Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od sah. 179—sah. 184
  • Goşmaça maglumat

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Goşmaça maglumat
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Suwa çümdüriljekler bilen jemleýji söhbetdeşlik
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Çagalar suwda çokundyrylmalymy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od sah. 179—sah. 184

Goşmaça maglumat

Mesihçi ene-atalar!

Siz çagalaryňyzyň Ýehowany söýüp, oňa bütin ömrüni bagyş etmegini isleýänsiňiz. Çagalaryňyza suwa çümdürilmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Olar muňa haçan taýyn bolup biler?

Isa şägirtlerine: «Ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary... suwa çümdüriň» diýip tabşyrdy (Mat. 28:19). Diýmek, suwa çümdürilmek isleýän adam, ilki bilen, Isanyň şägirdi bolmaly. Ol Isanyň öwreden taglymatlaryny diňe bir gowy bilmän, eýsem olar boýunça ýaşamaly. Muny bolsa ýaşlaram edip bilýär.

Çagalaryňyza hemişe Ýehowanyň sözlerini öwrediň, özüňizem şolar boýunça ýaşap, görelde görkeziň (5 Mus. 6:6—9). Olar bilen «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan sapak geçip, esasy taglymatlara, prinsiplere gowy düşünmegi we olar boýunça ýaşamagy öwrediň. Olara ynanýan zatlaryny öz sözleri bilen düşündirmegi öwrediň (1 Pet. 3:15). Çagalaryňyzyň şahsy okuwynda, maşgala okuwynda, ýygnaklarda, sizden öwrenen zatlary we dogan-uýalar bilen dostlaşmagy suwa çümdürilmäge hem-de ondan soňam ruhy taýdan ösmäge kömek eder. Olary hemişe ruhy maksatlary goýmaga höweslendiriň.

Nakyllar 20:11-de: «Hatda çaganyň edim-gylymyna seredip, ýüregi arassamy, dogrumy bilip bolýar» diýilýär. Çagalaryň Isanyň şägirdi bolmaga we suwa çümdürilmäge taýyndygyny nädip bilip bolýar?

Suwa çümdürilmek isleýän çaga ene-atasyna gulak asmaly (Res. 5:29; Kol. 3:20). Isa-da 12 ýaşyndaka ene-atasyna tabyn bolýardy (Luka 2:51). Elbetde, çagaňyz Isa ýaly kämil däldir. Ýöne suwa çümdürilmek isleýän bolsa, size gulak asmak üçin jan edýänligi görünmeli.

Şeýle-de ol Mukaddes Kitapdaky hakykaty höwes bilen öwrenmeli (Luka 2:46). Ol ýygnaklara yzygider baryp, jogap bermeli (Zeb. 122:1). Hudaýyň Sözüni her gün okamagy we şahsy okuwy geçirmegi gowy görmeli (Mat. 4:4).

Suwa çümdürilmek isleýän çaga Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaly (Mat. 6:33). Ol Hudaý barada adamlara gürrüň bermelidigine düşünmeli. Şeýle-de wagzyň dürli görnüşine gatnaşmaly we mugallymlaryna, klasdaşlaryna özüniň Ýehowanyň Şaýadydygyny aýtmaga çekinmeli däl. Ol «Durmuş we wagyz» duşuşygynda berilýän ýumuşlara taýýarlanyp, çykyş etmeli.

Şeýle-de ol erbetler bilen gatnaşman, ahlak taýdan arassa bolmaga jan etmeli (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33). Ol aýdym-sazlary, filmleri, telegepleşikleri, elektron oýunlaryny paýhasly saýlamaly we Interneti dogry ulanmaly.

Ene-atasynyň yhlasy bilen ýaşlaryň köpüsi hakykaty ýürekden kabul edip, suwa çümdürilýärler. Goý, Ýehowa çagalaryňyza iň wajyp ädimi ätmäge kömek etmek üçin edýän tagallaňyzy bereketlesin!

Suwa çümdürilmedik wagyzçylar!

Ýygnakda suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup gulluk etmek uly hormat! Berekella, siz ruhy ösüşler etdiňiz. Mukaddes Kitapdan Hudaý barada bilim alyp, onuň wadalaryna iman etdiňiz (Ýah. 17:3; Ýew. 11:6).

