-
«Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
19-NJY BAP
«Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»
TEMA: Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme baradaky pygamberligiň geçmişde, şu günler we gelejekde ýerine ýetişi
1, 2. Hyzkyl 47:1—12-nji aýatlara görä pygamber görnüşde nämeleri gördi? (Babyň başyndaky surata serediň).
HYZKYL ybadathanada ýene bir gudrat görýär. Mukaddes ybadathanadan çeşme akyp gaýdýardy. Onuň suwy aýna ýaly dup-durudy (Hyzkyl 47:1—12-nji aýatlary okaň). Çeşme ybadathananyň bosagasyndan başlap, gündogar tarapa akyp gaýdýardy. Perişde Hyzkyly ybadathanadan çykaryp, geçen ýoluny ölçeýär. Ol Hyzkyla birnäçe gezek suwa girmegi tabşyrýar. Pygamber çeşmäniň barha çuňlaşýanyny görýär. Şonuň üçin ýüzüp geçäýmese, ýöräp geçip bilmejegine düşünen bolmaly.
2 Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme Öli deňzine guýup, şor suwuny süýji suwa öwürýärdi we içini balyklardan doldurýardy. Soňra ol çeşmäniň iki tarapynyň hem gür baglykdygyny görýär. Agaçlar her aý miwe berýärdi, ýapraklary hem melhem bolýardy. Şu zatlary görüp Hyzkylyň göwni göterilendir, ýüreginde umyt dörändir. Görnüşden Hyzkyl we sürgündäkiler näme öwrendiler? Ondan biz näme öwrenýäris?
Pygamberlikden sürgündäkiler näme öwrendi?
3. Sürgündäkiler görnüşe näme üçin göni manyda düşünen däldir?
3 Ýehudylar çeşme baradaky görnüşe göni manyda düşünen däldir. Belki-de, Hyzkylyň görnüşi olara Ýoweliň pygamberligini ýatladandyr. Şondan iki asyrdan gowrak öň, Ýowelem dikeldiş hakda pygamberlik edipdi (Ýowel 3:18-i okaň). Sürgündäkiler Ýoweliň «daglardan täze şerap damar», «baýyrlardan süýt akar», «Ýehowanyň öýünden» çeşme akar diýen sözleriň göni manyda ýerine ýetmejegine düşünýärdiler. Olar Hyzkylyňam görnüşinde göni manydaky çeşme hakda aýdylmaýandygyny bilendirlera. Onda Ýehowa olara görnüş arkaly näme öwretjek boldy? Mukaddes Kitap Hyzkylyň pygamberligindäki käbir zatlara düşünmäge kömek edýär. Biz pygamberlikden Hudaýyň üç wadasy hakda öwreneris.
4. a) Görnüşden halk Ýehowanyň bereket berjegi hakda näme öwrendi? b) Mukaddes Kitapdaky «deňiz», «derýa» diýen sözler nämäni görkezýär? («Ýehowanyň eçilýän bereketleri» diýen çarçuwa serediň).
4 Bereket berýän çeşme. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň berýän bol bereketleri deňiz-derýalar bilen deňeşdirilýär. Hyzkyl hem ybadathanadan çeşmäniň akyp gaýdýanyny görýär. Görnüşden halk Hudaýa arassa sežde etse, ruhy bereketleri aljagyny öwrenip bilýärdi. Olar nähili bereketleri alardy? Ruhanylar ýene-de halka Hudaýyň kanunyny öwretmelidi. Şeýle-de olar ybadathanada Hudaýa gurbanlyk berip, günäden arassalanyp bilýärdiler (Hyz. 44:15, 23; 45:17). Şeýdip, ybadathanadan akýan dup-dury çeşme göçme manyda olary tämizleýärdi.
5. Görnüşdäki çeşme nämäni görkezýär?
5 Hudaýyň bereketleri hemmelere ýetermi? Görnüşdäki çeşmäniň suwunyň her iki kilometrden köpelmegi Ýehowanyň bereketleriniň gutarmajakdygyny görkezýär (Hyz. 47:3—5). Sürgünden gelen ýehudylaryň sany köpelse-de, Ýehowa olara gerek zadyny artygy bilen ýetirerdi. Görnüşdäki çeşme hem Hudaýyň egsilmez bereketlerini suratlandyrýar.
6. a) Pygamberlik bizi nämä ynandyrýar? b) Pygamberlikden ýene nämäni bilse bolýar? (Çykgyda serediň).
6 Ýaşaýyş berýän çeşme. Hyzkyl görnüşde çeşmäniň Öli deňzine guýup, ony janly-jandarlardan doldurýandygyny gördi. Beýik deňizde, ýagny Ortaýer deňzinde bolşy ýaly, çeşmäniň guýan ýeri hem dürli balyklardan dolýar. Adamlar Öli deňziniň kenarynda durup, biri-birinden uzakda ýerleşýän iki şäheriň arasynda balyk tutýardylar. Perişde: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýehowanyň ybadathanasyndan akyp gaýdan çeşme deňziň suwuny tutuşlygyna süýjedermi? Ýok. Perişde deňziň kenaryndaky batgaly ýerlere süýji suwuň barmajagyny, şol ýerleriň «şorlugyna galjagyny» aýdýarb (Hyz. 47:8—11). Şu pygamberlik arassa seždäniň adamlary janlandyryp, ruhy taýdan dikeltjegine ynandyrýar. Ýöne pygamberlikden Ýehowanyň bereketlerini hemmeleriň kabul etmejegini, hemme adamlaryň sagalmajagyny bilse bolýar.
7. Pygamberiň gören gür baglygy sürgündäkileri nämä ynandyrdy?
7 Miweli we melhem berýän agaçlar. Çeşmäniň iki tarapyndaky gür baglygy göz öňüňize getiriň! Olar daş-töwerege görk beren bolmaly. Ýöne olar nämäni aňladýardy? Hyzkyl bilen ildeşleri şol baglaryň her aý dürli miweleri berjegine begenendirler. Görnüş olary Ýehowanyň ruhy bolçulykda ýaşatjagyna ynandyrandyr. Mundan başga-da, görnüşde şol baglaryň ýapraklarynyň «melhem boljakdygy» aýdylýar (Hyz. 47:12). Ýehowa näme üçin şeýle wada berdi? Sebäbi Ýehowa sürgünden dolanyp gelen halkyny aýaga galdyrmak üçin ruhy taýdan kömek gerekdigini bilýärdi. Hudaý beren wadasynda durdy. Onuň halkyny ruhy taýdan dikeldendigi hakda 9-njy bapda gürrüň berilýär.
8. Hyzkylyň görnüşiniň doly ýerine ýetjegini nireden bilýäris?
8 9-njy bapda halkyň şol pygamberlikleriň diňe käbiriniň ýerine ýetişini görendigi aýdyldy. Ýöne muňa halkyň özi günäkärdi, sebäbi olar ýene-de azyp, Ýehowa gulak asmadylar. Arassa seždeden gaýta-gaýta ýüz öwürdiler. Onsoň nädip olar Ýehowanyň berekedini doly görsün?! Wepaly ýehudylar ildeşleriniň eden-etdiligini görüp örän gynanandyrlar. Ýöne olar Ýehowanyň niýetinden el çekmejegini bilýärdiler, hemişe wadasynda durýandygyna ynanýardylar (Ýuşa 23:14-i okaň). Dogrudanam, Hyzkylyň görnüşi doly ýerine ýeter. Ýöne haçan?
Pygamberlikden näme öwrenýäris?
9. Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşi haçan uly möçberde ýerine ýetýär?
9 14-nji bapdan bilşimiz ýaly, Hyzkylyň ybadathana baradaky görnüşi «soňky günlerde» uly möçberde ýerine ýetýär. Arassa sežde görlüp-eşidilmedik derejede beýgeldilýär (Işa. 2:2). Hyzkylyň ybadathanadan akyp gaýdýan çeşme baradaky görnüşi häzir nädip ýerine ýetýär?
10, 11. a) Şu günler nähili bereketleri alýarys? b) Soňky günlerde Ýehowa nädip berekedini bolluk bilen eçilýär?
10 Bereket berýän çeşme. Ybadathanadan akyp gaýdýan çeşmäni häzir näme bilen deňeşdirse bolýar? Çeşmäni Ýehowanyň biziň ruhy taýdan sagdyn bolmagymyz üçin edýän işlerine deňese bolýar. Mundan başga-da, ol Mesihiň töleg gurbany arkaly bizi bagyşlap, günäden arassalaýar. Ýehowanyň Sözi suw ýaly hem ýaşaýyş berýär, hem arassalaýar (Efes. 5:25—27). Ýehowa häzir nädip bereketlerini eçilýär?
11 1919-njy ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany bary-ýogy birnäçe müňe ýetýärdi. Olar Mukaddes Kitapdaky köp hakykatlary öwrenýändigine begenýärdiler. Onlarça ýylyň dowamynda Hudaýyň halkynyň sany hasam artyp, häzirki wagtda 8 milliondan geçdi. Göçme manydaky çeşmäniň suwy köpelermi? Elbetde! Şu günler Hudaýyň halky Mukaddes Kitapdaky köp hakykatlary öwrenýär. Geçen asyrda Hudaýyň halky üçin Mukaddes Kitabyň, žurnallaryň, broşýuralaryň we kitapçalaryň milliardlarçasy çykaryldy. Görnüşdäki çeşmäniň suwunyň köpelişi ýaly, Hudaý baradaky hakykaty hem has köp adamlar eşitdi. Öň edebiýatlarymyz diňe çap edilen görnüşinde çykarylýardy. Häzir bolsa edebiýatlarymyz jw.org saýtynda müňden gowrak dilde elýeterli. Hudaýyň Sözi akýürekli adamlara nähili täsir edýär?
12. a) Hudaýyň Sözündäki hakykat adamlaryň ýüregine nähili täsir edýär? b) Görnüşden ýene näme bildik? (Çykgyda hem serediň).
12 Ýaşaýyş berýän çeşme. Perişde Hyzkyla: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýaşaýyş berýän suwuň ruhy jennetdäki adamlaryň durmuşyna täsir edişi hakda oýlanyp görüň. Mukaddes Kitapdaky hakykatlar millionlarça adamlaryň ýüregine täsir edip, Ýehowa imanyny berkitdi. Ýöne görnüşden şol hakykaty hemme adamlaryň kabul etmejegini hem bilipdik. Görnüşde Hyzkyl Öli deňziniň kenarynda palçykly, batgaly ýerleri görüpdi. Mundan köp adamlaryň Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilmejegini, ondan ýüz öwürjegini bilse bolýarc. Geliň, hiç haçan hakykat ýolundan ýüz öwürmäliň (5 Musa 10:16—18-nji aýatlary okaň).
13. Agaçlar baradaky görnüşden näme öwrenýäris?
13 Miweli we melhem berýän agaçlar. Çeşmäniň boýundaky gür baglyk hakdaky görnüş bizi ruhlandyrýar. Görnüşdäki agaçlar her aý bol miwe berýär we ýapraklary melhem bolýar (Hyz. 47:12). Mundan Hudaýyň bizi ruhy taýdan doýurýandygyny we sagalmaga kömek edýändigini öwrenýäris. Häzir adamlar ruhy taýdan kesel, olar ruhy iýmite zar. Ýöne Ýehowa halkynyň aladasyny edýär. Siz makalany okap bolanyňyzda, kongreslerde jemleýji aýdymy aýdanyňyzda, wideolary we teleýaýlymy göreniňizde süýji nahardan doýan ýaly bolýansyňyz. Dogrudanam, Ýehowa bizi gerk-gäbe doýurýar (Işa. 65:13, 14). Ýehowanyň berýän bilimi ruhy taýdan sagdyn bolmaga kömek edýär. Hudaýyň Sözündäki maslahatlar ahlaksyzlyk we açgözlük ýaly ruhy taýdan gowşadýan zatlardan gorap, imanymyzy berkidýär. Ýehowa agyr günä edip, ruhy taýdan syrkawlan adamlara-da aýaga galmaga kömek edýär (Ýakup 5:14-i okaň). Şu günler Hyzkylyň agaçlar baradaky pygamberligi ýerine ýetip, Hudaýyň halky bereket alýar.
14, 15. a) Görnüşdäki käbir ýerleriň şorlugyna galmagyndan näme sapak edinýäris? b) Görnüşdäki çeşmeden nähili bereketleri alýarys?
14 Görnüşdäki käbir ýerleriň şorlugyna galmagyndan näme sapak edinýäris? Biz Ýehowanyň eçilýän bereketleriniň gadyryny bilmek isleýäris. Dünýädäki adamlar ýaly ruhy taýdan kesel bolmak islemeýäris (Mat. 13:15). Gaýtam Ýehowanyň bereketli çeşmesinden ganýandygymyza begenýäris. Biz Hudaýyň Sözüni öwrenip, göçme manyda arassa suwdan içýäris, öwrenen zatlarymyzy adamlara wagyz edýäris. Şeýle-de ýygnak ýaşululary maslahat we göwünlik berip, mähir bilen aladamyzy edýär. Şeýdip, Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşiniň ýerine ýetýändigine göz ýetirýäris. Dogrudanam, çeşme akyp baran ýerlerine ýaşaýyş we melhem berýär.
15 Çeşme baradaky pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter? Biz çeşmäniň Jennetde hasam joşup akjakdygyny bileris.
Pygamberlik Jennetde nädip ýerine ýeter?
16, 17. a) Jennetde çeşme haýsy manyda joşup akar? b) Jennetde çeşme bize nähili bereket berer?
16 Göz öňüne getiriň, siz Jennetde hezil edip ýaşap ýörsüňiz. Ýanyňyzda maşgalaňyz, dostlaryňyz bar. Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşi Jennetde ýene nähili bereketleri aljakdygyňyzy göz öňüne getirmäge kömek eder. Geliň, şol bereketleriň üçüsi hakda gürrüň edeliň.
17 Bereket berýän çeşme. Jennetde göçme manydaky çeşme hasam joşup akar, sebäbi ol adamlara diňe ruhy taýdan däl-de, hemmetaraplaýyn bereket berer. Hudaýyň Patyşalygy müň ýylyň dowamynda wepaly adamlary töleg gurbany arkaly günäden doly tämizlär. Olar kem-kemden kämil bolar. Şonda hiç kim kesellemez, lukmanlar, şepagat uýalary, hassahanalar we saglygy ätiýaçlandyryş depderçeleri gerek bolmaz. Armageddonda halas bolan millionlarça adamlar, ýagny «uly betbagtçylykdan» geçen «uly märeke» ýaşaýyş suwundan içer (Ylh. 7: 9, 14). Ýöne bular aljak bereketlerimiziň başlangyjy bolar. Hyzkylyň görnüşindäki ýaly, çeşme barha köpelip, has köp adama peýda berer.
Jennetde ýaşaýyş çeşmesinden içenler ýaş hem sagdyn bolar (17-nji abzasa serediň)
18. Jennetde «ýaşaýyş berýän... derýa» haýsy manyda dolup daşar?
18 Ýaşaýyş berýän çeşme. Isanyň müňýyllyk hökümdarlygynda «ýaşaýyş berýän... derýa» dolup-daşar (Ylh. 22:1). Ýehowa milliardlarça ölen adamlary direldip, Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer. Hudaýyň Patyşalygy topraga siňip giden, sansyz-sajaksyz adamlara ýaşaýyş berer (Işa. 26:19). Emma direlen adamlaryň ählisi ebedi ýaşarmy?
19. a) Jennetde täze golýazmalar nädip açylar? b) Käbir ýerler nädip «şorlugyna galar»?
19 Jennetde her bir adam gelejegini özi saýlar. Bilşimiz ýaly, şonda täze golýazmalar açylar, Ýehowa täze-täze zatlary öwreder, täze tabşyryklary berer. Şol wagta sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz gerek?! Gynansak-da, käbir adamlar Ýehowa gulak asman, onuň bereketleriniň gadyryny bilmezler. Biri müňýyllykda boýnuýogynlyk etse-de, hiç kime zyýan ýetirip bilmez, sebäbi Ýehowa ony ýok eder (Işa. 65:20). Şeýdip, Hyzkylyň şorlugyna galan batgaly ýerler baradaky pygamberligi ýerine ýeter. Boýnuýogyn adamlar ýaşaýyş suwundan içmän, gaty ýalňyşarlar. Müňýyllykdan soň käbir pitneçiler Şeýtanyň tarapyna geçer. Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykýanlaryň ählisi ebedilik ýok ediler (Ylh. 20:7—12).
20. Hyzkylyň gören agaçlary müňýyllykda nähili bereketleri aljakdygymyzy görkezýär?
20 Miweli we melhem berýän agaçlar. Ýehowa her birimiziň ebedi ýaşamagymyzy isleýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiligi elden gidermez ýaly, bize kömek edýär. Hyzkylyň gören agaçlaryndan Ýehowanyň Jennetde köp işleri etjekdigini bilýäris. Şonda Ýehowa diňe ruhy taýdan däl, hemmetaraplaýyn ýalkar. Müňýyllykda Isa Mesih bilen 144 000 saýlananlar gökde höküm sürerler. Saýlananlar ruhanylar bolup, Isanyň töleg gurbany arkaly adamlara kämil bolmaga kömek ederler (Ylh. 20:6). Görnüşdäki agaçlaryň miwe berip, ýapraklarynyň melhem bolşy ýaly, bizem hemmetaraplaýyn sagdyn bolarys. Ýahýa resul hem Hyzkyl pygamberiňki ýaly täsirli görnüş görüpdi (Ylham 22:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýanyň görnüşindäki agaçlaryň ýapraklary hem «milletleri sagaltmak üçin ösýärdi». Ruhany bolup gulluk etjek 144 000 saýlananlar arkaly millionlarça wepaly adamlar peýda alar.
21. Çeşme baradaky görnüş size nähili täsir edýär? Indiki bapda näme bileris? («Çeşmäniň suwy barha köpelýär» diýen çarçuwa serediň).
21 Hyzkylyň çeşme baradaky görnüşini okanymyzda kalbymyz rahatlykdan dolup, ýüregimizde umyt döreýär. Tizden eşretli durmuşa ýeteris. Şeýle durmuşy göz öňüne getirip biler ýaly, Ýehowa müňlerçe ýyl öňünden pygamberine ony görnüş arkaly görkezdi. Ýehowa biziň şeýle durmuşy diňe arzuw etmegimizi däl, şol ýerde ýaşamagymyzy hem isleýär. Sizem isleýärsiňizmi? Belki, siz: «Jennetde maňa ýaşamaga ýer bolarmyka?» diýip pikir edýänsiňiz. Indiki bapda Hyzkylyň şu hakda aýdan pygamberliklerini bileris.
a Sürgündäki ýehudylar ýurdunyň geografiki ýerleşişini gowy bilensoň, görnüşde göni manydaky çeşme hakda aýdylmaýandygyna düşünendir. Sebäbi Ysraýylda Hyzkylyň görnüşinde agzalýan beýik dag ýokdy. Şeýle-de Ysraýyl belentli-pesli depeleriň arasynda ýerleşýärdi. Şonuň üçin görnüşdäki çeşme ugruny üýtgetmän, göni Öli deňzine guýup bilmeýärdi.
b Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, aýatdaky şu jümle gowy manyda ulanylýar, sebäbi gadymy döwürde Öli deňziniň kenarýaksynda duz senagaty ösendi we köp girdeji berýärdi. Emma aýatda palçykly ýerleriň «suwy süýjemez» diýilýär. Ýehowanyň ybadathanasyndan akýan ýaşaýyş suwy oňa baryp ýetmeýändigi üçin, onda janly-jandar bolmaz. Şeýlelikde, aýatdaky «şorlugyna galar» diýen jümle gowy manyda ulanylmaýar diýsek ýalňyşmarys (Zeb. 107:33, 34; Ýer. 17:6).
c Isa tor mysalynda hem şu hakda aýdýar. Tora köp balyk düşse-de, arasynda erbedem bar. Balykçylar erbet balyklary zyňýarlar. Isa Ýehowanyň guramasyndaky käbir adamlaryň Hudaýdan ýüz öwürjekdigini aýtdy (Mat. 13:47—50; 2 Tim. 2:20, 21).
-
-
«Ýurdy miras hökmünde paýlaşyň»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
20-NJI BAP
«Ýurdy miras hökmünde paýlaşyň»
TEMA: Ýurduň paýlanmagyndan näme öwrenýäris?
1, 2. a) Ýehowa Hyzkyla nähili tabşyryk berdi?b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
ÝEHOWA Hyzkyla ýene bir görnüş görkezýär. Görnüş görensoň, Hyzkyl pygamber Musa bilen Ýuşanyň günleri hakda pikirlenendir. Şondan takmynan 900 ýyl öň, Ýehowa Musa pygambere Wada edilen ýurduň serhetleri barada aýdypdy. Biraz wagtdan soň bolsa, Ýuşa ysraýyl taýpalaryna ýer paýlap bermegi tabşyrypdy (4 Mus. 34:1—15; Ýuşa 13:7; 22:4, 9). B. e. öň 593-nji ýylda Ýehowa Hyzkyla we ildeşlerine ýurdy ýene-de taýpalara paýlap bermegi tabşyrýar (Hyz. 45:1; 47:14; 48:29).
2 Görnüşden Hyzkyl bilen ildeşleri näme öwrendiler? Görnüş Hudaýyň häzirki halkyny nädip ruhlandyrýar? Pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter?
Görnüşdäki dört wada
3, 4. a) Hyzkylyň soňky görnüşinde haýsy wadalar hakda aýdylýar? b) Şu bapda näme bileris?
3 Hyzkyl pygamberiň soňky gören görnüşi hakda kitabyň dokuz babynda aýdylýar (Hyz. 40:1—48:35). Görnüş arkaly Hudaý Ysraýyl ýurduna gaýdyp barjak halkyna dört wada berýär. Haýsy wadalar? Birinjiden, halk ýene-de ybadathanada Hudaýa arassa sežde eder. Ikinjiden, Hudaýa wepaly ruhanylar we çopanlar halka ýolbaşçylyk eder. Üçünjiden, ýurduna dolanyp baran ysraýyllaryň ählisine ýer paýlanar. Dördünjiden, Ýehowa ýene-de olaryň arasynda ýaşar.
4 Kitabyň 13, 14-nji baplaryndan arassa seždäniň dikeldilendigini we halka gowy çopanlaryň ýolbaşçylyk edip başlandygyny bildik. Şu bapda ýurduň miras hökmünde paýlanjakdygy hakda bileris. Indiki bapda bolsa Ýehowanyň halkynyň arasynda mesgen tutjakdygy hakda gürrüň ederis (Hyz. 47:13—21; 48:1—7, 23—29).
«Ýurt... size miras galar»
5, 6. a) Hyzkylyň görnüşinde näme wada berildi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi?
5 Hyzkyl 47:14-i okaň. Görnüşde Ýehowa Hyzkyla «Erem bagy ýaly» boljak ýurt hakda aýdýar (Hyz. 36:35). Ol şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň» (Hyz. 47:13). Şol «ýurt» sürgünden dolanyp baran ysraýyllaryň dogduk mekanydy. Soňra Hyzkyl 47:15—21-nji aýatlarda Ýehowa tutuş ýurduň serhedi hakda jikme-jik aýtdy.
6 Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi? Ýurduň serhediniň jikme-jik aýdylmagy Hyzkyl bilen ildeşleriniň watanyna dolanyp, ony dikeltjekdigine ynamyny hasam artdyrandyr. Sürgündäkiler Ýehowanyň şu wadasy hakda eşidende, gör, nähili begenendir! Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ýurt ysraýyllara miras hökmünde paýlandymy? Hawa.
7. a) B. e. öň 537-nji ýylda bolan wakalar nämäni ýatladýar? b) Ilki bilen haýsy soragyň jogabyny bileris?
7 Hyzkylyň görnüş görenine 56 ýyl töweregi wagt geçipdi. B. e. öň 537-nji ýylda sürgündäki müňlerçe ysraýyllar ýuwaş-ýuwaşdan watanyna dolandy. Şol tolgundyryjy wakalar Hudaýyň häzirki halkynyň gazanýan üstünliklerini ýatladýar. Olara-da göçme manyda ýer paýlandy. Nädip? Ýehowa gullukçylaryna ruhy jenneti miras berdi. Geçmişde Wada edilen ýurduň dikeldilmeginden ruhy jennetiň dikeldilmegi hakda köp zatlary öwrenýäris. Ýöne, ilki, şu soragyň jogabyny bileliň: ruhy jennetde ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris?
8. a) Ýehowa ysraýyl halkyna derek kimi saýlady? b) Hudaý olara nähili ýurdy miras berdi? ç) Ruhy jennet haçan döredildi we onda kimler ýaşaýar?
8 Ýehowa Hyzkyla Ysraýylyň dikeldiljekdigi hakdaky pygamberlikleriň «guly Dawut» patyşa bolanda uly möçberde ýerine ýetjekdigini aýtdy (Hyz. 37:24). Şol pygamberlikler 1914-nji ýylda Isa Mesih patyşa bolanda ýerine ýetip başlady. Ýöne şondan öň Ýehowa ysraýyl halkyna derek ruhy Ysraýyly saýlady (Matta 21:43; 1 Petrus 2:9-njy aýatlary okaň). Ýehowa saýlanan mesihçilere Ysraýyl ýurduny däl-de, ruhy jenneti miras berdi (Işa. 66:8). 17-nji bapdan bilşimiz ýaly, 1919-njy ýyldan bäri saýlanan mesihçileriň galyndysy ruhy jennetde Ýehowa agzybirlikde sežde edýär («1919-njy ýylda azat edilýär» diýen 9B çarçuwa serediň). Şondan soň ruhy jennetde ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» hem ýaşap başlaýar (Ýah. 10:16). Ruhy jennet gitdigiçe gülläp ösýär. Armageddondan soň onuň ilaty mundanam köp bereketleri alar.
Ýurt hemmelere deň paýlanýar
9. Ýehowa ýurduň paýlanmagy barada nähili görkezmeleri berdi?
9 Hyzkyl 48:1, 28-nji aýatlary okaň. Ýehowa ýurduň serhedi hakda aýdandan soň, onuň nädip paýlanjakdygyny hem jikme-jik düşündirdi. Ol demirgazykdan günorta çenli ýerleri 12 taýpa des-deň paýlamagy tabşyrdy. Ýurduň demirgazygynda danlar, günortasynda gadlar mesgen tutdy. Taýpalaryň araçägi ýurduň gündogar serhedinden günbatardaky Beýik deňze, ýagny Ortaýer deňzine çenli uzalar (Hyz. 47:20).
10. Ýurduň deň paýlanmagy sürgündäkileri nämä ynandyrdy?
10 Ýurduň deň paýlanmagy sürgündäkileri nämä ynandyrdy? Ýurduň tertip-düzgün boýunça paýlanmagy hakdaky pygamberlik sürgündäkilere güýçli täsir edendir. 12 taýpa des-deň ýer paýlanmagy ysraýyllaryň dolanyp baran ýurdunda hem mirasynyň boljakdygyna ynandyrandyr. Hemmelere ýer berler, hiç kim öýsüz-öwzarsyz galmaz.
11. Hyzkylyň görnüşinden näme öwrenýäris? («Ýurduň paýlanmagy» diýen çarçuwa serediň).
11 Hyzkylyň şu görnüşinden näme öwrenýäris? Wada edilen ýurtdan diňe ruhanylara, lewilere we baştutanlara däl-de, tutuş halka ýer berlipdi (Hyz. 45:4, 5, 7, 8). Şu günlerem ruhy jennetde diňe saýlananlaryň galyndysynyň we ýolbaşçylyk edýän doganlaryň däl-de, uly märekäniňem orny bara (Ylh. 7:9). Guramasynda ujypsyzja işleri ýerine ýetirsegem, Ýehowa her birimize orun berip, gymmat saýýar. Biz muňa örän begenýäris.
Ýehowa guramasynda edýän ähli işlerimiziň gadyryny bilýär (11-nji abzasa serediň)
Ýehowanyň tabşyrygyndan näme öwrenýäris?
12, 13. Ýehowa ýeri taýpalara paýlamak babatda nähili görkezmeleri berdi?
12 Hyzkyl pygamber Ýehowanyň ýurdy paýlamak hakda beren görkezmeleriniň käbirine birbada düşünen däldir. Sebäbi olar Musa berlen görkezmeden tapawutlanýardy. Geliň, Hyzkylyň görnüşindäki ýurt we ýaşaýjylary hakda gürrüň edeliň.
13 Ýurt. Ýehowa Musa pygambere her taýpa adam sanyna görä mülk bermegi tabşyrdy (4 Mus. 26:52—54). Emma Hyzkylyň görnüşinde Ýehowa her taýpa «doganynyňky ýaly» ýer bermegi tabşyrdy (Hyz. 47:14, çykgyt). Diýmek, 12 taýpa demirgazykdan günorta çenli ýerler deň bölünip berildi. 12 taýpanyň ählisine-de Wada edilen ýurtdan bol hasyl berýän, mes toprakly ýerler düşüpdi.
14. Musa bilen Hyzkyla gelmişekler barada berlen tabşyryk nämede tapawutlanýardy?
14 Ýaşaýjylar. Musanyň kanuny gelmişekleriň hukugyny goraýardy. Olar Ýehowa sežde edip bilýärdi. Ýöne olara ýurtdan miras berilmeýärdi (3 Mus. 19:33, 34). Ýehowanyň Hyzkyla beren tabşyrygy düýbünden tapawutlanýardy. Ol: «Gelmişekler ýaşaýan taýpasynyň arasyndan miras hökmünde ýer paýyny almalydyrlar» diýdi. Şeýdip, Ýehowa «ýerli halk» bilen gelmişekleriň tapawudynyň ýokdugyny görkezdi (Hyz. 47:22, 23). Hyzkyl görnüşde ýurduň ýaşaýjylarynyň ala tutulmaýandygyny, olaryň Hudaýa agzybir sežde edýändigini görýär (3 Mus. 25:23).
15. Hyzkyla berlen görkezmeden Ýehowa barada nämäni bilýäris?
15 Hyzkyla ýurt we onuň ilaty hakda berlen görkezmeler sürgündäkileriň imanyny berkidendir. Olar ysraýyllardan ýa gelmişeklerden bolsun, Ýehowa sežde edýän adamlara deň ýer beriljekdigine düşünendir (Hyd. 8:20; Neh. 3:26; 7:6, 25; Işa. 56:3, 8). Şeýle-de olar Ýehowanyň her bir gullukçysyny eziz görýändigine göz ýetirendir (Hagaý 2:7-ni okaň). Ýehowanyň şu günlerem garaýşy üýtgänok. Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt etsek-de, Ýehowa her birimizi gymmat saýýar.
16, 17. a) Hyzkyla berlen görkezmelere biz nädip eýerip bileris? b) Indiki bapda näme hakda gürrüň ederis?
16 Hyzkyla berlen görkezmelere biz nädip eýerip bileris? Biz bütin dünýädäki dogan-uýalaryň hiç birini ala tutman, olar bilen agzybir bolmaly. Hudaýyň halky şonuň bilen tapawutlanýar. Ýehowa tarapgöýlik etmeýär. Geliň, özümize şeýle soraglary bereliň: «Menem Ýehowa ýaly adamlary deň tutýarynmy? Milletine, ýaşyna we ýagdaýyna seretmezden, dogan-uýalaryň her birine ýürekden hormat goýýarynmy?» Ýehowanyň her birimize ruhy jennetden paý berendigine örän begenýäris. Gökdäki Atamyza janymyz-tenimiz bilen gulluk edip, köp bereket alýarys (Gal. 3:26—29; Ylh. 7:9).
Ýehowadan görelde alyp, adamlary deň tutýarysmy we ýürekden hormat goýýarysmy? (15, 16-njy abzaslara serediň)
17 Ýehowa Hyzkyla sürgündäkileriň arasynda mesgen tutjagyny hem wada beripdi. Hudaýyň şol wadasyndan näme öwrenýäris? Ol hakda indiki bapda bileris.
a Ýehowanyň ruhy jennetde ruhanylar bilen baştutana aýratyn orun berýändigi we jogapkärli ýumuşlary tabşyrýandygy hakda 14-nji bapda gürrüň berilýär.
-
-
«Şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
21-NJI BAP
«Şäheriň adyna „Ýehowanyň mekany“ diýler»
TEMA: Görnüşdäki şäher bilen mukaddes mülk
1, 2. a) Ýurduň merkezinde nähili ýer goýuldy? (Kitabyň daşyndaky surata serediň). b) Görnüş sürgündäkileriň nämä ynamyny berkitdi?
SOŇKY görnüşde Hyzkyl ýurduň merkezinde ýörite ýer goýlandygyny görýär. Şol ýer ysraýyllar üçin däl-de, Ýehowa üçin goýlan mukaddes mülkdi. Pygamber görnüşde şäherem görýär, onuň üýtgeşik ady bardy. Görnüş sürgündäkileriň bir zada ynamyny hasam berkidendir: watanyna dolanyp baransoň, Ýehowa olaryň arasynda ýaşar.
2 Hyzkyl mukaddes mülk barada jikme-jik beýan edýär. Geliň, görnüşden Ýehowanyň häzirki gullukçylarynyň näme öwrenýändigini bileliň.
Mukaddes mülk bilen şäher
3. Mukaddes mülk näçe bölege bölünendi we ol ýerde näme edilýärdi? («Mukaddes mülk» diýen çarçuwa serediň).
3 Ýurduň merkezindäki ýer demirgazykdan günorta 25 000 tirsekdi (13 km), gündogardan günbatara-da 25 000 tirsekdi. Şol inedördül ýere «mukaddes mülk» diýilýär. Ol keseligine üçe bölünendi. Birinji bölegi lewilere berlipdi, ikinji bölegi ruhanylara berlipdi. Ol ýerde ybadathana ýerleşýärdi. Olaryň ikisi «Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülk» hasaplanýardy. Üçünji kiçi bölege «mukaddes bolmadyk ýer» diýilýärdi, onda şäher ýerleşýärdi (Hyz. 48:15, 20).
4. Mukaddes mülk baradaky görnüşden näme öwrenýäris?
4 Şu görnüşden näme öwrenýäris? Taýpalara ýer paýlamazdan öň, Ýehowa onuň bir bölegini mukaddes mülk hökmünde aýra goýmagy tabşyrdy. Şeýdip, arassa seždäni wajyp hasaplamalydygyny öwretdi (Hyz. 45:1). Elbetde, sürgündäkiler ýurduň paýlanyşyndan Ýehowa sežde etmegi ähli zatdan öňde goýmalydygyna düşünendir. Bizem Hudaýyň Sözüni öwrenmegi, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy we wagyz etmegi wajyp hasaplaýarys. Ýehowadan görelde alyp, arassa seždäni ähli zatdan öňde goýmak isleýäris.
«Şäher onuň ortasynda ýerleşer»
5, 6. a) Şäher kimiňkidi? b) Şäher diýlende näme göz öňüne tutulmaýar we näme üçin?
5 Hyzkyl 48:15-i okaň. Görnüşde şäher we daş-töweregindäki ýerler hakda aýdylýar (Hyz. 48:16—18). Ýehowa Hyzkyla şäher üçin berlen ýeriň «tutuş ysraýyl halkynyňky» boljakdygyny aýdýar (Hyz. 45:6, 7). Şäher bilen daş-töweregindäki ýerler «Ýehowa bagyş edilen mukaddes mülke» degişli däldi (Hyz. 48:9). Geliň, olardan näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.
6 Şäher diýlende, ilki bilen, nämäniň göz öňüne tutulmaýandygyny bileliň. Ol ybadathananyň ýerleşýän ýeri Iýerusalim şäherini aňlatmaýar, sebäbi Hyzkylyň gören şäherinde ybadathana ýokdy. Onda ol Ysraýylyň başga şäherimi? Ýok. Sürgünden dolanyp gelenlerem, olaryň nesillerem görnüşdäki ýaly şäheri hiç wagt gurmandy. Belki, ol gökdäki şäheri aňladýandyr? Ýok. Şäher adaty, ýagny «mukaddes bolmadyk ýerde» gurlupdy. Adaty ýer sežde edilýän mukaddes ýerden tapawutlanýardy (Hyz. 42:20).
7. Hyzkyl nähili şäheri gördi we ol nämäni aňladýar? (Babyň başyndaky surata serediň).
7 Hyzkyl nähili şäheri gördi? Ýehowa ony ýurdy paýlamak hakdaky görnüşde görkezipdi (Hyz. 40:2; 45:1, 6). Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, ýurt ruhy jenneti aňladýar, şäher hem göçme manydaky şäheri aňladýar. Aslynda şäher näme? Adamlaryň belli bir tertip-düzgün boýunça jem bolup ýaşaýan ýerine şäher diýilýär. Pygamberlikdäki inedördül görnüşindäki şäher tertip-düzgüni we gowy gözegçiligi aňladýar.
8. Kimlere gözegçilik edilýär, näme üçin şeýle diýse bolýar?
8 Kimlere gözegçilik ediler? Hyzkylyň görnüşinden bilşimiz ýaly, şäher ruhy jennetde ýerleşýär. Diýmek, şu günler Hudaýyň halkynyň arasynda şeýle gözegçilik bolmaly. Şäheriň adaty ýerde bolmagy nämäni aňladýar? Ol gökden edilýän gözegçiligi däl-de, ýer ýüzünde edilýän gözegçiligi aňladýar. Şeýle gözegçilik ruhy jennetde ýaşaýanlaryň ählisine peýdalydyr.
9. a) Ýer ýüzünde kimler gözegçilik edýär? b) Isa müňýyllykda näme eder?
9 Ýer ýüzünde kimler gözegçilik edýär? Hyzkylyň görnüşinde şähere ýolbaşçylyk edýän adama «baştutan» diýilýär (Hyz. 45:7). Ol halka gözegçilik edýärdi, ýöne ruhany ýa-da lewi däldi. Şol baştutan ýygnakdaky gözegçi doganlary ýatladýar. Olaryň köpüsi saýlanan mesihçi däl. Şol aladaçyl çopanlar başga goýunlaryň arasyndan bellenýär. Olar kiçigöwünli, şol sebäpli Mesihiň gökdäki hökümetine tabyn bolýar (Ýah. 10:16). Isa müňýyllyk hökümdarlygynda «dünýäniň ähli künjeginde» ukyply ýaşululary, ýagny «hanlary» bellär (Zeb. 45:16). Olar gökdäki Patyşalyga tabyn bolup, müň ýylyň dowamynda Hudaýyň halkynyň aladasyny eder.
«Ýehowanyň mekany»
10. Şäheriň ady näme we ol nämä ynandyrýar?
10 Hyzkyl 48:35-i okaň. Şähere «Ýehowanyň mekany» diýilýär. Onuň ady şäherde Ýehowanyň mesgen tutýandygyna ynandyrýar. Ýurduň merkezinde ýerleşýän şäheri görkezmek bilen, Ýehowa sürgündäkilere: «Men ýene-de siziň araňyzda bolaryn» diýýärdi. Şonda sürgündäkileriň başy göge ýetendir!
11. Hyzkylyň görnüşindäki şäherden we adyndan näme öwrenýäris?
11 Hyzkylyň şu pygamberliginden näme öwrenýäris? Şäheriň ady Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň arasyndadygyna we gelejekde-de boljakdygyna ynandyrýar. Şeýle-de onuň adyndan wajyp zady öwrenýäris: Ýehowa şäheri adamlara agalyk etdirmek üçin däl-de, öz niýetini amala aşyrmak üçin döretdi. Meselem, Ýehowa ýurdy gözegçilere paýlatmady, sebäbi olaryň muny öz düşünjesine görä etjegini bilýärdi. Şonuň üçin Ýehowanyň özi gullukçylarynyň her birine, şol sanda «garyplara-da» ruhy jennetden orun berýär. Hudaý gözegçileriňem olara hormat goýmagyny isleýär (Nak. 19:17; Hyz. 46:18; 48:29).
12. a) Şäheriň nähili üýtgeşik tarapy bar we ondan näme öwrenýäris? b) Görnüş ýygnakdaky gözegçilere haýsy wajyp zady ýatladýar?
12 «Ýehowanyň mekany» atly şäheriň ýene bir üýtgeşik tarapy hakda gürrüň edeliň. Gadymy döwürde şäheriň birki sany derwezesi bolýardy, ýöne görnüşdäki şäheriň 12 sany derwezesi bardy (Hyz. 48:30—34). Şäheriň her tarapynda üçüsi ýerleşýärdi. Diýmek, Hudaýyň halky islendik wagt şäheriň gözegçilerine ýüz tutup bilýärdi. Şeýle-de şäheriň 12 derwezesi «tutuş ysraýyl halkynyň» oňa gelip bilýändigini görkezýärdi (Hyz. 45:6). Şähere her tarapdan baryp bolýandygy ýygnakdaky gözegçilere wajyp zady ýatladýar. Dogan-uýalar ýanyna çekinmän barar ýaly, olar mähirli gepleşmeli. Ýehowa olaryň kömek etmäge taýyn bolmagyny isleýär.
Dogan-uýalar çekinmän barar ýaly, gözegçiler mähirli gepleşmeli we kömek etmäge taýyn bolmaly (12-nji abzasa serediň)
Hudaýyň halky «sežde etmäge» we «şähere işlemäge» gelýär
13. Ýehowa kimler hakda aýdýar?
13 Geliň, ýene Hyzkylyň döwri hakda gürrüň edeliň. Ol ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşinde ýene nämeler hakda ýazdy? Ýehowa dürli ýumşy ýerine ýetirýän adamlary agzaýar. Ybadathanada «hyzmat edýän» ruhanylar Ýehowanyň huzurynda gulluk edip, oňa gurbanlyklary berýärdiler. Lewiler bolsa «ybadathanadaky borçlaryny berjaý edip, ähli işleri ýola goýýarlar» (Hyz. 44:14—16; 45:4, 5). Ýehowa şähere işlemäge gelenleri hem agzaýar. Olar kimler?
14. Şähere işlemäge gelýänleriň berýän goldawy bize nämäni ýatladýar?
14 Şähere «Ysraýylyň ähli taýpalaryndan» işlemäge gelýärdiler. Olar «şäherde işleýänlere iýmit bolar» ýaly ekin ekýärdiler (Hyz. 48:18, 19). Şähere işlemäge gelýänleriň berýän goldawy bize nämäni ýatladýar? Şu günlerem ruhy jennetde ýaşaýanlaryň ählisi Mesihiň saýlanan doganlaryny goldap bilýär. Şeýle-de Ýehowanyň uly märekäniň arasyndan saýlan ýolbaşçy doganlary bilen işleşip bilýär (Ylh. 7:9, 10). Biz, esasanam, wepaly hyzmatkäriň görkezmesine höwes bilen eýerip şeýle goldawy berýäris.
15, 16. a) Hyzkylyň görnüşinden näme sapak edinip bilýäris? b) Görnüşdäki işçiler ýaly haýsy işleri edip bilýäris?
15 Hyzkylyň görnüşinden gullugymyz bilen bagly wajyp sapak edinýäris. Ýehowa 12 taýpanyň iki ýerde gulluk edýändigi barada aýdýar. Olar lewilerden bolmasa-da, ybadathananyň howlusynda gulluk edýärdiler we şäheriň öri meýdanlarynda işleýärdiler. Ybadathanada Ýehowa «sežde edip», gurbanlyk berýärdiler (Hyz. 46:9, 24). Öri meýdanlarda bolsa şähere kömek etmek üçin ekin ekýärdiler. Olardan näme öwrenýäris?
16 Hyzkylyň görnüşinde agzalýan 12 taýpanyň edýän işlerini şu günler uly märeke-de edýär. Olar Ýehowanyň «ybadathanasynda» sežde edip, öwgi gurbanlaryny berýärler (Ylh. 7:9—15). Olar wagyz edýärler, ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Olar muny ähli zatdan wajyp hasaplaýarlar (1 Tar. 16:29). Şeýle-de dogan-uýalar Hudaýyň guramasyny goldamak üçin köp işleri edýärler. Meselem, Ýygnak jaýlarynyň we filiallaryň abatlaýyş, gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Guramanyň islendik işini höwes bilen goldaýarlar. Käbir dogan-uýalar bolsa guramanyň işleri üçin pul sadakalaryny berýärler. Şeýdip, olaryň ählisi görnüşdäki işçiler ýaly ekin ekip, «Hudaýy şöhratlandyrýarlar» (1 Kor. 10:31). Olar yhlas bilen zähmet çekip şatlanýarlar, sebäbi Ýehowanyň «şeýle sadakalary halaýandygyny» bilýärler (Ýew. 13:16). Sizem şeýle işlere gatnaşýarsyňyzmy?
Hyzkylyň şäher baradaky görnüşinden biz näme öwrenip bileris? (14—16-njy abzaslara serediň)
«Täze göklere we täze ýere garaşýarys»
17. a) Gelejekde Hyzkylyň görnüşi nädip uly möçberde ýerine ýeter? b) Müňýyllykda şähere meňzedilýän gözegçiler näme eder?
17 Gelejekde biz Hyzkylyň mukaddes mülk baradaky görnüşiniň uly möçberde ýerine ýetjegini göreris. Ýadyňyzda bolsa, Hyzkyl «mukaddes mülküň» ýurduň merkezinde ýerleşýändigini görüpdi (Hyz. 48:10). Şonuň ýaly, Armageddondan soň nirede ýaşasak-da, Ýehowa biziň bilen bolar (Ylh. 21:3). Şeýle-de biz görnüşden şäheriň Hudaýyň halkynyň aladasyny etjek gözegçileri aňladýandygyny bilipdik. Olar müň ýylyň dowamynda bütin dünýädäki adamlara mähir bilen görkezme bererler. Olar «täze ýere», ýagny Jennetdäki adamlara ýolbaşçylyk ederler (2 Pet. 3:13).
18. a) Biz gözegçiler barada nämä ynamly bolup bilýäris? b) Şäheriň ady bizi nämä ynandyrýar?
18 Biz şähere meňzedilýän gözegçileriň Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolup, ýolbaşçylyk etjekdigini bilýäris. Sebäbi ýerdäki 12 derwezeli şäher gökdäki 12 derwezeli şähere, ýagny Täze Iýerusalime meňzeýär. Hudaýyň Sözüne görä, Täze Iýerusalim Mesih bilen höküm sürjek 144 000 saýlananlary aňladýar (Ylh. 21:2, 12, 21—27). Ýerdäki gözegçiler Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň gelýän kararlaryna tabyn bolup, olara birkemsiz eýererler. «Ýehowanyň mekany» atly şäher Jennetde Ýehowa ebedilik arassa sežde ediljekdigine ynandyrýar. Bize ajaýyp gelejek garaşýar!
-