we Ýehowa nädip sežde etmelidigini görkezýär.
Siziň owadan we gymmat bahaly egin-eşigiňiz ýok bolsa, alada etmäň! Esasy zat egin-eşigimiz arassa we gelşikli bolmaly. Siziň ýygnak duşuşygyna geleniňize hemmeler şat bolarlar.
Hudaýa sežde edenimizde egin-eşigimize näme üçin üns bermeli?
Biz egin-eşik we daş keşp babatda haýsy prinsiplere eýermeli?
-
-
Ýygnak duşuşyklaryna nädip gowy taýýarlyk görmeli?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
9-NJY BÖLÜM
Ýygnak duşuşyklaryna nädip gowy taýýarlyk görmeli?
Kamboja
Ukraina
Siz Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bolsaňyz, megerem, her sapaga öňünden taýýarlyk görýänsiňiz. Ýygnak duşuşyklaryna hem öňünden taýýarlyk görmek örän wajyp. Muny endik edinsek, bize has köp peýda getirer.
Nirede we haçan taýýarlanjakdygyňyz hakynda oýlanyň. Size ünsüňizi jemlemek haçan aňsat bolýar? Irden işe başlamankaňyzmy ýa-da gije çagalaryňyz uklandan soň? Siz uzak wagt taýýarlanyp bilmeseňiz-de, näçeräk wagt sarp edip biljekdigiňiz hakynda oýlanyň we hiç zada ünsüňizi bölmäge ýol bermäň. Taýýarlyk görmek üçin asuda we parahat ýeri saýlaň. Ünsüňizi böläýjek zatlary, ýagny radiony, telewizory we el telefonyňyzy öçüriň. Taýýarlyk görmeziňizden öň doga ediň. Bu siziň ünsüňizi gündelik aladalaryňyza däl-de, Mukaddes Ýazgylara gönükdirmäge kömek eder (Filipililer 4:6, 7).
Okaň we soraglara jogap bermäge çalşyň. Ilki bilen, makalanyň umumy temasyna düşünjek boluň. Munuň üçin onuň ady hakynda oýlanyň we sözbaşylaryň tema bilen baglanyşygyna göz ýetirjek boluň. Makaladaky suratlary we esasy pikirleri nygtap geçýän, ýagny gaýtalamak üçin berilýän soraglary hakda oýlanyň. Soňra her abzasy okap, berlen soraglaryň jogabyny tapyň. Makalada getirilen aýatlary Mukaddes Ýazgylaryňyzdan açyp okaň we olaryň aýdylýan pikiri nädip tassyklaýandygy hakynda oýlanyň (Resullaryň işleri 17:11). Soraga jogap berýän esasy sözleriň ýa-da jümleleriň aşagyny çyzyň. Bu size duşuşykda aýtjak pikiriňizi ýada salmaga kömek eder. Şonda siz ýygnak duşuşygynda eliňizi galdyryp, öz sözüňiz bilen gysgaça jogap berip bilersiňiz.
Siz her hepde ýygnak duşuşyklarynda geçilýän dürli-dürli temalary öwrenip, ruhy «hazynaňyzy» täze pikirlerden dolduryp bilersiňiz (Matta 13:51, 52).
Siz ýygnak duşuşyklaryna haçan we nirede taýýarlyk görüp bilersiňiz?
Ýygnak duşuşyklarynda jogap bermek üçin nädip taýýarlyk görmeli?
-
-
Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
10-NJY BÖLÜM
Maşgala okuwy näme üçin geçirilýär?
Günorta Koreýa
Braziliýa
Awstraliýa
Gwineýa
Ýehowa maşgala agzalarynyň wagtyny bilelikde geçirip, ruhy taýdan berkemegini we maşgala gatnaşyklarynyň ysnyşykly bolmagyny isleýär (Kanun taglymaty 6:6, 7). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary her hepde maşgala okuwyny geçirýärler. Olar muny asuda şertlerde geçirip, maşgalanyň ruhy zerurlyklaryna degişli temalar hakda pikir alyşýarlar. Eger siz ýeke ýaşaýan bolsaňyz, onda Mukaddes Ýazgylara esaslanan bir temany saýlap, Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmak üçin wagt sarp etseňiz peýdaly bolar.
Ýehowa ýakynlaşdyrýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowany has gowy tanamaga kömek edýär, çünki onda Hudaýyň häsiýetleri we eden işleri barada aýdylýar. Maşgala okuwyny nädip geçirse bolýar? Ähtimal, siz maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylary sesli okamak islärsiňiz. Siz bu babatda her hepde geçirilýän «Durmuş we wagyz» duşuşygynda Mukaddes Ýazgylary okamagyň tertibine eýerip bilersiňiz. Okalmaly aýatlary maşgala agzalaryňyza paýlaň we soňra olardan näme öwrenendiklerini gürrüň bermegi haýyş ediň.
Maşgalany agzybir edýär. Mukaddes Ýazgylary bilelikde okamaklyk är bilen aýalyň we ata-eneler bilen çagalaryň dostlukly gatnaşygyny berkidýär. Şeýle okuw maşgala üçin şatlykly, asuda we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gün bolmaly. Ata-eneler maşgala okuwy üçin temany «Garawul diňi» žurnalyndan we jw.org web-saýtymyzdan saýlap bilerler. Emma olar çagalarynyň ýaşyny hem göz öňünde tutmaly. Meselem, mekdepde ýüze çykaýjak kynçylyk barada we çagalaryňyzyň oňa nädip hötde gelip biljekdikleri hakynda pikir alşyp bilersiňiz. JW teleýaýlymyny (tv.jw.org) bile görseňiz we pikir alyşsaňyz gowy bolar. Şeýle-de maşgala okuwynda ýygnak duşuşyklarynda aýdyljak aýdymlary aýtsa bolýar. Siz maşgala okuwyndan soňra çaý içip ýa-da oýun oýnap bilersiňiz.
Ýehowa sežde etmek üçin her hepde wagt sarp etseňiz, maşgala agzalaryňyzyň ählisi Hudaýyň Sözünden köp şatlyk taparlar. Ýehowa siziň edýän tagallalaryňyzy hökman sylaglar (Zebur 1:1—3).
Biz näme üçin maşgala okuwyna wagt sarp edýäris?
Ata-eneler maşgala okuwynyň gyzykly bolmagy üçin näme edip bilerler?
-
-
Biz kongresleri näme üçin geçirýäris?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
11-NJI BÖLÜM
Biz kongresleri näme üçin geçirýäris?
Meksika
Germaniýa
Botswana
Nikaragua
Italiýa
Bu adamlar näme üçin şatlanýarlar? Sebäbi olar kongrese geldiler. Geçmişde ýaşan Hudaýyň gullukçylary ýylda üç sapar ýygnanyşmalydylar. Şu günler biz hem köpçülik bolup duşuşýarys we şeýle duşuşyklara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Kanun taglymaty 16:16). Biz her ýyl üç sany kongres geçirýäris: iki sany bir günlük etrap kongresleri we üç günlük welaýat kongresi. Bu duşuşyklar bize nähili peýda getirýär?
Bütindünýä doganlygymyzy berkidýär. Gadymy ysraýyllylar «ýygnaklarda» Ýehowany şatlyk bilen şöhratlandyrypdyrlar. Şu günler biz hem Ýehowa şatlyk bilen sežde etmek üçin kongreslere barýarys (Zebur 26:12; 111:1). Şeýle duşuşyklar bize başga ýygnaklardan we ýurtlardan gelen dogan-uýalar bilen tanyşmaga hem-de gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredýär. Biz arakesme wagty kongres geçirilýän ýerden uzaga gitmän, dogan-uýalar bilen günortanlyk naharyny iýýäris we olar bilen gürrüňdeş bolup, dostlaşýarys (Resullaryň işleri 2:42). Biz kongreslerde bütindünýä doganlygymyzy berkidýän söýgini görýäris (1 Petrus 2:17).
Ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ysraýyl halky Mukaddes Ýazgylardan peýda alar ýaly, olara Hudaýyň kanunynyň «sözleri düşündirilýärdi» (Nehemýa 8:8, 12). Biz hem kongreslerde Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berilýän görkezmeleri gymmat saýýarys. Olarda gürrüň edilýän temalar Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Biz kongreslerde çykyş edilýän gyzykly nutuklar we sahnalar arkaly Hudaýyň islegini berjaý etmegi öwrenýäris. Şeýle-de biz imandaşlarymyzyň kynçylyklara nädip hötde gelendiklerini eşidip, örän ruhlanýarys. Sebit kongreslerinde Mukaddes Ýazgylardaky wakalar sahnalaşdyrylyp görkezilýär. Onda çykyş edýänler şol döwre laýyk egin-eşikler geýip, sahnany janlandyrýarlar. Şeýle sahnalar bize peýdaly zatlary öwredýär. Her kongresde özüni Hudaýa bagyş etmek isleýänler suwda çokundyrylýarlar.
Näme üçin kongresler köp şatlyk getirýär?
Kongreslere barmagyň nähili peýdasy bar?
-
-
Patyşalyk baradaky wagyz işi nädip guramaçylykly ýerine ýetirilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
12-NJI BÖLÜM
Patyşalyk baradaky wagyz işi nädip guramaçylykly ýerine ýetirilýär?
Ispaniýa
Belarus
Gonkong
Peru
Isa ölmeziniň öň ýanynda şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14). Emma hoş habary bütin dünýäde nädip wagyz edip bolar? Bu babatda bize Isanyň galdyran göreldesi kömek eder (Luka 8:1).
Biz öýden-öýe wagyz etmäge çalyşýarys. Isa şägirtlerine hoş habary öýden-öýe wagyz etmegi öwredipdi (Matta 10:11—13; Resullaryň işleri 5:42; 20:20). I asyrda ýaşan hoş habarçylara nirede wagyz etmelidigi babatda görkezme berlipdi (Matta 10:5, 6; 2 Korintoslylar 10:13). Şu günler hem biziň wagyz işimiz guramaçylykly alnyp barylýar we her ýygnaga wagyz etmek üçin aýratyn ýer bellenilýär. Bu bize Isanyň ähli adamlara «wagyz ediň» diýen tabşyrygyny doly berjaý etmäge ýardam edýär (Resullaryň işleri 10:42).
Biz adamlaryň bolýan ýerlerinde wagyz edýäris. Isa köplenç adamlaryň bar ýerinde, ýagny deňziň kenarynda ýa-da guýynyň başynda wagyz edýärdi (Markus 4:1; Ýahýa 4:5—15). Biz hem onuň göreldesine eýerip, ähli ýerlerde, ýagny köçelerde, adamlaryň işleýän ýerlerinde, dükanlarda, seýilgählerde ýa-da telefon arkaly wagyz edýäris. Şeýle-de biz mümkin boldugyndan goňşularymyza, işdeşlerimize, synpdaşlarymyza we dogan-garyndaşlarymyza wagyz edýäris. Şeýlelikde, bütin dünýäde millionlarça adamlar «gutulyş» habaryny eşidýärler (Zebur 96:2).
Siz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary we onuň berjek ajaýyp gelejegi hakynda kime gürrüň bermek isleýärsiňiz? Bilen zatlaryňyzy adamlara gürrüň bermäge ýaýdanmaň!
Nähili «hoş habar» bütin ýer ýüzünde wagyz edilmeli?
Ýehowanyň Şaýatlary nädip Isanyň göreldesine eýerýärler?
-
-
Kimlere pioner diýilýär?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
13-NJI BÖLÜM
Kimlere pioner diýilýär?
Kanada
Öýden-öýe wagyz
Mukaddes Ýazgylar okuwy
Şahsy okuw
Öňde ýöreýän we başgalar üçin ýol açýan adama köplenç «pioner» diýilýär. Isa pygambere hem pioner diýse bolar, sebäbi ol adamlara gutulyş ýoluny açmak üçin ýer ýüzüne geldi we bütin ömrüni wagyz işine bagş etdi (Matta 20:28). Şu günler onuň göreldesine eýerýän mesihçiler «şägirt» taýýarlamak işine köpräk wagt sarp etmäge jan edýärler (Matta 28:19, 20). Olaryň käbiri bolsa, pioner gullugyna başlady.
Pionerler — doly wagtly gullukçylar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisi hoş habary wagyz etmek işine gatnaşýarlar. Emma olaryň käbiri pioner bolup gulluk edýärler. Olar her aý 70 sagat wagyz edip biler ýaly, ýarym gün işleýärler. Käbir wagyzçylar bolsa, ýörite pioner gullugyna bellenilýär. Olar wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýärler we wagyz işine her aý 130 sagat ýa-da ondan hem köpräk wagt sarp edýärler. Pionerler sada ýaşaýarlar we ýaşaýyş üçin gerekli zady Ýehowanyň üpjün etjekdigine ynanýarlar (Matta 6:31—33; 1 Timoteos 6:6—8). Emma doly wagtly gulluk edip bilmeýän wagyzçylar kömekçi pioner bolup, aýda 30 ýa-da 50 sagat wagyz edýärler.
Pionerler Hudaýa we adamlara bolan söýgüsini görkezýärler. Isa ýaly biz hem adamlaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýdadygyny görýäris (Markus 6:34). Şol sebäpli biz adamlara şu günler we gelejekde bagtly ýaşamaga kömek edýän bilimi berýäris. Pionerler adamlara ruhy taýdan kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmaýarlar. Muny etmäge olary adamlara bolan söýgi höweslendirýär (Matta 22:39; 1 Selanikliler 2:8). Bu gulluk olaryň imanyny berkidýär, Hudaýa has-da ýakynlaşdyrýar we köp şatlyk tapmaga ýardam edýär (Resullaryň işleri 20:35).
Pioner diýip kime aýdylýar?
Käbir wagyzçylary doly wagtly gulluk etmäge näme höweslendirýär?
-
-
Pionerler üçin nähili mekdepler bar?Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
-
-
14-NJI BÖLÜM
Pionerler üçin nähili mekdepler bar?
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Gilead mekdebi (Patterson, Nýu-Ýork ştaty)
Panama
Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýörite mekdepleri bar. Bu mekdeplerde Hudaýa doly wagtly gulluk edýän wagyzçylara «gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip» bilmegi üçin tälim berilýär (2 Timoteos 4:5, TD).
Pionerler mekdebi. Bir ýyl gulluk eden pioner ýerli Patyşalyk zalynda geçiriljek alty günlük mekdebe çagyrylýar. Bu mekdebiň maksady pionerlere Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge, wagyz gullugynyň ähli görnüşlerinde ökdeleşmäge we wepaly gulluk etmäge kömek etmekdir.
Hoş habarçylar mekdebi. Bu iki aýlyk mekdep öýünden we dogan-garyndaşlaryndan aýra düşüp, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge taýyn tejribeli pionerlere tälim bermek üçin niýetlenendir. Bu pionerler beýik Hoş Habarçy Isa Mesihiň göreldesine eýerip: «Ine, men; meni iber!» diýýärler (Işaýa 6:8; Ýahýa 7:29). Olar göçüp barýan ýerleriniň ýaşaýyş şertlerine, medeniýetine, howasyna we iýmitine öwrenişmeli bolýarlar. Şeýle-de olar ýerli halkyň dilini öwrenýärler. Hoş habarçylaryň mekdebi 23—65 ýaş aralygyndaky durmuş guran we gurmadyk dogan-uýalara gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip biler ýaly Hudaýa ýaramly häsiýetleri ösdürmäge we Ýehowanyň guramasynda dürli ýollar bilen gulluk etmek üçin ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär.
Gilead mekdebi. «Gilead» diýen ýewreý sözi «şaýatlar üýşmegi» diýmegi aňladýar. Bu mekdep 1943-nji ýylda açyldy. Şondan bäri, Gilead mekdebinde okan 8 müňden gowrak missionerler «ýeriň ujuna çenli» üstünlikli wagyz edýärler (Resullaryň işleri 13:47). Missionerler Peru ýurduna baranlarynda ýekeje ýygnak hem ýokdy. Indi bolsa ol ýerde müňden gowrak ýygnak bar. Gilead mekdebini gutaran wagyzçylar Ýaponiýada gulluk edip başlanlarynda ol ýerdäki Şaýatlaryň sany 10 müňe hem ýetmeýärdi. Häzir bolsa ol ýerde 200 müňden gowrak wagyzçy bar. Gilead mekdebinde Ýehowanyň Şaýatlary bäş aýyň dowamynda Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenýärler. Bu mekdebiň maksady — bütin dünýädäki ýygnaklary we filiallary berkitmäge kömek etmek. Muňa ýörite pionerler, missionerler, etrap gözegçileri ýa-da filiallarda gulluk edýän dogan-uýalar okamaga çagyrylýar.
Pionerler mekdebi näme üçin geçirilýär?
Hoş habarçylaryň mekdebine kimler çagyrylýar?
-