Belki-de, siz öň başga dine uýansyňyz ýa-da hiç bir dine goşulan dälsiňiz. Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelýän işleri hem edensiňiz. Ýöne sapak geçip başlanyňyzdan soň, erbet işleri edeniňize ökünip, ýürekden toba edýänsiňiz. Indi erbet endikleriňizi taşlap, Hudaýy razy edip ýaşaýansyňyz. Şeýdip, imanyňyzy iş ýüzünde görkezýärsiňiz (Res. 3:19).

Belki-de, siz «mukaddes kitaplary bäbeklikden bäri bilýänsiňiz». Şonuň üçin siz mesihçilere ýaraşmaýan işleri ýa-da agyr günä eden dälsiňiz (2 Tim. 3:15). Siz deň-duşlaryňyzyň täsirine düşmezligi we Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etmezligi öwrenensiňiz. Ýehowa arassa sežde edip, Hudaý barada adamlara gürrüň berýänsiňiz. Şeýdip, köp tejribe topladyňyz we suwa çümdürilmedik wagyzçy bolduňyz.

Ýehowany ýaňy-ýakynda ýa-da çagalykdan tanaýan bolsaňyz-da, özüňizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek isleýänsiňiz. Siz Ýehowa doga edip, bütin ömrüňize wepaly gulluk etjekdigiňizi söz berýärsiňiz. Şeýdip, oňa özüňizi bagyş edýärsiňiz (Mat. 16:24). Suwa çümdürileniňizde bolsa, özüňizi Hudaýa bagyş edendigiňizi hemmeler bilýär (Mat. 28:19, 20). Şondan soň siz Ýehowanyň Şaýady bolýarsyňyz. Dogrudanam, Ýehowanyň guramasynyň agzasy bolmak uly hormat!

Okuw geçip başlanyňyzdan soň, her dürli kynçylyklara duş gelensiňiz. Isa-da suwa çümdürilensoň, «Hudaýyň ruhy ony çöle alyp gitdi, şonda Iblis ony synap başlady» (Mat. 4:1). Suwa çümdürilip, Isanyň şägirdi bolanyňyzdan soň sizde-de dürli synaglar bolar (Ýah. 15:20). Belki-de, maşgala agzalaryňyz Ýehowa gulluk etdirmejek bolar (Mat. 10:36). Ýa-da klasdaşlaryňyz, işdeşleriňiz, tanyş-bilişleriňiz üstüňizden gülmegi mümkin. Emma Markus 10:29, 30-njy aýatlardaky Isanyň sözlerini hemişe ýadyňyzda saklaň: «Size hakykaty aýdýaryn, meniň hatyram üçin, hoş habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan adam häzirki yzarlamalara garamazdan, 100 esse köp öýleri, doganlary, uýalary, ejeleri, çagalary, mellekleri alar, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar». Şonuň üçin mundan beýlägem Ýehowa bilen ýakyn dost bolup, onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga jan ediň.

Siz suwa çümdürilmek isleseňiz ýygnagyňyzyň ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna aýdyň. Ýaşulular suwa çümdürilmek üçin talaba laýyk gelýändigiňizi biler ýaly söhbetdeşlik geçirer. Suwa çümdüriljekler bilen söhbetdeşlige şahsy okuwynda taýýarlanyp bilersiňiz.

Oňa taýýarlananyňyzda aýatlaryň ählisini okaň we oýlanyň. Belki-de, siz şu kitaba ýa-da bir depdere käbir zatlary bellik edersiňiz. Ýaşulular bilen söhbetdeşlikde şol bellikleriňizi arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Eger käbir soraglara düşünmeseňiz, siziň bilen okuw geçen mesihçiden ýa-da ýaşululardan sorap bilersiňiz.

Söhbetdeşlikde uzyn ýa-da çylşyrymly jogap bermek hökman däl. Öz sözüňiz bilen gysga hem anyk jogap berseňiz gowy bolar. Soraglaryň köpüsinde Mukaddes Kitaba salgylanyp, aýatlar arkaly jogap beriň.

Eger Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryna doly düşünmeýän bolsaňyz, ýaşulular size kömek eder. Indiki gezek Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny doly öwrenip, olary öz sözüňiz bilen düşündirip bilersiňiz we suwa çümdürilmäge taýyn bolarsyňyz.

(Ýaşulular üçin bellik: Kitabyň 208—212-nji sahypalarynda suwa çümdüriljekler bilen söhbetdeşligi nädip geçirmelidigi aýdylýar).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş