Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 47
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Ybadathanadan akýan çeşme (1—12)

        • Çeşmäniň suwy barha köpelýär (2—5)

        • Deňziň suwy süýjeýär (8—10)

        • Batgaly ýerlerdäki suwlar süýjemez (11)

        • Agaçlaryň miwelerini iýerler, ýapraklary melhem bolar (12)

      • Ýurduň serhetleri (13—23)

Hyzkyl 47:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 41:2
  • +Zek 13:1; 14:8; Ylh 22:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 202, 203, 205, 206, 208

Hyzkyl 47:2

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: beýik binadan.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 40:20
  • +Hyz 40:6; 44:1, 2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 206

Hyzkyl 47:3

Çykgytlar

  • *

    Gez göz öňünde tutulýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +Hyz 40:3; Ylh 21:15

Hyzkyl 47:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 202, 203, 206—208

Hyzkyl 47:7

Parallel aýatlar

  • +Ylh 22:1, 2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2017)»,

    9/2017, sah. 1, 2

Hyzkyl 47:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şypa tapar.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:47, 49
  • +Zek 14:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 202—205, 208, 209

Hyzkyl 47:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 202, 203—207, 208, 209

Hyzkyl 47:10

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ortaýer deňzi.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 15:20, 62; 2Tr 20:2
  • +4Ms 34:2, 6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 203—205

Hyzkyl 47:11

Parallel aýatlar

  • +5Ms 29:22, 23; Zb 107:33, 34; Ýer 17:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 203—209

Hyzkyl 47:12

Parallel aýatlar

  • +Hyz 47:1
  • +Ylh 22:1, 2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 202, 205, 206, 207, 208, 209, 210

Hyzkyl 47:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 48:5; 1Tr 5:1; Hyz 48:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 213—215

Hyzkyl 47:14

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Siz doganyňyz ýaly ony miras alarsyňyz.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 26:3; 28:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 213—216

Hyzkyl 47:15

Parallel aýatlar

  • +Hyz 48:1
  • +4Ms 34:2, 8

Hyzkyl 47:16

Parallel aýatlar

  • +4Ms 13:21
  • +2Şm 8:8
  • +Hyz 47:18

Hyzkyl 47:17

Parallel aýatlar

  • +4Ms 34:2, 9
  • +Hyz 48:1

Hyzkyl 47:18

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Öli deňzi.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 32:1

Hyzkyl 47:19

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Müsür jülgesi.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:51
  • +Hyz 48:28

Hyzkyl 47:20

Parallel aýatlar

  • +4Ms 34:2, 8

Hyzkyl 47:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 216, 217

Umumy salgylar

Hyz. 47:1Hyz 41:2
Hyz. 47:1Zek 13:1; 14:8; Ylh 22:1
Hyz. 47:2Hyz 40:20
Hyz. 47:2Hyz 40:6; 44:1, 2
Hyz. 47:3Hyz 40:3; Ylh 21:15
Hyz. 47:7Ylh 22:1, 2
Hyz. 47:85Ms 4:47, 49
Hyz. 47:8Zek 14:8
Hyz. 47:10Ýuş 15:20, 62; 2Tr 20:2
Hyz. 47:104Ms 34:2, 6
Hyz. 47:115Ms 29:22, 23; Zb 107:33, 34; Ýer 17:6
Hyz. 47:12Hyz 47:1
Hyz. 47:12Ylh 22:1, 2
Hyz. 47:131Ms 48:5; 1Tr 5:1; Hyz 48:5
Hyz. 47:141Ms 26:3; 28:13
Hyz. 47:15Hyz 48:1
Hyz. 47:154Ms 34:2, 8
Hyz. 47:164Ms 13:21
Hyz. 47:162Şm 8:8
Hyz. 47:16Hyz 47:18
Hyz. 47:174Ms 34:2, 9
Hyz. 47:17Hyz 48:1
Hyz. 47:184Ms 32:1
Hyz. 47:195Ms 32:51
Hyz. 47:19Hyz 48:28
Hyz. 47:204Ms 34:2, 8
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 47:1—23

Hyzkyl

47 Ol meni yzyma getirip, ybadathananyň girelgesine+ eltdi. Ybadathananyň bosagasyndan bir çeşme akýardy. Gapysy gündogara bakýardy, şonuň üçin çeşme-de gündogar tarapa akýardy+. Çeşme ybadathananyň gapysynyň sag tarapyndan akyp, gurbanlyk ojagynyň* günortasyndan geçýärdi.

2 Ol meni demirgazyk derwezehanadan*+ çykaryp, daşky howlynyň gündogar derwezehanasyna+ eltdi. Çeşme derwezehananyň sag tarapyndan jürläp akýardy.

3 Ol eline ölçeg ýüpüni+ alyp, gündogara tarap ýöredi-de, 1 000 tirsek* ölçedi. Ol maňa çeşmä girmegi buýurdy, suw topuga ýetýärdi.

4 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw dyza ýetýärdi.

Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçäp, maňa çeşmä girmegi buýurdy. Suw bile ýetýärdi.

5 Ol ýene-de 1 000 tirsek ölçedi. Suwuň akymy şeýle bir güýçlüdi welin, men ýöräp bilmedim. Suwuň içi şeýle çuňdy welin, ýüzüp geçmeseň, ýöräp geçer ýaly däldi.

6 Ol menden: «Ynsan ogly, muny görýärsiňmi?» diýip sorady.

Ol meni suwdan ýöredip, yzyma, kenara çykardy. 7 Suwdan çykanymda, onuň iki tarapynyň hem gür baglykdygyny gördüm+. 8 Ol maňa şeýle diýdi: «Çeşme gündogar tarapa akar. Ol Arabanyň+ üsti bilen deňze guýanda+, deňziň suwy süýji bolar*. 9 Suwuň akyp baran ýerinde janly-jandarlar peýda bolar, onuň akyp baran ýeri balyklardan doly bolar. Deňiz süýji suwa öwrüler, çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar.

10 Balykçylar En-gediden+ En-eglaýyma çenli deňiz kenarynda durarlar. Ol ýerde tor guradylýan ýer bolar. Beýik deňizde*+ bolşy ýaly, ol ýerde hem her dürli balyklar bolar.

11 Deňziň kenarynda batgaly, palçykly ýerler hem bolar; şol ýerleriň suwy süýjemez. Olar şorlugyna galar+.

12 Çeşmäniň iki tarapynda hem miweli agaçlar pajarlap öser. Olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez. Ybadathanadan akýan çeşme+ olary suwarar, her aý miwe berer. Olaryň miwelerini iýerler, ýapraklary melhem bolar»+.

13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň. Ýusuba bolsa iki esse paý beriň+. 14 Siz ýurdy miras alarsyňyz, her biriňize ýer paýy berler*. Ata-babalaryňyza wada beren ýurdum+, indi size miras galar.

15 Ýurduň demirgazyk serhedi Beýik deňizden Hetlon ýoly+ bilen Zedata+, 16 soňra Hamat+ bilen Berotaýa+, Damask bilen Hamatyň arasyndaky Sibraýyma we Hawranyň+ araçäginde ýerleşýän Haser-hatykona çenli uzalyp gider. 17 Şeýlelikde, serhet deňizden Hasar-enona+ çenli uzalyp gider, ol Damasgyň demirgazyk araçägini we Hamatyň+ araçägini öz içine alar. Ýurduň demirgazyk serhedi şeýledir.

18 Gündogar serhedi Hawran bilen Damasgyň arasyndan, Gilead+ bilen Ysraýylyň arasyndan Iordan derýasynyň kenary bilen uzalyp gider. Demirgazyk serhetden gündogar deňzine* çenli ölçän aralygyňyz ýurduň gündogar serhedidir.

19 Günorta serhedi Tamardan Meribat-kadeş derýasyna+, Jülgäniň* üstünden Beýik deňze+ çenli uzalyp gider. Ýurduň günorta serhedi şeýledir.

20 Ýurduň günbataryny Beýik deňiz tutýandyr. Günbatar serhet günorta serhetden tä Lebo-hamata+ çenli uzalyp gidýändir. Ýurduň günbatar serhedi şeýledir».

21 «Siz ýurdy öz araňyzda, ysraýylyň 12 taýpasynyň arasynda paýlaşyň. 22 Siz ýurdy miras hökmünde özara paýlaşyň, araňyzda ýaşaýan wagty çagasy doglan gelmişeklere hem ýer paýyny beriň. Goý, olar siziň üçin ýerli halk ýaly bolsun. Olar siziň bilen deň hatarda ysraýyl taýpalarynyň arasyndan ýer paýyny alarlar. 23 Gelmişekler ýaşaýan taýpasynyň arasyndan miras hökmünde ýer paýyny almalydyrlar». Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş