Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 90 sah. 210
  • Isa Galgotada ölýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa Galgotada ölýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Pilatus hem, Hirodes hem Isadan ýazyk tapmaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isany ölüme höküm edýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isany öldürýärler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Pilatus: „Ine ol adam!“ diýýär»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 90 sah. 210
Isa pürsde asylgy dur; Isanyň käbir şägirtleri, Merýem, Ýahýa we serkerde oňa seredip dur

90-NJY SAPAK

Isa Galgotada ölýär

Uly ruhanylar Isany patyşanyň köşgüne getirýärler. Patyşa: «Onuň näme günäsi bar?» diýip soraýar. Olar hem şeýle diýýär: «Ol özüne patyşa diýýär». Pilatus Isadan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip soraýar. Isa: «Meniň patyşalygym şu dünýäden däl» diýýär.

Pilatus Isany Hirodesiň ýanyna iberýär. Hirodes Jeliläniň hökümdarydy. Pilatus Hirodese: «Isanyň nähili günäsiniň bardygyny bil» diýýär. Hirodes Isadan hiç hili günä tapmaýar. Soňra Isany yzyna iberýär. Pilatus halka: «Hirodes hem, men hem Isadan hiç hili günä tapmadyk. Men ony boşatjak» diýýär. Halk bolsa: «Öldür ony! Öldür ony!» diýip gygyrýar. Esgerler Isany gamçylaýarlar, üstüne tüýkürýärler we urýarlar. Soňra kellesine tikenden täç geýdirip: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip üstünden gülýärler. Pilatus ýene-de: «Ol adam erbet iş etmändir» diýýär. Adamlar: «Ony pürse çüýle!» diýip gygyrýar. Şonda Pilatus esgerlerine: «Ony çüýläň!» diýýär.

Isany Galgota diýen ýere getirýärler. Şol ýerde el-aýagyny agaja çüýleýärler. Soňra agajy galdyrýarlar. Isa Ýehowa doga edip: «Atam, olaryň günäsini geç. Olar bilmän edýär» diýýär. Adamlar Isanyň üstünden gülüp: «Hudaýyň Ogly bolsaň, aşak düş. Özüňi halas et» diýýär.

Isanyň ýanynda iki sany jenaýatçyny çüýleýärler. Olaryň biri Isa: «Patyşa bolanyňda meni ýatla» diýýär. Isa: «Sen meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýip söz berýär. Öýlän üç sagat hemme ýer garaňky bolýar. Şägirtler Isanyň çüýlenen ýerinde durdylar. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem hem bardy. Isa Ýahýa atly şägirdine: «Merýemiň aladasyny et. Oňa öz ejeň ýaly seret» diýýär.

Iň soňunda Isa: «Ähli zat berjaý boldy» diýýär. Ol başyny egip, jan berýär. Şonda güýçli ýer titreýär. Ybadathanadaky perde ikä bölünýär. Ol iň mukaddes otag bilen mukaddes otagyň arasynda durdy. Şol zatlary görüp duran serkerdeleriň biri: «Dogrudanam, ol Hudaýyň Ogly eken» diýýär.

«Hudaý köp wada berýär, olaryň ählisi Isa arkaly „hawa“ bolýar» (2 Korinfliler 1:20).

Soraglar: Pilatus Isany näme üçin çüýledýär? Isa öljek bolup durka nädip adamlaryň aladasyny etdi?

Matta 27:11—14, 22—31, 38—56; Markus 15:2—5, 12—18, 25, 29—33, 37—39; Luka 23:1—25, 32—49; Ýahýa 18:28—19:30

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş